23:29 Žül Werniň gahrymanlary türkmen topragynda | |
ŽÜL WERNIŇ GAHRYMANLARY TÜRKMEN TOPRAGYNDA
Edebi makalalar
Fransuz ýazyjysy Žül Werniň (1828-1905) baryp mundan ýüz otuz ýyldan gowrak öň türkmen halkynyň durmuşy bilen bagly maglumatlary fransuz webeýleki günbatar halklarynyň okyjylaryna tanyşdyrmakdaky hyzmatlary türkmen-fransuz edebi gatnaşyklarynyň taryhynda aýratyn orun eýeleýär. Fransuz edebiýatynda başdan geçirmeler we hyýaly romanlaryň esasyny goýan ussat Žül Werniň «Klodius Bombarnak» romany fantastiki, ýagny hyýaly mazmuna eýe bolup, onda «XIX asyr» gazetiniň žurnalisti Klodius Bombarnagyň Hazar deňziniň kenaryndaky Uzyn adadan başlanýan we türkmen topragynyň çäginden geçýän Zakaspi demir ýoly boýunça syýahaty suratlandyrylýar. Edebiýatçy alym R.Rejebow «Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi» atly kitabynda: «Fantaziýa — göz öňüne getirme, hyýal we real ýada real däl hakykatyň adam düşünjesinde hyýaly şöhlelenmesidir. Fantaziýa adamyň akyl zähmetinde, döredijilik prosesinde ägirt uly ähmiýete eýedir. Hiç bir akyl döredijiligi fantaziýasyz, hyýallanmazdan, göz öňüne getirmezden mümkin däldir... Awtor diňe real hakykatyňüstünde hyýallanan mahalynda, onuň fantaziýasy öndümli bolupbiler. Döredijilikli hyýallanmak bu durmuşdan toplanan köp köp material böleklerini bir bütewi çeper hadysa weo brazaöwürmekdir» (A. «Türkmenistan» neşirýaty,1966,228sah.)— diýip, çeper döredijilik bilenýazyjynyň fantaziýasynyň, hyýal bentliginiň arabaglanyşygyny aýdyňlaşdyrýar. Žül Wernbu romanynda taryhy maglumatlary çeper beýan etmek arkaly, Zakaspi demir ýolunyň geljekki mümkinçilikleri bilen bagly pikirlerini hem beýan edýär. Bu ýoluň Gündogar bilen Günbataryň aralygynda möhüm ulag üstaşyr geçelgesi bolup biljekdigi, geljekde bu demir ýoluň Hytaýa baryp biljekdigi bilen bagly garaýyşlaryny, göz öňüne getirmelerini çeper keşpleriň,dürli wakalaryň üsti bilen suratlandyrýar. Indiüstünden ýüz otuz ýyl geçenden soňra fantast hyýalbent ýazyjynyň bu garaýyşlarynyň amala aşýandygynyň şaýady bolýarys. Ýagny, Türkmenistanyň häzirki wagtda Gündogar we Günbatarýurtlary bilen ulag üstaşyr gatnawlarynyň gerimini yzy giderli giňeltmek baradaky başlangyçlary dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Žül Werniň «Klodius Bombarnak» romanynyň sýužeti, çeper ýordumy taryhy hakykata esaslanýar. Žül Werniň özi romanda suratlandyrylýan ýurtlarda, ýagny azerbaýjan, türkmen,özbek, hytaý topragynda bolup görmändir, ýöne ol bu ýerlere XIX asyryň ahyrynda, ýagny 1890njy ýylda syýahat eden, fransuz foto žurnalisti Pol Nadaryň ýol ýazgylaryndan, gürrüňlerinden, foto suratlaryndan öz eserini ýazanda ussatlyk bilen döredijilikli peýdalanypdyr. Taryhy hakykaty çeper hakykat bilen utgaşykly hem täsirli beýan edipdir. Şeýlelikde, «Klodius Bombarnak» romanyndaky baş gahrymany Bombarnagyň prototipi fransuz foto žurnalisti Pol Nadar hasaplanýar. Edebiýaty öwreniş ylmynda prototip— ilkinji obraz, keşp, ilki başdaky nusga, ýazyja edebi keşbi, obrazy, tipi döretmek üçin esas bolup hyzmat edýän durmuşdan alnan hakykyşahs, adam diýmekligi aňladýar. Romanyň 1989njy ýylda Moskwada «Prawda» neşirýatynda rus dilinde çap edilen nusgasynyň ilkinji sahypasynda gadymy Merwtopragy, Soltan Sanjaryň aramgähi bilen baglysuratyň bolmagy okyjylarda badabat uly gyzyklanma we özboluşly täsir galdyrýar. Romanda Bombarnagyň Hazar deňzinde «Astra» atly bug bilen işleýän gämide syýahat edendigi barada söhbet açylýar. Ýazyjy Hazardeňzi baradaky garaýyşlaryny, taryhy maglumatlary eserindäki baş gahrymanyň üsti bilen beýan edipdir. Romanda Hazardeňziniň beýleki deňizlerden özboluşly tapawudyna üns çekilip: «Hazar deňzini Ortaýer deňzinden ýigrimi alty metr peslikdeýerleşýändigine garamazdan, bu deňizde, köplenç, güýçli harasatlar bolýar. Ýöne deňizçi esgerleriň aýtmagyna görä, bug gämisine «gaçyp gutulmak» zerurlygy ýok. Sebäbi in ibary ýogyýüz lýe [1]. Gün batar ýada gün orta kenara çalt baryp ýetmek mümkin»(Žül Wern.«Klodius Bombarnak», 26sah.)— diýip nygtalýar. Romanda Zakaspi demir ýolunyň Hazaryň kenaryndaky Uzyn adadan başlanyp, Hytaýyň paýtagty Pekiniň arasynda bir näçe ýyl bäri hereket edýändigi barada aýdylýan zatlar, ýazyjynyň özboluşly çeper toslamasydyr. Taryhy maglumatlara görä, şol döwürde Zakaspi demir ýoly Özbegistanyň Kokand şäherinden aňryk geçmändir. Romanda ýazyjynyň hyýal bentligi baş gahrymanyň dilinden beýan edilýär. Türkmen topragynyň ýewropalylar üçin geň galdyryjy hemde özboluşly tebigy aýratynlyklary suratlandyrylýar. Romanda baş gahryman Bombarnagyň amerikaly söwdagär Fulk Efrinel, angliýaly telekeçi zenan Gorasiýa Bluett, russiýaly maýor Noltis,otlynyň sürüjisi Popow, fransiýaly är-aýal wesahna ussatlary Katernler, germaniýaly syýahatçy baron Weýsşnitserderfer bilen Zakaspi demirýoly arkaly syýahaty wagtynda şaýat bolýan wakalary täsirli hem çeper suratlandyrylýar. Romanda Garagum sährasynyň tebigy aýratynlygy hem täsirli suratlandyrylýar. Ýazyjy demir ýoly çäge syrgynlarynyň basmazlygy üçin gyralaryna sazak, ojar ýaly ösümliklerden gorag germewleriniň oturdylandygyny belleýär. Romanda demir ýoluň ugrundaky şol döwürde Jebel, Nebitdag, Gazanjyk, Uşak, Gyzylarbat diýip atlandyrylan demir ýol beketleri barada hem beletlik bilen maglumat berilýär. Eseriň dowamynda Gökdepäniň, Aşgabadyň, Merwiň we beýlekiýerleriň XIX asyryň ahyrlaryndaky şäher gurluşygy, taryhy durmuşy, ýerli ilatyň ýaşaýşy baradaky ýagdaýlar beýan edilýär. Romanda: «Otly gije sagat üçde ýenede saklandy. Demir ýol menziliniň öňündäki meýdançada «Aşgabat!Aşgabat!» diýip gygyrýardylar. Men ýerimde rahat oturyp bilmän demir ýol menziliniň öňündäki meýdança çykyp, şähere aýlanmaga ugradym. Meniň ýoldaşlarymyň ählisi süýji ukudaýatyrdylar. Aşgabat— Zakaspi demir ýolunyň ugrundaky iň uly menzil, inžener Bulan ženiň Merw eçenli eden syýahaty baradaky ýatlamalary şu ýerde meniň ýadyma düşdi. Men demir ýol menziliniň çep tarapyndaky, 1987nji ýyldan bäri ilat sany iki esse artan täze şäheriň üstüne howalanyp duran gadymy türkmen galasynyň suduryny daşyndan synlamaga ýetişdim. Bu gadymy galanyň sudury gür ýaşyl baglar bilen örtülipdir». (Görkezilen eser, 53 sah.)— diýip, Aşgabadyň gadymy medeni ojaklaryň biri bolandygyna üns çekilýär. Gahryman Arkadagymyz «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda: «Aşgabat taryhyňjemlenen ýeri. Mysal üçin, Parfiýanyň şöhratly taryhy hakykatyny okamaga mümkinçilik berýän sahypalar bu şäheriň eteklerinde ýazylypdyr. Türkmenleriň şöhratly taryhynyň täze eýýamdaky hakykat sahypalary hem Aşgabatdan başlanýar». (Gurbanguly Berdimuhamedow «Akşäherim Aşgabat».A.,TDNG.2021.7sah.)– diýip, guwanç bilen nygtaýar. Žül Werniň romanynda Köpetdagyň eteklerinde, Ahal topragynda ýerleşen gadymy galalar, ýadygärlikler (Änew galasy, Seýit Jemaleddin ýadygärligi we ş.m.), demir ýoluň ugrundaky Gäwers, Artyk, Duşak demir ýol beketleri barada hem maglumat berilýär. Romanda Mary welaýatynyň çägindäki obalar şeýle suratlandyrylýar: «Biziň otlymyz günortan, birden ýigrimi bäş minut işlände Garybata demir ýol bekedine geldi, ol maňa Neapol—Sorrento şäher etegindäki demir ýolunyň ugrundaky demir ýol beketleriniň üsti çekli italýan jaýlaryny ýatlatdy. Biz uzynlygy bir ýüz ýigrimi bäş kilometr, ini on iki kilometr we meýdany altmyş müň gektar bolan Merw oazisindäki çägine girdik; görşüňiz ýaly,meni ýeterlik derejede anyk maglumat bermeýändigim üçin ýazgarmak mümkin däl. Demirýoluň sag hemde çep tarapy sürümi, idegi ýetirilen meýdanlar, gür ýaşyl baglar, şäherçäniň yzy üznüksiz köçeleri, birnäçe şahalara bölünip gidýän suwly ýaplar, her hojalygyň öýleriniň arasyndaky miweli baglar, öri meýdanlarynda öz peýwagtyna otlap ýören goýun we sygyr,öküz sürüleri. Bu hasylly toprak Murgap, ýagny Aksuw derýasynyň we ondan bölünip gaýdýan ýaplaryň suwy bilen suwarylýar. Ol ýerde sülgünler normand düzlüklerindäki gargalar ýaly,ullakan süri bolup uçuşyp ýörler». (Görkezilen eser,65sah.). Romanda ady agzalýan Garybata demir ýol bekedi häzirki wagtda hem bar. Türkmen topragyndaky bu demirýol bekediniň gurluşynyň Italiýadaky binalaryň gurluşygyna meňzedilmegi, eýýäm, şol döwürde ýewropa stilinde, ýagny täsirinde binagärlik gurluşygynyň orunalandygyny tassyklaýar. Bag bakjaly bereketli türkmentopragynyň suratlandyrylmagy hem türkmen halkynyň XIX asyryň ahyrlarynda hem atababalarymyzdan miras galan, gadymdan gelýän ekerançylyk, bagbançylyk, çarwaçylyk däplerini dowam etdirendiklerini, halkymyzyň zähmet söýerligine, türkmen tebigatynyň baýlyklaryna,deňiz derýalaryna, ösümlik we haýwanat dünýäsine fransuz ýazyjysynyň aýratyn ähmiýet berendigini subut edýär. Žül Wern bu eserinde türkmen topragyndaky taryhy ýadygärliklere aýratyn ähmiýet beripdir. Gadymy Merwiň taryhy bilen bagly wakalaryň beýany hem muny aýdyň tassyklaýar. Romanda: «Gündiz sagat birde otly Uzyn adadan sekizýüz ýigrimi iki kilometr aradaşlykdaky Merw demir ýol menziliniň öňünde saklandy. Inede,ençeme sapar weýran bolan we gaýtadan dikeldilen gadymy şäher. Türküstan topragynda dürli döwürlerde bolup geçen gazaply söweşler ondaözboluşly yzlaryny goýupdyr».(Görkezilen eser,66sah.)—diýip, ýazyjy türkmen halkynyň gadymy hem gahrymançylykly taryhy baradaky maglumatlara üns çekýär. Alym Arkadagymyz hem «Türkmenistan —Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly iki jiltlik ylmy ensiklopedik kitabynda gadymy Merwiňşöhratly taryhynyň bolandygy barada söz açyp: «Marynyň geçmişi, edil onuň üstüni müň ýyllyklaryň dumany gaplan ýaly, örän syrly. Hatda gadymy şäheriň ýaşy hakyndada ylymda kesgitli pikir ýok. Bir zat welin anyk, Merw gülläp ösen gadymy Margiananyň paýtagty, kerwen ýollarynyň hem möhüm bir çatrygy bolupdyr» diýip belleýär. Merwde iň gadymy döwürlerde, ýagny zoroastrizme degişli edebiýatlarda bellenmegine görä, Hyrat, Balh ýaly şäherlerden soň, üçünji«bolçulyk hudaýynyň» Merwde orun alandygy, orta asyrlarda, ýagny Beýik Seljuk döwleti döwründe medeniýetiň we ylmyň ojagy bolandygy barada hem gymmatly maglumatlary beýan edýär. Žül Wern Merwiň XIX–XX asyryň sepgitlerindäki durmuşy bilen bagly wakalary ussatlyk bilen jikmejik beýan edýär. XIX asyryň ahyrynda düýbi tutulan we demir ýol menzili gurlan täze Merw şäheriniň gadymy Merwden otuz kilometr uzaklykd aýerleşýändigini nygtap, ol hakda şeýle belleýär: «Demir ýol menzilinden täze Merwe çenli aralyk uzak däl. Şäheriň bazary derýanyň çep kenarynda ýerleşýär. Şäher gurluşygynyň ýerleşişi «bütinleý amerikanlaryňkaçalymdaş» diýseňem boljak, şonuň üçin hem ol Fulk Efrineliň göwnüne diýseň ýarady: çatryklardaky göni burçlary bilen kesişýän, sapak bilen çekilen ýaly giň köçeler; gyralaryna bir sydyrgyn gelşikli baglar ekilen göni ýanýodaly seýilgähler; öz aladalary bilen başagaý gündogara mahsus milli eşikdäki, dürli ýaşdaky adamlar,şowhunly söwdagärler. Bazardaky harytlaryny aýlap satýan ownuk söwdagärler herhili üýtgeşik harytlary hödürleýärdiler. Malbazarynda iki örküçli we bir örküçli düýeler köp. Arwana düýeler çydamlylygy we daş keşbi boýunça amerikan düýelerinden tapawutlanýandygy sebäpli aýratyn gymmata eýe. Gün şöhlesiniň çogundanýaňa ýakyp ýandyryp barýan köçelerde aýalmaşgalalar azdy. Ýöne olaryň arasynda özboluşly egin eşikdäkileri hem duş gelýärdi. Ýarym harby egin eşikdäki, ýumşak deriden tikilenädikli we çerkesleriňki ýaly döşi ok peşeňli zenany göz öňüne getirip görüň. Ýogsada, Merwde özerkine gezip ýören itlerden ägä bolmaly,olar aýratyn howatyrlanma döredýär. Tüýlek wehaýbatly gyýak dişli bu jandarlar—kawkaz tohumynyň haýsydyr bir üýtgeşik görnüşi bolsa gerek» (Görkezilen eser,67sah.). Ýazyjy XIX asyryň ahyryndaky türkmen durmuşyny täsirli suratlandyrmak bilen Merwiňşol döwürde hem söwda merkezleriniň biri bolandygyna, bazarda islän harytlaryň bardygyna, türkmen arwana düýeleriniň, alabaý itleriniň özboluşlylygyna, güneşli türkmen topragynyň tebigy aýratynlygyna ünsi çekýär. Ýazyjy türkmen alabaýynyň söweşde gaýduwsyzlygyny nygtaýar. Alym Arkadagymyzyň «Türkmen Alabaýy» atly kitabynda hem alabaý itlerimiziňtohum aýratynlygy, eýesine wepalylygy, gaý duwsyzlygy barada täsirli maglumatlar beýan edilýär. Alabaý itiniň tohum arassalygy barada söza çylyp, häzirki günde beýleki tohumlar bilen garyşman, özüniň iň gadymy görnüşini saklap galan dog görnüşli itleriň ýeke täkt ohumydygy, onuň gaýduwsyz, wepaly, güýçli, çydamly,akylly häsiýeti adalatly nygtalýar. Umuman, Žül Werniň romanlaryndaky türkmen tebigaty, türkmen halkynyň şöhratly taryhy, milli däp dessurlary bilen bagly maglumatlar taryhçylar, edebiýatçylar we giň okyjylar köpçüligi üçin hem möhüm ähmi ýete eýedir. ———— [1] Lýe - 4,5 km barabar gadymy fransuz uzynlyk ölçegi. 100 lýe – 450 km deň. Mähri TUWAKOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň fransuz dili hünäriniň 3-nji ýyl talyby. #"Dünýä edebiýaty" žurnalynyň N 1–2023 sanyndan alyndy | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |