20:01

Hojanyýaz seýis

HOJANYÝAZ SEÝIS

■ Gepbaşy deregine

Nesibäm çekip, 1993-nji ýylda dädem Araztagan Tagangylyç ogly bilen Eýran döwletine görme-görşe gitdik. Elbetde, bu ülkämiziñ garaşsyzlyk gazanmagy bilen hasyl bolan zat. Şonda doganoglanlarymyz bilen görüşüpdik, mukaddes ýerlerde zyýaratda bolupdyk. Bendertürkmen şäherinde at çapyşyk bolýandygyny eşidip, şol ýere bardyk. Biz belent bir diñiñ üstüne çykyp, at çapyşygyna tomaşa etdik. Ýaryşa goşulan bedewler owadanlygy, ýyndamlygy bilen biri-birinden kem galarly däldi. Ana, birdenem gyr bedew öñe saýlanyp başlady. Biziñ öñ ýanymyzda duran gür sakgally ýaşuly elindäki taýagyna söýenip, ýyldyrym kimin süýnüp barýan bedewi synlap: "Gaýraly Hojanyýaz Warrygyñ aty bol-a" diýip içki duýgusyny daşyna çykardy. Ýaşulynyñ sözüne üns beren bolmady. Uly aýlaw tamanlandy. Ýañky gyr bedew uly baýragy aldy. Men ýaşula golaý baryp, Hojanyýaz Warryk barada soradym. Sebäbi ol maña tanyşdy. Eýranly ýaşuly onuñ bilen ençeme gezek duz-emek bolan eken. Şondan soñ men Hojanyýaz aganyñ ykbaly bilen gyzyklanyp ugradym. Uzak gözleglerden soñ, ol baradaky maglumatlaryñ birnäçesini topladym.

■ Hojanyýaz Warryk kim?

Hojanyýaz Warryk Etrek, Gürgen sebitlerinde önüp-ösüpdir, şol ýerlerde hem ol belli seýis hökmünde tanalypdyr.
Hojanyýazyñ dädesine Gara Täşli diýer ekenler. Olar ilki Gazanjygyñ Akjaguýma obasynda ýaşapdyrlar. Sakawy taýpasyndan bolan Gara Täşli ýedi ýaşyndan başlap türkmeniñ uçar ganaty bolan bedewleri özüne hemra edinipdir. Çagalykdan at münüp, ony seýislemegi, çapmagy öwrenen Gara aga soñ-soñlar belli seýislige ýetişipdir. Gara aganyñ Hojanyýaz Warrykdan başga Aba, Teke, Garaja diýen ogullary bolupdyr. Olar dürli hünärlerden baş çykarypdyrlar. Olaryñ nebereleri häzir Gazanjyk, Etrek, Gürgen sebitlerinde ýaşaýarlar.
Hojanyýaz 8-10 ýaşlarynda dädesi Gara Täşlinim seýislän atlaryny uly aýlawlarda çapypdyr. Etrek, Gürgen sebitlerinde geçirilýän at çapyşyklardan Hojanyýaz galmaz eken. Ol heniz oglan wagty dädesi bilen Eýranyñ Kümüşdepe diýen obasynda bolan at çapyşyga barýar. Ýaryş başlanýar. Hojanyýazyñ seýsi ýetirilen gyr aty hem şol ýaryşa goşulýar. Dokuzynjy aýlawda ýaryşa sekiz atdan ikisi öñe saýlanýar. Şolaryñ biri Hojanyýazyñ gyr aty eken. Iñ soñky aýlawda gyr bedew beýlekilerden ep-esli arany açyp, pellehana ilki gelipdir. Kesesinden synlap duran Gara seýis Hojanyýazyñ at çapyşyna göwni ýetip, onuñ ýanyna barýar. Baýragy ýüzüne sylýar. Synçy bolmagyny ýatsa-tursa öwredip ýören Gara ogluna garap:
- Oglum, ýañky bäsleşen Bendertürkmeniñ atyny ýagşy synlansyñ, hany aýt bakaly, atyñ näme ýetmezi bar? - diýip soraýar.
- Däde, atyñ seýs-ä ýetirilipdir weli, onuñ ýetmezi içindäki ýyl aşan gaty tezek bolaýmasa - diýip, ol göwnemakul jogap beripdir. Gara aganyñ oglunyñ synçylygyna göwni ýetýär.
Hojanyýaz ýaş wagty Warryk lakamyny alýar. Hojanyýaz Warryk 1853-nji ýylda dünýä inip, 1935-nji ýylda 82 ýaşynda aradan çykypdyr. Onuñ Abdylla, Seýidylla, Ganýokmaz, Köçek diýen ogullary bolupdyr. Abdyllanyñ çagalary häzir Esenguly etrabynyñ Garadegiş obasynda, Seýidyllanyñ çagalary Eýranda, Ganýokmazyñ çagalary Gyzyletrek etrabynyñ Akýaýla obasynda ýaşaýarlar. Körpeleri Köçekden nesil galmandyr.

■ Eýrandaky üstünlik

Ýaşy birçene ýetensoñ Gara Täşli seýisçiligi Hojanyýaza ynanýar. Hojanyýaz ýuwaş-ýuwaşdan seýisçilik edip ugrapdyr. Onuñ at-owazasy diñe bir Gazanjyk, Etrek sebitlerinde däl, eýsem Eýrana hem dolupdyr.
Hojanyýaz seýis il-günüñ atyny hem seýisläp berýän eken. Onuñ seýislän atlarynyñ ählisi baýrakly geler ekenler.
Bir gezek Eýranda Ryza şanyñ şanyna uly toý tutulypdyr. Şeýle toý her ýyl geçirilýän eken. Şol ýyl gojaman Hazaryñ boýunda, Bendertürkmende geçirilipdir. Hojanyýazyñ aganyñ seýislän Aranparsy, Temek diýen atlary hem bu ýaryşa getirilipdir.
Iñ uly on aýlawa 10 at goşulypdyr. Şolaryñ arasynda Aranparsy hem bar eken. Şa öz wezir-wekilleri bilen atlara syn salyp durupdyr. Alty aýlaw geçilenden soñ, Aranparsy barha öñe saýlanypdyr. Sekizinji aýlawda ol eýýäm bir aýlaw öñe çykypdyr. Beýleki atlar ýañy soñky aýlawa başlanda, Aranparsy eýýäm pellehana gelipdir. Bu zatlary synlap oturan Ryza şa Hojanyýaz seýse sylag-serpaý ýapypdyr. Şol taýda Hojanyýazyñ seýislän Temek atly aty hem baýrak alypdyr.
Eýranda, onda-da Ryza şanyñ toýunda gazanylan bu üstünlik Hojanyýaz seýse at-abraý getiripdir.

■ Ryza şanyñ gazaby

Hojanyýaz aganyñ seýislän atlarynyñ öz toýunda uly baýragy almagy Ryza şany biparh goýmandyr. Ol özüniñ hem ýyndam atynyñ bolmagyny isläpdir. Bu barada wezir-wekillerine buýruk beripdir. Buýrugy alan Muhsa han Hojanyýaz agany tapyp, oña şanyñ islegini aýdýar. Onda Hojanyýaz seýis:
- Ryza şa ýyndam bedew gerekmi ýa-da owadan at? - diýip soraýar.
Şanyñ ýyndam at isleýändigini Muhsa han Hojanyýaz seýse düşündirýär. Hojanyýaz aga bolsa Muhsa hana bir ýabyny berip goýberýär. Özi üçin getirilen bu ýaba gözi düşen Ryza şa dergazap bolýar. Muhsa hana garap:
- Muhsa han, şol seýse bar-da aýt, ýene-de kyrk günden uly at çapyşygy boljak. Maña şol çapyşykda baýrak alyp biljek at ibersin - diýip buýruk berýär.
Şanyñ nökerleri gelip, Hojanyýaz seýse bolan wakany aýdyp, ýabyny hem onuñ işiginde dañýarlar.
- Muhsa han, Ryza şanyñ isleýän atyny, nesip bolsa, men çapgy güni eltip bererin - diýip, Hojanyýaz seýis olary ýola salýar. Hojanyýaz bary-ýogy kyrk günüñ içinde ýañky ýabyny gowy edip seýisläp, at çapyşygy boljak ýere eltýär. Şanyñ nökerleri Ryza şanyñ ýanyna baryp, Hojanyýazyñ aty getirendigini habar berýärler. Şa gelip görse, öñünde şol öñki ýaby dur. Şanyñ keýpine sogan dogralýar. Ýaryş başlanýar. Şanyñ aty diýlen ýañky ýaby hem ýaryşa goşulýar. On iki aýlawda Ryza şanyñ aty uly baýragy alýar. Muña hoş bolan Ryza şa Hojanyýaz aganyñ hakyky seýisdigine ýüregi bilen ynanýar. Oña sylag-serpaý ýapýar.

■ Seýisleriñ seýsi

Günlerde bir gün uly at çapyşyk wagty Türkmensähranyñ belli seýsi Arazmeñli Hajy Hojanyýaz aga duşýar. Özüniñ münüp ýören atynu näçe seýislese-de, abraý getirmeýändigini aýdýar. Bu işde Hojanyýaz aganyñ kömek etmegini soraýar. Köpi gören seýis atyñ daşyndan bir aýlanyp, onuñ owurdyny owkalaýar. At janawar tisginip gidýär. Hojanyýaz aga atyñ öñünde bir jam çaýry goýup, agzyny açýar. Elindäki biz-temek bilen dişleriniñ köküni dörüp, ganadýar. Atyñ dişleriniñ düýbünden akan gany bolsa, ýañky çaýyr bilen garyşdyryp, şol ata berýär. Bu emi köpler geñleýär. Ýöne şol günki ýaryşda Arazmeñli Hajynyñ aty baýrak alypdyr. Şol at ençeme ýyllap öñdeligi sypdyrmandyr. Şondan soñra özüne göwni ýetip ýören Arazmeñli Hajy Hojanyýaz seýse ýüregi bilen ynanypdyr. Onuñ bilen mydam maslahatlaşypdyr.

■ Seýsiñ seýis agtygy

Başda belläp geçişimiz ýaly, Hojanyýaz seýsiñ dört ogly bolupdyr. Olaryñ iñ ulusyna Abdylla diýipdirler. Abdyllanyñ ogly Haýdarguly aga häzir Esenguly etrabynyñ Garadegiş obasynda ýaşaýar. Ol ençeme ýyl kolhozda işlän adam. Häzir hormatly dynç alyşda. Ir döwürlerde kolhozda 10-15 at bolupdyr. Ol şol atlara ideg edipdir.
- Agamyz Ganýokmaz hem seýisçilik ederdi. Onuñ seýisleýän atyny bolsa ýaryşlarda men çapardym. 1935-nji ýylda Baýrammämmet ýolmanyñ aty bilen maña Moskwa, atly ýörişe gitmeli diýdiler. Käbir sebäplere görä men ol at bilen Moskwa gidip bilmedim. Onsoñ ol aty aşgabatly bir adam münüp gidipdir
Haýdarguly aga ömrüniñ köpüsini seýisçilik bilen geçiren adam. Ol Beýik Watançylyk urşunda bolup, Kursk, Ukraina ftontlarynda söweşipdir.

Muhammet TAGANGYLYJOW.
Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 448 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Muhammet Tagangylyjow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy şahslar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]