16:14

Iň gerekli adam / hekaýa

Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 346 | Добавил: Lebaply4751 | Теги: Agageldi Italmazow | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Çagalar edebiýaty bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 12
0
1 yaran_yagmur_9  
1578
Gaty şüwlümli gürrüň berýärsiňiz. Eli ýeňil hekaýaçy ekeniňiz. Güneşlije bir dünýäsini çekipsiňiz mekdep çagalygynyň. Gumanizme hem ýugrupsyňyz ep-eslije, zähmetkeş zenany arşa galdyryp. Bolýar, sag boluň.

0
5 Lebaply4751  
1389
Köp sag boluň!

0
2 Bagabat  
43
Mähirli hekaýa.
Tüweleme.
Höwri köp bolsun.
Hezil edip okadym.

0
6 Lebaply4751  
1389
Köp sag boluň! Şeýle bolsun-da!

0
3 yaran_yagmur_9  
1578
Dogrudanam, hekaýa çaga akwareli bilen çekilen surat ýaly. Özem onda gara boýag ýok. Hatda "Çynaryň ejesiniň" näsaglaýan hasratly ýeri hem ýagty reňkde, çünki ol çagalaryň çirksiz gussasyna boýalan. Çagalar "indi nädip günümizi görerkäk" diýip gaýga galýarlar. Çünki süpüriji aýalyň, goý, näçe yhlas bilen etse-de, barybir zähmet borjy bolup durýan işlerini olar şahsy ýagşylyk hökmünde kabul edýärler we onuň şahsyýetindäki pula alyp bolmajak sypatlary görmegi we sarpalamagy başarýarlar. Bu çagalardaky ulularda bolmaýan, sebäbi soň köplenç ýitirilýän ajaýyp ukyp. "Durmuşa düşünen", ýüregi kesmekläp giden ulularyň gözünde bolsa ol "bir süpüriji-laý". "Elbetde, eder, etmän gitjek ýeri niremiş, wezipe borjy ahyryn o zatlar". Ulalandan soň süpüriji ata-enesi sebäpli utamjak perzentlerem ýok däldir.

Hekaýada entek ol bulutlar ýok. Häzir "Çynaryň ejesi - deňsiz-taýsyz daýza". Ejesiniň "lowurdysyndan" Çynar gyza-da ep-esli "ýalkym" düşýär. Bujagaz sadaja dünýäde "Bu bäşlikçi gyzyň ejesine" ýaranmak üçin bäsleşýän maňkalyja "giýewler" kalbyňda ýylgyryş döredýär. We biraz hasrat: her niçigem bolsa - ýitirilýän dünýä...

0
7 Lebaply4751  
1389
Hekaýanyň aslynda ulular üçin ýazylandygyny görüp bilipsiňiz.

0
4 Shapak_A9602  
1502
Ulularyñ köpüsi äsgermeýärem tam süpürijini. Hatda mekdepde işleýän mugallymlaryñam käbiri, olara dagy ylymly diýjeksiñ, şolaryñ hem tam süpürijileri äsgermeýändigine janly şaýat boldum.

0
8 Lebaply4751  
1389
Dogry. Şonuň üçin hem ulularyň çagalardan öwrenmeli zatlary gaty kän.

0
9 Babay  
1481
Jemleme ajaýyp bolupdyr. Hemmäniň adyndan belli bir netijä gelinmän, tutan ýerinden kesilmän, okyja top atýan, "Men-ä şeýle diýip pikir edýän, sen nähili pikir edýäň?" diýip, iň soňunda okyjanam hekaýanyň bir parçasyna öwürýän jemleme. Çeperçiligem gowy. Ona aýtmak hem zerur däldir.
Hekaýanyň guýyly ýerini okap otyrkam, öz mekdep guýymyz göz öňeme geldi. Bedresi elmydam gapagynyň üstünde-di, suw içjek wagtymyz ýa-da el-aýagymyzy ýuwjak wagtymyz şondan suw çekip alardyk. Guýynyň beýikligem ýerden bolsa 40-50 sm-dir. Diýjek bolýanym, guýynyň iç-ä ýadyma düşenok, emma, daşy elmydam okuwçylaryň üýşüp durýan ýeri bolansoň, kagyz galyndylary, köke-süýjileň daşlary, dürli klýonka galyndylary hemem guýydan suw çekilip el-aýak ýuwulansoň guýynyň daş-töweregi laý, batga, palçyk. Garaz, arassaja, tämiz däldi-dä. Içe hem şeýledimikä diýip güman edýän. Diýjek bolýanym şolar ýaly ýaramaz şertli guýydan poçti on ýyl suw içip, bize hiç zat bolmadygyna geň galýan. Ýa-da bolsa-da bolandyr, biz bilýän däldiris.
Hekaýanyň guýyly temasyndan öz mekdep guýymyza akyp geçdi pikirim, ondanam mekdep tualetimize. Oňa gürrüňinem edip oturjak däl. Ýöne, otyryp ýatlasaň, biziňem baş alyp çykan kynçylyklarymyz köp eken. :)

0
10 yaran_yagmur_9  
1578
Şony kadaly hasap edensiňiz.

Ol wagt iýmitiň köpüsi natural bolansoň organizmiň kesele garşylyk görkezijiligi güýçlüdir.

Häzir çagalar esasan gaýtadan işlenen, emeli ýol bilen alnan önümleri iýýärler, hereketleri az, tebigatda seýrek bolýarlar.

Şonuň üçinem olaryň indi beýle guýulardan suw içmeýänine şükür etmeli. Bulara täsiri başga bolardy.

0
11 yaran_yagmur_9  
1578
Häzir yzagalak ýurtlarda, meselem, Afrikada mekdeplerde esasan aşagy çukurly ýönekeý hajathanalar ulanylýar. Şoňa ýykylyp ölýän çagalaram bolýar her ýyl. Çaganyň bir eli görnüp ýatyr, çekip çykarsalar, nejasatda demigip ölüpdir. Bu ýurtlara bu ugurdan maksatlaýyn serişde sadaka edýän halkara ynsanperwer gaznalaram bar.

Indi aýdyň: haýsy döwlet beýik? Özi kiçijigem bolsa öz okuwçy çagalary üçin lagym ulgamly naharhana, akýan ýyly suw, mugt süýt, nahar üpjün edýän "güýçsüzje" döwletlermi ýa-da täze-täze ýerlere höküm etmäge ymtylýan, häli biriniň buýsanç bilen aýdyşy ýaly, "dünýäde imperiýa diýip ykrar edilen", emma ilatynyň 70 göterimi lagym ulgamsyz, çukurly agaç hajathanalar bilen oňýan, emma halklara nähili ýaşamalydygyny öwretjek bolýan döwletleriň?

Meniň pikirimçe, döwlet "imperiýa" bolmasyn, emma zenanlary we çagalary lüýk bolup ýatan hajathanalary ulanman, lowurdap duran ýerlere girsinler, ine, şonda ol döwlet - beýik, gaýratly, zor döwlet boldygy.

Her ýurt parahatçylyk bilen, diňe öz halkynyň bähbidini oýlap össe, bolunman durjak zat däl.

Ýok, "men diňe imperiýa bolup ýaşap bilýärin, hallklary täzeden tabyn etjek" diýip dyzasaň, olam bir ýol. Ýöne öňküje günüňi tapaýsaň ýagşy.

0
12 Haweran  
411
Agageldi, çykyşlaryñy seýrekledýäñ.
Saýtda köp çykyş etmegiñi isleýän awtorlarymdansyñyz.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]