12:53 Tereza ene - keramatlymy? | |
TEREZA ENE - KERAMATLYMY?
Geň-taňsy wakalar
Ähli döwrüň iň beýik keramatly 3 zenanynyň biri bolan Tereza Ene (beýleki ikisi Žanna D”Ark we Merýem Ene) köp adamlaryň sylag-hormatyna we çuňňur söýgüsine mynasyp şahsyýet. Ýöne käbir maglumatlara salgylansak, onuň bize aýdyşlaryndan üýtgeşikdigini görmek bolýar. ■ Tereza Enäniň keramatlaşdyrylmagy Adatça, bir adamyň keramatly adyna bellenmegi üçin onuň ölüminden azyndan 5 ýyl geçmeli. Emma Papa Tereza Ene üçin bu düzgüni bozdy we ölüminden 1 ýyl gowrak geçensoň, onuň adyny keramatlylyga hödürledi. Munuň özi gaş galdyryjy geň-taňlyk bolup, enemiziň buthana üçin örän täsirli bolandygyny aç-açan görkezýär. Emma diňeje meşhur buthana pop ýyldyzy bolmak keramatly adyna eýe bolmak üçin ýeterlik däl, entäk birki sany gudratam görkezmeli. Ol gudraty-da düwnük çişinden Tereza Enäniň üsti bilen gutulan Bengally Monika Besri gürrüň berýär. Onuň aýtmagyna görä, onuň öýünde Tereza Enäniň suraty bar eken we şol suratdan bir ýagty şöhle düşüp, onuň derdine derman bolupdyr. Beýleki tarapdan welin, onuň lukmany Ranjan Mustafi Monikanyň hiç wagt hem düwnük çişi bilen kesellemändigini, bu çişiň bolsa inçekesel kistasydygyny, onuň adaty medisinanyň üsti bilen bejerilendigini we “keramatlylar” bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny aýdýar. Elbetde, Watikan öz planlaryna ters gelýän faktlara gabak galdyrýan buthana däl. Şeýdip, bu lukmanyň görkezmesine garamazdan, Enäniň adresine ýene bir “gudrat” ýazdylar-da, oňa 2016-njy ýylda keramatly adyny berdiler. (Hristiançylykda keramatlylyga bellenen adamyň iki sany gudraty görkezendigi bellige alnanyndan soň oňa keramatly ady berilýär) ■ Aýrylyşmak we göwreliligiň öňüni almak 1996-njy ýylda ol Irlandiýanyň konstitusiýasyna aýrylyşmagy we täzeden nikalaşmagy gadagan edýän kanunyň girizilmegini talap etdi. Ine-de gülkünç ýeri. Hut şol ýylyň özünde hem, ol nikasyny bozan Şa gyzy Dianany köpçüligiň öňüne çykyp goldady. Bu nikanyň bagtsyz nika bolandygy hakda çykyş etdi. Görýäs welin, Enemiziň käbir düzgünleri baý we täsirli ýaranlaryna gezek gelende üýtgeýär oturyberýär. Şeýle hem ol göwreliligiň öňüni almaga garşy çykýandygy bilen meşhurdy. ■ Aborta bolan garaýşy Nobel baýragyny alanda eden çykyşynda Ene “çagany emeli düşürmek biziň şu günki günümizde parahatçylygyň iň ganym duşmanydyr” diýip gürledi. “Men hemişe şu zady diýýän: eger ene öz çagasyny öldürip bilýän bolsa, onda Günbatarda ýok etmäge näme galýar?” Zenan hökmünde hem-de ýer ýüzüne ady belli şahsyýet hökmünde onuň zenan hukuklaryna garşy retorikasy uly utanç berýän ýagdaýdy, ol oňa derek ýer ýüzündäki zenanlaryň azatlygy üçin has oňyn hereketleri hem edip bilerdi. Ýöne, hakyna seretseň, ol dindardy we onuň aborta garşy çykmagy tebigydy. ■ Garyplaryň we syrkawlaryň “aladasy” Tereza Enäniň guramasynyň Kalkuttada guran şypa öýleri juda pukara şertlerdedi. Gaýta-gaýta ulanylan iňňeler we üsti nejasatly ýorganlar baradaky gürrüňler kändi. Gigiýena gaty pes derejededi, bilşimiz ýaly hem ölüm howply ýokanç keselli adamlar bilen işleşeniňde birinji gerek zat gigiýena. Maýyp çagalar krowada daňylyp goýulýardy. Uýalaryň biriniň 7 ýaşly gyzjagazy gyzgyn pyçak bilen ýakandygy baradaky waka köplere ýaýrady. Gerekli dermanlaryň ýetmeziligine garamazdan, binalaryň ak diwarlary Tereza Enäniň suratlaryndan we dergählerden doludy. Jebir-jepalaryň we hapaçylygyň içinde amanadyny tabşyryp ýatan bendeleriň gör näçeleriniň gargyşy şol suratlara siňendir. Ol şol wagt kömege mätäçlere degişli lukmançylyk ýardamyny berenden doga-dileg edenini ýeg görüpdir. ■ O pullar nirä gidýärdi? Terezanyň 1950-nji ýylda döreden Missionerleriň Haýyr-Sahawaty guramasy her ýyl millionlarça dollar salýardy. Dürli hökümetleriň talabyna seretmezden, bu gurama Hindistanda we beýleki döwletlerde açyk maglumat berenokdy. Ýer şarymyzyň dürli künjeklerinde köp sanly şypa öýleri gurlanam bolsa, şertler aýylgançdy. O pullar bu öýlere baranokdy, onda nirä gidýärdi? Göni Watikana, sebäbi Tereza Enemiz garyplygy ýok etjek bolanokdy. Tersine, ol garyplygy halaýardy, onuň pikiriçe garyplyk jebirdi we jebir hem adamy Hudaýa ýakynlaşdyrýardy. Gör, nähili ak ýürekli hanym, tüýs “Rehim Melegi” lakamyna mynasyp. ■ Diktatorlaryň we kuwwatdan doýmaýan syýasatçylaryň ýarany Ol gaty meseleli şahslar bilen gatnaşyp, olardan pul kabul edýänligi bilen bellidi. Diňe gatnaşmak bilenem oňman, olar bilen dostdy. Mysal üçin, Gaitidäki elhenç Duwalier maşgalasyndan pul sowgatlaryny alyp, olaryň häkimiýetini mazamlaýardy, Italiýada birnäçe ganhorluk we parahorluk hereketleri bilen at alan Liçio Gellini goldaýardy, Albaniýanyň kommunist diktatory Enwer Halil Hoksanyň režimini köpçülikleýin öwýärdi. Görşümiz ýaly, ol öz dinine ýeterlik pul we goldaw berýän adamlaryň hiline kän bir pitiwa etmeýärdi. ■ Ilki bilen – din! Köpler bu keramatlymyzy kömege mätäçlere ak ýürekden ýardam goluny uzadan aýal hökmünde tanasa-da, Enemiziň öňünde goýýan birinji zady hristianizmi ýaýratmakdy. Onuň özi bir interwýuda “Biziň ýönekeý bir jemgyýetçilik işgärleri bolup galma howpumyz hemişe ýanymyzda.. Biziň edýän işlerimiz Isa bolan söýgümizi beýan etmekden başga zat däldir”. Ondan iň köp kömek alan hem Hindistan ýaly ýurtlaryň garyp halklary däldi-de, hristianizmdi. ■ Mejbury çokundyrmalar Kristofer Hitçinz “Missioneriň ýagdaýy: Tereza Ene Teoriýada we Iş ýüzünde” kitabynda keramatlynyň şypa öýlerinde işlänleriň ýogalyp barýan adamlary öz dinlerine we arzuw-isleglerine garaman, gizlin çokundyrandyklaryny ýazýar. Missionerleriň Haýyr-Sahawaty guramasynyň ozalky agzasy Sýuzan Şilds uýalar ölüm düşeginde ýatanlaryň hersinden “Behişde bilet” gerekmi diýip soraýardylar diýýär. Diňeje howwo diýmek ýa-da başyňy atmak uýalar üçin çokundyrylmaga razydygyňy aňladýardy. Onsoň bu melguny uýalar bir öl matany alyp, göräýmäge kellesiniň gyzgynyny alýan kişi bolup, ol adamy çokundyrmaga durýardylar. Olar bu hereketleriň dowamynda gerekli sözleriň hemmesini aýdyp ýetişýärdiler, elbetde syrkaw näme bolup geçýändigine düşünmez ýaly, ol sözleri ýuwaşja aýdýardylar. Iň erbet ýeri hem, induslar we musulmanlar (we mümkin, ateistler) razylygyny bermezden ölüm düşeginde hristian bolup ölýärdiler. Biriniň dinini we isleg-arzuwlaryny şeýdip depelemek gaty pes we ahlaksyz hereket. ■ Terslikler Tereza Ene garyplygy söýýärdi, ol hatda Hudaýa has ýakyn bolýalar diýip, garyp pukaralara gözügidijilik hem edýärdi. Ýöne muňa garamazdan, özi syrkawlan mahaly öz şypa öýleriniň birinde bejergi almagyň ýerine Kaliforniýanyň iň gowy klinikalaryny saýlaýardy. Ol hemmelere Isa ynanmagy we ony söýmegi ündeýärdi. Emma onuň ölüminden soň ýok edilmegini sargan şahsy hatlarynda “ýüregimde boşluk duýýan” diýmegi düşnüksizdi. Elbetde, bu hatlaryň ýok edilmegine buthana ýol bermedi. Alwi DORNIER. # medium.com Terjime eden: Güljan ÇARYBERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||