18:13

Garamuhammet beg

GARAGOÝUNLY DÖWLETINIÑ SOLTANY

▶ GARAMUHAMMET BEG

Garamuhammet (Gara Mämmet) beg, Garagoýunly türkmen döwletiniñ 1380-1389-nji ýyllarda soltanlyk süren hökümdary. 
Doly ady Nasyreddin Garamuhammet Durmuş begdir. Garagoýunly dinastiýasynyñ we döwletiniñ düýbüni tutujy Baýram Hojanyñ doganynyñ dört oglundan biri bolup, agasynyñ 1380-nji ýylda aradan çykmagy bilen Garagoýunly tagtyna geçýär.
1387-nji ýylda Töwrizi ilkinji gezek eýelänem bolsa, şäheri Teýmirleñ basyp alýar. 
1389-njy ýylda Pirhasan beg bilen özara dörän dawa sebäpli, jeñ meýdanynda wepat bolan Garamuhammet begiñ dört oglundan biri bolan Gara Ýusup beg Garagoýunly döwletiniñ tagtyna çykýar.

• Garamuhammet begiñ döwri

Baýram Hojanyñ aradan çykmagy bilen onuñ doganynyñ ogly Garamuhammet tagta geçýär. Garamuhammet beg Jelaýyrylara garşy söweşýär we olary ýeñýär. 1383-nji ýylda hajylary talandygy üçin Mosulyñ emiri Salimiñ üstüne ýöriş edýär. Yzy bilenem 1384-nji ýylda Mardini gabaw astyna alýar. 1386-njy ýylda Teýmirleñ Günbatar Eýrany öz häkimiýetine birikdireninden soñra Anadola ýüzüni öwürýär. Teýmirleñ Akgoýunlylara we Garagoýunlylara boýun egmek barada hat ugradýar. Emma Garagoýunlylar oña boýun egmezlik kararyna gelýärler. Gündogar Beýazidi (häzirki Türkiýäniñ Dogubeýazit diýen ýeri) eýeläp özlerine tarap gaýdan Teýmirleñiñ goşunyna garşy Garamuhammet beg we onuñ inisi Pirhasan beg üstünlikli ýeñiş gazanýarlar. Daglara çekilip partizançylykly taktika bilen söweşen Pirhasan beg Muşuñ eteginde Teýmirleñiñ uly goşun birligini derbi-dagyn edýär. Şol wagtam Teýmirleñ Altyn Ordanyñ hany Togtamyşa garşy söweşmek üçin uruşy bes etmeli bolýar we yza çekilýär.
1387-nji ýylda Garagoýunlylar Töwrizi Jelaýyrylaryñ elinden alýar. Şol wagt Pirhasan bilen Garamuhammediñ arasynda oñuşmazlyk döreýär we Garamuhammet beg öldürilýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 446 | Добавил: Нawеran | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy şahslar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]