18:27 Türkmen halky göreldelik nusgasy | |
TÜRKMEN HALKY GÖRELDELIK NUSGASY
Edebi makalalar
Türkmen halkymyz gadymdan bäri elmydama ulalara hormat goýmak, kiçini atlamak, birek birege sarpa goýmak ýaly edep-terbiýe ýôrelgelerine aýratyn üns berip gelýär. Her bir ýaşdaky ynsanyň özüne görä göz alyjy edebi, keşbi bolmalydyr. Ýaşuly ata-babalarymyzyň hem öwredişi ýaly Türkmen ýigitleri elmydama mert, daş-töweregini sylaýan, elinden gelýän ähli kömekleri gaýgyrmaýan, ýaşulalar bilen bolan gatnaşygyny elmydama sylagçylykda saklaýan, özünden kiçilere görelde mekdebi bolmalydyr. Hatda türkmeniň geçmişine bir ser salsak, dogrudan hem, biziň Görogly, Keýmir kör ýaly ýene de birnäçe gerçeklerimiz özleriniň alyp baran işleri, edep-terbiýesi bilen bizlere hemişe görüm-görelde boldular. Diňe bir ýigitlerimiz däl, eýsem gyz-gelinlerimiz hem edep-ekramlylygy bilen sünnälenip çekilen nagyş kimin görünýär diýsek ýalňyşmarys. Biziň garry ene-mamalarymyz hut türkmen ýaşlary üçin görelde bolýarlar. Gadymdan bäri Garry ene-mamalarymyz öz gyzlaryny kiçilikden başlap terbiýeläpdirler. Olara edep-ekramy, Nahar bişirmäni, arassaçylygy ýaşlykdan öwredipdirler. Türkmen halky elmydama birek-birege bolan gatnaşyga, myhmana, dost-ýara hormat goýupdyr. Hatda ýaşulylarymyzyň "Myhman ataňdan uly" diýen nakylyna göz aýlalyň. Haçanda törde myhman gelende, oňa kemsiz hormat goýup garşylanypdyr. Türkmeniň milli naharlary bişirilip hyzmat edilipdir, haýsy maksady ýa-da derdi bilen gelen bolsa ony diňläp bir ugur tapmaga çalşypdyrlar. Myhmany öz ýalynlaryndan hem ýakyn görüpdirler. Muhman berekedi bilen geler diýlişi ýaly, bu gatnaşyklar birek-birege bolan hormaty artdyrypdyr, ynsanlyk derejesini ýokarlandyrypdyr. Häzirki zaman türkmen ýaşlary hem ata-babalarymyzyň ýörän ýoluny yzarlap, Watana halka wepaly, döredijilikli ýaşlap bolup ýetişýärler. Ogulmähri AMANOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň GDE fakultetiniň Hytaý, Türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 1-nji ýyl talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |