15:36

Beýbars

Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 630 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Jumamyrat Gurbangeldiýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy şahslar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Bagabat  
43
Şu çeşmede: kitapcy.ga/news/soltan_beybars/2019-05-07-6816 "Beýbars" filmini gazagystanly režissýoryň düşürendigi bellenilýär. Bir takyklama girizmekçi, geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Türkmenistanda ürç edilip görlen "Beýbars" filmini düşüren režissýor "Şükür bagşy" ýagny "Bäsleşik", "Bagtyndan jyda düşen Pyragy", "Ölüm ýokdur oglanlar" atly filmleri düşüren Polat Mansurow (Bulat Mansurow) 1937-nji ýylda Türkmenistanda, Çärjewde doglan we Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri bolup durýar.

0
2 Bagabat  
43
Şonuň ýaly-da "Ýowşan" powestiniň awtory Moris Simaşko hem Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Baýramalyda ýaşapdyr hem-de Mary-Eýran serhedinde jerime batalýonynda gulluk edipdir. Mugallymçylyk institutyny tamamlandan soňam 10 ýyllap Maryda mugallymçylyk edipdir, soň "Türkmen uçguny" gazetinde habarçy bolup işläpdir. Onuň Nyzam al Mülk barada-da "Dabiriň (hatdatyň) tobasy" atly eseri, "Pyragynyň hyjuwy" atly powesti hem bar.

0
3 Gurban  
24
Bagabat agam, aýdan maglumatlaryň üstüne ýene bir maglumat goşaýyn Bulat Mansurowyň asly tatar.

1
4 Bagabat  
43
@Gurban_aga, dogry, ýöne Şükür bagşyny şeýle ussatlyk bilen düşürmegiň hötdesinden gelen adamyň ruhunyň öz doglan, kemala gelen, ýaşan ýurdunyň ruhuna eýlenendigini görmek bolýar. Haýsydyr bir sungat eserini halk ýüregi bilen kabul etse onuň her bir jümlesi, her bir sahnasy diýen ýaly tymsala öwrülýär. "Şükür, hany seniň ýaragyň!" elmydama ulanylyp gelinýär.

0
5 Bagabat  
43
Onsoňam "Şükür bagşyda" tüýs biziň halkymyza mahsus bolan detallar juda köp. Mysal üçin, Şükür bagşynyň ýeňňesiniň tamdyra ot goýberip hüňürdeýän ýeri...Özüň halkyň ruhuna eýlenmeseň şeýle ussatlyk, durmuşy çeperlik bilen şonuň ýaly sýužeti hiç haçanam düşürip bolmaýar. Mysal üçin, "Tentek" filmini düşüren Eduard Rejepow hem 1994-nji ýylda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri bolanam bolsa, film Atajan Taganyň juda ýiti täsirli eseriniň esasynda düşürilenem bolsa, onda biziň halkymyza mahsus bolmadyk "nätakyklyklara" ýol berilýän ýerleri bar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]