10:13

Halypa mugallymyň we alymyň täze kitaby ýa-da bilim bermegiň innowasion usuly

Категория: Hukuk maslahathanasy | Просмотров: 987 | Добавил: Bagabat | Теги: Taganmyrat Goçyýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Hukuk maslahathanasy bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 271 2 »
0
1 Bagabat  
43
Halypa mugallymyň öz şägirtleri bilen bilelikde taýýarlan we 2010-njy ýylda "Ylym" neşirýaty tarapyndan çap edilen okuw-usuly gollanmasy hut durmuşda maşgala gatnaşyklarynda ýüze çykýan dürli näsazlyklary çözmegiň kanunçylyk usullary barada giňişleýin beýan edýär. Şeýle hem maşgala gatnaşyklary çygryndaky dürli durmuşy hadysalary ahlak, durmuşy, hukuk nukdaýnazarlaryndan seljerýär. Olaryň öňüni almagyň ýollaryny nygtaýar. Eger-de maşgala näsazlyklarynyň öňüni almak mümkinçiligi bolmadyk halatynda dartgynly ýagdaýlary düzgünleşdirmegiň hukuk serişdelerini birin-birin açyp görkezýär. Bu zatlaryň ählisi hem, şu makalada bellenip geçilişi ýaly juda sada dilde we aýdyň ýazylýar.

0
2 Kiparis  
135
Nirden okap bolýar ony? Ýöne kitaplarda bir zat, durmuşda düýbünden başga zat bolýar-la. Ine okatmagyň usulyny ýazýalar, pylan hili okatmaly, a o hili okatsaň okuwçylar öz işleri bilen gümra bolşup otyrlar ýa ýatyrlar. Bir ýaşuly mugallym aýdypdy: "ýazylan zatlary diňe ýazgyda ulanyň, durmuşda öz islegiňize görä üýtgediň, esasy okuwçylara bir zat ýetiribilseň bolýar" diýip

0
3 Adamzat  
141
Машгаланы макала билен саклап болмаз))

0
4 Bagabat  
43
@Adamzat, ajaýyp açyş! Nobel baýragyna mynasyp!  biggrin

0
5 Bagabat  
43
Himiýa bilen ýokary matematika boýunça! biggrin

0
6 Bagabat  
43
@Naryň tagamy, elbetde, durmuşda ýazylyşy ýaly hiç haçanam ýöräp bilmersiň, näçe adam bolsa şonça-da dünýägaraýyş bar. Bir klasda 30 okuwçy bolsa, olaryň her haýsy hem bir dünýä. Şol dünýäniň açarjygyny tapmagam mugallymyň işi. Elbetde olaryň käbirlerine açar tapmagam gerek däl. Sebäbi açar tap-tapma, barybir doga düňk bolanyň ese-boýa galandan soňam waňk bolup ýetişýändigini durmuş subut ede-ede gelýär. Ýöne şol otuzyň içinde iň bolmanda ýarysyny gowy adam edip ýetişdirmäge mugallymyň ukyby ýetse, iň bolmanda iki-üç sanysy bolsa hakykatdan-da bilimli, ylymly adam bolup ýetişse, eýýäm uly üstünlik.

0
7 Bagabat  
43
Elbetde, bar aýdylanlar owadan gürrüň ýaly bolup durandyr. Durmuşy düýbünden bilmeýän, adaty ýaşaýşy ýaşap däl-de okap öwreneniň gürrüňi ýalydyram welin, ýöne badyhowalyk ýaly bolup görünse-de eýle tarapyna-da, beýle tarapyna-da seretmek mümkinçiligi boldumyka diýýärin. Ahbetin gelen netijäm hem, her niçigem bolsa şunuň ýaly gollanmalar ýazylmanyndan ýazylsa gowy. Ýüz göterim netije bolsa diňe gonamçylykda bolýar. Sebäbi ol ýerde ýatanlar üçin hiç zat bildirmeýär. Näme etseň keýpiň kelläňde, edeniňe däl diýjegem ýok, janyňdan syzdyryp gepläp (sapak okadyp) otyrkaň telefon oýnap ýa-da uklap ýatjagam...

0
8 Bagabat  
43
Biz döwürde-de "haýwandan çala tezegi üýtgän" diýilýänler bardy, ýöne belli-belli mugallymlaryň sapaklarynda şolaram gyzygýardy. Elbetde, ýene-de ýaňky diýşim ýaly, arrygyňy gynanyňa jinnek degmeýänler hem bar. Näme etjek eşegiň gulagyna ýasyn okap? Eşek üçin parhy nä?!...Şol sebäpli-de her bir ýazylan zady 100 göterimlik ölçegiň nukdaýnazaryndan seljermeli däl-de, durmuşy peýdasynyň barlygy ýa-da ýoklugy nukdaýnazaryndan seljermelimikä diýýärin...

0
9 Bagabat  
43
Mysal, mekdepde mugallymyň gürrüňlerinden täsirlenip, 30 okuwçydan ýekeje okuwçy ökde lukman bolup ýetişdi-de öz ömründe 1000 adamyň janyny halas etdi...Onuň sogabyndan paý ata-enesine ýetişi ýaly, mugallymyna hem ýetermikä diýýärin. Onsoňam mugallyma türkmençilikde ýöne ýere "ylym atasy" diýilýän däldir.

0
10 Bagabat  
43
"Sogap" diýlip atlandyrylýan aglaba köp pragmatikler tarapyndan hyýaly diýlip hasaplanýan gymmatlygyň maddy gymmatlyga ýa-da howpsuzlyga, bela-beteri gaýtaryjy serişdä öwrülýän ýagdaýlaryna-da durmuşda juda köp gabat gelmek bolýar.

0
11 Gumlygelin  
8
Ýigrimi ýyl öñki mugallymlar geçilýän sapagy gaýta-gaýta düşündirerdi.Soñra:Okuwçylar kimde sorag bar -diýip ,gaýta-gaýta soraýardy.
Indiki mugallymlar okuwçy sorag berse berk käýinç berýär.
-Ýañy düşündiremde diñlemeli ekeniñ,diýip.

0
12 Gumlygelin  
8
Mugallym diýlende uçurymda çynym bilen mugallymyma bagyşlap ýazan setirjiklem ýadyma düşýär.

Ilkinji edebi bersede enem,
Şol edepde paýyñ uludyr señem,
Çünki senem meniñ ikinji enem,
Ylym berip,ýola salan mugallym.

Indi beýle mugallymlar azalyp barýar...

0
13 Kiparis  
135
Iki-üç sanysy baram welin, menem göwnüm Kap dagynda. Çynlary bilen sapagy öwrenip, bartnyňam bilimli bolmagyny isleýän. Mugallymlar: " hemme okuwçyny öz ugruňdan äkidibilmersiň" diýýäler welin, men olaryň islendik dersdenem ýetişiklerini barlap ugraýan welin ýene gynanmaly bolýa-da. Onsoň iň bolmanda meň sapagymdan bir bilimli bolsun diýip alada galyp başlaýan ýene. Ýöne mugallymçylyk her kim her kimiň başarjak kärä däl eken. Ejizledýär käte netijeler.

0
14 Gumlygelin  
8
Mekdepde 1-nji çärýek jemlenende 5-nji synp gyzym aglap geldi.Çärýegim durşuna 5 -lik.Diñe Ýaşaýyş-durmuşdan 4-lik diýip.Okan dälsiñ diýsem:
-Bir çärýegiñ dowamynda mugallym bir gezegem sapak soramady,diýýär.Derñäp görsem hakykatdan hem şeýle eken.Bir çärýegiñ gowamynda iki gezek sapaga giripdir.Ol iki gezekde-de sapak soramaga wagty bolman özüçe çärýegi jemläpdir.Ol mugallyma kimdir öýtýäñiz.Mekdep müdüriniñ aýal dogany.

0
15 Kiparis  
135
Bizde soňky wagt ýoň bolan düşünje bar: çagaňy "abraýly" mekdepde okatmak. Şol welaýat derejesinde abraýly mekdepde bolsa Gumlygelin, seň aýdyşyň ýaly edýänler kän. Onuň üçin müdiriň dogany ýa ýene bir garyndaşy bolmak zerurlygam ýok. Bir gezek 4-njy synpda okaýarka gyzymyň depderinden dogrysyny çyzyp düzedilip baha goýlanyny gördüm. Bu näme diýsem, asyl mugallymlarynyň işi köp bolup synpdaky tapawutlanan iki sany okuwça depder barladýan eken, olaňam biri meň gyzym bilen biraz sözi azaşypdyrda ar alaýypdyr. Mugallym okuwçyň barlanynyň netijesinde baha goýup çykypdyr depderlere.

1-15 16-27
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]