18:05 Ömrümiñ manysy bolmaly zenan | |
"ÖMRÜMIÑ MANYSY BOLMALY ZENAN..."
Goşgular
![]() Ömrümiň manysy bolmaly zenan, Deňziň kenarynda ýalňyz gezip ýör. Säherler asmana ýazylsa duman, Armanyny ap-ak çägä ýazyp ýör. Adamlaň şowhuny parhyna däl oň, Ünsüni bölenok çaga gülküsi, Ýogsa menden başga derdi hem kän oň, Ýetik aladasy, gaýgy-ünjüsi. Emma bir gyrada özüni saklap, Tolkunlara bakyp gözlerin süzýär. Hyýalynda şol oglany gujaklap, Ajy ýaşlar bilen çekmeýär azar. A kenarda goýalyşyp ak duman, Ýitip barýar bir ömrüme deñ zenan. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |