09:11

Dyza çöküp ýalbarmaryn

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 673 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Mämmetgurban Mämmetgurbanow | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 171 2 »
0
1 Garaýolly  
27
Tasirli makala.

0
2 gadambez1986  
335
Annasoltan Kelikowa hakda has kop zat bilmek gyzykly. Sahyrlygy seyle gowyka name ucin ady kop agzalmayaka? Ylhamda hem yok

0
3 amanmyradownamehribon  
328
Il keselhanada 12 ýyl ýatypdyr .
Jebir gördim bu diwardan aňyrda,
Zulum gördim bu diwardan aňyrda,
Olüm gördim bu diwardan aňyrda,
Hapa boldum, men bir suwa düşeýin.

Eh şahyra zenan sen günleri gördiň.

0
4 amanmyradownamehribon  
328
ol

0
5 braun634  
Agzalmaýanlygynyñ sebäbine düşünmek kyn däl Gadam drug. Çünki Annasoltanyñ "keseliniñ" beýleki şahyrlarda-da ýûze çykmagyndan gorkýandyklary we ol pahyryñ tankyt tokmagyna tutan ýolbaşçysumaklarynyñ häzirem ýeterlik kändigi üçin ...

0
6 amanmyradownamehribon  
328
Men ýeke däl,başga-da adamlar ýaşaýarlar,
Goý,bu gunoh meniň gosgymy okamasalar okamasynlar,
Yone dowrem, adamlaryň islegem,söýgisem,ykbalam dürlidir.
Mümkin ertir...üýtgeşik ýürekli bir kişi doglar,
Hem meni söýer,pikirlerime teşne bolar,goşgularymy okar,
Emma barybir ol meni meni garry aýalyň keşbinde-de tapyp bilmez.
Menem onuň galyň dodaklaryndan öpüp minnetdarlyk bildirmek üçin nazarimdan çykyp bilmerin.

Şonuň üçinem,
Sen meniň ýaşytdaşymmyň,ýa kiçimiň...
Garaz kim bolanda-da..
Kalbymda duýgy oýaranyň üçin,
Minnetdarlyk bildirýärin...

şeýle setirleri ol ölmeziniň öň ýany ýazyp gidipdir.

0
7 amanmyradownamehribon  
328
käbir sözler ýalňyş yazylýa mazarymdan bolmaly

0
8 amanmyradownamehribon  
328
*gün

0
9 Arzyman  
418
"Aý ýok, Annasoltan, beýle däl owlak
Sen hapa bolmadyň hapaladylar,
Kim gara don geýip,
kim ak halat geýip,
Seni on iki ýyllap depelediler.
Ilki dälihana sokup,
soňra gara ýere dykyp,
Yzyňdan öwdüler, apaladylar.
Gideňden soň näçe ýyllap kärdeşleň
Näden nä borka diýip sessiz gezdiler.
Ýaz diýileni ýazdylar,
poz diýleni pozdular
Wejeralyk ýarşynda birbirinden ozdular.
Çap diýilse çapdylar,
tap diýilse tapdylar. Dep diýilse depdiler, Ketdeleriň uýat ýerin,
Öp diýilse öpdüler,
Käte omaça oklap gap diýilse gapdylar,
Ýa-da ýumruk görkezip,
Gap diýseler gapdylar
Olar şeýle köpdüler.

Hapa boldum diýip kemsinme owlak,
Seni hapalanlar boldular hapa,
Eýtjekdik, beýtjekdik diýişip bugün,
Çypdyryp otyrlar degirmän ýapa.

Mes eşekler toýnak salýar ýyldyza,
Hudaýy çagyrýar nä umyt hassa,
Senem diýýäň men bir suwa düşeýin,
Hapa suwdan çykjakmy sen arassa.
Syýasata girýan barmy azaşyp,
Hapa, batsaň boýuň bilen batylýar.
Daşyna tiken sim çekilen ýurtda,
Diňe uçup bilýan guşlar atylýar."

0
10 Durdyyewа  
132
Men ak gûl,
Men ak gûl
Ÿônekeÿ ak gûl,
Açylÿan tûrkmeniñ Kôpetdagynda.
Aÿdym aÿdÿan, śemal bilen baś gośyp,
Dûrli pasyllaryñ ajap çagynda.
Ÿûregim gysanok, darygamok men,
Gorkomogam tûweleÿleñ badyndan.
Aÿdym aÿdyp dûnÿà salam ÿollaÿan
Śu kemerli gara daglañ adyndan.
Dogry, alysdaky baglañ gûli dek.
Śahandaz gôk ÿapraklarym ÿok meniñ.
Suwsuzlykdan saralsa-da gûl meñzim,
Daś gûli men, aslyÿetim ak meniñ.

Jaýy jennetde bolsun diymesek indi diñe

0
11 Mahymm  
312
Öñ saýtda açylan goşgyny teswirde gaýtalamak nämä gerekkä?
http://kitapcy.com/news/2018-07-03-884

0
12 Jeksparro  
405
Annasoltan Kekiliñ mazary Orazmyratişan gonamçylygynda diyyar. Zyyarat edip ruhuna Elham, 3 kulhualla okap däl, ayaty gurhan okap gaytmaly boljak. Bolmasa men onuñ keç ykbalyna örtendim.

0
13 Jeksparro  
405
Ýalñyşypdyryn Köşidaki Orazguly işan gonamçylygynda yerlenipdir...

0
14 Hаwеrаn  
245
Ol aýdýan gonamçylygyñ Köşide däl-de, Ýalkymda bolaýmasyn, Jek?

0
15 Jeksparro  
405
@Haweran, hamala bilyän yaly yazmasana, men aydanymdan soñ yazan bolmañ peydasy näme!? biggrin

1-15 16-17
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]