16:42 Zülkefil Pygamber | |
ZÜLKEFIL PYGAMBER
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Ir zamanlarda rowaýatçylaryñ aýtmaklaryna görä, bir ýurduñ ilaty gaty agzala bolup, halys başyna gidipdir. Ýaşula-ýaşkiçä, birek-birege sylag-hormat galmandyr. Adamlar hiç zatdan çekinmän, eden-etdilik höküm sürüpdir. Beýle ýagdaý uzaga çekipdir. Ahyrynda, Allatagalanyñ eradasy ilat agyr derde uçrapdyr. Dertden halas bolmak üçin edilen synanyşyklar garaşylýan netijäni bermändir. Halys çykalga tapylmansoñ bir gulpaklyja, zülplüje oglanjyk ilata ýüzlenip, ýurdy terk etmegi teklip edipdir. Ol Allatagaladan ilatyñ üstüne inen derdi dep etmegini dileg edip, özüne gulak asan adamlary yzyna tirkäp, çöl-beýewana siñipdir. Şol ýerde hem Beýik Tañra ybadat edip, adamlaryñ düzeljekdigine kepil geçýändigine Allatagalany ynandyrypdyr. Şol oglanjygyñ araçy durmagynda Allatagala adamlaryñ başyna inen derdi dep edipdir. Şondan soñ oña pygamber derejesi berlip, ol adamlaryñ arasynda ''Zülkefil pygamber'', ýagny, kepil geçen pygamber ady bilen tanalypdyr. Atamyrat TORLYÝEW | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |