08:42

Ýalňyzlyk dessany

Goşgular
Категория: Goşgular | Просмотров: 293 | Добавил: Bagabat | Теги: Humaý | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025
Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025
Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025
"Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025
Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025
Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025
Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025
Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025
Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025
Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025

Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Bagabat  
43
Bu goşgyň alnan çeşmesinde Türkmensähraly bu şahyra-hanymyň doly ady ýok ekeni. "Humaý" hem çakym-çak bolsa tahallusy (edebi lakamy, psewdonimi) bolaýmasa.
Ýöne gaty haýykdyryjy goşgy ekeni.

"Nowha" (Agyly derdinme görnüşindäki aýdym. Mysal: Aşyk bolan jandan umydyn üzer, Gijeler dynmaýyn nowhalar düzer (“Şasenem – Garyp”).) diýseňem boljak.

Özem bu nowhasy düýnem ilki okanymda dilim-dilim etdi welin, şu günem-ä okasaň ýene-de bölek-büçek edip taşlaýar.

0
2 ibrahimbadakhshan  
694
Nowhe pars dilinde, biziň dilimizdäki “agy” sözi bolýar. Birine musibet düşende söze, owaza gatyşyk zaryn nalyşa etse agy (nowhe) diýýäris. Nowhe sözi Türkmen diline doly geçen däl, ýek-ýarym klasik edebiýatymyzda bolmasa, iliň içinde ulanlyp ýörlen söz däl, ýöne pars dilinde aktiw ulanylýan sözlerden

0
3 ibrahimbadakhshan  
694
Parslarda Nowhehany diýibem bir däp bar. (Nowhe aýdylyş)
Oturan adamlary aglatmak üçin ýörite nowhehanlar (nowhe aýdýanlar) bolýar. Olar gam-gusaly aýdymlary zaryn ses bilen ýerine ýertirip, adamlary agladýarlar. Şoňam sogaby bolmaly!? (Bagyşlaň, meniň üçin-ä bu gülküný däp)

0
4 Bagabat  
43
“Ýer ala, ýurt ala” diýilýäni-dä, Ybraýym aga.
Käbir ýurtlarda ýörite aglaşmak, agyly aýdymlar – nowha aýdyşmak dessury bar.
Biziň türkmenlerimizde kän bir duýgy sereşlemek halanmaýar. Hatda ýasda-da aýal-gyzlar öteräk bozlaşyberseler, ýaşulular derrew: “Bes ediň-aýt! Goýuň diýýän, häý siziňemmir!” diýip, käýinip, gatyrganyp başlaýarlar.
Bü ýokardaky aýdylany ýaly “Howhahana – Aglaşdyhana däbi” bolsa, biziň halkymyzda asla ýok.
Bilemok, belki käbir ýerlerde özge milletlerden görüp, şony gaýtalajak bolýan bolsa bar bolmagam mümkin.
Aslynda munuň ýaly “aglaşdyhana”, “hasrat sereşledi” dessury, käbir halklaryň taryhynda ir döwürlerden köküni alyp gaýdýar. Mysal üçin: arap halypalygy döwründe Halyfatyň iri şäherlerinde, edil şonuň ýaly orta asyr Ýewropa şäherlerinde-de ýörite “aglap berijiler” (плакалщицы) diýen hakyna tutma hünär bolupdyr.
Basrada, Bagdatda, Parižde, Rimde we ş.m. şäherlerde baý-begzadalar merhumlaryny jaýlanlarynda şeýle “aglap berijileriň” iň meşhurlaryny eslije pula hakyna tutupdyrlar.
Onsoň olar gölegçileriň yzyna düşüp ýa-da arasyna goşulyp, soňam, merhumyň öýüne – pata ýerine gelip, owadandan-owadan, perişandan-perişan, ýaka ýyrtyp, çäk dartyp, ýüz-gözlerini gan-gabarçyk dyrnaçaklap, üýtgeşikden-üýtgeşik gazally sözler bilen aglap beripdirler.
Orta asyrlarda Gündogarda we Günbatarda, iri şäherlerde hatda şeýle aglap berijileriň uly-uly birleşmelerem (Ýewropada: “seh” diýilýän ekeni) bolupdyr.

0
5 Remezan  
1397
Aglaýançylara birhili söz diýýäler öleñçiler diýen söze meñzeş. Ýöne bu wagtlarda beýle edip dat -perýad bolsalar. Serdar aganyñ aýdyşy ýaly goý sesiñizi diýip, ýaşuly "Ekabr", "Kethuda" goýulan kişi duýdurýar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]