00:52 Ýer togalagynda nesli tükenen adam jynsy: Neandertal | |
ÝER TOGALAGYNDA NESLI TÜKENEN ADAM JYNSY: NEANDERTAL
Taryhy makalalar
Neandertal adamyñ ilkinji skleti Germaniýanyñ Dýusseldorf şäherinde tapyldy. Neander jülgesinde 1856-njy ýylda tapylan bu sklet birnäçe jedeli-de özi ýany bilen getirdi... ABŞ-ly we Ýewropaly genetiklerden, antropologlardan düzülen topar häzirkizaman adamyñ ata-babasynyñ neandertallardygyny öñe sürýär. Tapylan tapyndylar şuny tassyklaman duranokdy. Neandertal adamyñ gen kartasynyñ tamamlanmagy elli müñ ýyl öñ ýok bolan şol adam jynsunyñ we häzirki adamyñ ösüşini, özgerişini aýdyñlaşdyryp biler. Eýsem şol ilkinji adam jynsy bolan neandertallar kim bolduka? Neandertallaryñ ilkinji häzirkizaman adamyñ binýadyny emele getirendigi we häzirkizaman adamlary bilen jübütleşendigi baradaky maglumatlaryñ üstünden baryldy. Neandertallar günorta-günbatarda, häzirkizaman adamy bolsa demirgazykda ýaşapdyr. Neandertallar häzirkizaman adamlary tarapyndan bökdençliklere duçar boldy we ýaýrap gitmekleriniñ öñi alyndy. Iñ soñky neandertallaryñ bolsa Belgiýada, Atlantik okeanyñ kenarýakalarynda, Orta Aziýada we Ortaýer deñziniñ sebitlerinde yaşandyklarynyñ yzlaryna gabat gelindi. Neandertallar häzirki adamlar ýaly aýagynyñ üstünde dik durup bilenokdylar. Häzirkizaman adamsyndan çakgan, güýçli, süýri ýüzli, iri dişli bolandyklary köp jedelleriñ döremegine getirdi. Şu aýratynlyklar neandertallaryñ ata-babalarymyz däldigi hakdaky pikirleriñ döremegine getirdi. Emma wagtyñ geçmegi bilen alnyp barylan barlaglar we tapylan tapyndylar neandertallaryñ ata-babalarymyzdygyny tassyklaýardy. Neandertallaryñ fiziki aýratynlyklary bolsa wagtyñ geçmegi bilen üýtgändiginiñ we häzirkizaman adamyna öwrülendiginiñ subutnamasydy. Neandertallar käbir alymlaryñ geçiren barlaglaryna görä ýokary añ-düşünjä eýe bolupdyr. Olar ölülerini belli bir usulda gömüpdir, syrkawlaryna seredipdir. Geçirilen bir gazuw-agtaryş işiniñ dowamynda 50-60 müñ ýyl öñki döwre degişli fleýta (tüýdük) tapyldy. Fleýta boýunça geçirilen barlaglar açyk nota deşikleriniñ ýerbe-ýerdigini we başly-barat açylmajak derejede sünnälenip ýasalandygyny görkezýärdi. Şeýle subutnamalar neandertallaryñ añynyñ pesdigi hakdaky pikiri öñe sürýän köp sanly alymyñ ikirjiñlenmegine sebäp boldy. Bir daşy başga bir daşa sürtäp, ýiti uçly paltalary ýasamagy başardylar. Şeýle paltalary taýagyn bir ujuna ýelimläp, awa gidende ulandylar. 2014-nji ýylda Ispaniýanyñ Pas derýasynyñ boýunda taoylan El-Kastillo gowagynda neandertallara degişli diwar suratlaryna gabat gelindi. Neandertallar hem häzirki adamlar ýaly et bilen ot iýýärdi. Gözegçilik astyna alan otlary bilen et bişirýärdiler. Ölüleri üçin üýşmeleñ edýän neandertallar mergumy egin-eşikleri bilen gömýärdiler. Şol sanda şimpanzelerde-de öliniñ ýakynlaryna duýgudaşlyk bildirmek ýaly aýratynlyklaryñ bardygy anyklanan faktdyr. Emma adam jynsyndan başga jandarda ölini eşigi bilen jaýlan däbe gabat gelinmändir. Neandertallaryñ goçak kelleli bolmagy dürli düşündirişleri döretdi. Tapawutly beýin gurluşy bolan şeýle jyns häzirki adamdan has düşünjeli bolmagy-da mümkindi. Käbir alymlar şol pikiri öñe sürýärdiler. Biziñ günlerimizden elli müñ ýyl töweregi öñ ýok bolan neandertallary dolap getirmegi başarsak, olaryñ aýratynlyklary hakda has ynamly maglumatlary edinip bilerdik. Emma etiki gymmatlyklar sebäpli şeýle görnüşdäki ylmy-barlaglar uzak wagta çekjege meñzeýär. Ýogsa-da, neandertallar nädip ýom-ýok boldularka? Bu boýunça birnäçe sebäp orta atylýanam bolsa, köp dürli sebäpleriñ şeýle ýagdaýy emele getirendigi anykdy. Häzirkizaman adamyñ neandertallaryñ ýaşaýyş-durmuş ugurlaryny basyp almagy, hatda olary öldürmegi bu jynsyñ nesliniñ ýok bolmagyna sebäp boldy. Şonuñ bilen bir hatarda Buz eýýamynyñ soñlanmagyna uýgunlaşyp bilmezlikleri, iýmit çeşmeleriniñ çalyşmagy, awlaýan iýmitleriniñ azalmagy ýaly birnäçe sebäp bu jynsyñ ýok bolmagyna sebäp boldy. Käbir alymlaryñ pikiri bolsa, neandertallaryñ ýok bolmandygy, häzirkizaman adamy bilen jübütleşip assimilizasiýalaşandygyny öñe sürýärdi. Görşüñiz ýaly, ylym dünýäsinde bu jedeller we ylmy barlaglar täze-täze tapyndylaryñ üstünden barylýança dowam etjege meñzeýär. Ugur NAZILLI. 19.10.2016 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |