16:08

Gurbannazar Ezizow

GURBANNAZAR EZIZOW

Ykbal Gurbannazar Ezizowy altmyşynjy ýyllaryň ýaş şahyrlarynyň başynda goýupdy. Gögümtil gözleriniň içinde asmanyň gök reňki, topragyň boz agraslygy görnüp duran bu ýaş ýigit olaryň hemmesiniň mugallymydy. Biz onuň şeýledigini aňardyk, ýöne özüne gönüläp aýtmazdyk. Beýle pikir ýaş ýigitde badyhowalyk döreder öýdüp çekinerdik.
Ynha, indi boljak iş boldy. Ol şu günden beýläk biziň aramyzda ýok. Onuň päk ynsaply arassa gözlerini indi bize görme ýok: çaganyňky ýaly bigünä, ulynyňky ýaly pähimli gözler demsalymyň içinde wagtyndan ir (onda-da nähili ir!) ömürlik ýumuldy. Şol dogma zehinli ýigidiň indi bize işde, ýolda gabat gelmejegine ynanmak kyn. Hatda onuň özüni soňky ýoluna ugradyp barýarkam hem gapdalymdan barýanlaryň arasynda ol hem bar ýaly bolup duýuldy. Onuň tabydynyň yzyndan ýöremeli bolaryn diýip ýatsam-tursam kelläme gelmezdi...
Edebiýat iline her kim bir hili gelýär. Biri tizlik bilen, birleri haýallyk bilen. Gurbannazaryň gelşi ýyldyrym ýaly boldy. Bir gezek gowy lowurdap çykdyda gözümizden ýitdi. Emma şol bir gezekde etjek işleriniň eslisini etdi. Ol lowurdy uzak ýyllaryň dowamynda ýaş poeziýamyza sapak bolar.
Gurbannazaryň aňy örän çalt işleýärdi. Ýoldaşlary onyň ýanynda täze goşgulary okap berenlerinde, ol derrew (hatda goşgy okalyp gutarmanka-da), nämäň-nämedigine örän çalt düşünerdi. Onda goşgynyň özenini duýmak ukyby bardy. Goşgy gowy bolsa, elindäki çilimini ýadyndan çykarardy. Janyna ýaramasa – çilimini çuň-çuň sorardy, garşy-garşy otlardy. Soňra bolsa “bolýa”, ýa-da “gowy” diýerdi. “Bolýa” diýdigi – goşgynyň bolmadygydyr: goşgyňda hiç hili täzelik ýok, öňki goşgularyň ýaly goşgy diýdigidir. Birnäçeler onuň “bolýasyna” öwgi diýip düşünerdiler, begenerdiler. Ýöne şol hem zyýan etmezdi. Gurbannazara “bolýa” diýdirmegiň özi-de kiçi zat däldi.
“Gowy” diýdigi – onuň çynydyr. Ýüzüňe-gözüňe seredişi-de üýtgeşikdir. Hereketleri-de ap-aýrydyr. Gowy goşgudan soň derrew özüňiň-de goşgy okasy geler. Erbet goşgudan soň dymar. Goşgy hem okasy gelmez. “Okan goşgyňyz erbet, ynha, goşgyny şunuň ýaly ýazmaly” diýen manyda goşgy okamazdy. “Okan goşgyňyz, oňat, ynha, menem birini okap bereýin” diýen manyda okardy. Bu häsiýeti onuň çuňňur edepliliginiň alamatydy.
Gurbannazar Ezizowyň söýgüli şahyrlary Magtymguly, Puşkin, Lermontowdy. Şolar hakynda gürrüň açsaň, onuň ýüz-gözi ýagtylybererdi. Şol üç ägirdi birikdirip, şolaryň sintezinden türkmen poeziýasyny ösdürip bilsedik diýen manyda meniň ýanymda köp gezek ýaňzydypdy. Onuň döredijilik ösüşi şol ugurdan hem gidýärdi. Bu bolsa uly geljekli ösüşiň ugrudy.
Şol ösüş gap-bilinden kesildi. Emma ol hakda entek entekler kän gürrüň ederler.
Ynha ýaz geler. Ýyldyrym çakyp başlar. Çabga ýagar. Şol ýyldyrym, şol çabga hemişe Gurbannazaryň ömrüni hem-de poeziýasyny ýatladar. Ýyldyrym bilen çabganyň ömri gysga wagtlyk bolsa-da, hemişe gaýtalanyp durmak kanuny bar.

1975

Kerim GURBANNEPESOW
"Edebiýat we durmuş" kitabyndan.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 550 | Добавил: Revo | Теги: Kerim Gurbannepesow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Gozellik_  
1006
Şahyr diýip şoňa diýäýseň. Ömri gysgalyga gysgala welin... öz döwründe goşgularny kän okaýan, netijeli baha berýänem ýok ekeni, ana şol gynandyrdy

1
2 Gozellik_  
1006
Ýetireniň üçin köp sagbol. Tüýs gerek bolup durdy Gubannazar Ezizow hakda

1
3 Pegas  
98
Gitdiň. Agladyk.
Şu günem üçüň.
Diýmek, gidenňe
Bolupdyr üç gün.

Üç gün, üçje gün
Ölüm üçin hiç.
Aglarys öýtdük
Kyrkyňa deňiç.

Aglarys öýtdük
Ýylyňa çenli...
Aglamak juda
Kyn bora çemli.

Ýene çaý-nahar,
Ýene-de gülki.
Onsoň gybatam
Ediler, belki.

Aýdyşym ýaly,
Edildi gybat.
Soň şorta söze
Berildi nobat...

Bir sagat ozal
Belläpdik üçüň.
Parhlyrak bolgun,
Günämiz geçgin!

Geçseň-geçmeseň,
Bolşumyz şeýle.
...Gün bolsa eýýäm
Bolupdyr öýle.

Öz öýlesini
Duýanok hiç kim...
Gitdiň. Hoşlaşdyk.
Agladyk üç gün.

Aglarys öýtdük
Üç gün däl, on ýyl.
(Şoňa mynasyp
ýitirlen ogul!)

Aglarys öýtdük
Uzak, uzak, uzak.
Aglamak hakmy?
Aglamazlyk hak?

Ynsaba bagly
Bu garry sowal.
Häzir dymylsyn,
Jogap hökman däl...

Kerim GURBANNEPESOW

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]