06:35

Durmuş - meniň basgançagym / sonetler çemeni

Категория: Poemalar | Просмотров: 421 | Добавил: Edebiyatcy | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 3.0/5
Awtoryň başga makalalary

Poemalar bölümiň başga makalalary

"Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024
"Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024

Teswirleriň ählisi: 12
0
1 mango  
651
bir salym aýratyn bir howa salyp bildiň, Goçmyrat.
halatdyň. kä ýerinde gowy görýän (görelde alýan) şahyryňdan şöhlerer duýulup gidýär. mysal: "razy..."-ly ýerleri, "Sag bol durmuş, beren zatlaryň üçin". "Ynamyňy ödäp bildimmi ilim?!" köňlüňde o şahyra aýratyn orun bar öýdýän.

käbir belliklerimem bar...
ol aýratyn.

0
11 Edebiyatcy  
15
Sag bol durmuşly ýeri Gurbannazarda bardygy üçin goşa dyrnakda aldym. Şol pikiri ösdürmek niýeti bilen
Sag bol durmuş beren zatlaryň üçin,
Bermedik zatlaryň üçinem sag bol
diýipdim.
Ynamyňy ödäp bildimmi ilim? - şeýle sowal her bir adamyň pikirinde bar bolsa gerek.
Şeýle täsirlerden gaça durmak ýörelgäm biggrin

0
2 mango  
651
Öz sözümi aýtmak üçin ýürekden,
Men geldim.
Men nirelerden gelmedim!

eden bolşuňy, öwrümjikleriňi beter haladym.
çümmüklenen ýaly bolup gitdim. :-)

0
3 mango  
651
IV.
Ýaşaýyşa aşyk bolan derwüş men,
...

bäh. derwüşler ýaşaýyşa aşyk boldumykan?
derwüşleriň yşgy başga zada bolaýmasyn.
owadan setirler bolsa-da bir hili ýetmez bar ýaly.

0
4 mango  
651
IV.
Adam mydam bagtly bolýar hoş güni,
Söýgüsin köýnek deý egnine geýip.


ýerine düşmedik deňeşdirme.
köýnek biri bilen oňulman çalyşylýan zat bolany üçin söýgüni köýnege deňeseň ters many çykasy gelip dur.

0
5 mango  
651
VII.
...
Gaýgy, hasrat, jepa... gümüne gitsin,
Şat bol, goý, gözleri gitsin göreniň.


ýüregini söýgi bilen dolduran kişä agressif sözler gelişmeýär :-)

0
6 mango  
651
VIII.
Ýaşalmadyk günler syrdan doludyr,
[color=red]Süýjüdir yşkynda gezmedik söýgiň.

Göwnüň özge gözellere sarydyr,
Öýdäki eziziň - iň uly gaýgyň.[/color]

запретный плод слаще - diýjek boldupmy Goçmyrat?
göwnüň özge gözellerde, ýöne öýdäki eziziňden gorkýanmy? ýa ony gynandyrmazlyk gaýgyňmy?
haý, garagol :-)

0
7 mango  
651
X.
...
Biz razy merdana atalarmyzdan,
Goý, nesillermiz hem razy bolsunlar!


gowy setirler, gowy pikir-arzuw.
ýöne, nesillerimiziň bizden razy boljagyna umydym az.
şuwagtdan utanýan.

0
8 mango  
651
XI.
Dünýä kireýine ýaşalýan öýdür,
Günleri manat deý töläp gidersiň.


kiçijek näsazlyk.
manat deý tölenenok.
manat bilen tölenýär.
"günleri köpükme-köpük töläp gidersiň" diýilen ýalyrak bolsa onda başgaça...
ýöne "manat deý töläp" bolmaýar.

0
9 mango  
651
XIII.
Ornunda durup çyn, merdem bir äriň,
Ähli arzuwlarmy ederin berjaý.


arzuwlaram berjäý edilmeýär.
wadalaryňy berjaý edip bilersiň.

0
10 mango  
651
ajap setirleriňem kän, ýöne agzajak däl.
olary özüňem bilýäň.
diňe gözden sypanlary belledim.
üstünlik ýaryň bolsun.
ýaryň bilen üstünligem oňuşsynlar.

0
12 Edebiyatcy  
15
Köp sag bol, ýerlikli bellikler. Ylalaşman bilmedim. Minnetdar agam!!! tongue

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]