02:31

Altyn asyra - altyn dil / dowamy

Категория: Türkmen dili | Просмотров: 639 | Добавил: Нawеran | Теги: Täçgeldi Gutlyýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Türkmen dili bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 12
0
1 San  
Taze söz özakymlaýyn döremeli, Tacgeldi Gutlyyewiñ makalasynda aydyşy yaly yasama yagdayda doredilyan zat dal. Ilkinji durmuş obşinasynda eger bir soz doran bolsa ol bir iki yylyñ dowamynda kemala gelen soz dal, uzak yyllaryñ asyrlaryñ dowamynda kamilleşen sozler. Makala yone dil bilen orak orsañ bil agyrmaz edayipdir. Onsoñam bar jyny arap-pars sozlerinde. Rewolyusiya sozuni orslardan gecen diyip yuz owurjek bolsañ, ynkylap sozuni araplañky diyp ulanmajak bolsañ, nirden asmandan inmelimi oñ deregine taze soz? Eger hakykatdanam bu sozleñ deregine turkmende soz bar bolsa onda başga gurruñ. Onsoñam galybersede awtoryñ aydyşy yaly etjek bolsañ, (bar aydyşyndanam beter etdik we netije gazandyk diyeli) milli klassyk edebiyatymyzyñ altyn eserlerini natmeli? Halkyñ suññune siñip giden arap-pars sozleriji adamlara unutdyrjak bolup, olary-da okamagy gadagan etmelidir belki?
Başynda gowy zatlary aydyaram, emma makalanyñ ikinji bolegi wapşe syçypdyr..

1
2 Нawеran  
9
Sozleri terjime etmek meselesinde. Örän oylanşykly hereket edilmeli. Ulanyşda bar bolsa, şol sozi zyñmagyñ geregi yok, meselem alaly, komanda, grupba, komissiýa. Şu üç sozuñ hersi ayry soz. Hersiniñ ozune mahsus ulanylyan yeri bar orsçada. Emma biziñkiler alyar-da ûçusiniñem deregine "topar" sozuni yelpap goyberyarler. Bir turkmençe sozi ulanjak bolup üć sozi gysyp çykaryas dilimizden. Ol üç soziñ bolsa hic birem dilimize zeper yetirenok, ustesine olaryñ barlygy, "topar" sozi arhaizmleşenok. Könelşem sozleri ulanyşa girizjek bolmaly, eger başarsañ, yogsa oz dilimize iñ ily zarbany ozumiz beryas.

0
3 San  
Dil diyilyan zatda her molla oz bilenini okamak bolanok, hanum.

0
4 San  
Düşünmeyan zadyña pelsepe satmak nämäñe gerekdi diysene. Sen nä dilçimi, lingwistmi, ya Taçgeldi Gutlyyewiñ gyzymy? biggrin tongue

0
5 San  
Galyberse hem Gurhany terjime etmeli dal diyen zat yok, ybadatda okalyan ayatlar asyl bolşunda okalmaly.
Awtoryñ aydany yaly synanşyklar öñem bolupdyr taryhda, manysyzlyk bilen gutarya soñy barybir. Turklerem bir wagt azanyny oz dillerinde aydp başlan ekenler 30-njy yyllardan tä 60-njymy 50-nji yyllara çenli. Adnan Menderes diyp premyer-ministrleri yatyryp yene öñkysi yaly edya.
entek taryhy maglumatlardana okamok welin, gurruñçilikde Gaznawylar dowrunde-de turkmençe azana gygyrlanmyş diylenini eşitdim. Dogrymy yalñyş, ony bilemok.

0
6 Menem  
Gurhany duşunmek üçin her kes oz dilinde okap biler, ony gadagan edyan bamy awtora? Emma ayatlary oz diliñde okamak bolanok.

0
7 Bagabat  
43
Dil - jemgyýetiň aňynyň ýaşaýşynyň esasy formalarynyň biri. Birinjiden: Ony özge dillerden geçen ähli goşundy-gelindi sözlerden doly saplamak düýbünden mümkin däl. Sebäbi her näme diýilse-de adamlaryň hemmesiniň asly-köki, oýlanyşy, öz pikirlerini beýan edişi köplenç birmeňzeş bolýar, şonuň üçin ol ýa-da beýleki hadysany, predmeti aňlatmak üçin ulanylýan sesleri (sözleri) hem birmeňzeş bolýar. Mysal üçin, nädip türkmen dilinden "salam" sözüni aýyrjak?! Hakykat-da bu söz arap sözi hasaplansa-da, ol aňyrsyna seretseň arap taýpalaryndan has öň emele gelen semit (Simiň ogullary) taýpalaryň şiweleriniň biri bolan iwritde "şalom" sözünden gelip çykýar we ol "parahatlyk, asudalyk" diýmegi aňladýar. Dolulygyna alnanda "Şalom aleýhem - Size parahatlyk (asudalyk)" diýen görnüşde aýdylýan bu söz salamlaşmak dessuryny has anyk hem gysby aňladýandygy üçin köp dillere aňsatlyk bilen ornaşypdyr. Bu ýagdaý jemgyýetçilik aňynyň ösüşi üçin örän peýdaly hem kämilleşdiriji şert bolup durýar. Haçan-da islendik zat diňe öz-özünde kapsulirlense ol iru-giç degradasiýa ýoluna düşýär.

0
8 Bagabat  
43
Awtarkiýa hiç zatda-da mümkin däl. Onsoňam, elbetde diliň baýlygy örän wajyp zat, ýöne dil meselesinde bir zady unutmaly däl. Sözlüklerde 10 million sany söz saklanyp biler, ýöne gündelik ulanylýan dili hiç haçanam emeli baýlaşdyrmak mümkin bolmaýar. Täze sözler bolsa haçan-da tutuş jemgyýet şol sözi göwnüne jaý diýip kabul edende gündelik dile-de, resmi dile-de, edebi-çeper dile-de, publisistikanyň diline-de ornaşýar. Mysal üçin, arhaizmleriň aglaba köpüsi hut jemgyýetçilik ösüşiniň şol pursatdaky derejesini beýan etmegiň hötdesinden gelmeýändigi üçin arhaizme öwrülýärler. Neologizmler bolsa hut jemgyýetiň haýsydyr bir täze emele gelen hadysany ýa-da oýlanyp tapylan predmeti aňlatmak zerurlygynyň ýüze çykandygy üçin özge dilden geçýär ýa-da döredilýär. Mysal üçin, smartfon sözüni aňlatmak üçin täze söz oýlap tapmak zerurmy? Türkleriň kompýutere "bilgisaýar" diýenleri bilen ol türk dilinde kompýuter bolmagyny bes etdimi?

0
9 Bagabat  
43
Täze söz oýlap tapmak barada Ümür Eseniň kitaplarynyň birinden okan wakamy aýdaýyn. Japbak bilen Topbak bir gün kim üýtgeşik sözleri köp bilmeşek oýnuny oýnapdyrlar. Oýnuň şertine görä olaryň biri bir üýtgeşik söz aýtsa, beýlekisi şol sözüň aňladýan manysyny aýtmaly ekeni we onuň deregine başga bir üýtgeşik sözi aýtmalymyş. Kim üýtgeşik söz aýdyp bilmese ýa-da aýdylan sözüň manysyny tirip bilmese utulýarmyş. Onsoň bije çekipdirler. Japbak birinji aýtmaly bolupdyr. Ol: "Noşgurt" diýipdir. Topbak noşgurduň nämedigini bilmändir. Japbak ösüp orubermeli bolan şekerçiňrigiň palajynyň süýji böleginiň ep-esli ýeriniň gabygyny arassalap, onuň süýjüsini sormak üçin çagalaryň eline berilýän bölegine "noşgurt" diýilýänini aýdyp, oýnuň birinji döwünde utuk gazanypdyr. Gezek Topbaga geçipdir. Ol: "Jyňňys" diýipdir. Japbak sözüň manysyny bilmändir. Topbakdan sözüň manysyny düşündirmegi talap edende ol bu sözüň hiç hili manysynyň ýokdugyny, ony özüniň Japbagy utmak üçin şu wagt oýlap tapandygyny aýdypdyr. Şeýdibem "jyňňys" diýen söz türkmen diline giripdir.

0
10 Bagabat  
43
Dil meselesi boýunça ýene-de bir waka ýadyma düşdi. Lukman tanyşlarymyň biri Türkiýe Respublikasyna kärdeşleri bilen simpoziuma gidipdir we öz ugurlary boýunça ýurdumyzda synag üçin ýasadan täze lukmançylyk guralyny görkezme esbaby hökmünde çemodanyna salyp alyp gidipdir. Türkiýäniň haýsy şäheridigin-ä bilemok, ýöne aeroportda gümrükçiler lukman tanşymyň el goşlaryny barlanlarynda barlag enjamynyň ekranynda görünýän çemodanyň içiniň suratyna düşünmän: "Içinde näme bar?" sorapdyrlar, bu bende-de aljyrapmy ýa-da has gowy düşündirjek bolupmy "guralym" diýmän "ýaragym" diýip jogap beripdir. Gümrükçiler gyzyl-gyran gülşüp, ýere ýykylmagyň bäri ýanyna barypdyrlar. Ýogsa hemmämiziň dilimiziňem asly bir - türki dilleriň maşgalasyna degişli, şol bir söz emma jemgyýetçilik aňynyň kabul edişine görä aňladýan manysy welin düýbünden başgaça bolýar duruberýär. biggrin

0
11 jumagylyjovao  
88
@Gülzyýada özi girip bilmeýänligi sebäpli şu hekaýany teswire goýup bermegimi sorady.
-Možnomydyr , oglanlar?!
-Geliň, geçiň ýaşuly.
-Şu ýeri gazetiň redaksiýasymy?
-Hawa.
-Çort wozmi, häliden bäri gözläp lütüm çykdy.
-Onda ýadansyňyz agam, oturyň.
-Spasibo. Men bir iş bilen geldim. Özem gaty serýozny iş.
-Aýdyp oturyň.
-Ponimaýeş, bi soňky döwürde dilimiziň işini gördüler...
-Näme boldy, ýaşuly?
-Näme boldy diýip, siz näme bihabarmy? Prosto gaharym gelýär, her kim agzyna gelenini aýdyp dilimizi dürüşde etdiler, telewizorda peredaça göreňzokmy?
-Görýäs.
-Görýän bolsaňyz neuželi bu zatlaň garşysyna çykyp bolanok?
-Aý juda howsala düşer ýaly zat ýokdurla.
-Bar, imenno bar. Şolar ýaly zatlaryň külüni göge sowurdýan statýajyk iberipdim welin, şony peçat etmediňiz-le, ýa...
-Be-e, asyl şol makala siziňkimidi?
-Wah, hawa-la...
-Diliň arassaçylygy hakynda gaty janygyp gürleýäňiz welin, siz ýazyjy-şahyr dagy dälsiňiz-dä?
-Şkolda mollum.
-Nämeden okadýaňyz?
-Türkmen dili i edebiýat.
-Onda düşnükli.
-Näme düşnükli?
-Biz sizi nähili tapyp bolarka diýip ýördük. Hatam ýazjak bolduk welin, salgyňyzy bilmedik, görkezmän ekeniňiz. Bagyşlaň welin agam, dilimizi bulaşdyrýan özüňiz ekeniňiz-ä...
-Hä...Näme? Ýalan! Siz baryp ýatan töhmetçi. Üstüňizden žalybytsa ederin. Bulara serediň-le. “Sygryň şahyna ursaň, endamy syzlar” diýlenidä, kärdeşleriňi ýamanlasaň öz boýnuňdan tutýarlar.Ýok , ýa wam pokažu (Gaharly çykyp gidýär).Awtory : Täçmämmet Jürdekow

0
12 jumagylyjovao  
88
T. Jürdekow haýyş etse ýene bir gezek goýaryn. biggrin Öň bolaýanda näme tongue

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]