23:55 Täze barlaglaryñ netijesi: Emeli añ adamzady ýok etjek "Uly filtr" bolup biler | |
TÄZE BARLAGLARYÑ NETIJESI: EMELI AÑ ADAMZADY ÝOK ETJEK "ULY FILTR" BOLUP BILER
Ylym we tehnologiýa
Kämilleşdirilen emeli añ adamlar bilen ahyrynda dünýäni bölüşip bilmän dawalaşjak "ikinji akylly jandar" hökmünde orta çykyp biler Täze geçirilen barlag kämilleşdirilen emeli añyñ adamzat üçin betbagtçylyk howpuny döredip, siwilizasiýalary tutuşlygyna ýok edip biljekdigini duýdurýar. "ArXiv"-de çap edilen we heniz gözegçilik barlagyndan geçmedik ylmy işde Fermi paradoksynyñ "Uly filtriniñ" jogabynyñ emeli añda gizlenip ýatan mümkindigini we emeli añyñ älemdäki akylly ýaşaýşy beýlekileri bilen aragatnaşyga geçmezden öñ ýok etme mümkinçiliginiñ bardygy öñe sürüldi. "Her kim nirede?" sözi bilen populýar görnüşde düşündirilen Fermi paradoksy onlarça ýyllap alymlarynyñ pikirini bulaşdyryp gelýär. Fermi paradoksy älemde ýer togalagyndan başga ýerde ýaşaýşyñ bolma ähtimallygy bar bolsa, onda adamlaryñ nämüçin henize-şu güne çenli oña duş gelmändigi babatdaky ynjalykdan gaçyryjy pikire ünsi çekýär. Häzire çenli kosmosdaky ýalñyzlygymyza dürli-dürli düşündirişleri berýän birnäçe teoriýa öñe sürüldi. Meşhur "Dreýk deñlemesi" ýaly ähtimallyk hasaplamalary galaktikada köp sanly akylly siwilizasiýalaryñ bar bolup biljekdigini görkezýänem bolsa, älemdäki ümsümligiñ henizem dowam etmegi näme pikir etjegiñi biler ýaly edenok. "Uly filtr" diýilýän populýar gipoteza akylly ýaşaýşyñ ýüze çykmagy üçin gerekli käbir hadysalaryñ entek bolarly däldigini, kosmiki ümsümligiñem şundan gelip çykýandygyny öñe sürýär. Şeýle teoriýanyñ logiki garşylygy heläkçilige alyp barýan käbir kosmiki fenomenleriñ ýaşaýşyñ älemiñ çägijde giñemeginiñ öñüni alýan bolmagynyñ mümkinligidir. Ylmy işiñ awtory ABŞ-nyñ Merilend ştatyndaky Brukmond Döwlet uniwersitetinden (Университет Нешнел Интеллигенс/National Intelligence University/NIU) Mark Beýli "Şeýle ýagdaý öz-özünden emele gelen ýagdaý ýa-da hasam howatyrlandyryjy görnüşde, akylly jandarlaryñ özlerine eden we ýok bolmaklaryna iteren zat bolmagy mümkin" diýip ýazdy. Täze barlagyñ orta goýan teoriýasy emeli añyñ ösmeginiñ ähli siwilizasiýalary ýok edip biljek derejede ýykgynçylykly howp-hatar döredip biljekdigini nygtaýar. Ylmy işde Beýli emeli añ ýaly biziñ doly düşünip ýetişmedik tehnologoýalarymyzyñ uzak wagtlaýyn potensial howpuny "Uly filtre" baglanyşdyryp baha berýär. NIU-ly alym "Adamlar uzak wagtlaýyn howpy çaklap bilerden pes" diýdi we emeli aña doly düşünmedik ýagdaýymyzda bu tehnologiýanyñ "durmuşymyza barha çalt aralaşýandygyny" ýatlatdy. Doktor Beýli "ikinji jandar argumenti" hökmünde atlandyran ösen emeli añ bilen ahyrsoñy goja planetamyzy paýlaşmaly boljakdygymyzy, onuñ gönüden-göni "ikinji akylly jandar" ýaly hereket etmek ähtimallygyny orta goýan pikirini öñe sürdi. Häzirkizaman adamsy bilen neandertallar dünýäde bir ýerde ýaşanlarynda nämeleriñ bolup geçendigini göz öñüne tutýan NIU-nyñ ylmy-barlagçylary "potensial netijeleriñ janyñy alyp gelýändigini aýtdy. Doktor Beýli ylmy işinde "kontroldan çykan tehnologiýanyñ, aýratybam emeli añ ýaly belli bir maksat bilen öndürilýän tehnologiýanyñ güýçli "Uly filtrlige" talaş etmegi bolup biläýjek zat" diýip ýazdy. Biz özümizden şeýle ähtimallyga nähili taýýarlanmagyñ gerekdigini soramaga borçludyrys. Wişwam SANKARAN. Şenbe, 13.05.2023 ý. | |
|