11:32 Yragy kim dolandyrýar: Taýpalarmy ýa kanunlar? | |
YRAGY KIM DOLANDYRÝAR: TAÝPALARMY ÝA KANUNLAR?
Publisistika
Oñşuksyzlyklary gutarnykly karara baglaýan, syýasatda partiýa guramasyna meñzeş rol oýnaýar we ýaraglaryñ ýoklugy yzygiderli howp abandyrýar. Yrakdaky tire-taýpa düzgüni oñşuksyzlyklardyr çaknyşyklary çözýär we sosial-syýasy täsire eýe / Fotosurat: AFP Yrakdaky tire-taýpalar Mesopotamiýa jemgyýetiniñ möhüm bölegini we ýurduñ raýatlarynyñ arasynda uly baglanyşyk döredýär. Jemgyýetçilik gymmatynyñ ýany bilen durmuşyñ dürli ugurlaryndaky "düşünişmezlikleriñ çözgüdi, syýasatçylaryñ goldanmagy, saýlaw maksatnamalarynyñ goldanmagy we ş.m." roly bilenem aradan geçen ýyllarda uly we tapawutly rol oýnady. Emma hukuk we döwlet bilen gatnaşygy welin ençeme ýyl bäri sorag astyna alnyp gelindi. • Taýpa näme? Taýpa - sany ýüzlerçe, käwagtam müñlerçe adama ýetýän we baştutanlygyny "taýpanyñ şeýhi" ýa-da "baş şeýh" ady berlen adamyñ dolandyrýan jemgyýetidir. Şeýhiñ beýleki taýpalaryñ ýany bilen syýasatçylaryñ, howpsuzlyk işgärleriniñ we beýlekileriñ üstünde düýpli ygtyýarlygy we täsiri bar. Taýpanyñ agzalarynyñ özara meseleleriniñ, aýratynam "taýpa diskriminasiýasy" arkaly çaknyşma we bilkastlaýyn öldürme sepgidine gelip ýeten problemalaryñ çözgüdinde uly roly bar. Özem umumy hakyndan öñ ylalaşyga gelme ýoly bilen el çekmek makssdy bilen günäkäriñ we jebir çekeniñ taýpalaryny aýyl-saýyl etmek üçin dürli taýpalaryñ şeýhleri bir ýete üýşýär. Taýpalaryñ şol bir wagtyñ özünde ynsanperwer kömek we jemgyýetçilik haýyr-sahawat işlerinde-de oýnaýan rollary bar. Taýpalaryñ syýasy ugurdaky rollary we täsirleri soñky döwürde beter güýçlendi. Olar indi konferensiýalary geçirip, taýpa agzalaryny parlamente girizmek ýolunda sosial-syýasy maksatlar üçin taýpa agzasyna ses bermäge çagyrýar. Hatda käbir syýasatçylar programmalaryny agitirlemek üçin taýpalara ýüz tutýar we olaryñ özüni parlamente girizme rollaryna bil baglaýarlar. • Ýolbaşçynyñ roly Şunuñ bilen baglanyşyklykda taýpa kethudalarynsan Şeýh Zeýdan Anid er-Rabii "Şübhesiz, Yrakda taýpanyñ örän uly we möhüm ygtyýarlygy bar. Bu agalyk düýn-şu gün emele gelen zat däl, örän gadymy döwürlerde döräpdir. Çünki yrak jemgyýetiniñ aglabasy bütin taýpalaryñ boýun egýän, "Sanaýn" ady berilen ýörite kanunlara eýe taýpalar toplumydyr. Şol sebäpden yrakly döwlet ýolbaşçylary her dürli sosial-syýasy meseläniñ çözgüdinde we hatda haýsydyr bir ýolbaşça garşy edilen çykyşlaryñ aradan aýrylmagynda taýpa şeýhlerine ynanýar" diýdi. Rabii "Kanun döwlet agalygyna wekilçilik edýär. Emma taýpalar oñuşmazlyklaryny ýa-da problemalaryny çözmek üçin köplenç hukuk goraýjy edaralara ýüz tutmaýarlar. Hasam beteri çözgüt "el-Atwa" ady berilen ýörişe girişi yzarlaýan "taýpa bölünişigi" usuly bilen amala aşyrylýar. Bu usul hüjüm ediji taýpanyñ hüjüme uçran taýpa garşy eden etmişini boýun almagy we hüjüme uçran taýpanyñ talap edýän zadyny berjekdigini añladýar. Bu hüjüm ýeke-täj adamy, ha ol öýi bolsun, ha taýpany nyşana alsyn, çekişmeleriñ, meseleleriñ we çaknyşyklaryñ basyp ýatyrylmagynda möhüm rola eýedir. Has soñra taýpa şeýhleriniñ we kethudalarynyñ meselä laýyk çözgütleri tapmagyna ýardam edýärler" diýýär. Şeýh Zeýdan Anid er-Rabii "Çaknyşyklaryñ çözgüdinde taýpalara we taýpa kethudalaryna ýüzlenilmeginiñ esasy sebäbi bu çözgüdiñ çalt hem netijeli bolmagydyr. Ýogsam bolmasa, jebir çeken suda ýa-da beýleki hukuk goraýjy edaralaryna ýüz tutsa, arzasyna seredilmegi we hak-hukuklaryny dikeltmegi üçin birnäçe ýyllap garaşmaly bolýar. Köplenç ýagdaýda bu taýpa bölünişigi ýoly bilen amala aşyrylýar. Çünki howpsuzlyk we hukuk goraýjy edaralary muña ýygy-ýygydan bil baglaýar. Sebäbi taýpalaryñ ylalaşygy jezany hökman aýyplanýandan goraýar" diýýär. Anid er-Rabii "Käbir möhüm wakalarda aýyplanýana iki höküm kabul edilýär: Birinjisi taýpanyñ jebir çekeniñ maşgalasyna hun tölegini ýa-da belli bir derejede öweztölegini tölemegi bilen baglanyşykly. Ikinjisi bolsa aýyplanýana farşy alnyp barylýan hukuk proseduralary. Çünki birinjä laýyklykda aýyplanýanyñ maşgalasy we ýakynlaryna, hüjüme uçran adamyñ maşgalasyndan özlerine haýsydyr bir hüjüm (ar alma) guralmajagyna taýpalaýyn ynam bar. Sebäbi ar alşyklar has köp gan dökülmegine sebäp bolýar" diýdi. Eýsem-de bolsa, käbir ygtyýarlylar we jemgyýet saýlaw propogandasyny geçirmek we meseleleri çözmek üçin näme sebäpden taýpalara bil baglaýar? Muña jogap hökmünde Rabii "Taýpa hasam beter partiýa guramasyna meñzeş ýagdaýda jebis we agzybir bolýar. Oña bil baglanylanda saýlawlarsa kandidatlar ücin oñyn netijeler berýär. Sebäbi taýpa agzalary, kethudasy (şeýh) tarapyndan haýsydyr bir kandidaty ýa-da blogy saýlamaklary üçin ugrukdyryp bolýar. Şol sebäpden saýlawlarda garaşylan netijäni gazanmak üçin oña bil baglasa bolýar. Emma indi taýpa agzalarynyñ birnäçe partiýa agza bolandyklary sebäpli, meseläni çözmäge taýpa şeýhiniñ güýji ýetmeýär. Çünki partiýa agzalygy taýpa agzalygyndan ýokarda tutulýar. Munuñ delili bolsa, köp agzaly taýpalara agza käbir kandidatlaryñ saýlaw bäsleşiklerinde üstünlik gazanyp bilmeýänligidir" diýýär. Yrak taýpalaryndan biriniñ şeýhi bolan Şeýh Muhammet el-Kureýşi taýpanyñ ähmiýetine we roluna ünsi çekmek bilen birlikde, munuñ hukuk kanunlaryna deñ bolup bilmejekdigini, has dogrusy munuñ diñe jemgyýet agzalarynyñ garşylaşýan päsgelçiliklerini aşmagy we jemgyýetçilik güýje eýedigini aýdýar. Kureýşi "Birnäçe meseleler we wakalar taýpalar tarapyndan kanunlara ýüzlenmezden çözülýär" diýdi. • Döwlet güýjünin we hukuk kadalarynyñ ýaramaz bähbitler üçin ulanylmagy Eýsem taýpalar kanunyñ ýerini tutup bilermi? Hukuk barlagçysy Faýsal Rikan hakyky yrak taýpalarynyñ elmydama döwleti goldap gelendigini we kanunlaryñ ýerine ýetirilmeginde täsirli mehanizm bolup hyzmat edendigini aýdýar. Emma soñky döwürde emele gelen howply üýtgeşmelerden we taýpa düzgünleri boýunça ýöreýändirin öýdýän tertipsiz adamlaryñ orta çykmagyndan endişe duýýandygyny aýdýan Rikan "Netijede birnäçe taýpa agzasynyñ sandan çykmagyna getiripdir we hukuk kanunlaryny kämilleşdirmäge, goramaga we tarapyny tutmaga ýardam etmegiñ ýerine oña artykmaç ýük bolupdyr" diýdi. Ol "Bidüzgünçilikler belli bir adama ýa-da belli bir tarapa degişli däl. Diñe bir bir taýpa tarapyndan edilen bidüzgünçilik ýykgynçylyga getirip we hemmelerde ýarag ýoklugyny göz öñüne tutanyñda durnuklylygyñ ýagdaýyna we hukuk kanunlarynyñ işleýişine ýaramaz täsirini ýetirip bilýär" diýip sözüniñ üstüni ýetirdi. • Pragmatizm Şeýle-de syýasy barlagçy Nebil Jabbar et-Tamimi Yrakdaly tire-taýpa sistemasynyñ birnäçe öwrülişik sepgidinden geçendigini aýtdy. Tamimi "Taýpalar we şeýhlikler ýigriminji ýyllardan ellinji ýyllaryñ ahyryna çenli oba ýerlerinde ýaşaýan gatlaklary kada-kanunlar arkaly guralan kanuny we dolandyryş organy bolup dolandyrdylar. Soñra taýpanyñ häkimiýet esaslaryny ýok eden, puly we häkimiýeti onuñ elinden alan respublikan režim geldi. Munuñ netijesinde muny ulanmagyna we soñky tapgyrlarynda täze şeýhleri belländigine garamazdan taýpalara we olaryñ güýjüne ynanmaýan BAAS režimi orta çykdy" diýdi. Barlagçy Tamimi "2003-nji ýyldan soñ mezhebara oñşuksyzlyklar we çaknyşyklar oba ýerlerindäki taýpa gatnaşyklary bilen birlikde birgiden jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kül-owram etdi. Bolup geçýän wakalar, howpsuzlygyñ we kanunlaryñ güýjüniñ ýoklugy adamlary tire-taýpaçylyga we onuñ güýjüni berkitmäge iterdi. Bir taýpanyñ güýç merkezleriniñ bölek-büçekligine garamazdan, emma faktorlaýyn, jemgyýetçilik we ýörite problemalaryñ çözgüdinde hukuka alternatiw hökmünde taýpalar tarapyndan dolandyrylmaga başlan şäherlere çenli aralaşmaga başlady" diýýär. Taýpalaryñ amatly mümkinçilikleri edinen we olara maýa goýumlaryny goýan yrakly syýasatçynyñ pragmatizmden (bähbitçillikden) halas bolup bilmändigini aýdýan Tamimi "Uzak ýyllardan bäri syýasatçy özüni mezhepçiligiñ we etnosyñ wekili hem-de goragçysy hökmünde görkezmek üçin mezhepçilik oýnady, tä ol taýpaçylyk maksatlaryna ýetmek üçin ulanmaga synanyşan täze emel tapýança" diýdi. • Güýç bozulmalary Taýpalaryñ käbir wekilleri aýratynam saýlaw propogandasy wagtynda syýasatçylaryñ garpyşýan ýerine öwrülendigi üçin indi syýasy güýçde möhüm rol oýnaýarlar. Korrupsiýa garşy göreş boýunça hünärmen Said Ýasin beren beýanatynda "Açyk-aýdyñ görlüşi ýaly, käbir taýpalarda indi syýasy we hatda ýaragly güýç bar. Köplenç ýagdaýda maýa goýum taslamalaryna täsirini ýetirmek we şantaž etmek üçin sosial täsiri ulananýan bolsa, käbirleri-de bikanun narkotiki serişdeleri satmak bilen meşgullanýanlary goramaga we çig nebitiñ bikanun söwdasyna goşuldy" diýdi. Ýasin "Häzir birnäçe syýasatçy käbir taýpalaryñ işini saýlawlarda köp ses almaga ýardam berýändigi üçin magtaýar. Birnäçesi (ýagny taýpa agzalary) syýasatçynyñ korrupsiýada gümanlanýandygyna garamazdan we pulunyñ köpelişine we ony nädip toplandygyna üns bermezden olara ýönelýär" diýip sözüniñ üstüni ýetirdi. Said Yasin sözüni "Taýpa şeýhleriniñ korrupsiýa batgasyna batan adamlary ret etmek, olara arka durmazlyk, mejlislerine kabul edilmeginiñ öñüni almak, olar bilen gyz alşyp-berişmekden ýüz öwürmek, korrupsiýada aýyplamak ýaly birnäçe düzgünleri girizmegi juda gereklidir. Nirnäçe yrakly tire-taýpanyñ we kabylanyñ millet derejesinde mertebeli orunlara eýedigi hakdaky hakykaty gözden salamok" diýip jemledi. • Negatiw ýagdaý Geçen ýyllarda ýaýran ýaramaz hadysalaryñ birem raýatyñ öýüniñ ýa-da ona degişli zadyñ oka tutulmagy, öýüniñ ýa-da bolan ýeriniñ ýazylmagy gabahatlyklary öz içine alýan taýpa çozuşlary boldy. Bu çozuşyñ çäginde käte raýatyñ doganlaryna "öýüñ taýpalar tarapyndan barlanandygy" ýa-da "hun talaby bilen öýüñ kireýne berlip satyljak däldigi" baradaky habarlar gelip gowuşýar. Şeýle ýagdaý raýatyñ taýpadan ara açmagyna getirýär. Yrakly ygtyýarlylar muny jenaýat hasaplap, terrorçulykly etmişleriñ hataryna goşýanam bolsa, käbir ýerlerde wagtal-wagtal şeýle ýaramazlyklara şaýat bolunýar. Bu ýagdaý raýatlaryñ janynyñ saglygyna we emläk howpsuzlygyna howp salýar. Geçen ýekşenbede Bagdadyñ er-Rusafa Kassasion edarasynyñ Merkezi Jeza beriş sudy taýpa çozuşyny guramakda aýyplanýan iki günäkäri 15 ýyl azatlykdan mahrum etmek boýunça höküm çykardy. Ýokary Sudyñ Metbugat merkezi beren beýanatynda "Iki günäkär taýpa çozuşyny guramak maksady bilen sebitdäki raýatyñ öýüne yaragly we bombaly hüjüm edendiklerini, munun netijesinde hüjüme uçran raýatyñ doganyny hem ýaralandyklaryny boýun aldylar" diýdi. Metbugat merkezi "Olar hakdaky höküm 2005-nji ýylda güýje girizilen 13 belgili Terrorçylyga garşy göreş kanunynyñ 4/1 maddasynda görkezilenlere we 2/1 biken 7-nji maddalaryna esaslanyp çykaryldy" diýdi. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda hukuk barlagçysy Ali et-Tamimi "Derñew komitetiniñ düzgünlerine görä, taýpa çozuşynyñ Terrorçylyga garşy göreş kanunynyñ 4-nji maddasynda terrorçylykly akt hasaplanýar. Çünki bu kanunyñ 2-nji maddasyna görkezilenler adamlaryñ psihologiýasynda terror we gorky döredýän şertler üçin ýeterlik" diýdi. Jabbar ZEÝDAN, Yrakly žurnalist / @jabarzed Şenbe, 30.09.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |