23:40 Täze Afrika täsiri | |
TÄZE AFRIKA TÄSIRI
Publisistika
Afrikalylaryñ indiden beýläk özlerine gönügen bu global öñe gidişlikden peýdalanmagy gerek. Gollaryñ Afrikanyñ peýdasyna bolmagy üçin ähli oýunçylaryñ orta goýan ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmaly bolar Nigeriñ 27-nji iýuldan bäri başdan geçirýän wakalary meni şu soragy orta atmaga iterdi: Dünýäniñ Afrika materiginde bolup geçýän zatlara bolan ähli gyzyklanmasy näme sebäpden? Kim kime mätäç? Haýsy tarap elinde basyş we täze täsir ediji kart saklaýar? Käbirleri uly döwletleriñ öñdedigini aýdyp biler. Emma soñky iki ýylda Afrika materiginde bolýan üýtgeşmelerdir özgerişlikleri düýpli gözden geçirenler küşt tagtasynyñ täzeden dikilendigine göz ýetirer. Ýaş materik dünýäniñ gyzyklanýan ugruna, hatda global täsiriñ we bäsdeşligiñ gyzyşýan ýerine öwrüldi. Geliñ, hemmämiz bile Afrika materigine ser salalyñ. Materigiñ eýelik edip başlan täze geosyýasy güýje baha berip, dünýäniñ öñdebaryjylarynyñ täze dünýä düzgüni urawneniýesinde möhüm we täsirli tarap bolup galmak isleýän güýçler üçin mejbury geçelgä öwrülen bu mümkinçiliklere maýa sarp etmäge näderejede mätäçdigini bileliñ. Afrika aýnasy bize baş gahrymanlary ABŞ, Hytaý, Russiýa bolan üç taraply fotokartinany görkezýär. Bu materigiñ ýerlerine aralaşmak isleýän üç taraply ýaryş gözlerden sypanok. Hatda materik dünýä liderligi piramidasynyñ çürbaşyna oturmak üçin oýnalýan oýnuñ bir parçasyna öwrüldi. ABŞ-nyñ prezidenti Jo Baýden afrikaly liderleri Ak Tama getirmäge höweslidi. Ol ýerde düşülen surat hem gyzyklanýanlara berilen bir signaldyr. Afrika Waşingtonyñ ünsünden daşdaky ýer däl. Afrika-ABŞ ýygnanyşygynyñ iş tertibi milliardlarça goldaw, dowam etdirip boljak ösüş maksatnamasy we ýaşyl özgerişlik, sanly ulgam ykdysadyýeti, tehnologiýanyñ ýerlileşdirilmegi we geljekde ABŞ-na keseki duýgusy bilen garamajak afrikaly elitany kemala getirmek maksady bilen müñlerçe afrikaly talybyñ ABŞ-nyñ ýokary okuw jaýlaryna kabul edilmegi ýaly syýasy maksatlar bilen doludy. Waşingtonyñ teoretikleri Ak Tamyñ hojaýynynyñ gulagyna ABŞ-nyñ ýaş materige çemeleşmesini, tilsimlerini we strategiýasyny häzirki üýtgeşmelere laýyklykda gözden geçirmegi çawuş çakdylar. Afrikadaky oýun meýdanlary köp sanly oýunçydan doly. Strategik basdaşlyk şeýle bir derejä ýetdi welin, soñabaka ABŞ 2022-nji ýylyñ iýun aýynda NATO-nyñ Madridde geçen ýygnanşygynda wezipesi Demirgazyk Sahara Afrikasynda bolup geçýänlere gözegçilik etmek bolan "NATO-nyñ Günorta ganatyny" döretmegi teklip etdi. Bu strategiýa ABŞ-nyñ Günorta Sahara Afrika ýurtlaryna täze göz bilen garaýandygyny görkezýär. Waşington mundan öñ bikanun migrasiýa we howpsuzlyk ýaly meseleleriñ garşysybda durmak bilen çäklenýärdi. Emma indi amerikan missiýasy giñelip, amerikan bähbitlerine has ygrarly garaýyşlary ösdürmek üçin geosyýasy nukdaýnazardan hereket edýär. Moskwa hem öñki sowet yzlaryny goraýan Afrika meýdanynyñ oýunçylarynyñ biri. Atalarynyñ ýörän ýolundan ýöreýän "Kremliñ hojaýyny" ýurdy bilen Ukrainanyñ arasynda tutaşan uruş odunyñ arasynda Afrikadaky maksatlary bilen baglanyşykly Waşingtona garşylyk bermegi-de ýatdan çykarmady. Putin geçen aýyñ ahyrynda Sankt-Peterburgda ikinji gezek Afrika-Russiýa ýygnanşygyny geçirip, jümle-jahana Moskwanyñ Afrikadan el çekmejegini görkezdi. Köne çekistiñ paýhasy oña Afrikanyñ täze möhürlerini berdi. Ýaş materik tereziniñ kime tarap agýandygyny kesgitlemekde aýgytlaýjy massa öwrüldi. Moskwa muny gowy bilýär we afrikalylaryñ ynamyny gazanmak üçin elinden gelen tagallany edýär. Ýaryş arenasynda syýasy we strategiki ýeñillikleri berdi. Ýaş materige rus dilini we medeniýetini öwretmek, wagyz etmek üçin gidildi. Tejribe alyşmak maksady bilen afrikaly harby delegasiýalary myhman almak üçin protokollar we şertnamalar baglaşyldy. Putin afrika ykdysadyýetiniñ taryna kakmagy-da ýatdan çykarmady we ýurdy bilen ýaş materigiñ arasyndaky söwda gatnaşyklaryny 18 milliard dollardan 40 milliard dollara çykarmagy boýnuna aldy. Has takygy, Afrikanyñ garyp ýurtlaryna mugt däne we dökün berjekdigini aýtdy. Çyn-Maçyn aždarhasy barada aýdanda bolsa... Hytaý turuwbaşdan mekirlik edip, Afrika ýumşak güýç bilen aralaşdy. Ýaş materige walýuta akdyrdy we onuñ birinji söwda partnýoryna öwrüldi. Pekin Afrika berýän goldawynyñ global küşt tagtasyndaky iñ möhüm kwadratdygyny bilýärdi. Şonuñ üçinem afrikalylaryñ añynda we ýüreginde söwda, maýa goýum, industrial ýer edindi. Onuñ üstünlikli tejribesi bäsdeşleriniñ gyzyklanmasyny oýardy. Hytaýyñ geçmişden gelýän diplomatiki taglymy hemişe onuñ ýoluny açýar. Mälim bolşy ýaly, Hytaýyñ Daşary işler ministri wezipesine täze bellenen ýolbaşçy birinji daşary ýurt saparyna Afrika materiginden başlaýar. Pekiniñ "Guşak we ýol" maksatnamasyny başlanda beren bahasynda Afrikany maksatnamanyñ üstünlikli amala aşmagy üçin esasy taraplaryñ biri hökmünde görendigini-de ýatdan çykarmalyñ. Waşington, Moskwa, Pekin - uly oýunçylar. Emma ýeke-täk oýunçylar däl. Pariž, Berlin, London, Brýussel ýaly Afrikadaky bähbitlerini ulularyñ gujagynda oturtmak üçin basgançak hasaplaýan başga paýtagtlaram bar. Netijede dünýä täze dünýä düzgüniniñ şekillenmeginde ýaş materigiñ ähmiýetiniñ uludygyna indi düşünýär. Afrika mundan beýläk täze täsirlilige we düýpli täsire eýe. Afrikalylaryñ indiden beýläk özlerine gönügen bu global öñe gidişlikden peýdalanmagy gerek. Gollaryñ Afrikanyñ peýdasyna bolmagy üçin ähli oýunçylaryñ orta goýan ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmaly bolar. Jemal el-KEŞKI, Müsürli žurnalist. Duşenbe, 07.08.2023 ý. Fotosurat: Matt Withers / "The Economist" | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |