15:37 Trampyñ yrakly aklawjysy: Alina Habba | |
TRAMPYÑ YRAKLY AKLAWJYSY: ALINA HABBA
Zenan şahsyýetler
ABŞ-nyñ öñki prezidenti Donald Trampyñ gorag toparyndan Alina Habba migrantlaryñ ABŞ-da oñlan rollaryny ýatladýar. Aklawjy Habba gorag toparynyñ beýleki agzalary bilen birlikde Trampa bildirilýän resmi aýyplamalaryñ astynda galan ilkinji prezident bolandygynyñ yzyndan kanuny göreş alyp barýar. ABŞ-nyñ öñki prezidenti Donald Tramp geçen hepde "dymma paýy" dawasynda resmi taýdan aýyplandy. Asly yrakly aklawjy Alina Habba Trampyñ gorag toparyna girensoñ, ýakynda ýene-de dile düşdi. Yrak halky Habba baradaky habar boýunça pikirini aýtmakda gijikmedi. Trampyñ gürrüñi gidýän aklawja ynam bildirmegi Mesopotamiýada köp sanly nägilelige sebäp boldy. "Bloomberg" habarlar gullugy Habbanyñ Trampy goramakdaky üstünlikleri boýunça öñki prezidentiñ goly çekilen we ýüzünde "Alina, birkemsiz iş bitirdiñ!" ýazgyly habar makalasyny çarçuwaladyp öýünde saklaýandygyny habar berýär. Bu bellik Habbanyñ eden işi üçin öwgi. Habba bir stažor tarapyndan Trampa garşy jynsy zorluk aýyplamasy bilen açylan derñew işini 2017-nji ýylda üstünlikli soñlandyrypdy. Has soñra stažor özüne "ýalançy" diýendigi üçin Trampyñ garşysyna hapa sögündi diýip arz etdi. Aklawjy Habba gorag toparynyñ beýleki agzalary bilen birlikde Trampa bildirilýän resmi aýyplamalaryñ astynda galan ilkinji prezident bolandygynyñ yzyndan amerikan taryhynda birinji gezek gabat gelýän sud göreşini alyp barýar. • Alina Habba kim? Alina Habba ABŞ-nyñ Nýu-Jersi ştatynda yrakly migrantyñ maşgalasynda dünýä indi. Pensilwaniýa ştatynyñ Lehaý uniwersitetiniñ, Uidener uniwersitetiniñ hukuk fakultetlerini okap gutardy. Agy agzalan habarlar gullugy Habbanyñ "Ýokary profilli, jedelkeş müşderisiniñ özüne ynam edýändigi üçin begenjinjñ çäksizdigini we aýratynam Habbanyñ özüni "örän dindar katolik we Trampyñ tutan ýoluna hakykatdanam ynanýan biri" hökmünde tanadýandygyny" belläp geçdi. Yragyñ soñky on ýyllyklarda bolup geçen uruşlar we kynçylykly howpsuzlyk şertleri netijesinde Mesopotamiýadaky köp sanly adam sebitden we ýurtdan göçüp, ABŞ-da mekan tutdy, birnäçesi dürli ugurlarda tapawutlandy. • Amerikan kanunlary Hukukçy Ali Al-Temimi "amerikan kanunlarynda, ha ol konstitusiýada bolsun, ha ol ýörite kanunlarda, raýatlyga kabul edilen adamlaryñ ýa-da asly daşary ýurtly adamlaryñ federal hökümetde-de, ştatlarda-da, hökümet edarasynda-da işlemegine päsgel berip biljek hiç hili hukuk bökdençliginiñ ýokdugyny we muña öñki prezident Barak Obamanyñam aslynyñ ABŞ-ly däldiginiñ aýdyñ mysaldygyny" belläp geçdi. Al-Temimi sözüni şeýle dowam etdirdi: "ABŞ-daky hukuk hünärinde adamyñ amerikan bolmagynyñ ýa-da iki raýatlygy bolmagynyñ arasynda hiç hili tapawut ýok. Ýokary howpsuzlyk we dolandyryş meselelerinde-de hiç hili çekinýän zatlary ýok. Diñe şol wezipelere ýetip biljek adamyñ geçen ýoluna, gazanan üstünliklerine we jenaýat edip-etmänligine seredýärler. Bolany. Ady agzalan hukukçy Habba "tamamlan ugry boýunça işine ezber aklawjy we amerikan kanunlaryna laýyklykda tapgyrlaýyn möhletden geçen. Ilki okan, yzyndan adaty sud edaralarynda, jeza beriji sudlarda, Ýokary Sudda işlän we iñ ýokary derejä ýeten" diýip baha berdi. • Işine ezber yrakly aýal-gyzlar üçin nusgalyk zenan Hukukçy Wasan Al Duleými Habbanyñ ýokary mümkinçiligini, yrakly zenanyñ nähili bolýandygyny, işbaşarjañlygynyñ neneñsidigini görkezen yrakly zenanlaryñ sanawyna goşulandygyny nygtady. Şeýle-de, "yrakly zenanyñ at-abraýyny zaýalamaga synanyşýan kişilere garamazdan" öñki hatarlarda ýer alyp görkezendigini, şol sanda saýlama we ýolbaşçylyk ukybynyñ bardygyny subut edendigini" belläp geçdi. Yrakdaky sosial mediýa ulgamlary we ýerli metbugat serişdeleri Habba baradaky habarlary dilinden düşürmedi, sebäp diýseñ bu habarlara gyzyklanýanlaryñ sany sanatdan kändi. • Migrantlaryñ makullan rollary Munuñ deregine syýasaty öwreniji Nebil Jabbar Al-Temimi Trampyñ garşysyna açylan derñew işlerinde jogapkärçilige çekilmeginiñ "asly yrakly aklawjyny anyk Ýakyn Gündogar aýratynlyklary bilen öñe saýlanandygyny" aýdýar. Nebil Jabbar işiñ ironiki tarapynyñ "bu aklawjynyñ oýnan uly rolunyñ migrantlaryñ ABŞ-da boýnuna alan jogapkärçilikleri we uçran jynsparazlyk kampaniýalaryny bize ýatladandygyna" ünsi çekdi. Bu ýagdaý Trampyñ Yrak, Liwiýa ýaly birnäçe ýurtda ABŞ-na garşy gönükdirilen guramaçylykly bosgun kampaniýalaryny gyýtaklaýyn ýa-da doly togtadandygyny ýatlatdy. Şol sanda migrantlaryñ, aýratynam aklawjylaryñ roly Trampyñ şahsy taýdan garşyma-garşy bolan meselelerinde tapawutlanýar. Jabbar ZEÝDAN, Yrakly žurnalist / @jabarzed Ýekşenbe, 09.04.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |