21:50 Boks | |
BOKS
Goşgular
![]() Ringde iki adam uruşýar, Sypaýyçylyga ýer ýok arada. Holha, biri jaýdar urdy ýumrugy, Oña bolsa gykuw berýär märeke. Iki adam çyny bilen uruşýar, Ýüzi-gözi diýmän, ýelmeşip durlar. Bu nä beýle bolýar, indem ahyry, Asyl mylakatly elleşip durlar. Biri ýeñdi, beýlekisi ýeñildi, Ýañlanyp dur ýeñijiniñ aýdymy. Bu ýerde hiç hili ýalñyşmaly däl, Birden ýalñyşaýsañ işiñ gaýdany. Onsoñ diñe indikiñe sapak bor, Ýogsam ahmal galsañ düzederli däl. Olar bir-birine ary bar ýaly, Ýöne olar bir-birinden arly däl. Gujaklaşýar ýeñen bilen ýeñilen, Orun goýanoklar öýkedir kinä. Beýle-de bir mertlik boljak ekeni, Wah, durmuşam şeýle bolan bolsady, Ýöne... Toýly ÖWEZOW. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |