20:59

Göwün göwne saýadyr

GÖWÜN-GÖWNE SAÝADYR

● Agzybire Tañry berer...

Çaga dünýä inip, ýedi ýaşa ýetýänçä uçmahyñ guşy saýylýar. Ol çagalaryñ kalby pamyk ýaly akdyr, ýumşakdyr. Çaga heniz enäniñ göwresindekä terbiýe alyp başlamalydyr diýip, metbugatda kän çykyş edýärler. Hakykaty öñe sürýärler. Hakykat barasynda oýlananyñda bolsa, onuñ añyrsynda lemmer-lemmer, ummasyz pikirler ýatyr. Onuñ diñe bir çetini añlaýlyñ. Enäniñ göwresinde çaga düwüp başlanda dogry düwüpmi? Çigişli düwüpmi? Ine, ene terbiýesiniñ gözbaşynyñ irkip başlaýan ýeri.
Çaga mana düşüp ugrandan özüniñ göwnüniñ görülmegini talap edip başlaýar. Şol günlerden başlap, çaganyñ göwnüni-de tapmaly. Mylaýymlyk bilen akylly-başly, irginsiz terbiýe berip başlamaly. Ýaşyna görä zähmete uýgunlaşdyrmaly bolýar.
Adamyñ iñ gözel döwri çagalyk, ýetginjeklik döwürleri eken. Deñ-duşlaryñ bilen bile oýnaýarsyñ, dost tutunýarsyñ. Birnäçeleri bilen bagryñ badaşýar. Deñ-duşlaryñ baky ýadyñda galýar. Ýadyñ ýiti bolýar. Zehiniñ oýanyp başlaýar.
Garagol çagadan nähak şapbyk dadan bolsañ, şol şapbygyñ möhri ýüregiñde hemişelik saklanýar. Sebäbi göwün döwülýär. Ýürek düwülýär.
Kemala geleniñde ýaşulular ýumuş buýrup başlarlar. Buýrulan ýumşy etmeýän çagalar-da bolardy. Olara ýaşulular: "Aý biý-ä, eşegiñ kesejesi" diýerdiler. Ýalta çaga üçin parhy näme? Aýt, aýtma, eşegiñ gulagyna ýasyn okan ýalydy. Iki çaganyñ arasynda näme tapawut bar? Munuñ añyrsynda ene-atanyñ terbiýesi, "Aýaly başdan, çagany ýaşdan" diýen türkmen nakylynyñ döremeginiñ delilnamasy ýatyr.
Göwün galasyny ýykmak gowy görülýän zat däl. Adamyñ göwnüni ýykmak - agzybirlige badak salmakdyr. Agzalalygyñ soñy-da uruş-sögüşe barýar.
Iş usulymdan bir mysaljyk getirmekçi. 1945-nji ýylda Gazanjyk (häzirki Bereket) etrabynyñ Uşak (häzirki Isgender) obasynda mugallymçylyk kärine başladym. Ilki matematika mugallymy bolup işledim. Ikinji ýyly maña birunji klasy okatmagy ynandylar. Bir oglanjyk garagollygyñ derdinden özüne erk edip bilenokdy. Gözüñi sowdugyn besdir, başga bir çagany çümmüklärdi, iteklärdi, özüni böke saýardy. Gepiñ gysgasy, ondan çagalaryñ ini eze-bezedi. Höre-köşe ederdim. Bolmazdy. Edep-terbiýe barada gulagyna guýardym. Başartmazdy. Daşa ýagyş ýagan ýalydy. Ol çaga özünden çekinilýändir öýderdi. Ene-atasyna arka berýärdi. Şol döwürde oñşugy gowy geçýänleriñ maşgalasyndandy. Öýlerinde arkasynyñ sypalanmaýandygyny, şarpyk iýýändigini saýgardym. Klasda-da şony küýseýändir diýip oýlandym. Ýerinde oturtmak-da görgüdi. Bir gün gahar ýetjek derejesine ýetdi. Gulak düýbüne sugşuranymy bilmän galdym. Gahar ýatyşdy. Ýalnyşanymy duýdum. Çaganyñ göwnüni ýykdym. Ol çaga öýlerine aglap gitdi. Abraýly agasynyñ maşgalasy elinden tutup geldi. Her näme bolsa-da düşünişdik. Çaganyñ ýüzüni aldy. Şol-da-şoldur, ugruny düzetdi. Aradan ençe ýyllar geçdi. Öýlenip, öýli-işikli, bala-çagaly bolupdyr. Sataşdyk. Salamlaşdyk. Saglyk-amanlyk alyşdyk. Birden ýylgyryp: "Ýoldaş mugallym, birinji klasda okaýarkam gulagymyñ düýbüni gyzdyrypdyñ, şol şarpyk meni düzetdi" diýip aýtsa-da, göwnüniñ döwülendigini, ýadyndan çykarmanlygyny duýdum.
Şol ýalñyşlyk maña-da sapak boldy. Çagany ýüregiñ bilen söýseñ, ol-da mugallymy söýýär. Arada duýgudaşlyk döreýär. Sapaga höwes artýar.
Çaganyñ terbiýesi maşgaladan başlanýar. Şonuñ üçinem maşgala abatlygy gözüñ göreji ýaly goralmalydyr. Ýakynda Gurbanberdi Goýunlyýewiñ "Girdapdaky gelin atly makalasyny okadym. Makalada bir gelin äriniñ üstüne är edinendigini žurnaliste gürrüñ berýär. Bu hakda okamak agyr düşdi. Öñler barjamly adamlar iki aýally bolupdyr. Indi bolsa haýasyz ýek-ýarym aýallar iki ärli bolýar. Türkmençilige sygar ýaly zat däl. Ýigidiñ ýagdaýy göz öñüme geldi. Haramy gelin ikidünýälik ýoldaşynyñ göwnünu ýykmag-a bärde dursun, onuñ ömrüni weýran edipdir. Dirikä gara ýeriñ teýine sokupdyr. Özüniñ bolsa o dünýesini ýakypdyr. Türkmen hor-homsulyga çydar, ar-namysyñ ýüküni welin dagdan-da agyr görer.
Beterden-beteri bar eken. Golaýda Gyzylatbatda (häzirki Serdar) boldum. Ýaşy bir çene baran adamlar: "Ýaş gelin-gyzlarymyz ar-namysymyza zeper ýetirýärler. Daşary ýurtlardan gelip işleýänlere iki-üç ýyl möhleti bilen şertnama esasynda durmuşa çykýarlar" diýip, arly-namysly gürrüñ berdiler.
Muña nähili biperwaý garap biljek. Haramdan gaýtmaýan gelinsumaklaryñ sanynyñ artýan bolmagy mümkin. Olaryñ öñlerine taýak oklamaly. Öñki öten ahunlarymyz, mollalarymyz şerigatyñ ýoluny il arasynda wagyz edipdirler. Häzirki mollalaram şol ýodadan ýöremeli. Ýeri gelende, başga-da bir ýagdaý hakda aýtmak isleýärin. Şol ulamalaryñ döwründe-de çopan-çoluga, käbir beýleki adamlara bäş wagt namaz okamak başardan däldir. Şeýle adamlaryñ sadakasyna barmaly däl diýen däldirler. Olary öz sadakalaryna çagyrandyrlar. Namazsyzyñ sadakasyna barmaly däl, sadaka çagyrmaly däl diýen ýaly sözlerden daşda durmaly. Daşda durmasañ köp bendeleriñ göwnüne degdigiñ bolar. Göwne degmekligiñ nämedigini biz ýokarda aýdypdyk. Namaz okamaýanlaryñ-da Allatagalanyñ ady dilleriniñ senasy, ýüreginiñ melhemi, onki süññüniñ kuwwaty bolup biler.
Ene-atalaryñ öz ogul-gyzlarynyñ arly-namysly bolmagyny gazanmalydygyny ýaşulularyñ, mollalaryñ arasynda janygyp aýtmakdan çekinmeli däl. Ýaşululardan, mollalardan sorasañ-a, olar il içinde ar-namys, zenan buýsanjy barasynda wagyz edýäris diýerler. Ýöne şeýle wagyz-nesihatlara biz-ä gabat gelemzok. Il-günümiz dine, dindarlara uýýar. Sebäbi türkmenleriñ hamyrmaýasy urp-adat, halallyk, dogry ýol bilen ýöremekdir. Şonuñ üçinem dindarlar türkmeniñ arassa neslini gözüñ göreji ýaly goramalydygyny giñişleýin wagyz etmelidirler.
Her bir naçar musulman adam nikalaşyp biler. Bu olaryñ öz isleglerine bagly. Ýöne öz ýanyñdan bir nysak tapyp, nikasyz bir düşekde ýatmak welin wejeralygyñ alamatydyr. Hakyñ halan adamsynyñ şu babatda aýdanyny durkuñ bilen makullaýarsyñ. Dogrudanam, biziñ ykdysadyýetimizi ýokary derejä ýetirjek bolup ýören daşary ýurtlular wagtlaýynça aýal edinjek bolup, il içine aýlanyp ýören däldirler. Bozuk pällileriñ özleri olaryñ üstlerine barýandyrlar.
Ýaradan Beýik Alla türkmen ilimi şeýle zatlardan gorawersin.

Tatar ÜÝŞMEKOW,
ýazyjy.
Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 426 | Добавил: Нawеran | Теги: Tatar Üýşmekow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Jemgyýetçilik tankydy bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Bagabat  
43
Ýerlikli pikirler. Örän düşnükli we sada dilde ýazylypdyr. Ýerine düşen makala.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]