22:13

Çopan Kir

Türkmeniň batyr ogly: ÇOPAN KIR
    
Türkmenler Watan, ar-namys gymmatlygyny ähli zatdan ýokarda goýýan halk. Ata-babalarymyz dost diýip gelene öýüniň töründen orun beripdirler. Emma, ýaman niýet bilen Watan topragyna aýak basana berk gaýtawul bermegi başarypdyrlar. Muny ýurt goragynda alnyp barlan söweşlerde pederlerimiziň görkezen watansöýüjiligi hem subut edýär.
Gadymy Büzmeýiniň Garadaşaýak obasynda XIX asyryň başlarynda, ýagny 1816-njy ýylda Garaja batyryň hem-de Oguldöwlet ejäniň maşgalasynda oglan bäbek dünýä inýär. Täze dünýä inen çaga adaty dünýä inýän çagalar ýaly aglamandyr, ýumrujaklaryny berk düwüp, gözjagazlaryny gyrpman, göbek enesine seredip ýatypdyr. Göbek ene bäbejigi aglatjak bolup, onuň ýaňajyklaryna taýly gezek çalaja şarpyk çalypdyr. Gaýtam, bäbek aglamakdan geçen, özüniň ýumrujaklaryny hasam gaty düwüpdir. Onsoň göbek ene-de çaganyň beýdip aglaman durmagy şunda bolaýmasyn diýip, bäbegiň düwülgije ýumrujaklaryny zor bilen açypdyr, şonda bäbek şeýle bir aglamak aglapdyr, hatda üç günläp diňmändir. Bäbegiň beýdip irginsiz aglap durmagyna ene-atasy, dogan-garyndaşlary halys ynjalykdan gaçypdyrlar, oba adamlary geň galypdyrlar. Çaga her zeýilli em etseler-de, onuň aglamasyny goýduryp bilmändirler.
Şeýle başagaý bolnup ýörilen şol günleriň birinde, bir ötegçi ýaşuly oba adamlarynyň üýşen ýerine gelýär. Ýaňky ýaşuly olaryň halyndan habar alyp, çaga bilen bagly bu ýagdaýy bilýär. Şonda ol: «Hany, şol bäbegi bizem bir göreli, hernä halatly çaga bolsun-da!» diýip, çagajygyň ýüzüne siňe seredýär, ýüzüne sylýar, soňra bolsa: «Çaganyň at-ýarag uçugy bar, bir gyr ahalteke atyny gapyňyzda daňyň. Gapyda at kişňäp dursa, gylyç bilen galkanam sallançagynyň depesinden asyp goýsaňyz, enşalla, bäbejik sesini goýaýsa gerek!» diýýär-de, ýoluna rowana bolup gidiberýär.
Bäbegiň ene-atasy we obadaşlary ötegçi myhmanyň aýdanlaryny berjaý edensoňlar, çaga aglamasyny goýup, süýji uka gidýär. Çaga at dakmak meselesi ýüze çykanda dogan-garyndaşlarynyň biri: «At dakylanda dünýä inen çaganyň doglan gününe, aýyna, bedenindäki alamata ýanalyp hem dakylýar. Küren obanyň ilaty bolup, üç günläp çaganyň agysyny diňdirmäniň alajyny tapman durşumyza, özüňiz şaýat, Biribaryň gudratyny gözümiz bilen gördük. Bäbek öz ady bilen geldi. Ýaňky gyr aty bilen gelen nurana ýaşuly bizi çykgynsyz ýagdaýdan halas etdi. Geliň, şu çaga Ulugberdi adyny dakalyň» diýip, märekä sala salypdyr. Obadaşlary bu teklibi goldap, çaga Ulugberdi diýip, at dakypdyrlar.
Çopan kir gorky-ürküni bilmeýän, garyba galkan, ýetime ýelken, halkyna gala bolan şir ýürekli, namysjaň, tüýs türkmeniň gözsüz batyr, ýiti akylly, dury paýhasly, kesgin pikirli, ygrarly goç ýigidi bolup kemala gelýär. Çopan kir ýaşlykdan tälimi çopançylyk kärinden, Asman bilen Zemin arasyndaky janly-jandarlaryň özlerini alyp baryşlaryndan, ösümlikleriň durmuşyndan, ýaşaýşyndan syn edip alýar, taplanýar. 
Çopan kiriň halkyň arasynda ýaşlykdan abraýy artypdyr. Çopan kir dürli döwürlerde Bäherdeniň Akdepesiniň Tokly obasynda, Bamynyň gaýrasyndaky Näzdepede, Arçmanda, Bäherdeniň özünde ýaşapdyr.
Çopan kir dogumly, namysjaň, mert, ygrar­ly, il-günüň bähbidini araýan ynsan bolupdyr. Adamlarda Çopanyň şeýle batyrlygyna, gaýduwsyzlygyna we edermenligine berk ynam bolupdyr. Çopan kir Watany goramakda, halk bähbitli işlerde elmydama öňdäki hatarlarda bolupdyr. 
Çopan kir Nurberdi hanyň hem iň ýakyn, ynamdar egindeşleriniň biridir. Nurberdi han geňeşde-de, söweşde-de Çopan kiri öz ýanyndan aýyrmandyr. Ol Nurberdi han saýlananyndan soň tä ömrüniň ahyryna çenli Ahalteke hanlygynyň söweş hereketleriniň baş serkerdesi bolupdyr. Söweş hereketleri babatynda hökmany suratda Çopan kire sala salnyp, geňeş-maslahat edilipdir. Çopan kiriň serkerdeliginde söweşe gidýän ýigitler özlerini hemişe has ynamly, has arkaly, erkin duýupdyrlar. Çopan kir öz ýaşan döwründe il-ulsunyň ar-namysy, ýurt abadançylygy ugrunda göreşip gelipdir.
Çopan kir türkmen halkynyň ýene-de bir batyr ogly bolan Dykma serdar bilen hem ýakyn aragatnaşykda bolupdyr. Dykma serdar ýüze çykýan meseleler babatynda ilki Çopan kir bilen maslahatlaşypdyr.
Çopan kir ýigide zerur bolan uruş tälimlerini ösüp gelýän ýigitlere öwredipdir, olara yzygiderli tälimleri beripdir. Türkmeniň Gara batyr, Paşşy serdar, Gul Jenew serdar, Nury ýetim, Baýly han, Kemal ýetim, Berdimyrat han, Akberdi han, Magtymguly han, Döwlet beg ýaly ençeme Watana, halka wepaly edermen ogullary Çopan kiriň terbiýesini alan ýigitlerdir.
Çopan kir 1871-nji ýylda güýçleri agdyklyk eden duşmanlar bilen bolan agyr söweşde şehit bolupdyr diýlip çaklanylýar. 
Çopan kir ömrüniň agramly bölegini Bäherden, Arçman sebitlerinde geçirensoň, ondan nyşan hökmünde gadymy Arçman obasynda «Çopan haýat» diýen ýer ady, Degirmen dagynyň ileri ýüzünde «Çopan süren» diýilýän diň, şonuň ýaly-da Bäherdende «Çopan kärizi» diýlen käriz, Çopan kiriň ýaşan öýi we at ýatagy saklanyp galypdyr. Şeýle hem, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumynyň we Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bäherden şäheriniň degişli köçesine Çopan kiriň ady dakylan.
Hawa, türkmen halkynyň geçmişi gahrymançylykdan doly. Durmuşyň kynçylykly döwürlerini, ululy-kiçili agyr söweşlerini başdan geçiren, ýöne hiç birinde-de ýan bermedik ata-babalarymyzyň ýollary şu günki nesillere — Watan goragçylaryna nusga bolup durýar.
 
Çarymyrat GARAHANOW.

Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 571 | Добавил: Нawеran | Теги: Çarymyrat Garahanow | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Taryhy şahslar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]