16:50 Tanymal ýazyjy / satiriki hekaýa | |
TANYMAL ÝAZYJY
Satiriki hekaýalar
Floro d'Awensa kiçijik demirýol bekedinden otla mündi. Kupedäki ýolagçylar süllümbaý ezilen, üst-başy garalaý bolan täze ýolagça tarap ýüzlerini öwürdi. Saýawanyndan suw syrygyp duran, jalbary bolsa topugyna çenli çermelen kişiniň peýda bolmagy, kupedäkileriň gözüne ýakmady. Ýönekeý oba dükançysyna çalym edýän bu pyýada burçdaky ýeke-täk boş ýeri eýeledi-de, çyranyň ýiti şöhlesinden penalanmak üçin gözlerini ýumdy. Onuň gelmegi bilen, arasy üzülen gürrüň ýaňadan gyzyp ugrady. Bärsi ýol kesmek üçin höwesekleriň üýşen ýeridi. Munuň ýaly adamlar bir-birini ilkinji gezek görseler-de, gün-güzeranlary hakda bir-birinden öňürdip, gürrüň bermäge çalyşýarlar. Olar hoşlaşan wagty, tanşanlaryna şeýlebir hoşallyk bildirip, ömürlik dost bolup galjakdyklaryna söz berýärler. Çemini tapyp, golaý wagtda görüşjekdiklerine umyt edýärler, ýok, berk ynanýarlaram. Soň her haýsy öz ugruna — biri-birini hiç haçan sataşdyrmajak ýollaryna rowana bolýarlar. — Ynanmarsyňyz — diýip, gartaşan jenap söhbedini dowam etdi, Floro d'Awensa bu gürrüňiň başyndan bihabardy, — ýöne men sizi beýle göz öňüme getirmeýärdim. Men sizi ýaşy bir çene baran kişidir öýdýärdim. Sebäbi siziň at-owazaňyz has irräkden bäri gulagyma degýär. Belki, bu meşhur adamlara günde-günaşa gabat gelmeýänligimiz sebäpli bolmagam mümkin. Adam pahyr: «Eger il içinde tanalýan bolsa, onda ol köp çarşenbäni başyndan geçiren adamdyr» diýip pikir edýär. — Şu ýerde başga bir ýagdaýy agzasym gelýär — diýip, bir zenan maşgalanyň şaňňy sesi ýaňlandy. — Kitaby okap başlanyňdan, awtoryň özboluşly keşbi göz öňüňde janlanýar. Mysal üçin, men size gartaşan, göze dolumly adamsyňyz öýdýärdim. Siz bolsa, gör, nähili ýaş hem görmegeý ekeniňiz. Romanlaryňyzda durmuş tejribesi, ynsan kalbyna beletlik näçe diýseň bar. Şonuň üçinem olary agras, çuňňur pikirlenýän, hakdan içen akyldar kişi ýazandyr diýen duýgy döreýär. Ine, saňa garaşylmadyk ýakymly sowgat. Indi siziň eserleriňizi hasam höwesli okaryn. Bilesigelijiligi oýanan Floro d'Awensa bir gabagyny çalaja galdyryp, gözüniň gytagy bilen äňetdi. Öwgüli sözler at ýüzli, nazarkerde ýaş ýigide gönükdirilendi. Bu syrly görmegeý ýigdekçe kimkä? Entek ýaş, ýöne eýýäm meşhur, ady dilden düşmeýän tanymal ýazyjy kim bolup biler? Durmuş tejribesi bilen eýi ýetirilen kitaplar kime degişli? Ol näçe kelle döwse-de, ýekeje ady hem bu şahyrana arzuwçyl kişi bilen baglanyşdyryp bilmedi. Floro d'Awensa känbir ile goşulmazdy. Onuň edebiýat dünýäsindäki tanyşlary hem ýek-tük bolaýmasa, kän däldi. Ýöne olaryň köpüsini suratyndan tanaýardy. Gabadyndaky oturan ýazyjy bolsa, oňa hiç kimi ýatlatmaýardy. Ol daş görnüşden akylly görünmegiň, nurana ýüz keşbiň eýesi bolmagyň entek hiç bir zady aňlatmaýandygy hakynda pikir etdi. Şonuň üçinem öňündäki oturany kitapjagazyny öz hasabyna çap etdirip soňam ony hormat-sylagly ýazyjylara iberip, olardan gowy bahalar isleýän ýazyjysumaklaryň biridir öýtdi. Bular ýaly adamlar ýagty jahanda barmak basyp sanardan kän. Beýle kitaplarda ham-hyýallaryň, dumanly arzuwlaryň yzynda salgyma çapýan awtoryň hut öz suratynyň ýerleşdirilýän gezekleri-de seýrek däl. Dogrusy, bärde öňden bäri tanalýan kişi hakda gürrüň edilýärdi. Ýöne şeýle hörpdäki ýazyjylaryň hem ykrar edilýän öz dünýäsi bar ahyry. — Hut özümiň-ä edebiýatdan gatybir başym çykyp baranok — diýip, ýolagçylaryň biri gürrüňi alyp göterdi. — Bu ugurdan ýagdaýym örän ýabygorly, okan zatlarymam kän däl, ýöne siziň eseriňizi welin, Hudaýa şükür, okapdym. Öz gözlerim bilen göremsoň-a, size bolan hormatym has hem artdy. Biziň käbirimizde: «Ýazyjylar adamlardan üzňe, garasöýmez bolýar» diýen dar düşünje bar. Ýöne siz bu ýalňyş garaýşy düýbünden puja çykardyňyz. Ýogsa-da, siziň örän gelşikli sypatyňyz bar. — Men bedenterbiýe bilen meşgullanýan — diýip, belli ýazyjy hasaplanýan ýaş ýigit göz gamaşdyryjy göwher ýüzükli eli bilen saçyny daraklady. — Iş stolumyň başynda köp dümtünýänem bolsam, at çapmak, gaýykda ýüzmek halaýan pişäm. Uçarmanlaryň klubundaky uçuşlara-da gatnaşýan. «Eger ol edebiýata, hakykatdanam, tötänleýin düşmedik bolsa, onuň meni tanamaýanlygy örän geň. Iň bolmanda, gazetdäki suratymdan-a tanardy...» diýip, Floro d'Awensa öz ýanyndan pikir öwürdi. Dogrudanam, Floro d'Awensanyň ýigrimi bäş ýaşyndaky şol bir suratynyň çap edilýändigi ilkinji gezek däldi. Häzir ol elli ýaşyndady, ýöne ol tanalmaz derejede üýtgemändi. Şol wagt ýaş şahyr köp zadyň parhyny bilmeýän diňleýjileriniň hasam göwnüni götermek üçin dynman gep owadanlaýardy. Aýdylýan şorta sözleriň köpüsi Floro d'Awensa öňdenem mälim bolup, eşidile-eşidile lenji çykandy. Biraz wagtdan soň, görmegeý ýaş ýigdekçe düşmek üçin şaýyny tutup ugrady. — Ine-de, meniň düşelgäm — diýip, ol aýtdy. — Siz şu ýerde ýaşaýaňyzmy? — diýip, ondan soradylar. — Şu ýerde meniň köşk ýaly jaýym bar — diýip, ol sözüni tekepbirlik bilen dowam etdi. — Men bu ýere ýalňyzlyk küýsän çaglarym ýylda birki aýlyk geläýmäm bar... Ol ýoldaşlarynyň haýyşyny ýerde goýman, olaryň birküç sanysyna ýadygärlik üçin merhemetlik bilen gol çekip berdi. Aýallaryň ellerinden salyhatlyk bilen öpüp, hemmelere gadyrly baş egenden soň, kiçijik demirýol bekedinde düşüp galdy. Hemmeler aýnaň öňüne üýşüp, onuň bilen ellerini salgap hoşlaşdylar. Adamlar ýerine geçip, otly ýerinden gozganandan soň: — Asla hyýalyma-da getiremokdym — diýip, aýallaryň biri dillendi. — «Şu gün agşam Floro d'Awensa bilen tanyşaryn» diýip, ýatsam-tursam kelläme gelenokdy! Floro d'Awensa böwrüne dürtülen ýaly ziňkildäp gitdi. Al, saňa gerek bolsa, akylyňa sygar ýaly däl! Ýaňky adam onuň ady bilen özüni tanyşdyran bolsa nätjek, ol bolsa bar zatdan bihabar galypdyr. Bu mylakatlyja adamlar bolsa özleri bilen hut Floro d'Awensanyň gürleşendigine berk ynanypdylar. Aýdylan öwgi sözleriniň ählisi oňa degişlidi, ýöne bir burçda özbaşyna gümra bolup oturansoň, kupedäkiler onuň Floro d'Awensadygyny gümanam etmändiler. Ol häziriň özünde «Floro d'Awensa men» diýip özüni tanyşdyragada, özgäniň adyna duwlanan ýalançyny paş edip, ähli zada nokat goýasy geldi. Ýöne bu garaşylmadyk wakadan soň, özüňi dürsemelidi. Ol bu türkana bendelere özüni tanadyp, göwün açasy, olar bilen edil pişikdir syçanyň oýnaşyşy ýaly oýnap, içini sowadasy geldi. Ol, ilki bilen, resminamalarynyň baryny-ýoguny bilmek üçin jübüsini dördi. — Bilýäňizmi näme — diýip, şu çaka çenli gürlemän oturan bir ýolagçy söze başlady. — Maňa hemişe-de onuň eserlerini okamak ýaraýardy. Onuň bilen ýakyndan tanşanymdan soň-a, mylakatly adamdygyna-da gözüm ýetdi. — Örän mylaýym adam eken! — diýip, söze goşulman oturan ýaşajyk gyzam onuň diýenini goldady. — Men onuň kitaplaryny okajak günüme sabyrsyzlyk bilen garaşaryn. Floro d'Awensa resminamalarynyň ýanyndalygyna göz ýetirdi. Ol kalbynda dörän tolgunmadan galpyldap ugrady. Ýöne etjek alajy ýokdy, bu onuň tebigy ýygralygynyň alamatydy. Ol uly tolgunma bilen, töweregindäkilere güýçli täsir etjek wakany göz öňüne getirdi: «Jenaplar, söhbediňizi bozýandygym üçin bagyşlaň. Ýöne, meň pikirimçe, gürrüň men barada barýar öýdýän» diýip, ol mälim eder. Ýolagçylar: «Size nähili düşünmeli?» diýip sorarlar. Ol: «Baş üstüne, ine, serediň» diýip, suratly şahsyýetnamasyny görkezer. Ýok, bu diýseň ýöntem bolýar. Ol şeýle diýer: «Merhemetli hanymlar, eger men siziň göwnüňize ýaran bolsam...». Ýok, ýok, bu-da däl. Şeýle diýse gowy boljak: «Gynanýan, ýöne Floro d'Awensa bilen ýakyndan tanyş bolanym üçin, siziň öwgi sözleriňiz bilen ylalaşyp biljek däl...». Täzeden möwjäp ugran gürrüň onuň pikirleriniň arasyny böldi. — Hakykatdanam, ol gör, nähili meşhur adam! — Gaty görnükli şahsyýet! Özüni sadaja alyp barşyny diýsene! — Onuň ýüz-gözünden nur ýagýar! Floro d'Awensa öwgüli sözleriň özüne aýdylmagyny isläp, hemmeleriň gözüne çöp atan at ogrusyny paş etmäge hyýallanany hem şoldy welin, gapdaldan ýene biri suňşurdy: — Gör, nähili egsilmez zehin, gepe çeperlik! Ol: «Hawa-da, bular meniň Floro d'Awensadygymy näbilsin» diýip oýlandy. Olar bir burçda oturan tukat, dymma adamyň tanymal ýazyjydygyny nireden bilsinler?! Ol galp Floro d'Awensa haýran galan bu adamlara seredip, özüniň nähili ýürekgysgynç, garasöýmez görünýändigini göz öňüne getirdi; ýygralygy, hapa köwşi, çyzgalan balagy, ezilen saýawany, surnukdyryjy günüň ahyryndaky argyn ýüz keşbi hakynda oýlanyp, özgäniň adyna eýe çykan ýalançynyň alçaklygyny, ýitiligini, ýaşlyk hyjuwyny, salyhatlylygyny, mylakatlylygyny, ýaglanan buýra saçlaryny, ak ýüpek köýnegini ýatlady. Adamlaryň hyýalynda gadymy galanyň giň eýwanynda, ýanyp duran daşpejiň öňünde, çakyr süzüp oturyşyna özüniň çal saçly sadyk hyzmatkärine buýruk berýän Floro d'Awensanyň keşbi janlandy. Floro d'Awensa olarda özge adamyň täsir galdyrmagy makul bilip dymdy. Otly ýolagçylaryň oý-hyýallaryny, ýatlamalaryny hüwdüläp, gijäniň içi bilen süýnüp barýardy. Akille KAMPANILE, italýan ýazyjysy. Rus dilinden terjime eden: Gurban GURBANOW #"Dünýä edebiýaty" žurnalyndan alyndy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |