10:41

«Hemme zat bolup biler» atly gysga metražly türkmen filmi halkara kinofestiwalyň ýeňijisi boldy

Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 313 | Добавил: Bagabat | Теги: turkmenportal.com | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Teatr we kino sungaty bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Bagabat  
43
Berekella!
Baýragyňyz gutly bolsun, öňünden yzy gür gelsin!
"Ýagşy söz bilen, aýny wagtynda aýdylan arma-da medet, goldaw" diýilýä. Şoň üçin, iň bolmanda, "berekella"-myz bilen "arma"-myzy bir gysganmasak ýagşy...

0
2 Nurdan  
100
Guwandyryjy pursat, begençli duýgy döretdi, , Myrat Molla hem Ýagşy hem zehinli, başarjañ oglanlar, üstünlikleri dowam, yhlaslary rowaçlyklara beslensin, Ýetireniñize sagboluñ, Serdar Aga!

0
3 Ahally24  
1320
Tüweleme, yzy gür bolsun, şeýle begendiriji wakalaryň.

0
4 Nury6119  
1290
Tüweleme, gaty gowy! Höwri köp bolsun! Myrat Mollaýewe hem-de bu filmi döretmäge gatnaşanlara uly üstünlik, işleriniñ elmydama ugruna bolmagyny arzuw edýärin!

0
5 Haweran  
411
Häzirbegjanly gardaşlarda "Aşıq Müşqilat & Dıvır" diýip parodiýaçy aýdymçy bar, günde diñleseñem doýup bolmaýar. Öýkünme aýdymlarynda-da birgiden gündelik durmuşymyzda gabat gelýän sosial problemalara ünsi çekýän jaýdar signallar bar.
Nämüçindir Myrat Molla ikilenç diñledenok, belki, binýadyñ ýoklugy we aýdýan aýdymlarynyñ plagiatlygy, manysyzlygy we halkyñ durmuşy bilen baglanyşygynyñ ýokdugy üçindir. Ýogsa, Myradyň artistlik ukyby Elnur Mahmudowdan (Aşyk Müşkülat) birjigem pes däl. Ýöne hemme zady zehin we ukybam alyp çykmaýan bolarly, häzirki zaman sungatymyzyň öz sesi, öz ýüzi ýok, sungat tankytçylary, teoretikler ýok. Şoň üçinem aýdylýan aýdymlaryň diňe sazyny däl (şama-şaýyrdy sözleri barada-ha aýdybam oturjak däl), şol aýdymlara düşüdilýän kliplerem daşary ýurt klipleriniň epizodlaryny kopirleýärler. (Tankydy nukdaýnazardan seretsek, wagtyňy sarp edip görmäge ýaltanmasak, häzir bu kinofilmden şeýle göçürme sahnalary näçe islesek, tapyp bileris. Çünki şular ýaly şama-şaýyrdylygyň içinde we şeýle şama-şaýyrdylygyň bir wekilinden kämil kino eseri çykar diýseler, men-ä şübhelenerdim. Belki, şübhämde ýalňyşaýyn. Sebäp, kinofilm şowly çykan bolsa, hemmelerden bäşbeter özüm begenjek).
Bu zeýilli aýdymlar, beýleki gysga sahnalar, belki-de, jemgyýetiň esasy bölegi ýaşlardan ybarat gözýetimi dar we telper, sungat teoretikasy nukdaýnazaryndan baha berip bilmeýän, plagiat aýdym-sazlary hakyky aýdym-sazlar hökmünde kabul edýän diňleýjilere ýarap biler. Emma bularyň sungatymyzyň, medeniýetimiziň ösüşine hiç bir jähtden peýdasy-da ýok, itergisi-de. Umuman, goñşy medeniýetler bilen deñeşdirende kämil sungat derejesine çykardan entek kän-kän yzda. Muny elimizi ýüregimiziň üstünde goýup, mertlerçe boýun almak gerek.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]