11:41

Iki dürli dünýä: Ylym we din

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 274 | Добавил: Gökböri | Теги: Tewfik Seýf | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Injener  
1
Dogrymy aýtsam, hiç zada düşünmedim, belki awtor başga ýurtly bolansoňdyr?

0
2 yaran_yagmur_9  
1578
Bu ýerde dini ylymlar bilen dünýewi ylymlaryň tapawuty seljerilip, dini ylymlaryň çäkli, üýtgewsiz galýandygyndan zeýrenilýär.
Meselem, dini dogmalar dünýäni kämil ýaradylan, kyýamata çenli üýtgewsiz hasap edýärler. Ewolýusiýa, ekologiýa, klimatik üýtgeşmeler diýen problemalar din ylymlarynda göz öňünde tutulmadyk.
Biziň atalarymyz bolan nesil namaz okamasa-da halalhondy, diniň düşündirişi boýunça ýaşadylar. Onuň üçin "Allanyň beren rysgaly, bize bolsa buýruk" diýip, ýüzlerçe gektar ýerleriň otlaryny ýygyp, tutuş etraplary çölleşdirdiler. Tehnologiýanyň ösen döwründe beýtmegiň ekologik taýdan howplylygy dinde aýdylmandyr, olar bolsa munuň dine, diýmek ahlaga hem laýykdygyny düşünýärdiler.
Häzirem deňiz ýakasynyň ilaty balyklary çäksiz awlamagyň nähakdygyna düşünmeýärler. "Alla balyklary tutmak üçin beripdir, galany biziň işimiz däl, bar zady ýeterlik berip, onsoň awlamagy buýrandyr" diýýärler. Ýüz müňlerçe tonnalyk balyk tutýan tehnikalaryň peýda boljagy dini buýruklarda göz öňünde tutulmadyk bolardy. Şeýdip, tebigy serişdeleriň soňuna çykylyp, dünýä krizise barýar, emma din muny görenok, çünki onda beýle zatlar göz öňünde tutulmandyr. Ylym welin howsala zaňyny urýar. Hany din bilen ylmyň we dünýäniň sazlaşygy?

0
5 dovletmyratnurmedov  
496
Dünýäde üç sany uly din bar. Pikirimçe ýokarky makala Yslam dini barada ýazylypdyr. Ýagny, ylym bilen din aýry zat diýjek bolýamy näme. Makala doly düşünip bilmedim. Beýleki dinler özleriniň mukaddes hasaplaýan kitaplaryndaky ýazylan zatlara özlerem ynanyp baranoklar. Şol sebäpden dinlerini öz isleýişleri ýaly üýtgedip ýaşaýalar. Diňe Yslam dini üýtgänok we üýtgemezem. Yslam dininiň çeşmesi Kurany Kerim we Pyhamberimiziň adatlary (sünnetleri). Şol ýerde seniň agzan problemalaryň hemmesine çözgüt bar. Ýöne adamlar amal etmeýän bolsa, muňada Yslam dini günäkär däl.

0
3 sylapberdimuhamov  
1428
Aslynda bu zatlar dinde isrip- haram diýilýär.

0
4 yaran_yagmur_9  
1578
Dogry, ýöne yslamdaky "isrip-haram" buýrugy bu diniň ündewinde, medeniýetinde we etikasynda uly orun alan ýörelge däl ýaly. Durmuş (бытовой) derejesinde bir ündew. Häzir tygşytçyl "ýaşyl" ykdysadyýet döwlet we dünýä derejesinde wajyp ähmiýete eýe bolup barýar, başga çykalga hem ýok. Emma bu planetar meseläniň dinde öz üýtgeşik beýanyny tapandygyny göremzok. Yslamyň gün tertibinde bu goýlanok. Diýmek, dünýewi ylymlar dünýä ýagdaýlaryna görä ugruny dinamik üýtgetseler hem dini ylymlar özleriniň gadymkyja meseleleri bilen gümra

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]