TÜRKMEN DIALEKTOLOGIÝASY
1. Dialektologiýa dersiniň maksady we wezipeleri
– türkmen edebi dili bilen onuň şiweleriniň köküniň birdigini, olaryň özara baglanyşygynyň açyp görkezmekden;
– türkmen edebi diliniň sözlük düzüminiň baýlaşmagynda, onuň sinonimik gatlagynyň galňamagynda şiwelerdir ýerli geňleşikleriň baglanyşygyny, hyzmatyny aýdyňlaşdyrmakdan;
– türkmen diliniň ähli ugurlar boýunça taryhyny, sözleriň taryhy köküni, etimologiýasyny öwrenmekde şiweleriň janly çeşme bolup durýandygyny subut etmekden;
– türkmen diliniň beýleki kowumdaş türki diller bilen arabaglanyşygyny açmaklykda şiweleriň hyzmatyny ýüze çykarmakdan;
– talyplary türkmen edebi diliniň we onuň şiweleriniň dürli meseleleri boýunça ylmy derňew işini alyp barmaklyga gözükdirmekden ybaratdyr.
Dialektologiýa iki sözden ybarat bolup, “dialekt” (gr. dialektos) – gepleşik, “logiýa” (gr. logos) – ylym diýmekdir. Diliň dialektleri hakyndaky ylma dialektologiýa diýilýär. Türkmen dialektologiýasynyň wezipesi türkmen diliniň dialektlerini öwrenmekden ybaratdyr.
Dil biliminde dialektler iki topara bölünip görkezilýär:
1) Terrotorial dialektler
2) Sosial dialektler
Territorial dialekt diýip belli bir territoriýada ýaşaýan ilatyň ýerli gepleşigine düşünilýär. Bu haýsy-da bolsa bir territoriýanyň ilaty üçin aragatnaşyk serişdesi bolup hyzmat edýär. Mysal üçin, saryk dialekti Tagtabazar, Ýolöten etraplarynda ýaşaýan saryk türkmenleriniň aragatnaşyk serişdesi bolsa, salyr dialekti Saragsdaky salyrlara hyzmat edipdir. Şunuň ýaly, her bir dialektiň öz hyzmat edýän territoriýasy bolupdyr. Ýöne türkmen dialektleriniň taýpa aýratynlyklaryny köp saklany üçin, käbir dialektleriň dürli territoriýalarda duş gelmegi hem mümkin. Mysal üçin, ärsary dialektiniň wekillerine Garabekewül, Halaç, Kerki, Hojambaz,Çarşaňňy ýaly dürli etraplarda hem duş gelinýär. Şunuň bilen birlikde, bu etraplarda ärsary dialekti bilen aralaş olam, mukry, hatap, surhy ýaly beýleki dialektleriň wekilleri hem ýaşaýarlar. Dialekt aýratynlyklary diliň bütin gurluşyna: fonetikasyna, leksikasyna, morfologiýasyna we sintaksisine aralaşýarlar. Olaryň öz grammatik gurluşy we esasy sözlük fondy bolýar. Şoňa görä, milli edebi dil emele gelende, dialektler edebi dilden fonetik, leksik we grammatik aýratynlyklar bilen tapawutlanýarlar.
Sosial dialekt diýip haýsy-da bolsa bir jemgyýetçilik toparynyň dil aýratynlyklaryna aýdylýar. Bular territorial taýdan açyk araçäkleşmän, dürli sosial gatlaklar we aýry-aýry kärdäki adamlar üçin hyzmat edýärler. Sosial dialektler, esasan, leksikany we azrak frazeologiýany öz içine alýar. Muňa H. Derýaýewiň “Ykbal” romanynda din wekili hökmünde gatnaşýan Seýidahmet işanyň aşakdaky sözlerini mysal almak bolar: Ozal ebedinde allatagala adamzady enesiniň wüjütinde katra suwdan surat eýlän wagtda, onuň sanalgysyny sanap, maňlaýyna ýazyp goýarmyş. Şu dünýeýi äleme inip, tä wepat bolynça, näçe nepes almalylygy maňlaýynda ýazylgy bolarmyş (H. Derýaýew, Ykbal, 1-2, Aşgabat, 1962, sah. 262).
Ynha, şunda getirilen “ebedinde, wüjütinde, katra, surat eýlän, dünýeýi äleme, wepat bolynça, nepes”, ýaly arap-pars sözleri ýönekeý halkyň gepleşigine mahsus bolman, din wekilleriniň diline häsiýetlidir.
Elbetde, umumyhalk dilinde ulanylýan sözler bilen deňeşdirende, bular örän ujypsyzdyr. Bu hili sözleriň ulanylmagy ýöne ýerden däldir. Belli bolşy ýaly, din wekilleri öz gepleşigini ýönekeý halkyň dilinden tapawutlandyryp, “keramatly” dilde geplemäge çalyşýarlar. Şeýle-de bolsa, olar umumyhalk türkmen diliniň kada-kanunlaryndan çykyp bilmeýärler. Sebäbi dil hemme synplar üçin umumydyr.Sosial dialektlere žargonlar1, professional sözler, ýagny dürli kärdäki adamlaryň sözlügindäki aýratynlyklar hem girýärler. Žargonlara mysal edip, H. Derýaýewiň “Ykbal” romanynda Eneküti elti bilen Gabak şyhyň arasynda bolan bir gürrüňi ýatlamak bolar. Elti bilen Gabak şyh Hudaýberdi aganyň goýnuny ogurlap gelýärler. Ony gazana salyp bişirip otyrkalar, Hudaýberdi aganyň aýaly gelýär. Şol wagt öýkene ýyly ötüp, suwuň ýüzüne galýar. Eneküti oňa bildirmejek bolup: – Işan, öýken ellezine – gabaruma – diýýär. Şyh bolsa oňa düşünip – Çişiruma-a!!! Bassary-ym!!! – diýip jogap berýär (sah.530).
Hudaýberdi aganyň aýaly bu sözlerden hiç zat düşünmän galýar. Şu sözler – hakykatda türkmen sözleri. Ýöne başga adam düşünmesin diýip, arap sözlerine çalymdaş üýtgedip, ýoýup aýdýarlar. Romanda Gabak şyhyň “Şol goýny şu gün agşam çileli” (sah. 526) diýen sözi bar. Şundaky “çileli” sözi hem “ogurlaly” manysynda ulanylýar. Şu söz has köpräk ogrularyň diline häsiýetli bolup, edebi dilde duş gelmeýär.
Şunlukda, sosial dialektler territorial dialektlerden tapawutlanýar, ýöne olaryň özbaşdak grammatik gurluşy we sözlük fondy bolmaýar. Olar umumyhalk diliniň grammatik gurluşyndan we sözlük fondundan peýdalanýarlar. Şoňa görä bular özbaşdak dil bolup bilmeýärler.
Territorial dialektler umumyhalk diliniň şahalary hökmünde belli bir territoriýada ýaşaýan ilatyň aragatnaşygyny ýola goýmak bilen milli edebi diliň döremegine we ösmegine daýanç bolup hyzmat edýärler. Emma sosial dialektlerde beýle mümkinçilik ýok.
Sosial dialektler, esasan, leksika degişli faktlary öz içine alýany üçin, käwagtlar bular professional leksika hem goşulýar. Ýöne professional leksika belli bir kär, hünär bilen baglanyşykly sözleri aňladýandygy bilen sosial dialektlerden tapawutlanýar. Mysal üçin,maldarçylyk, pagtaçylyk, ýüpekçilik, guşçulyk, senetçilik terminleri we beýlekiler şuňa degişlidir.
Türkmen dilinde “dialekt” diýip belli bir taýpanyň gepleşigine düşünilýär. Meselem, saryk dialekti, ärsary dialekti, ýomut dialekti we başgalar. Her taýnyň öz dialekti bar. Bularyň hemmesiniň wezipesi belli bir taýpanyň aragatnaşyk serişdesi bolup hyzmat etmek. Şu manyda “şiwe” sözi hem ulanylýar.
Ýöne, munuň asyl manysy “dialekte” dogry gelmeýär. “Şiwe” sözi has giň manyda, ýagny rus dilindäki “nareçiýe” sözüniň manysynda dialekleriň gepleşiklerini aňlatmak üçin peýdalanylsa amatly bolar.
Bir dialektiň içinde iki, ondan hem köp gepleşikleriň bolmagy mümkin. Olar umumy dil aýratynlyklary boýunça şol bir dialekte girýärler. Ýöne käbir aýratynlyklar bilen ondan hem, bir-birinden-de tapawutlanýarlar. Mysal üçin, saryk dialektiniň pendi gepleşiginde “çiýra:zy, peşşe, çakъyldakъ” diýilse, ýolöten gepleşiginde bu sözler “ça:l, çybyn, erik” ýaly ulanylýar.
Dialekt aýratynlyklarynyň möçberi dialektleriň hemmesinde birmeňzeş däl. Bu olaryň ilatynyň tutýan territoriýasy ýa sany bilen kesgitlenmeýär. Mysal üçin, teke dialekti san taýdan hem, territoriýa taýdan hem beýleki dialektlerden uludyr. Emma şunuň dialekt aýratynlygy ýeke Sarags etrabynyň öz içine alýan salyr dialektinden ýa-da birnäçe obadan ybarat bolan nohur dialektinden azdyr. Dialekt aýratynlyklaryň azlygy ýa köplügi şol dialketde gepleýän ilatyň başyndan geçiren taryhy-sosial şertleri bilen baglanyşykly düşündirilip bilner.
Türkmen dialektleri taýpa-tire hem territorial taýdan birnäçe gepleşiklere bölünýärler. Hatda gepleşigiň içinde hem maýda gepleşiklere duş gelinýär. Mysal üçin, pendi gepleşiginiň içinde mojy diýen maýda gepleşik bar. Munda, esasan, bard(y) ro:n, geld(y)ro:n ýerine baro:n, gelo:n (barýan, gelýän) ýaly aýdylýar. Mälim bolşy ýaly, her etrabyň, her obanyň hem öz gepleşigi bolup biler. Käwagtlar bir obada hem dürli hili geplenilişini görmek mümkin.Munda olaryň taryhy taýdan taýpa-tire düzüminde tapawut bolýar. Şunlukda, her taýpanyp, tiräniň, urugyň, toparyň dilinde hem azda-kände tapawut ýüze çykýar. Şonuň ýaly tapawutlary öwrenmek üçin olaryň taýpa-tire bölünişini, şol ýerli ilatyň etnik düzümini gowy bilmek zerur.
Dialektler haýsy-da bolsa bir diliň içine girýärler. Dilden daşarda dialekt ýok. Şoňa görä dialekt aýratynlyklar diliň bitewi gurluşyndan üzňe derňelmän, eýsem onuň tutuş sistemasy bilen berk baglanyşyklylykda öwrenilmelidir.
(Kitabyñ doly nusgasy saýtyñ kitaphanasynda goýlar)...
Türkmen dili