13:30 Gözleg | |
GÖZLEG
Goşgular
"Siz" hakynda az ýazylan goşgular, Üstüne ýene-de goşdum birini. ...Ol gyzyň söýgüsi şeýle bulaşyk Aldow söz onuň ýek-ýigrendigini. Ol kabul edýär özboluşly TANKYDY, Meniň bolsa ejiz goşgularym kän. Iň uly ýalňyşy kabul etmedim, Öwseler baýryldym, ýykyldym arkan. Şu güne dek oýkündim özgäň tilsimne, Ýazaryn ÇARY Ýegenmyrat deý. Emma ejiz gelen duýgym göwnüme, Sähra çapmak islär edil gyrat deý. Ol gyzyň söýgüsi şeýle bir täsin, Çeper sözi söýýär ŞAHYRLAR ýaly. Gürrüňlerem özi ýaly owadan, Olam meniň deý, arzuw hyýally. Olam sähraly -- söýgüsi çäksiz, Duýgusy ummanlaň başlan gözbaşy. Gözleriniň söýýäni kiçi harplar, Oňa has ýaraýar kitap sözbaşy. Ýadyndan çykarmaz Nazym HIKMETIŇ "Öli gyzjagazly" ajap goşgusyn. Çünki ol goşgyny menem söýýärin, Setire ýazylan sözüň ýagşysyn. ...Ýeke galýan, ezip ýörün özümi, Içimdäki gyzy tapamok heniz. ..."Ol" belki men hakda gözlegdedirem, Habar ediň meň diýýänim görseňiz!!! ✍AHALLY | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||