20:50 Ýüzýyllyk güwwüldi: Kissinžer | |
ÝÜZÝYLLYK GÜWWÜLDI: KISSINŽER
Publisistika
Täze taryh diplomat, akademik, teoretik, jeñbaz Kissinžer hakda näme ýazarka? Genri Kissinžer 1973-1977-nji ýyllarda ABŞ-nyñ Daşary işler ministri bolup işläpdi / Fotosurat: Reuters Hyýaly ýarag bilen ýaraglanan realist, oñşuksyz taraplaryñ arasynda bogun örýän, ot-ýalnyñ astynda gepleşikleri geçirýän we soñy näme bilen gutarýanam bolsa maksadyndan dänmeýän adam... Maşgalasy bilen bile nemes faşistleriniñ zulmundan gaçan ýaş nemes Haýns Kissinžer ABŞ-ly Genri Kissinžer ady bilen özüni düýşler äleminden tapýar we bu düýşi hut özi görýär. Ýigrimi ýaşyndaka amerikan harby kontrrazwedkasynyñ eline geçýär we şolaryñ birine öwrülýär. Kontrrazwedka ony nemes Gestaposyny (nasistik kontrrazwedka gullugy) yzarlamagy tabşyrýar. Jansyzlyk käri bilen syýasat biliminiñ arasynda geçen üç ýylynyñ yzyndan Garwardyñ gapylary öñünde açylýar, ol bu abraýly ýokary okuw jaýynyñ akademigi we professory bolýar. Syýasy gatlaklaryñ arasynda we düşünje merkezlerinde giñden meşhurlyga eýe bolýar. "Ýadro urşy we daşary syýasat" atly kitabyny çap etdirip, täze dünýäsine ýadro ýaragy bilen gadam basýar. ABŞ-nyñ daşary syýasat gatlaklary, ýagny Ak Tam, ABŞ-nyñ Daşary işler ministrligi, Pentagon bilen janly mediýa täze nesil has kiçi raketalar ulanylanda ýadro urşunda taktiki-strategiki taýdan artykmaçlyk gazanyp boljakdygyny öñe sürýän biridigini bilýär. Bu pikir amerikan laboratoriýalaryndaky hojaýynlaryñ ünsüni çekýär. Şondan soñ bu ýaş ýigide arka durmak saýlama şahsyýetleriñ arasynda hökmany milli borja öwrülýär. Genriniñ ýadro teoriýasy 60-njy ýyllarda syýasy arenada we täsir ediş dünýäsinde nijeme menzilleri aşdy. Onuñ bu teoriýasy şindizem ýadro ýaragyny ulanmak ähtimallygy babatdaky agramyny saklap gelýär. ABŞ-nyñ 37-nji prezidenti Riçard Nikson bilen ýakyndan tanşanda, onuñ ýüzüne bagt gülüp bakýar. Kissinžer şol döwürde Niksonyñ 1968-njy ýylda geçirilen saýlawlardaky bäsdeşi Nýu-Ýorkuñ meri Nelson Rokfelleriñ orunbasary bolup işleýärdi. Nikson ýeniş gazandy we göreşi ýatdan çykardy. Emma garşydaşynyñ orunbasary Genri Kissinžeriñ goldawyny almagyñ nähili möhümdigini gowy bilýärdi. Nikson ony iñ ýokary wezipä oturtdy, ýagny ABŞ-nyñ Döwlet Howpsuzlygy boýunça geñeşçisi edip belledi. Wagtyñ geçmegi bilen Kissinžer karýerasyna supergüýjüñ daşary işler ministri bolmagy-da goşdу. Koridorlar açyldy we Kissinžer amerikan maglumat gorlarynyñ we syr hazynasynyñ açarlaryny göterijä öwrülip, maslahat beriji ložadan karar kabul ediji loža geçdi. Şol wagtlar dünýä gowy döwri başdan geçirýärdi. 1967-nji ýylyñ urşundan soñ Ýakyn Gündogarda kartalar bulaşypdy, Hindistan ýarymadasynda Päkistan bilen Hindistanyñ arasynda uly çaknyşyk bolup geçipdi, ABŞ wýetnam batgalygyny boýlapdy, Sowet Soýuzy Gündogar we Merkezi Ýewropanyñ merkezine aralaşyp, Afrika we Latyn Amerikasyna tarap süýşýärdi. Ak Tam tarapyndan heniz diplomatiki taýdan ykrar edilmedik Hytaýam ýeke we daşyna ýapyk hakda Hytaý diwarynyñ içinde güýjüni toplamaga synanyşýardy. Şindize çenli gelen amerikan syýasy sferasynyñ düýbüni tutujy güýçli prezident Riçard Niksonyñ adyndan gürleýän diplomatik tilki Kissinžer şular ýaly howada orta çykdy. Kissinžer Niksona ýakynlaşdy, ikitaraplaýyn we ynamly pikir alyşdy. Soñra Kissinžer çylşyrymly halkara arena çykdy, syýasy we diplomatiki sözlüge dünýä üçin täze agalgalary goşdy. Moskwa geçirilen taryhy saparda "dil tapyşma syýasaty" atly otagda galyp, prezident Nikson üçin syýasy köprüleri gurdy. Şeýdibem Leonid Brežnew ýaly sowet ýolbaşçylarynyñ gatnaşmagynda Moskwada strategiki ýaraglaryñ çäklendirilmegi hakdaky "SALT-1" şertnamasyna gol çekildi. Waşington bilen Moskwa global ylalaşyga gelnendigine güwä geçýän täze başlangyçlaryñ düýbüni tutýardy. Edil şol wagtam Kissinžeriñ aýakyzy göründi we Niksonyñ sanksiýalary netijesini berdi. Hytaý babatda-da ABŞ-nyñ aýnasynda Kissinžer arzuw-hyýaly parlaýardy. Waşington aýgytlaýjy pursatda Pekin bilen el gysyşdy. Şol günlerde Waşingtin Hytaý döwletini diplomatiki taýdan ykrar edenokdy, emma Kissinžeriñ inisiatiwasy bilen "ping-pong" diplomatiýasy işlenip düzüldi. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda öwrenişilmedik şol resmi saparda taýýarlyk hökmünde Hytaý bilen ABŞ-nyñ milli ýygyndy futbol toparlarynyñ arasynda bolan dostluk duşuşygy hemmäñiziñ ýadyndadyr. Bu resmi sapar ABŞ tarapyndan Hytaý üçin ençeme ýyldan soñky ykrar edilmä we Hytaýyñ Howpsuzlyk Geñeşindäki bäş uly ýurduñ ýerine oturmagy üçin berilen rugsada şert döredipdi. Kissinžeriñ ukyp-başarnyklary Moskwadan Pekine, ol ýerdenem Wýetnamyñ paýtagty Hanoýa sary akdy. ABŞ-nyñ wýetnam batgalygyny boýlan, her gün müñlerçe adamyñ wepat bolýan, amerika, köçelerinde gahar-gazaba atlanan protest çykyşlarynyñ ýetjek derejesine ýeten we Golliwuda çenli baryp ýeten, ABŞ-nyñ metbugat, medeniýet, sport, syýasat intelligensiýasynyñ dowam edip duran bu manysyz urşa nägilelik bildirýän döwründe Kissinžer Parižde wýetnamly zoñtar rewolýusioner Le Dyk Tho bilen gepleşik geçirýärdi. Bu gepleşikler Kissinžeriñ pirimleri bolmazdan amala aşjaga meñzänokdy. Emma nemes migrantynyñ oglunyñ añynda aýlanýan adatdan daşary hyýaly güýç bilen utgaşan realizm Kissinžere dünýäniñ iñ uly ýurdunyñ inisiatory we halasgäri bolmak düşünjesini guýdy. Garaşylyşy ýalam boldy, uruş togtady... Amerikan esgerleri gorky we güzap bilen geçen ýyllaryñ yzyndan öý-öwzarlaryna dolandy. Kissinžer Le Dyk Tho bilen bile Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny alan wagtynda buýsançly ýylgyryşyny gizlejegem bolanokdy. Kambodja, Çili, Wýetnam uruşlary döwründe dökülmegine sebäp bolan ganlary üçin nägilelik bildiren iki agzanyñ Nobel baýragyny bermek boýunça komitetiñ agzalygyndan öz islegi bilen çykmagy-da ony ynjalykdan gaçyrmandy. Ol hereketleriñ netijeler bilen ölçelýändigine ynanýardy. 1973-nji ýylyñ 6-njy oktýabr urşundan bir gün öñem Kissinžeriñ Ýakyn Gündogarda resmi saparda bolmak pikiri ýokdy. Onuñ ysraýylly ýaranlary arap topraklaryny basyp alýardy. Ol, elbetde, arap dünýäsiniñ tarapyny tutanokdy. Emma Müsüriñ garaşylmadyk uly göçümi onuñ düşünjelerini agdar-düñder etdi we dessine depregini boýnundan asyp, Ýakyn Gündogara uçdy. Ýarany Tel-Awiwi halas etmek maksady bilen arap paýtagtlary bilen Ysraýylyñ arasynda bogun örüp, gepleşiklere öñbaşçylyk etdi. "Uotergeýt" dawasy bilen başagaý bolan prezident Niksonyñ ýoklugynda-da Kissinžeriñ sesi batly ýañlandy. Şindi çürbaşda geçen ýüzýyllyk ömrüñ yzyndan yzda şu sorag galýar: Täze taryh diplomat, akademik, teoretik, jeñbaz Kissinžer hakda näme ýazarka? Jemal el-KEŞKI, Müsürli žurnalist. Duşenbe, 11.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |