00:49 Diýarym | |
DIÝARYM
Düzleriň tenekar, daglaryň derman, Derýalaryň aby-köwser, Diýarym. Güýzleriňde arşdan seçilen zer bar, Ýazlaryň bar – ýaşyl öwsen, Diýarym. Neneň döremesin buýsançly goşgy?! Sen ylhamyň öýi, joşgunyň köşgi. Has beter joş alar ýüregmiň yşgy, Seni näçe-näçe söýsem, Diýarym. Mekanmyň sen bag Eremde ýetişen, Mukammyň sen bagt bilen gatyşan? Senli bolmak – iň ullakan utuşym, Maňa iň gymmatly öý sen, Diýarym. Baharlaň oýanar sesine durnaň, Tomsuň gyzgyn mähri kalplara ornar. Güýzleňde ykbala ýakylan şem bar, Ak gyşyň – ak bagtym, bilseň, Diýarym. Sensizlikde ömür diýilýän zadyň Bolmaz eken asla tagamam, dadam. Ýüregmiň üstünde görersiň adyň Eger çep gursagmy dilseň, Diýarym. | |
|
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |