20:03

Gündelikde galanlar -18/ dowamy

Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 513 | Добавил: Haweran | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Yusup  
50
Gyzykly, dowamyna garaşýas.

0
2 yaran_yagmur_9  
1578
Taryhçy Ýazgylyç Orazgylyjowyň ady örän tanyş eşidilýär, görsem tanarmykam öýdýän.

Baýramdurdy Gurbanow bolsa gowy ýadyma düşýär.

Türkmen toparda, birinji kursda okaýan wagtym bir gezek ýokary kursly rus toparyndan bir talyp meni B.Gurbanowyň çagyrýandygyny aýtdy.

Barsam, Aziýa we Afrika ýurtlarynyň taryhyndan okadýan Gurbanow meni gapynyň agzynda durzup, TW-de paýhas bäsleşigini geçirýän ýaly yzly-yzyna sorag berip başlady. Men bolsa ýekeje söz bilen pert-pert jogap berýärdim:
- Arabystanda yslamdan öňki döwre näme diýilýär?
- Jahyliýýa!
- Şol wagt araplarda nähili jemgyýetçilik gurluşy bolan?
-Urug-taýpa!
- Taýpalaryň baştutunlaryna näme diýilipdir?
- Şeýhler!
- Çarwa araplara näme diýilipdir?
- Beduinler!
- Arap daýhanlaryna näme diýlipdir?
- Fellahlar!
- Araplaryň dini näme bolupdyr!
- Butparazlyk!
- Dini merkezleri haýsy şäher bolan?
- Mekge!
- Mekgede haýsy taýpa dolandyrypdyr?
- Kuraýş!
- Mekgede haýsy ybadathana bolupdyr?
- Käbe!
- Käbede esasy mukaddeslik näme bolupdyr?
- Gara daş!

Bu soraglary onuň maňa näme üçin berýändigine düşünemokdym.

Ol soň auditoriýadakylara käýýäp ugrady:

- Ine, siz "Biz rus topary, ýokary kurs" diýip göwnüňiz hoş, emma türkmen topardaky şu kiçi kurslynyň bilýän zatlaryny bileňzok. Ol nireden bilýär? Şu mahala çenli sizem bilmeli. Siziňki bir bahana...

Howa, Gurbanow mugallym olara meniň üstüm bilen bir sapak, dogrusy, ep-esli derejede kemsidiji sapak bermek islän bolmaly. Ýogsam, ol asla gödek adam däldi, iňňän ýumşak adamdy (haýbatly keşbine garamazdan).

Ol mugallymlaryň, aýdylyşy ýaly, saçynyň her gylynyň düýbünde bir talyp ýatyr, şonuň üçinem meni ýatlandyr öýdemok. Ýöne soň ýene bir gezek iş salyşdym, örän ýatkeş bolsa belki ýadyndadyr. Özüm bolsa geçmiş barada örän huşsuz, bir ýyldan hemme zady unudýaryn.

Ýazyjy Jürdekowyň bolsa gyzy biziň bilen bir kursda okaýardy. Dogrusyny aýtsam, Jürdekow bilen Jütdiýewi tapawutlandyryp bilýändigimiň ýeke-täk sebäbi hem şol.

Ýagny, Jürdekowyň ýazan zatlaryny (proza bolsa-da, poeziýa bolsa-da), megerem, okan bolsam gerek, emma, belki, awtoryna sereden däldirin. Şonuň üçinem onuň näme ýazanyny bilemok, ýöne meniň üçin ol "kursdaşymyň kakasy", şonuň bilenem Jütdiýewden tapawutlanýar :-)

0
3 Babyśgalaly57  
1599
Гызыклы язгылар.. Саг болун етиренинизе! Кабир ерде сене ялнышы бар. 28.12.2008... 1996... 1995.... бу йылларда эййам ТКП МК-да, пленумам екды.

0
4 Babyśgalaly57  
1599
@.Ýaran Ýagmyr, Журдеков сатира ве юмор угрундан азы яран языжы ахырын. Сен онда ,, Токмак'' журналыны окамансын ойдйан!?:))

0
5 Yusup  
50
Adamlardan ýüz görmän gündelik ýazsalar gyzykly bolýar. Ýazyjy - şahyrlary, alymlary tanap goýsaň ýagşy. Atajan Taganda-da şeýle ýazgylar bar.

Ýazyjyny halamasam eserlerini okamok.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]