22:37

Altyn asyra - altyn dil

ALTYN ASYRA - ALTYN DIL

Ara düşen bäş ýyllyk arakesmeden soñ ýazyp başlanymdandyr-da, indi käte ýazyp-bozýan işlerimde şol öñler internasional sözler diýlip atlandyrylan sözleri ulanýan ýerlerim duşup durýar. Ine, onsoñ, "Edebiýat we sungatyñ" baş redaktory A.Poladow ýörite bir adam berkidip, makalalarymdaky şeýle sözleri türkmençä geçirtdirip başlady. Indi bu mekdebi özümem özleşdirip ugradym. "Rewolýusiýa" sözüniñ ýerine indi "ynkylap" ýazýaryn. Edil şol wagtam bir şeýtany sorag böwrümi hürsekleýär. "Eýsem, "ynkylap" hakyky türkmen sözümi?"
80-nji ýyllaryñ başlaryndaky talyp döwürlerimiz öz Palestinalarynyñ garaşsyzlygy ugrunda göreşýän talyp arap ýigidi bilen Leningradda bir otagda ýaşaýardyk. Bir gün otaga türkmenler bilen üýşüp, uzakdaky Türkmenistanymyzy tirsegine galdyrmak üçin nämäniñ zerurlygy babatda - añ-bilimiñmi ýa-da şol wagtky Türkmenistanyñ Baştutanynyñ ýerine başga agyzly, gujurly, başarjañ şahsyýet bolsa gowy boljaklygy-bolmajaklygy hakda gyzykly, mesawy gürrüñ edenimizde, ýañky arabam aramyzda otyrdy. Oglanlar gaýdyşanlaryndan soñ, ol "Siz türkmençe gürleseñizem, ýarym-ýalta düşünip oturmaly eken. Siziñ diliñiziñ ýarsy biziñ arap sözlerimiz ýaly-la" diýdi. Gönimden gelsem, arap dostumyzyñ "düşünip oturmaly" diýen sözi ýüregime batmandy. Türki däl-de, düýpden başga diller toparyna girýän diliñ wekili ýörite bir sözüñi öwrenmezden diliñe düşünjek bolmaklygy... ýok, bu ýerde oýlanara zat bar. Her bir dilde başga dillerden gelip düşen-ol bu sözleriñ bar bolmagy, ýaşamagy tebigy zat.

■ Ýöne her zadyñ öz çägi bolmaly, ol çäkden ýokary bolmaly däl...

Gany başga sözleriñ çäkden ýokary toplanmagy eýýäm tebigylygyñ, medeni hyzmatdaşlygyñ çäginden çykyp, dil mertebesiniñ kiçelmegine alyp barýar.
Öz türkmenlerimizden-ä birimiz basa oturyp dilimizde näçe arap, näçe pars, näçe internasional sözleriñ barlygyny sanap goýaýmandyr. Ine, onsoñ, ylmy taýdan takyklygy jedellirägem bolsa, ýeke-täk resmi maglumat hökmünde Japarow diýen bir dilçi azerbaýjanyñ Türkmenistanda wagtlaýyn işlän döwri ýazyp giden maglumatyna daýanmaly bolýarys. Çünki, bärde "hakyky" ýa-da "hakyky däl" diýen düşünjeler şertleýindir. Sebäbi dilimize giren ençe sözlerem eýýäm türkmen diliniñ süññüne edil ene dili ýaly ornaşyp gidipdir. Ol "Türkmen diliniñ sözlügindäki" söz fonduna esaslanyp taýýarlan işinde türkmen dilindäki sözleriñ 24 prosenti arap, 20 prosenti hem pars sözleri diýen netije çykarýar. Bu iki görkeziji bilelikde 44 prosent bolýar. Internasional sözler, şeýle hem bäş-alty prosent bardyr diýsek, ýañky görkezijimiz 50 prosente barýar. Şeýlelikde, bu hasabymyza görä, biziñ dilimiziñ sözleri 50 prosenti del sözler, bary-ýogy galan 50 prosenti hem hakyky öz sözlerimiz bolup çykýar. Belli nemes dilçisi Gumbold "Dil halkyñ ruhudyr, ruh bolsa halkyñ dilidir" diýipdir. Eger şu sözlerden ugur alsak, onda dilimiz öz halkymyzyñ ruhunyñ diñe 50 prosentini beýan edip bilýän ýa-da ruhumyz diñe 50 prosent görnüşinde dilimizde şöhlelenip bilýän bolup çykýar. Munuñ özi häzirki döwrümizde bizi oýlandyrman bilmez, dil baradaky ähli nukdaýnazarlarymyzy täzeden seljertdirmän bilmez.
Garaşsyzlyk ýyllarynda dil syýasatynda uly rowaçly menzilleri geçdik. Mähriban ene dilimiziñ uly gurultaýlar, maslahatlar beýle-de beýlede dursun, ýönekeý edara, seh, oba ýygnaklarynda hem işikden, bosagadan ätläp bilmän, keseki dilden hünübirýan dat edip geçiren ýyllaryny ýatlalyñ.
Allaha şükür, dil enemizi söýgetläp töre geçirdik, onuñ gerdenine tör dili, döwlet dili diýen şa çargadyny, şa ýarlygyny atdyk. Şonun netijesinde, türkmen dili geçen ýyllarda döwlet, iş dolandyryş durmuşynyñ süññüne ymykly ornaşdy. Indi müñýyllygyñ sepgidinde, Altyn asyryñ bosagasynda dil syýasatymyzyñ ykbalynda ikinji täze döwür, täze etap başlanýar. Bu etapda ene dilimiz köne döwürlerden bäri süññüne, süñküne ornaşan ýaralaryñ bejerilmegini, soñea özüne iñ belent derejäniñ - Altyn asyryñ altyn dili, kämil milletiñ iñ kämil millet dili derejesiniñ berilmegini isleýär.

■ Eýsem, ene dilimiz Altyn dile öwrülmek üçin häzirki nesillerden näme talap edýär?

Ol ozaly bilen dil meselesiniñ Galkynyş derejesinde täzeden orta çykarylmagyna, ha mertebelenmegine garaşýar. Ýadyñyzda bolsa, türkmen halkynyñ garaşsyzlyk ugrundaky göreşiniñ esasy bir ganaty esasan dilden başlanypdy. Dil hereketiniñ aşakdan anarhiýalaýyn başlanan ýoly bilen ýokardan - parasatly, planly, oýlanyşykly başlanan ýolunda türkmen Milli taryhy Saparmyrat Türkmenbaşynyñ taglymatyna eýerip parasatly, ewolýusion ýol bilen gitdi we ägirt uly baýlygy bolan ýurdumyzda garaşsyz döwletimiziñ binýadynyñ agzybir, jebis, parahatçylykly gurulmagyna we ondan beýläk-de abadan ösmegine getirdi. Taryh spiral görnüşli gaýtalanyp ösýär diýleni. Öñ garaşsyz döwleti berkarar etmekde onuñ missiýasyny ýerine ýetiren Milli dil indi Milli Galkynyşy berkarar etmekde ikinji beýik missiýasyna girişýär. Çünki, dilde ösüşiñ jadyly filosofiýasy, taryhy ösüşiñ gizlin hereketlendiriji güýji ýatyr.
Nemesler XVI asyrda öz milli Galkynyşlaryny, öz reformasiýalaryny dilden başlapdyrlar. Şol dil reformasiýasy hem olaryñ ýeten ähli belentlikleriniñ gözbaşynda durdy. Oljas Süleýmanow öz "AziÝA" atly kitabynda dile taryhyñ syrlaryny öz goýnunda gizlin saklap oturan arheologik hazyna hökmünde garaýar. Biz hem eger öz Altyndepe, zoroastrizm, Änew, Jeýtun taryhlarymyzyñ syrlaryny açmakda ýazuw çeşmeleri azlyk edýän bolsa, ol syrlaryñ ençemesini diliñ içine siñip giden taryhy hakykatlardan gözlemelidiris. Dile, söze diñe pikiriñ gabygy diýmek bärden gaýdýar. Çünki, pikir sözler üsti bilen tapylýar, ikinjiden bolsa, pikirleriñ üsti bilen söz tapylýar. Oña diñe aragatnaşyk serişdesi hem diýip bolmaz. Dil, söz bilen adam predmeti, hadysalary kesgitleýär, dile, söze geçirilmedik halatynda bolsa predmet, dünýä adamy kesgitleýär. Dil bilen ruhy bir-birinden aýryp bolanok. Söz dünýäniñ ruhunyñ we halkyñ ruhunyñ açarlarydyr. Şu açarlarymyz näçe köp bolsa, biz dünýäniñ syrly gapylaryby hem şonça köp açarys. Şoña görä-de, biziñ ruhy hojalygymyzda diliñ öz mynasyp orny bolmalydyr.

* * *

Altyn asyryñ dili ozaly bilen hem türkmen we arap diliniñ arasyndaky gatnaşyklara täzeden baha berilmegini talap edýär. Biz dil syýasatymyzyñ birinji etapynda 110 ýyl ozal gylyç, top-tüpeñ bilen getirilen rus ruhundan, dilinden ep-esli saplanyp ýörüs. Emma indi ikinji Altyn asyr etapynda 1100 ýyl ozal gylyç, ok-ýaý bilen getirilen arap dilinden hem saplanmaga girişmelidiris, günortadan gelen güýç zerarly ýitip giden däp-dessurlarymyzyñ, medeniýetimiziñ iñ oñatlaryny, döwrebaplaryny dikeltmäge başlamalydyrys. Ýok, diñe araplar türkmen topragyna gylyç bilen gelmändiler, seljuklar döwrübde bizem arap topragyna gylyç bilen bardyk. Taryhyñ dialektikasy hakykat adalatlylygyny deñme-deñ etdi. Eger arap halyflygy resmi ýagdaýda türkmenleriñ üstünden bir-iki asyr agalyk süren bolsa, türkmen halyflygy ilki seljuk şalarynyñ, soñra osmanly soltanlarynyñ mysalynda araplaryñ üstünden sekiz asyr töweregi agalyk sürdi. Arabystany dyza çökeren Togrul soltanyñ soñra dini halyfyñ gyzyna öýlenmegi bilen, biz araplar bilen daýy-ýegenem bolduk. Taryhyñ dialektikasynyñ garşylygy baky garyndaşlyk gatnaşygyna öwrüldi. Ýöne, jemgyýetde, hersi öz öýünde, daýy daýy ýerindd, ýegen ýegen ýerinde bolýar. Ine, onsoñ, türkmeniñ ruhy öýünde, ruhy hojalygynda daýy ruhunyñ çenden artyk ýer tutup oturmagy bizi az-kem hoşmeýilli ýegen ujy etmän durup bilmez.
Bertels şeýle ýazýar:
"Gündogar ýurtlarynda edebi diliñ gepleşik dili bilen hemme wagt jebis gelip durmaýanlygyny göz öñüne tutmak gerek. Esasy ilat köpçüliginiñ haýsy dilde gepleýändigine garamazdan musulman ýurtlaryñ edebiýatynda edebi dil hökmünde asyrlarça arap hem pars dilleri ulanylypdyr".

■ Eýsem, halyfatcylar muny nädip gazanypdyrlar?

Türkmenler seljuk imperiýasy döwründe hatda arap halyflygyna çenli dyza çökerýärler. Indi logika seretseñ, şol döwrüñ esasy dünýäsini elde saklap harby, döwlet ruhuny magrupdan-maşryga ýaýradan türkmenler, soñra ene dilini, medeniýetini dünýä çykaraýmaly, hatda ony dünýä diline öwräýmeli ýaly. Emma öz dil, medeniýet ideologiýalaryny esaslandyranlarynda welin, arap ideologiýasynyñ, arap medeniýetiniñ, arap diliniñ öñünde özleri dyza çökýärler. Bu näme üçin şeýle boldy? Bu ruhy dyza çökme soñky asyrlara hem miras galdyrylyp, soñky asyrlaryñ içinden hem geçip gelýär. XVII-XVIII asyrlarda Döwletmämmet Azadynyñ, Şakandynyñ, Andalybyñ, Şeýdaýynyñ, beýik Magtymgulymyzyñ mysalynda galkynyş bolup geçdi - ruhy dyza çökmeden halas bolnulyp, ruhy dyza galyndy. Emma ruhy baş egme welin galdy.

■ Sowet ideologiýasynyñ türkmeniñ ruhy dünýäsinde iñ zeýledip, şorladyp bilen ýeri näme?

Ol türkmeniñ ýaşaýşyna, medeni gymmatlyklarymyza, şahslaryna, türkmeniñ añynyñ we zähmetiniñ döredýän zatlaryna türkmeniñ hut özünde göwnüýetmezçilikli dünýägaraýşy belli bir derejede döredip bildi. Ençeme rusça gürlemäge geçen ýaşlaryñ türkmen diline, türkmençe gürleýänlere soýuz döwri señrik ýygryp seretmegi şunuñ ýönekeý bir mysalydy. Taryhda halyfat ideologlary hem türkmeniñ içine öz gymmatlyklaryna, ozaly bilen hem diline şu kembaha garalmany salyp bilipdir. Şu endik azda-kände häzirem içimizde otyr.
"Öz hakyky milli köklerimize gaýdyp barmaly" diýende men ony dil babatda şeýle düşünýärin. Dilimizden uçursyz toplanan del sözleriñ mukdaryny azaltmaly, olaryñ ýerlerini hakyky türkmen sözleri bilen, türkmeniñ hakyky milli ruhy siñen sözler bilen doldurmaly. Taryhçy Ý.Orazgylyjowyñ, dilçi S.Atanyýazowyñ berýän maglumatlaryna görä, eger türkler ýylda birnäçe gezek 15-20 sany epeý-epeý professorlardan, doktorlardan ybarat terminologiýa baradaky döwlet komissiýalaryny geçirip durup, arap, pars, ýewropa sözlerini resmi ýagdaýda türk sözleri bilen çalşyryp durýan bolsalar (meselem: faks - belgeç), bizem dilimizden diñe internasional sözleri saýlap aýyrmak bilen çäklenmän, arap sözlerinden saýpallamaga-da ýeñimizi çyzgap, özem ýörite komissiýaly, toparly girişmeli. Injildäki rowaýatda Hudaý Babyl minarasynyñ gurluşygyndaky adamlary dargatmak üçin olaryñ dillerini garyşdyrýar. Biziñen dilimiz häzirlikçe garyşyk ýagdaýda. Biz geçmişde bitewilige, döwlete gelip bilmänligimiziñ, dagynyk bolanlygymyzyñ sebäbini galapyn diñe tire-taýpaçyllykdan gözlejek bolýarys. Emma ol kesel belli bir derejede - dilimiziñ çendenaşa garyşyk ruhunda hem ýatyr, hem-de göze görünmeýän, biañ derejede bitewiligimize täsir edýär. Eger türkler arap-pars sözlerini saýpallap aýyrmak bilen türk dilinde türki sözleriñ derejesini 30-40-njy ýyllarda 36 prosent bolanlygyndan häzire çenli 60-70 prosente ýetiren bolsalar, biz hem bu ugurdaky görkezijilerimizi öz dilimiziñ haýryna düýpli ýokarlandyrmaly. Üstesine, dünýäniñ çägi ýok bolsa, diñe bir atomyñ özi eýýäm 200 töweregi elementar bölejiklere bölünýän bolsa, ondan ideýalaryñam, sözleriñem, diliñem çägi ýok bolmaly. Şundan ugur alybam, dilimizi dünýäde iñ köp sözli dile, iñ baý dile öwürmek ugrunda göreşmeli.
Ikinjiden, bizde häzir halkymyz iñ kämil millete öwrülmek ýoluna ymykly düşdi. Iñ kämil Millet bolmaklygyñ bir şerti iñ iñ kämil Millet diliñ, ýagny, türkmen topragynyñ hemme ýerinde, hemme baralarynda doly agalyk sürýän Millet diliñ bolmagydyr diýip bilýäris. Bizde Gurhany-Kerimiñ aýat-dogalarynyñ türkmençä terjime edilmegi ýaly haýyrly işler edildi. Indi ýene bir sogap işde aýat-dogalaryñ ähli türkmen topragynda türkmençe aýdylyp ugralmagyna ýuwaş-ýuwaşdan geçilmegi ýaly sogap işi hem etmelidiris. Munuñ özi Altyn asyryñ Altyn diliniñ iñ bir esasy talabydyr.
Biziñ hemmämiz "türkmen dili, türkmen dili" diýýäris. Dilimiz üçin gerek bolsa gara kelläni orta goýmaga razy ruhlarda ýaşaýarys. Emma iñ esasy zatda - belent zatda - Allatagala ýüzlenmek, oña sežde, ybadat etmek babatda welin, ene dilimizi gyra iterip, ony bosagadan, işikdenen salman, arap dilini ulanýarys. Hany logika? Hany ene süýdüne deñeýän ene dilimize söýgi, hormat, borç?
Alla birdir, Alla ýeke-täkdir. Bu hakykat iñ mukaddes duýgy-düşünje hökmünde gadym zamanlarda-da ýeke Tañryly türkmenler saýylan biziñ her birimiziñ añymyzda-da, kalbymyzda-da ýaşaýar. Ýöne her halkyñ öz ene dili barka, Alla sežde, ybadat etmeklikde öz dilini däl-de, başga halkyñ dilini ulanmagy jedel döretmän bilmez. Eger her bir musulmanyñ ara dellal, araçy salman Alla göni çykyp bilmäge, Alla ýüzlenmäge hukugy bar bolsa, onda onuñ bu sogap işi öz ene dilinde berjaý etmäge hem hukugy bar bolmaly. Her bir halkyñ hem ara başga araçy dellal dil salman öz dilinde Alla göni çylyp bilmäge hukugy bar bolmaly. Gurhanyñ bir aýadynda "Dinde mejburlyk ýok" diýilýär.
"Medinede Muhammet, Türküstanda Hoja Ahmet" diýen ganatly söze "Turanda-da Magtymguly" diýen jümläni goşsañam, bolman durmaz. Çünki Allanyñ sözüni, yslam dinini türkmeniñ kalbyna salmakda onuñ bitiren hyzmaty Hoja Ahmediñkä barabar bardyr. Indi bu iki ägirdiñ eden işlerine seredeliñ. Gurhanyñ başga dillere terjime edilmegi oñlanylmaýan şol irki asyrlarda Hoja Ahmet bu mukaddes kitaby, aýat-dogalary gönüden-göni etmese-de, manysyny şygyr, goşgy üsti bilen şol döwrüñ orta çagataý, türki diline "terjime" edýär. Hiç zat bolanok, asman inip, ýer çöwrülenok. Gaýtam, Allanyñ sözi bendeleriniñ kalbyna has çuñ aralaşýar. Soñra Magtymguly XVIII asyrda halk dili bilen edebu dilimiz arasyndaky "Hytaý diwaryny" ýykýar, özboluşly dil reformasyny geçirýär, ýagny, öz nobatynda Gurhany, ähli aýat-dogalary goşgy, şygyr üsti bilen türkmençä "terjime" edýär, olary türkmençe aýdyp ugraýar. Emma hiç zat bolanok, asman inenok. Soñra bagşy-sazandalar ol dini goşgulary aýdym-saza geçirip, külli türkmen ilinde aýdym-saz görnüşinde ýañlandyryp ugraýarlar. Ýene, hiç zat bolanok, ýer çöwrülenok. Biziñ günlerimizde belli ahunymyz Hoja Ahmet ahun şol Orta asyrlarda terjime edilmeli däldigine uýulýan Gurhany türkmençä geçirdi. Şeýlelikde, Allanyñ sözi ile düşnükli boldy, uly sogap iş edildi. Emma Hoja Ahmet Ýasawy, Magtymguly döwürlerinden bäri endik bolup gelinýän Alla sygynmagyñ, sežde etmegiñ, ýüzlenmeleriñ görnüşleri bolan namaz, azan okamaklyk, aýat-töwir galdyrmak, jynaza okamak ýaly işleriñ ýerine ýetirilişi welin, şol öñki arapçalygyna galdy. Şu babatda pikirini soranymyzda Hoja Ahmet ahun "Ene dil Allanyñ her bir halka berýän milliligidir. Her halkyñ dinu dessurlaryny özüne düşnükli ene dilinde berjaý etmäge ygtyýarlydygy baradaky subutnamalar Gurhanda bardyr" diýip aýtdy.

■ Taryh haçan hakyky taryh, ösýän taryh bolýar?

Haçan öñden gelýän däpler ösdürilende bolýar. Allanyñ hem zamananyñ talabyna jogap eden Hoja Ahmet Ýasawynyñ, Magtymgulynyñ başlan dini arapça sözleri türkmençeleşdirmek işleri häzirki döwürde, üç müñünji ýyllykda namazlaryñ, azanlaryñ, töwirleriñ, jynazalaryñ hem türkmen dilinde berjaý edilmegi görnüşinde ösdürilmegini talap edýär. Biziñ garaşsyzlyk döwri kemala gelen belent milli ruhly, agyzlary doga-senaly ahunlarymyzyñ, işan-mollalarymyzyñ Allanyñ öñünde, Ata Watanymyzyñ, ene dilimiziñ öñünde-de başarsalar, beýik sogap işi - o dünýe bu dünýe ýalkanjak işi etmeklik garaşýar. Arap medeniýetine nähili uly hormat goýýandygyna garamazdan, Magtymguly aýat-dogalary türkmençe beýan etmek işine gelende, öz ene diline gezek gelende "Neýläýin men arap tilin, asal zybanym bar meniñ" diýýär. Bu hem ruhy atamyzdan ugur alyp, arap medeniýetine uly sarpa goýýandygymyza garamazdan ene dilimize gezek gelende, külli türkmen topragynda doly agalyk etmegine gezek gelende hakyky milli ruh bilen "Asal dilim, altyn dilim bar meniñ" diýmegi başarmalydyrys. Eger biz öz ene dilimizi hakykatdanam altyn dile öwürmegi başarsak, dil öz gezeginde halky Galkynyşyñ Altyn depelerine çykarar. Nemesleriñ hem häzirki beýikliklerine çykmak işleri ilki dilden başlady. Mundan bäş-alty asyr öñ hem nemesler hiç kimdi. Emna XVI asyryñ başynda olar Martin Lýuteriñ ýolbaşçylygynda dillerinde reformasiýa geçirip başlanlaryndan soñra, Injili, beýleki dini aýat-dogalary öz ene nemes dillerine terjime edip we dini däp-dessurlary nemes dilinde ýerine ýetirip başlanlaryndan soñra, bu sogap iş olara hakyky nemes Galkynyşyny berdi, nemesleriñ ykballaryny göterdi, uzagyndan olary beýik halka öwürdi, olar Kant, Gýote, Gegel, Geýne ýaly ägirtleri berdi. Bu iş bize-de şeýle beýikleri berer. Beýleki dünýä halklarynyñ aglabasy hem öz dini dessurlaryny ene dillerinde berjaý edýärler.
Hormatly okyjyda "Näme üçin jedel, esasan, arap dili babatda? Hany pars dili, Orta asyrlar ýörgünli bolan orta çagataý dili?" diýen sowalyñ döremegi ahmal. Bu ozaly bilen Parfiýa döwletimiz bilen baglanyşykly. Biziñ bedew atlarymyzyñ gözbaşy şu ýerden. Halylarymyz, itlerimiz, tazylarymyz şu ýerden. Süýri kelleçanaklar şu ýerden. Rast, kelleçanak şu ýerden bolsa, onda onuñ içinde ýerleşýän beýnini, dili nirä degişli etmeli bolar? Biziñ pikirimizçe, türkmen halky esasy türki halk bolmak bilen, şol bir wagtyñ özünde türki we hindi-ýewropa halklarynyñ çatrygynda duran özboluşly röwüşli halkdyr. Şoña görä-de, pars diline garaýşymyz arap diline garaýşymyzdan has tapawutly, has hoşmeýilli bolmalymyka diýýäris. Birinjiden, pars sözleri dilimizde arap sözlerine görä azrak. Ikinjiden, dilimizde düýp türkmen sözleriniñ mukdaryny köpeltmek bilen hem pars sözleriniñ häzirki prosent gatnaşygyny düýpli aşakladyp bileris. Başga diller barada, esasanam, araplardan soñ ikinji goşun sürüp gelen we ençeme wagtlap agalyk eden mongollar, olaryñ dili, soñky çagataý dili barada aýdanymyzda bolsa, türki dilleriñ gözbaşynda duran türkmen halkynyñ diline olaryñ täsiri ujypsyzdyr. Biz däl-de, olar bizden köp söz alypdyrlar. M.Hydyrow Orhon ýazuw ýadygärligindäki sözleriñ 80 prosentine golaýynyñ gözbaş dili bolan türkmen dilinde bardygyny aýdyp geçipdir. Şoña görä-de, olar bilen oñuşmak bolar.

* * *

(dowamy bar)...

Täçgeldi GUTLYÝEW.

Категория: Türkmen dili | Просмотров: 629 | Добавил: Gökböri | Теги: Täçgeldi Gutlyýew | Рейтинг: 4.2/6
Awtoryň başga makalalary

Türkmen dili bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 10
2
1 345  
Awtor gowy meseläni gozgaýar. Emma käýerde gaty biderek we gaty bigerek gürleýär.

2
2 345  
Hem-de yslam medeniyeti bilen arap medeniyetini bulaşdyryar. Yslam dini araplaryñ milli dini dal ahyryn, biz ayat-dogalary türkmençe okar yaly.

1
3 345  
Dini mazmunly edebiyat bilenem Gurhany bulaşdyrypdyr. Hoja Ahmet Yasawy bilen Magtymgulynyñ eserlerine bolsa bolsa Gurhanyñ çeper tefsiri diyip bolar, emma olar Gurhanyñ türkmençe terjimesi dal.

1
4 345  
Gaty bulaşyk yazylypdyr. Şoñ üçin milli düşünjesi ýabygorluraklarymyzy yalñyş pikirlere iterip biler. Täçgeldi aga, adam yogalanda ayat-doga arapça okalany bilen name dessurlarymyz hem arapça yerine yetirilýämi? Gabrystanda adam jaylananda ayat-doga okalmazdan öñ, "pylanyñ ogly pylany nahili adamdy?" diyip name arapça soralyamy, mareke "kop yagşy adamdy?" diyip arapça jogap beryami? Merhumyñ üçi, yedisi, kyrky araplardan geçen adatlarmy?
Diniñ sütüni hasaplanan amallar başga, dessur başga zat dalmi name? Arap dilinde okalyan Gurhan ayatlary bilen sazlaşykly utgaşyan turkmen dilinde we turkmen ruhunda asyrlaryñ dowamynda yerine yetirilip gelinyan dini dessurlarymyzyñ niresinde kemi-kösti bar? Eger ayat-süreleri her halk oz dilinde okamaga başlasa, onda biziñ bugun onlarça nusgaly Injilli hristianlardan name tapawudymyz galar?

1
5 mergenawcy06  
51
Gyzykly we wajyp zatlary ýazypdyr. Doly diýen ýaly goldaýan.
Özleri araplary, parslary basyp alybam, olaryñ dilini esasy orunda goýandyklary ün, bu günki günde birnäçe türkmen tireleri ýok bolup gitdi (şol halkyýete garyşyp gitdi). Mukaddes Gurhanyñ aýatlaryny terjime edilmeginem goldaýan. Sebabi, halka düşnükli bolsa gowy. Name okaýandygyñy bilmanem okap yörmek hiç haçanam gowy däldir. Ol halky körzehin eder.
Arap-pars dilleri hem edil rus diliniñ türkmeniñ milli diline zarba urandygy hakykat. Ýañy-ýakynda hem rusça bilmeseñ senden körzehin ýok ýaly görülyardi. Dil bilmek gowy zat, yöne öz ene diliñi ýitirmek özüñi ýitirmegä. Negözel türkmen oglan-gyzlary öz aralarynda-da rusça gepleşýänleri, maşgala bolup rusça gepleşýanleri az dal-ä. Ýogsa-da millet birden ýok bolup gidayenok. Ol asyrlaryñ dowamynda bolýan zat.

2
6 jumagylyjovao  
88
Hakykatdanam makalada gowy meseleler gozgalypdyr. Dünýä ýüzünde ine şu dil arassa diýip ýeke dili hem tutup bolmaz. Iň esasy zat hiç bir dil biziň türkmen dilimizi yuwdup, ýok edip bilmedi. Türkmen halky,türkmen ruhy ýaşaýarka türkmen dilimizem ýaşar. Şu ýerde meni gynandyrýan bir zady aýdasym gelýär. Türkmen diline kän zarba urlandygy hakykat. Emma edil şu wagt daş çykyp,kiçi ýaşly çagalary diňläp görüň. Öz aralarynda haýsy dilde düşünişýärler? Pikirlerini haýsy dilde beýan edýärler? Türkmen dilindemi? Ýok. Türk dilinde. Muňa zarba diýip bolarmy? Ýok bolmaz. Muňa biziň hut özümiz günäkär. Dilimizi gorap saklamak her bir türkmeniň ýüreginde bolmasa, bu asla başartjak iş däl.

2
7 jumagylyjovao  
88
Gurhanyň aýatlaryny terjime etmek barada meniň öz pikirim bar. Islendik dilden başga dile terjime edilende manysyny azda-kände ýoýman terjime edip bolmaýandygyna oňat düşünýäs. Onsoňam dil ösýär, kämilleşýär, wagtyň geçmegi bilen üýtgeýär. Soňky nesiller üçin täzeden terjime gerek bolmazmy? Iň bolmanda goşmaça düşündirişiň gerek boljagy görnüp duran zat. Aýtjak bolýan zadym, manysyna düşünmek isleýänler üçin terjime edilse-de bolar, ýöne okalanda Gurhanyň asyl ýazgysyndaky dilde okalsa gowy.

2
8 San  
Medisina sozlerindaki asly latyn yada grek sozleri turkmença geçirmek gulkunç. Rus dili dunyade iñ bay dil hasaplanyar, şolaram bu aozleri rusca owurjek bolup durmandyrlar. Makalanyñam başynda aydylyşy yaly her zadyñ çeni bar çaky bar, yegen hasaplayan dillerimize törümizde daýylyk satdyrmajagymyz çynymyz bolsa, gereginden artyk dulumyzda hekemlik satmagyñam geregi yok, nadeñ'dede geçjek soz geçya başga dilden.
Makalada kop zadyñ bulaşdyryşy yaly, teswirçilerem uns bermeli esasy iki ayratynlygy bulaşdyryar. @jumaglyjowanyñ aydyşy yaly çagalarmyzyñ turkmen dilinde geplemegini gazanmaly, gepleşik dili arassa bolsa dil hem arassa bolya, munuñ ucinem name edebiyat, multifilm, kino, teatr, aydym-saz - umuman propoganda guycli depginde utgaşykly osdurilmeli, wagyz edilmeli. Kinofilmlerde ulanylan yeke konelşen soz gaytadan ulanyşa girmek uçin şular yaly garjaşyk pikirli makaladan has täsirli bolup bilýär.

1
9 Jeyhun  
637
Gynansakda makala dinden habarsyz adam tarapyndan ýazylan. Şu makalany ýazan mahaly ýazyjy ne namaz okandyr, ne-de aýat, ne-de Juma namazda wagyz diňländir. Mollada okamak hakda gürrüň hem bolup bilmez. Eger ol aýatda diri bolsa sorap göräýiň. Ol ýel haýsy tarapdan öwüsse şol tarapa yrgyldap duran awtora meňzeýär. Ýöne gereksiz zatlardan ylmyny ýetiripdir.

1
10 nurgeldiyewam232  
691
"Prosentmi?"Dil hakynda warsaky otaryp oturan adamyñ başga dilden söz ulanmagy neneñsi "ajaýyp"?
Näme indi şunuñ ýaly dinden habarsyz biri şeý diýýär diýip biz namazy türkmençe okalymy?
namazdaky arapça dogalary okap,tesbimizi sanap,aýatyl kursy bilen jemlänimizden soñ biz elimizi açyp türkmençe dileg edemizokmy?
Hany o zatlary terjime etdikdä diýeliñ,ulydan kiçä ähli adamyñ diline ornaşan rus sözlerini nädip aýyrjak?
Türk kinolaryny görüp-görüp türkçe gepleşýän ýaşlaryñ,çagalaryñ dilinden türkçäni nädip aýyrjak?
Biz ybadatymyzy arapça edýänimiz üçin öýde köçede... arapça gepleşip ýöremzok ahyry.Emma köçede,öýde toýda...rusça,türkçe gepleýänler hyñ berýär?Ýeri muña näme çäre görjek?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]