23:14 Güýz nagmasy | |
GÜÝZ NAGMASY
Güýz nagmasyny ýapraklar şeýle mylaýym hem manyly çalýarlar. Olaryň çalýan heňlerini hiç bir kompozitoryň eserlerine deňäp bolmaz. Olar ilde ýok ussat. Beý diýsem öwdügim däl. Adaja şemala ses edýän ýapraklara gulagyňyzy däl kalbyňyzy berip diňläp görüň şonda maňa düşünersiňiz. Şäher içindäki seýilgähe üýşýän mähelle bu sesi eşitýärmikä diýip pikirlenýän käteler. Ýapraklaryň dökülip oturan ugurlary giden adam. Meger olaram şol nagmanyň aşyklary bolsa gerek. Iň azyndan men şeýle pikir edýän. Durnalar olaryň sesi bu nagmanyň aýrylmaz parçasy. Hamala şolaryň sesi bolmasa dutaryň ýanynda gyjagyň kemlik edişi ýaly bir zat. Ýürekler gulaklar öwrenişipdir güýz gelse durnalaryň nagmasyny diňlemäge. Çagalygymyzy ýatladýan toýnuk gurap geçip barýan durnalary hemmeler şeýle gowy görýär. Altyn güýz seniň nagmalaryň kalbyma ynjalyk berýän ýeke täk ses bu dünýäde. Käteler alabaharda garly gyşdada seni küýseýän men. Noýabr geldigi hopukýan. Seni ugratmaga dözemok. Käşge nagmalaryňy ses ýazgy edip bolsady. Belki olaryň gaýtalanmazlygy lezzetiniň syrydyr. Hernämede bolsa senden ganara pursatym heniz barka ganaýyn. Ýekeje haýyşym at çapyşy ýaly haýdaman biraz egleneweri, noýabr! Röwşen ARAZOW, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |