05:54

Çopan kir

Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 1287 | Добавил: Нawеran | Теги: Çarymyrat Garahanow | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Taryhy şahslar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Gurban  
24
Çopan Kire galtamanam diýjek bolýalar. Oguz han aga sizem ýaşulylardan eşten gürrüňlerňiz bardyr aýdyp berseňiz. Siz ýaly ýaşulylar biz ýaly ýaşlara juda gerek. Ýazýan teswirlerňizem biz ýaly ýaşlara uly gollanma. Janyňyz sag bolsun agam.

0
2 Oguzhan_aga  
65
Gurban aga bu günlikçe bes etjekdim welin Çopan kir batyr diýilse boýnumyz gyldan inçedir, şujagaz zady bizem goşaly rugsadyňyz bolsa.
Çopan kir diýilse ynanyň gözüme ýaş aýlanýa, nämüçin? Atalarymyzyň şeýle adamlar bolup biziňem şu günki düşen günümize gynanýan. Ne ar galdy ne namys (hemme kişä degişli däl umumy aýdýan). Makalaň eýesi Çary agany azowlak tanaýan, ol armaweri diýäýmeli adamlaryň biridir. Ýokarda bir ýerine düzediş bereýin: Çopan batyryň kabylasyny sananda şeýle bolmaly: Teke-Utomyş-Bagşy-Daşaýak-Garadaşaýak we yzy...
Salykly Baýly han diýýäni häzirki Ýasman-Salykdan, onuňam şejeresi mende bir ýerlerde bolmaly.
Şeýle bir gürrüň bar, buny her kim eşidenem bolsa gerek, makalada getirilmänsoň aýdaýaýyn. Iki üç dürli aýdylyşy bar munuň.
Çopon batyr Bäherden tarapda ýaşaýarka şeýl waka bolýa. Çopan bir ýerlerden gelse Hywa hanynyň nökerleri salgyt ýygnap ýörker diýýä. Bereninden alýalar bermedigini urup taýak hakymy ber diýýän ekenler. Munuň üstüne Çopan batyr gelýä görse seýle ýagdaý bolup ýör. Onsoň Çopan kiriň gahary depesine urup ýaňky Hanyň adamlaryny tutup ýenjip ýenjip lejini çykarýa. Olaram zordan "biz Hywa hanynyň adamlar" diýşip gygyryşýalar. Çopanam "baryň siziň Hanyňyzyňam gyzyny.... bunam şeýdip Hanynyza aýdyň" diýip kowup göýberýär. Bular gidip Hana aýdýalar. Soňra Hywa Hanyndan Ahala habar gelýä "Tekeler wekilleriňizi ugradyň gürleşeliň" diýip. Ahalda maslahat bolýa, kimi ugratmak hakynda. Netijede Çopan batyr Garadaşaýakdan, Baýly şahyr Akdaşaýakdan we Akmolla (niredendigini bilemok, gonurlardan diýip gürrüň bar). Gepiň gysgasy bular Hywa barýalar we Hanyň ýanyna girýäler. Çopan batyr göni Hanyň ýanyna baryp oturýa we gylyjynyň baljagyny ýazdyryp göni Hanyň iki garagyna seredip otyrýa. Gürrün bolýa we Hywa tarapyndan Ahala salgyt salynmasyz edilýä. Han ýene soraýa "hany bize giýew boljagyňyz hem bar ýalyla" Çopanam gylyjyny azajyk gynyndan çykaryp "Han aga şola bizdiris" diýýä welin, Hanam biraz yza gobsunyp "bah giýew bolarça bar ekeniň" diýýä. Bular gaýdýa welin Hanyn adamlary "Tekeleri näme üçin göýberdiň" diýişýäler. Hanam " olaryň birä öldürmäge dözer ýaly däl (Akmolla) birem dilli tüýdük iki dünýäň okuwy bar onda, gürletseň aldyranok, ýene birem bir tulum gan onuňam haçan ýaryljagy belli däl, ýarylaýsada ilki meniň üstüme syçrajak, men ölemsoňam parhy näme siz bolduňyz bolmadyňyz."
Şol ýerde bir derwezeban adamam bar eken, ol bulara howpsuz ýol salgy beripdir, özi Igdirlerden bolupdyr diýip gürrüň bar. Bu adamam bulara goşulyp Ahala gaýdypdyr we Baýly şahyryň obasyna Akdaşaýaga gelipdir. Özi ussaçylyk edipdir we oňa Igdir ussa diýipdirler. Häzir Akdaşaýakda (biziň obamyzda) onuň nesilleri bar. Bu soňky gürrüňleri Keýmir kör atmyzyň agasy Emiriň neslinden Myrat Saparmyratdan eşiden gürrüňlerim (Allah jj rahmet etsin iki ýyl boldy aýyrlaly). Çopan kiriň ilki aýaly Akdaşaýakdan Garageçili tiresinden eken. Çopan kiriň bir aýal dogany biziň bir daşkyrak agalarymyzyň aňyrky garry enesi bolupdyr.
Ýeri gelende aýtsak Keýmir kör atamyz Akdaşaýagyň gyzyllar tiresinden, Baýly şahyr Kör tiresinden. "Körpe ogul" diýip bir kitap bardy, şony ýazan ýalňyşmasam Taňyrguly Taganmyka diýýän, ýalňysýan bolsamam bilemok. Şolam körler tiresinden bolmaly. Şol kitapdaky wakalaryň köpüsi biz obada bolan. Ýöne edil kitapda aýdylşy ýala däl eken. Gürrüň kän ýöne häzir ýadadym. Nesip bolsa galany soň bir gün.
Ýalňyş sözleri özüňiz düzedip okaweriň.

0
3 Oguzhan_aga  
65
Hää. Şuny aýdaýyn Çopan batyra kim galtman diýjek bolsa gaty ýalňyşýandyr. Sony diýýänler şu döwürde Çopanyň halk üçin eden işine meňzeş ýekeje bir iş etdilermikä?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]