22:29

Iňňäniñ gözünden düýe geçende...

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 662 | Добавил: Injener | Теги: Rahman Zulfikarow | Рейтинг: 4.6/5
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 17
0
1 Azat_Nurgeldi  
283
Ynam bu sözüň özünde ullakan gudrat bar. Ynam köp bela beterleri gaýtaryp bilýan güýç. Ynam daş töweregiňdäki bolup geçýän hadysalary öz peýdaňa ( bu söze dogry düşünmegiňize umyt baglaýan) çözülmegine ätlän ädimiň. Ynamyň bar ýerinde umyt bar. Ynamyň ýok ýerinde umydam ýok, söýgem ýok, adalatam ýok, arkaýynçylygam ýok .... garaz hiç zat ýok. Ynam şu günüňe söýgi ,ertiňe umyt döredýän duýgy.

0
2 Injener  
1
Bir zat ýazsam köp okalýanyny bilýän, ýöne hiç kim aňsat aňsat tesfir ýazanok, şol tarapy gynandyrýar...;)

0
3 Perhatsabirovv  
302
Köp agzalar ýaş bolanlygy sebäpli pikir ýöreder kiçilik edýär

0
12 Azat_Nurgeldi  
283
Şu gezegä teswirden nägile bolan dälsiň.:-)

0
4 Adalat27  
1618
"Ylym kitap köp okasaň gözleriň kütelýär, çeper edebiýat köp okasaň gözleriň ýitelýär."
Pikirlendirýär...

0
5 Gurgencli  
324
Ýöne iň esasy zat ynamy nädip döredip bolýar? 18-19 ýaşlarymda ynam bilen bagly ýadymda galan waka.
Tebigy aryň balyny her gün açöze süýt bilen içseň ganyňy köpeldýär diýdiler, bir hepde içdim. Allergiýama erbet täsir etdi, arkama gijilewük ördi, gijilewügi söz bilen düşündirer ýaly däl gaty erbet. Dermahana bardym, düşündirdim elime 5 manatlyk derman tutdurdy, şuny iç kömek eder diýip. Çagalygymdan ejem, dädem dermanyň kömek etjegine, şypa boljagyna ynanmasaň dermanam kömek edenok diýýärdi. Her sapar dermany içenimde şonuň şypa boljagyna özümi mejburlap ynandyrmakçy bolýan, her tabletkany içenimde-de üç sapar "em bolgaý" diýip dileg edýän. Ýöne içimde bir ses "özi 5je manatlyk derman heýem bu kömek edermi" diýýär. Gysgasy ýaňky derman kömek etmedi, gijilewük aýrylmady.
Soňra ýene-de ýaňky dermanhana bardym öňki beren dermanyň kömek etmedi diýdim. Bu gezek elime 20 manatlyk derman berdi. Munuň kömek etjekdigine mende ynam döredi, çyndanam kömek etdi, gijilewükden halas boldum. Şondan bäri tebigy aryň balyna ýakynlaşmaýan boldum.

0
6 Injener  
1
Ynamy döretmek üçin diňe Hudaýa döredip ber diýäýmeseň başga wariýant ýok. Süleýman Pygamberiň Hudaýdan bir zat diläp, yz ýanyndanam dilän zady üçin minnetdarlyk duýgusynam dileýşi ýaly.

0
7 yaran_yagmur_9  
1578
Adam jennete girmek üçin GUDRATA ynanmaly. Gudrata ynanmak üçin bolsa IMAN bolmaly.
Häzirki döwürde gudrat seýrek görülýär, belki asla görülmeýär. Öňki zamanlarda hem ol seýrek duş gelipdir.
Sebäbi IMAN umuman seýrek görlen, häzirki döwürde bolsa, belki, düýbünden ýok zat.
Imanyň köki Allatagala şertsiz-sowalsyz teslim bolmak. Her hili ýagdaý bolanda-da Allatagalanyň Halykdygyna (hemme zady ýaradandygyna), Kadyrdygyna (hemme zada güýjüniň ýetýändigine) we Adyldygyna (hemme zatda adalatlydygyna) ynanmak.
Emma bulary kabul etselerem, adamlaryň arasynda bu hakykatlara çyndan uýýanlar az-az, belki asla ýok, şonuň üçinem gudratam ýok.
Allatagalanyň Halykdygyny (hemme zady ýaradandygyny) ertekileriň başynda aýdylýan şu jümle has gowy suratlandyrýar: “Bir bar eken, bir ýok eken, bir wagtlar Allatagaladan başga hiç zat ýok eken”. Emma indi gözüňizi ýumup, şol ýagdaýy göz öňüne getirjek bolup görüň: entek hiç hili jisim-ä däl, howa hem ýok (howa hem jisim), energiýa hem ýok, giňişligem, wagtam ýok (olary soň Alla ýaratmaly), hatda boşlugam ýok (jisim bolmasa boşluk bolmaz). Allatagala bar, emma ol lamekan, ýagny ýeri ýok.
Adamyň aň-paýhasy hem, hyýaly hem beýle zady göz öňüne getirmäge, garbamaga ukyply däl. Çünki adamdaky pikir-paýhas we hyýal ukyplary adama daşky dünýäde ugur almak, tebigaty we dünýäni özleşdirmek, umuman, öz ýaşaýşyny üpjün etmek üçin niýetlenen gurallar. Olar adamy imana getirmeýär. Adamy pygamberleriň mukaddes kelamlarynda getirýän dinine ynandyrýan güýç – kalpdaky iman. Ol hem Allatagala ýalkap berse nesip edýär. Adama bu ugurda hiç zat bagly däl. Ol ýa öňden ýalkanan adam, ýa-da iman berilmedik betbagt.
Allatagalanyň Kadyrdygyna (hemme zada güýjüniň ýetýändigine) we Adyldygyna (hemme zatda adalatlydygyna) ynanmak hem gaty kyn, köplenç mümkin bolmaýan zat. Dünýäde görýän reallyklarymyz munuň garşylygyny görkezýär. Allatagala ynanmaýan, ony inkär edýän jemagatlar (ABŞ, Ysraýyl...) güýç-kuwwata, üstünlige we dabara beslenýärler, musulmanlar bolsa hemme taraplaýyn iflas. Onda şu ikisinden biri: 1) Allatagala adyl, emma kadyr däl (güýji ýetenok); 2) Allatagala kadyr, emma adyl däl (adalaty ýok).

0
8 yaran_yagmur_9  
1578
Allatagala iman getirmek üçin şu hili ynsan paýhasyna mahsus pikir ýöretmelerden ýokary çykyp, Oňa diňe uýmaly. Şonda gudratam, belki, bolar, emma muňa ukyply adamlar häzir ýok bolsa gerek. Olar köpden bäri ýok. Geçen müňýyllykda eýýäm ýokdy öýdýän.
Meselem, ýokarky getiren dilemmamyzdan (“Kadyr dälmi ýa-da adyl dälmi”) adamlar nähili çykalga tapypdyrlar? Tapan çykalgalary yslama ters gelýär: induizmden we gadymy grek pagan dininden alnan. Nämemiş: Allatagaladan öň we häzirem PELEK diýilýän güýç dünýäni dolandyrýarmyş. Ähli adalatsyzlyklar Allatagala bagly bolmadyk we ondan üstün şol güýjüň erki bilen bolup geçýärmiş (“pelek işi” diýilýäni). Mysalmy? Magtymgulynyň we beýleki şahyrlarymyzyň diwanlarynydan beýle ynanjyň ýüzlerçe mysallaryny taparsyňyz.
Ine, iman diýilýän zat bolsa şol hili çykalglary talap edmeýär. Allatagalany “aklamak” (estagfyralla) üçin öz nadyllygyňy “pelek”, “keç pelek”, “gahba pelek” diýen bir güýje gönükdirmegi talap edmeýär. Iman diýen zat akyl-paýhas, adalat, ahlak diýen soň çykan zatlara mätäç däl. Iman bolsa akyl-paýhas, adalat, ahlak diýen zatlaryň özi boýar, GUDRATAM şonda bolýar. Galan zat – imanyň ýetersizligini aklamak üçin takallar.
Gürrüňi bir tymsal bilen jemläýin. Bir welaýatda uzak wagtlap gurakçylyk bolýar. Adamlar üýşüp sadaka we doga okaýyş guraýarlar. Müňlerçe adam jem bolýar. Şunça märekäniň içinde bir oglanjygyň elinde saýawan barmyş. “Munyň näme? Bu gurak wagt saýawanyň näme?” diýip soraýarlar. Oglanjyk geň galyp: “Biz ýagyş üçin doga okamaga gelmedikmi? Häzir ýagyş ýagmazmy näme?” diýip soraýar. Märeke gyzyl-pakyrda berýär.
Ine, şeýle. Adamlaryň özleri öz dindarlygyna beýle çynlakaý garap ýörenoklar. Edilýän ybadatlar köplenç il gözüne. Ýaňky oglanjyk ýaly bu zatlara çyndan ynanýanlar bolsa diňe gülkini tutdurýar. Şonuň üçinem Allatagala hem GUDRAT görkezmeýär.

0
10 Injener  
1
Dogrymy aýtsam agam size ateistdyr öýdýädim...bu gezek geň galdyrdyňyz....

0
9 Şirhan  
49
Düýäniň (diňe düýäniňem däl, düýedenem uly, düýedenem gymmatly zatlaryňam) iňňäniň gözündenä diýmäýin welin "tüýdükden" geçenin-ä gördük...Hudaý saklasyn! Indi görmeli etmesin!
Ynam barada bolsa biz "Hudaýa ynansaň ynan welin eşegiňi berkje duşa!" diýen adamlaryň neslidä...

0
11 Azat_Nurgeldi  
283
Menem şol meseläni ( tüýdükli, ) gozgasym geldide ýenede sesimi çykarman oturdym. Sebäbi tutuş bir arkany( pokoleniýany) zaýalan belany ýatlasymam gelmedi, ýatladasymam. Müşdükden geçen kerwen- kerwen baýlykdan beter, gör näçe maşgalanyň ojagyny ýykdy, näçe çagany ýetim goýdy, näçe gelinlerimiz dul galdy,(azanlary hakynda gürrüňem edesim gelenok).
Geçdigi bolsun, beterinden gorasyn.

0
13 Azat_Nurgeldi  
283
Men şu meselede şol döwürler bir-iki sany goşgy ýazypdym. Men şolary häzir tema edip açaýyn. Eger öň goýulan bolsa admin pozup aýyrarda.

0
14 Narcissus  
1589
"Şol sebäpden ylym bilen meşgullanýan adalaryň ykbaly agyr we gözleri kütek bolýar. Ylym kitap köp okasaň gözleriň kütelýär, çeper edebiýat köp okasaň gözleriň ýitelýär."

Meniň pikirimçe, ylym bilen (ynsan ylymlary ýa-da ş.m ylmy ugurlar däl-de, tebigaty ýagny fizika, biologiýa, himiýa) meşgullanýan adamlar has ýiti intellekte eýe bolýarlar.
Çeperçilik bir ýere çenli, çeperçilik bilen diňe ruhy höwesiňi, lezzetiňi, islegiňi kanagatlandyryp bilmek mümkin, şeýle-de çeperçilik, sungat, bu zatlar adamy ruhy taýdan üpjün etmek işini ýerine ýetirýär.

Din soraglamak, tankytlamak, üýtgeşme girizmek, teswir goşmak (bir ýere çenli) ýaly zatlara ýapyk bir ulgam, din metafiziki (fizikanyň kanunlaryna ters bolan, fizikany geçýän) müňlerçe tassyklanyp bolmajak maglumatlardan ugur alyp, hereket edýändigi üçin tebigy taýdan dogmatiki bolmaga mätäç, bu onuň tebigaty, şol sebäpli dinleriň dogmalara eýe bolmagy adaty zat. Din saňa diňe bir ýere çenli soraglap, çintgemäge rugsat berýär, "seniň diniň özüňe, meňkem özüme" diýýär, hawa, emma kän öte geçip ugrasaň welin derrew seniň temmiňi berýär. Din saňa soraglamaga rugsat berýär, ýöne öz islän ýerine çenli.

Şol sebäpli din diýlen zat soraglanmaýar, tankytlanyp "şu şeýlemikä?" diýilmeýär, göni bütinleý tabyn bolup, ynanylýar. Dindäki esasy zat şol, diňe ynanç, ynanmak, hemme zadyny soraga tutman ynanmak.
"Gudrat" diýlen zadyň özi eýýäm diniň özi bilen çolaşýan zat, ýagny haýsam bolsa bir kişi "gudrat gördüm" diýse, aslynda dine ters geljek zat diýýändir. Edil "ýa bar bolsa, onda sen näme ederdiň?" dialogy ýaly. Ýagny, logiki taýdan ýalňyş, hatalyk.
"Gudrat" diýlen zat bolubam biler, belki geçmişde bolandyr, belki häzirem bardyr beýle adamlar, nädip biljek? Emma, iň azyndan häzirki aň-paýhasymyz bilen beýle zatlaryň bolup bilmeýändigini aňýarys. Ýa-da uly pirler, weliler ýaly özümizi 24 sagat ybadata bagyşlap, haka ten berip, "aýdyňlanmak", "hidaýata ýetmek" ýaly zatlara düşünmäge, ýa-da iň azyndan pikirlenmäge synanyşmaly.

0
15 yaran_yagmur_9  
1578
“Iňňäniň gözünden geçen düýe” diýilse, onsoňam suraty görüp, men bu ýerde şol mikroskopik sungat eserini döreden ussa hakda (ol barada okapdym) gürrüň barýarmyka diýip okamandym, soň okap teswir ýazdym. Çünki bu gaty uly mesele.

Göz öňüne getiriň: göräýmäge barymyz bir dine uýýarys, emma iki hili ýol bilen uýýandygymyzdan köplenç habarymyz ýok, çünki muňa üns hem bermeýäris.

1-nji ýol bilen uýýanlar (oňa “ybraýym ýoly” diýeliň, çünki ol ybraýym dinleriniň asyl ýoly) ynsanyň aklyna sygmajak, emma diniň öňe sürýän bir şertine – ähli zady Allanyň ýaradanlygyna ynanýarlar. Göreýmäge ýönekeýje hakykat. Emma iş ýüzünde aňsat-aňsat ýetip bolmaýan hakykat.

2-nji ýol (oňa “eflatun ýoly” diýäýeli, çünki gadymy grekleriň täsirinden gözbaş alýar) bilen uýýanlar ähli zady Allanyň ýaradandygyna ynanýandyklaryny ykrar edýärler, emma muňa akyllary bilen hiç haçan ynanmaýarlar.

Aslynda muňa akyl bilen ynanmak mümkin hem däl, diňe iman bilen ýetip bolýar. Şonuň üçinem men olaryň diniň düýp talabyna ters gelýän takallaryny millionlarça gezek eşidenime geň galmaýaryn. Emma şol takallaryň hiç bir dindarda diýen ýaly üýtgeşik reaksiýa döretmeýänine geň galýaryn.

Diýmek, eflatun ýoly bilen uýýanlar has köplük, belki 99 göterim bolmaly.

Bular Allatagalanyň bir emri barada gürrüň edilse, dessine ýa akyl-paýhas, ýa ylym, ýa ahlak delilleri bilen şony tasa getirmäge çalyşýarlar, ony aklamaga, zerurdygyny subut edmäge çalyşýarlar. Hakykatda bolsa munuň çigit ýaly zerurlygy ýok. Allatagalanyň emirleri bu zatlardan azat, ol dünýäniň, durmuşyň hakykatyna laýyk gelmäge mätäç däl. Allatagalalanyň erki paýhasyň, ylmyň, ahlagyň daşynda.

Mysal üçin, “doňuz eti haram” diýilse, onuň adam bedenine zyýany barada kitap ýazýarlar. Hamala diýersiň, doňuz eti ozalbaşdan adama zyýanly bolup, has dogrusy doňuz Allatagaladan öň bar bolup (estagfyralla), Allatagala soň onuň etiniň ynsanlara zyýanlydygy üçin haram diýip yglan eden ýaly. Hakykatda bolsa, Allatagala doňzy ýaradanda haram ýaratdy, ozalbaşda haram ýaradylany üçin ol haram, zyýanlydygynyň-peýdalydygynyň bärde nä dahyly bar? Allanyň emri seniň ylmyňa mätäçmi? Edil şonuň ýaly, Allatagalanyň “ýagşy” diýen işleri onuň ozalbaşda “ýagşy” diýeni üçin ýagşydyr, “ýaman” diýen işleri onuň ozalbaşda “ýaman” diýeni üçin ýamandyr, olaryň biziň ahlak hakdaky düşünjelerimize laýyk ýa-da ters gelýändigi üçin däldir.

0
17 Injener  
1
Doňuz meselesinde, Kurana ynansaň, Ýewreýleriň bir taýpasyny Allah doňuza öwürýär, ýene bir taýpany bolsa, maýmyna. Eger ýalňyşmasam, diňe doňuz diýilýän jandar, oň gözüniň arynda, ýoldaşyny başga bir doňuz "münýän" bolsa, lezzet alýar. Doňuz sözünde "swinger" diýen söz gelip çykýar...

0
16 yaran_yagmur_9  
1578
Munuň üçin Allatagalanyň emirlerini aklyň, ylmyň we ahlagyň galybyna salmak üçin tom-tom kitap ýazyp oturmagyň geregi ýok. Şeýle häsiýetdäki eserlere Günbatarda “teodiseýa” (“Hudaýy aklamak”) diýilýär, olar Hudaýyň şol bir wagtyň özünde hem alymdygyny (hemme zady bilýän), hem kadyrdygyny (hemme zada güýji ýetýän), hem adyldygyny (hemme zatda adalatly) subut etmek üçin ýazyldy. Indi bizde hem şeýle kitaplar kän ýazylýar. Şeýle ýol bilen adamlary din-imana getirjek bolýarlar. Adamyň akyl-paýhasyna, ylmyna we ahlagyna daýanyp, şolaryň kömegi bilen dini delillendirjek bolýarlar.

Ybraýym ýoly bilen dine uýýanlara bularyň bary artykmaç, hatda hakyky imana garşy. Ýüregiňizde daryň dänesi ýalyjak iman bar bolsa, ol size bu tom-tom kitapardan, akyl-paýhasyňyzdan, ylmyňyzdan we ahlagyňyzdan kän kömek eder. Hakykatda, bularyň barysy Allatagala ýakynlaşmagyň ýolunda duzakdyr.

Näme üçin? Bir tymsaly bilýänsiňiz: oglanjyk meýdanda barýarka, kebelegiň pilesini görýär. Onuň içinde kebelegiň çagasy deşiginden çykyp bilmän urunýar eken. Oglanjyk oňa dözmän, çakgy bilen deşigi giňeldip-giňeldip, ony çykarýar. Emma ol şeýle-de uçup gitmän, süýrenip-süýrenip ölüp galýar. Çünki ol piläniň içinden öz güýji bilen çykmalydy, şonda bedenine gan ýöräp, ganatlaryna güýç gelýärdi.

Şonuň ýaly, ol kitaplardaky ynsan akyl-paýhasynyň, ynsanyň tapan ylmynyň, ynsanyň ahlak düşünjeleriniň kömegi bilen zoraýakdan emele getirilen ol iman hem edil şol göýdük kebelejik ýaly ganat ýaýyp bilmän, süýrenip ýören başga bir zat bolar. Çünki “sen nämä daýansaň, şoňa hem garaşly bolarsyň” diýilşi ýaly, beýle ynanç ynsan akyl-paýhasyna, ynsanyň tapan ylmyna, ynsanyň ahlak düşünjelerine bakna bolup galýar. Olaryň gözünde dünýä ozaldan bar bolan akyl-paýhasyň, ylmy kanunlaryň, ahlak kadalarynyň üstünde gurlan ýaly, Allatagalanyň özi hem şolara laýyklykda dolandyrýan ýaly. Ýagny Allatagala dünýäniň bir bölegi bolup, şonuň kanunlaryna görä hereket edýän ýaly. Iki ikiň öňden dört bolup, Allatagala hem ony üýtgedip bilmejek ýaly, diňe şonup ýaly gutulgusyz düzgünleri berjaý edýän ýaly.

Bu, elbetde, batyl garaýyşdyr. Iki ikini dört eden Allatagaladyr, şonuň üçinem ol ynsanlar üçin mydama şeýledir. Emma Allatagalanyň özi üçin iki ikiniň dört bolmagy hökmany düzgün däldir. Islän mahaly iki ikini üç hem edip biler, bäş hem.

Ine, şeýdibem biz gürrüňiň “döwli ýerine” gelip ýetdik. Imana diňe kalbynyň ynamy bilen ýetenler keramata ynanýarlar. Olar üçin dünýäde gudrat bar, keramat bar, Allatagalanyň tebigatyň, jemgyýetiň we ynsan aklynyň kanunlaryny kör köpüge saýmaýan erki bar. Ynsanlaryň öz döreden akyl-paýhas, ylym we ahlak kadalarynyň çäginden daşarda bir zada ýol bermegi hyýalyna getirip bilmeýän göýdük imanly bendeler bolsa, elbetde, keramata çyny bilen hiç haçan ynanmazlar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]