00:05 Şähryslam - senetçilik merkezi | |
ŞÄHRYSLAM — SENETÇILIK MERKEZI
Taryhy ýerler
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen taryhynyň şöhratly geçmişi we baý mirasy bu gün taryhyň altyn sahypasynda täze öwüşgin bilen beýan edilýär. Gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan geçmiş taryhymyzy, milli mirasymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy öwrenmäge we ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Geçmişde türkmen topragynyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoly gadymy kerwen ýollarynyň ugrunda ýerleşen rabatlara berkidilen kerwensaraýlaryň we galalaryň gurulmagyna ýardam edipdir. Kerwen ýolunyň ugrunda birnäçe obalaryň, guýularyň we sardoblaryň gurulmagy uzak ülkelerden argyşdan gelýän söwda kerwenleriniň düşläp geçmegine oňaýly şert döredipdir. Kerwen ýolunyň ösmegi goňşy halklaryň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň has-da ösmegine getiripdir. IX asyrda gurlan rabatlaryň biri-de orta asyr ýazuw çeşmelerinde Täk Ýazyr ady bilen duş gelýän, häzirki wagt Şähryslam diýlip atlandyrylýan galadyr. Ýazyrlar barada ilkinji maglumat XI asyrda ýaşan alym Mahmyt Kaşgarla degişlidir. Ýazyrlar baradaky maglumatlar XIII asyryň başlarynda ýaşan geografiýaçy alym Muhammet Hajyp Bekranyň Soltan Tekeşe bagyşlap ýörite ýazan «Jahannama» atly kitabynda hem berilýär. Şähryslam ilkibada 5 — 6 gektar ýeri eýelän bolsa, soňra onuň meýdany 30 gektara ýetipdir. Wagtyň geçmegi bilen şu ýerde oturymly ilatyň köpelmegi bilen, küýzegärleriň, kerpiç bişirýänleriň, zergärleriň, demirçi ussalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň artmagy netijesinde onuň umumy meýdany 100 gektara barabar bolupdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Şähryslam şäher-galasy çarwa sährasy bilen çäkleşipdir, bir döwürler oguzlaryň paýtagty hem bolupdyr. Ondan çykýan kerwen ýolunyň bir şahasy demirgazyk-gündogara, Hywa tarapa hem gidipdir. Birki asyr mundan owal hem şol ýol bilen argyşa gidipdirler» diýip nygtamagy Şähryslamyňn belli bir taryhy döwür aralygynda oguzlaryň paýtagty bolandygy baradaky gymmatly maglumat hökmünde örän ähmiýetlidir. Şähryslam ýadygärliginiň gadymy yzlary häzirki wagtda Bäherden etrabynyň merkezinden 20 km demirgazykda ýerleşýär. Üstünden ençeme asyrlary we gowgaly külpetleri geçiren gala yzlary, Garagum sährasynyň çägelerine siňip, saklanyp galypdyr. Rowaýatlarda orun alan Şähryslam ýadygärliginiň ady dilden-dile geçip, taryhy we edebiýat çeşmelerinde biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Şähryslam ýadygärliginde barlaglar ilkinji gezek 1930-njy ýylda A.A.Maruşenko, soňra 1946 — 1948-nji ýyllarda B.A.Litwinskiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň degişli edaralary tarapyndan geçirilýär. Geçen asyryň 60 — 70-nji ýyllarynda Şähryslamda gazuw-agtaryş işlerini türkmen alymy Ý.Atagarryýew alyp barýar. Alymyň ol ýerden tapan gymmatly tapyndylary türkmen taryhynyň we arheologiýa ylmynyň baýlaşmagyna ýardam edipdir. Ol ýerden tapylan tapyndylar arheologlaryň ünsüni özüne çekipdir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hemaýatkärliginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary tarapyndan 2017-nji ýyldan bäri Şähryslam ýadygärliginde arheologik gazuw- agtaryş işleri geçirilýär. Häzirki wagtda arheolog A.Berdiýewiň we TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri G.Ýagşymyradowyň ýolbaşçylygynda Şähryslam ýadygärliginde gazuw-agtaryş işleri alnyp barylýar. Şähryslamdan tapylan tapyndylar ylmy çeşmelere salgylanyp öwrenilýär. Geçirilýän gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan täze tapyndylar etnografiýa ylmy esasynda hem öwrenilýär. Bu iş A.Baltaýew tarapyndan alnyp barylýar. Şähryslamda hünärmentçilik we senetçilik ösüpdir. Muňa şol döwrüň maddy subutnamalary bolan binagärçilik galyndylary, senetçilik önümleri we durmuş öý-hojalyk esbaplary şaýatlyk edýär. Esasan-da, Şähryslamda demir we metal işläp bejermek işleri giň gerime eýe bolupdyr. Şähryslam ýadygärliginiň günorta — günbatar gapdalyndaky depeleriň üstünde we töwerek-daşynda ergin demir galyndylarynyň bölekleri saklanyp galypdyr. Olar Şähryslamda demir önümçiliginiň ösendigine şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda Şähryslamda alnyp barylýan gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda täze we gymmatly tapyndylar ýüze çykaryldy. Arheolog A.Berdiýewiň «Şähryslam» diýen işinde belleýşi ýaly, geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda altyndan, misden, demirden, aýnadan, keramikadan, süňkden, daşdan ýasalan bezeg önümleri, ýaraglaryň, gündelik durmuşda ulanylýan dürli esbaplaryň we gap-gaçlaryň köp görnüşleri ýüze çykaryldy. Şähryslamda metal işläp bejermekligiň zergärçilik ugry hem kämil derejede ösüpdir. Ol wagtlar Şähryslamda zergärleriň işlän merkezleriniň 4-si bolup, zergär ussalar öý hojalygy üçin gerek bolan gap-gaçlary, gelin-gyzlaryň şaý-seplerini ýasapdyrlar. Şähryslamda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda üsti açylan otaglaryň käbirlerinde demir önümleri saklanyp galypdyr. Demir önümleriniň içinde: çüý, nal, pyçak, zynjyr, demir halka, kiçijik çemçe, näbelli kiçijik uçly demir, demir bölekleri ýüze çykaryldy. Şähryslama gadam basanyňda, ilki bilen, depeleriň üstünde, Gün şöhlesine ýalpyldap ýatan, müňýyllyklara şaýat bolan küýze bölejiklerine gözüň düşýär. Biri-birine ýanaşyk ýatan depeleriň töwerek-daşynda küýze bölekleriniň ýaýrap ýatmagy, Şähryslamyň şol wagtky baý medeniýetli şäher hökmündäki keşbini göz öňüňde janlandyrýar. Bu taryhy ýeriň günorta-günbatar tarapynda küýzegärleriň ýaşaýyş toplumy bolup, ol ýerde küýze, kerpiç bişirmek üçin peçler we ussahanalaryň birnäçesi gurlupdyr. Küýzegärçilik, kerpiç bişirmek we senetçilik önümleriniň agramly bölegi Şähryslamyň öz ussahanalarynda taýýarlanypdyr. Şähryslamdan tapylan iň täsin zatlaryň biri-de, bişen kerpijiň ýüzünde saklanyp galan türkmen alabaý itiniň aýak yzlarydyr. Arheolog A.Berdiýew küýzegärçilik önümleriniň içinde ak palçykdan ýasalyp, ýüzüne altyn suw bilen ösümlik, epigrafik nagyşlar — balyklaryň, guşlaryň, haýwanlaryň şekilleri çekilen şakäseleriň ýokary hili bilen tapawutlanýandygyny belleýär. Küýzegärleriň önümlerini nagyşlar we syrçalar bilen bezänlerinde tebigy boýaglary ulanandyklaryny bellemek gerek. Orta asyrlarda Türkmenistanyň çäklerinde çüýşe we aýna önümçiligi hem ösüpdir. Şähryslamda hem çüýşe gaplaryny ýasamak ýokary derejede işlenipdir we köp zähmeti talap edipdir. Muňa Şähryslamdan tapylan çüýşe we aýna erginleriniň galyndylary şaýatlyk edýär. Tapylan aýna bölekleriniň ýasalyş aýratynlygy biri-birinden tapawutly bolupdyr. Ol wagtlar aýna we çüýşe önümleriniň bezeg işleri hem ýokary derejelere ýetipdir. Şähryslamdaky çüýşe ýasaýjy ussalar çüýşeleriň we aýnalaryň ýüzüne dürli görnüşli nagyşlary salypdyrlar. Şähryslamda 2018-nji ýylda geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde bu ýerde suw akabasynyň täze ugrunyň üsti açyldy. Bu akaba bişen kerpiç bilen gurlupdyr. Ýadygärligiň demirgazyk — günbatar çetinde ýerleşen kerwensaraýda geçirilen gazuw-barlag işleriniň dowamynda, onuň demirgazyk diwarynyň daş tarapyndan uzaboýuna (55 m) çekilen suw geçiriji ýüze çykaryldy. Ol kerwensaraýyň gapdalyndan geçýän ýoluň aşagyndan çekilip, üsti egme arka görnüşinde örtülipdir. Emma, suw geçirijiniň akabalaryny aram-aram arassalamak maksady bilen onuň käbir ýerleriniň üsti açyk goýlupdyr. Asyrlaryň dowamynda Şähryslamda önümçiligiň ösmegi onuň kiçijik galalygyndan uly Orta asyr şäherine öwrülmegine getiripdir. Şähryslam Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen iri söwda-senetçilik merkezleriniň biri bolupdyr. Şol sebäpli hem bu ýadygärlik türkmen halkynyň geçmiş taryhyny we medeniýetini öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. Perman HALMYRADOW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň aspiranty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |