21:26 Heserli / goşgular | |
DIŇE ŞU WATANDA
Şäher. Gije. Ýaldyraşýan yşyklar Duşýar ýyldyzlara ho:l gözýetimde. Bu görnüşi synlanyňda, arzuwlaň Kök urar hyýalda, tämiz netiňde. Wysalyňy alyp gelen aý-ýyllar Sada durmuşyňy has-da gyzykdy:r. Birleşer owadan şaýollar bilen Aýaňdaky syrdan doly çyzyklar. Şaýat borsuň millionlaryň biri deý, Bolýan, görýän zatlaň düýşüň däldigne. Iň şowly ykbala, iň gözel bagta Diňe şu Watanda duşulýandygna. ■ BEDEW Ýyldyrym deý juda ýyndam, Aýlawlary baglar gider. Gadamy ot, bili gyldan, Göwünleri çaglar gider. Gözelligňe haýran dünýä, Sen-sen bedewleň naýbaşy. Gözleňde behişt görünýä, Eý, Göroglynyň gardaşy. Galgaýar ýüpek ýallaryň, Bagtyýar döwrüň badyna. Beze, şöhratly ýollary, Şan goşup Watan adyna. Syn et, türkmeniň düzüne Asuda, päk asmanyna. Gulak goý, her bir sözüne, Aýdymyna, dessanyna. Kalbymyza aýlan, bedew, Tarypyň arşy boýlaýar. Şaýlan bedew, saýlan bedew, Arkadagym toý toýlaýar. ■ ÝAGYŞ ÝAGANDA Indi bu şähere däl men nätanyş, Onuň saçagynda rysgalym, nanym. Ýöne asman gürläp, ýaganda ýagyş, Küýseýärin gujagyny obamyň. Häzir gydyrdanyp ýörendir käbäm, Tamdyr-ojagyny gorap ýagyşdan. Çopan getirýändir sürüsin obaň, Kakam bolsa mallaryny daňyşdy:r. Ternawyň suwundan dörän kölçede Ýüzýändir çagalaň kagyz gaýygy. Çaň-tozandan halas bolan köçeden, Çekilendir pyýadalaň aýagy. Horaşaja üçegmizden gelýändir Ekdi gögerçinleň täsin gur-gury. Bu howsala asla sebäpsiz däldir, Görmedim men olar deýin duýgury. Ürküzensoň dabarasy damjalaň, Bir tarapdan bezzataryň kemany, Diýýändirler: «Bizi sowuk penjeden Goraglan gyz nirde, Niçikkä haly?». Bilýän däldir olar özleri hakda Şol gözeliň ne hyýallar gurýanyn. Penjiräň öňünde, 12-nji gatda, Jaýlaň üçegine garap durýanyn. Hem-de köne dostlarynyň zaryny Çekdigiçe alýandygny güýç-kuwwat. Doly bilmeýärler entek baryny — Çorluja elleriň bolanny duw-ak. ...Şu şäherde gözel günleň dowamy, Şonuň üçin däl biz asla nätanyş. Ýöne küýseýärin eziz obamy, Asman joşa gelip, ýaganda ýagyş. ■ ÝAGYŞ Bir düşnüksiz howsalasy bar ýaly, Indi ençe gündür ýagýar ol diňmän. Ýa derde sataşdy, Ýa-da ýüregne Yşkdan uçgun düşdi gözi deý iňňäň. Ýagyş ýagýar suw-sil edip ýollary, Kimleň şähdi açyk, kimler darygýar. Näçe adam öýlerine howluksa Ýene-de şonçasy daşaryk çykýar. Her kimiň kalbynda çäksiz tolgunma, Hoş sözler aýdylýar, ötülýär hata. Saýawanly gyzjagazny göterip Han-ha gidip barýar nowjuwan ata. Jemläp bir damjada müňlerçe syry Ýagyş bagt paýlaýar töwerek-daşa. Häzir bir-biregi küýsän aşyklaň Duşuşygy has lezzetli, başgaça. Ýagýar hetden aşyp, Sygman adata, Bu howsala ýönekeý däl, kiçem däl. Mazaly ezilen baglar Gün çyksa, Ýagşyň hikmetini dünýä güjeňlär. ■ HESERLI (Halky äheňinde) Synamda yşkyň jerhedi, Bilmen, bu ne hal heserli. Bir mütdet karar bermedi, Ýüregim bimar heserli. Owal bilmen işbu derdi, Gül görküni dide gördi, Ne galdyrdy, ne öltürdi, Şo:l gözel nigar heserli. Göze ilmes dünýä maly, Diýmäňler: «Bar eken ýary», Zary men, bir şonuň zary, Ýetişsin didar heserli. Zulum etmegeý janyma, Sallanyp gelse ýanyma, Zenehdanynyň halyna Teşne göwün zar heserli. Bu ne yşkdyr, bu ne söwda, Barmy munda zerre peýda? Bizni geda, özüni şa Eýlän gyza ýar heserli. ■ GÖRMÜŞEM Hoş hyýaly beslän, oglan, Aramyzda ýol görmüşem. Ak bagtymy islän, oglan, Sende yşkdan hal görmüşem. Hemme hyrydardyr merde, Ýan, oduna köňül ber-de, Kalp aýnasy — didelerde Bir jöwheri-päl görmüşem. Geçýär günler hatar-hatar, Gel, ýaýdanma, ähdiň gutar, Gara ýeriň pähmin tutan Paýhas düri kän görmüşem. Ylham şährin geze-geze, Toprak-tozun sürtüp göze, Hany-manyn şirin söze Pida eýlän jan görmüşem. Kim tapsa öz göwündeşin Belent tutar mydam başyn. Eginlerde döwlet guşun — Ykbalda döwran görmüşem. Gurbanjemal ANNAKOWA. | |
|
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |