16:21 Baglaryň bezegi beýi | |
BAGLARYŇ BEZEGI BEÝI
Beýi bagynyň medeni sortlary Kawkazda, Orta Aziýada, Krymda we Moldowada ösdürilip ýetişdirilýär. Beýi-agaç görnüşli gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär, gür ýaprakly, şar görnüşli telpekligi bolýar. Gülleri sada bir-birden bir ýyllyk baldaklarda emele gelýär. Miwe düwünçekleri emele gelenden soň, hasyl getiriji baldaklar ösmeýärler. Miweleri tüýjümek, garamtyl-sary reňkli, iri, miwe sapaksyz, eti gaty, uzak saklanýan, uzak ýerlere daşalanda hem zaýalanmaýar. Miwelerini köplenç çig görnüşde iýmek bolmaýar, miwesiniň içi köp çigitlidir (10-70). Miwelerinde 8,15-12,0% süýjüler, witamin S, pektin-0,33%-e çenli we 0,2- 0,8% turşular saklanýar. Şeýle hem miwesiniň düzüminde dubil maddalary, etil efirleri saklanyp beýi miwesine özboluşly ýakymly ys berýär. Şonuň üçin beýi mürepbesiniň ýakymly ysy bolýar. Beýi agajy çalt hasyla durýar, 5-6 ýyldan doly hasyl getirip başlaýar. Hasyllylygy gektardan 150-380 sentner. Beýi agaçlary 30-50 ýýl ýaşaýar, çybyklary, baldaklary sapmak arkaly we tohumlary bilen köpeldilýär. Beýi – ýagtylygy we ýylylygy köp talap edýän bagdyr, ýöne aýaza durnuksyz bolup, suwa bolan talaby ortalykdyr. Miweli bagçylykda 100-e golaý sortlary bolup, Türkmenistanda 6 sorty ösdürilip ýetişdirilýär. Miwesiniň bişip ýetişişleri boýunça güýzki we gyşky sortlara bölünýärler. Alymlaryň bellemeklerine görä, beýi adamlar tarapyndan iň gadymy özleşdirilen ekinleriň biridir. 4000 müň ýyl mundan ozal Aziýada ösdürilip başlanan beýi, gaty we diş gamaşdyryjy miwe hökmünde belli bolupdyr. Halklaryň özara gatnaşyklary sebäpli, bu miwe birnäçe dünýä ýurtlaryna ýaýrapdyr. 100 gr beýiniň düzümini 8.9 gr uglewodlar, 7.0 gr fruktoza hem-de glýukoza, saharoza düzýär. Beýide A, B, B2, B6, C, E, PP witaminlerden başga-da, ençeme minerallar bar. Ol kaliý duzuna baý bolup, onda onuň 144 mg golaý mukdary saklanýar. Beýi alma we limon turşulyklaryna baý bolup, ol ynsan saglygyna oňaýly täsir edýän ýokumly maddalara baýdyr. Şeýle hem şol maddalaryň ynsanyň ruhy ýagdaýynyň gowulaşmagyna, aşa tolgunmanyň çalt geçmegine oňat täsir edýändigini-de bellemelidiris. Aslynda her miwäniň özboluşly ýakymly ysy bolýar. Beýiniň hem, bişen wagty aýratyn ýakymly, özüne çekiji ysy bardyr. Ýürek, gan-damar keselleri sebäpli döreýän çişmelerde buşukdyryjy serişde hökmünde beýi atylan çaý içilýär. Häzirki zaman halk lukmançylygynda içgeçmede we içki organlardan gan gelende beýi tohumynyň gaýnadylan ergini ulanylýar. Bokurdak agyranda onuň tohumynyň gaýnadylan ergini bilen bokurdagy çaýkaýarlar. Beýi köp ýurtlaryň naharlarynda ulanylýar. Aslynda ol iýmesi kynrak miwe hasaplanýar. Ýöne soňky döwürde ösümlik dünýäsi bilen iş salyşýan seçgiçi alymlarymyzyň, bagbanlarymyzyň geçiren tejribeleri netijesinde, alma, armyt ýaly miweler bilen sapylan beýiler ýumşak, hatda käbir görnüşleriniň daşynyň tüýjümekligi hem aýrylyp, ýylmanak görnüşine duşmak bolýar. Röwşen ARAZOW, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |