09:27

Näme üçin ýer titreýär?

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 459 | Добавил: Injener | Теги: Rahman Zulfikarow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 10
0
1 Yusup  
50
Aşa özüni ynança beren adam was-wasa öwürläýýä. Islennik din bilen baglanşykly temada, özä ýüregi bilen ynanýar başgalaram ynndyrmaga çalyşýar. Awtor siz barada aýdamok, men hem il içinde gezip ýörün, görüp ýörün. Tebigy betbagtçylyklary Hudaýyň üstüne atmak dogry däl. Men ataist däl, aşa dinçem däl. Ýokarda mysal getirdiňiz, ýer titremek. Ýer planetasynda ýer yranýan zonalar bar. Şol zonalaryň nirededigi belli. Haçan titrese titräýmeli. Belki ertir ýa birun, 100 ýyldan müňkin 300 ýyldan. Emma ýer yranma degişli däl ýerlerde milýon ýyl geçsede ýer yrananok. Könelermiziň aýtgysy bar "Hudaýa ynansaň ynan, ýöne eşegiňi berk duşa." Türkiýede 7 bal gowrak ýer titredi 30000 gowrak adam öldi. Ýaponiýada 7 bal ýer titredi 3-4 adam öldi. Şeýle hadysalar bolanda "Hudaý göz görkezdi, azgynçylyk köp" diýip Hudaýyň üstüne atmaly däl-de. Öňünden ýaponlaryňky ýaly jaýy talaba laýyk gurmaly. Şonda pida az bolar.

0
2 Injener  
1
Hudaý bar, ýöne Zeminde bolýan zatlar bilen känbir işi ýok diýjek bolýaňmy? 30 müň adam ölende-de Hudaýyň känbir işi ýok bolýamy? Hudaý asmanda planetalary aýlaýar, Oň biz ýaly garynjalara eli degenok bolýamy? @Yusup, seňki ýaly Hudaýa garaýyş öz özünden döreýärmi, ýa-da mas-mediýaň täsirimi, men şony bilesim gelýär? Öňkiler näme diýen bolsa şony diýsin, maňa Hudaý ähli zatda Maňa bil bagla diýdi. Ýeriň aşagynda her bir dänäň gögermesinden Men habarlydyryn diýdi. Ýöne her bir adam öz durmuşyna nä derejede Hudaýy göýberesi gelse, şonçada göýberýär. Eger Hudaý az bolsa, diýmek Oň funksyýalaryny biri ýerne ýetirmeli. Biri çagalaryňy goramaly, aýalyňy goramaly, öýňüzi goramaly, seň öziňi bela beterden goramaly. Hudaýsyz ýaşamak, seň özüňden başga hiç kime zyýan ýetirenok. Eger Hudaý bar bolsa, diýmek Oň biziň durmuşymyza täsiri 1000%, köp kişiň pikir edişi ýaly 50% däl, Hamala Hudaý dinç alýan ýaly, ýa-da zemine sowuksala seredýän ýaly...

0
3 Yusup  
50
No comment

0
4 Injener  
1
Özümden goşan informasyýama garşy jedel edip bolar, emma Kurany Kerimden aýdýan informasyýama garşy, ýer ýüzüň hiç bir alymam jedel edip bilmez.

0
5 Yusup  
50
" seňki ýaly Hudaýa garaýyş öz özünden döreýärmi, ýa-da mas-mediýaň täsirimi, men şony bilesim gelýär?"

Adam ýaşadygyça, okadygyça, öwrendigiçe beýnisine informasiýa ýüklenip ugraýa. Soňra soraglara jogap gözläp başlaýar. Gapma - garşylykly pikirler ýüze çykýar. Ony analiz edip başlaýar. Kimdir biriniň aýdan zadyna güp ynanyberenok.
Garaz şeýledä.
Ýöne men Hudaýa dil ýetiremok. Özümçe ynanýan.

0
6 yaran_yagmur_9  
1578
Ýoldaş injener, bir makalada birnäçe meseleleri gozgapsyňyz.

Ilki türk halkynda arjaňlyk häsiýetiniň ýitip barýandygy hakynda aýdanyňyz. Dogrusy, bu häsiýet köp halklarda ýitip barýar.
Birinji sebäbi, meniň pikirimçe, dogry görkezipsiňiz. Sebäbi indi ony durmuş kän talap edenok. Hajat bolmadyk zat hem ýitmek bilen. Öň durmuş ynsandan fiziki güýji talap edipdir. Bu bolsa erkek kişilerde artyk bolupdyr. Onsoň howply iri haýwanlary awlamak, kiçijiklerini irmän yzarlap tutmak, at, öküz, düýe, hatda pil ýaly mallary mugyra getirmek, azalyň demrini ýeterlik çümdürip ýer sürmek, dag-dazde sürüleri bakmak we yns-jynsdan goramak, agyr ýükleri mallara ýükläp ýa-da egniňde daşamak... erkekleriň işi bolup, “Erkek daşdan, aýal içden” ýörelgesi boýunça ýaşalypdyr. Gaty yzagalak ýurtlarda bu häzirem şeýle. Emma döwrebap ýurtlarda ösen transport we aragatnaşyk serişdeleri, ýük göteriji enjamlar, elektronikia, awtomatika... adamlaryň agyr beden zähmetini öz üstlerine aldylar we onuň durmuşyny ýeňilleşdirdiler. Önümçilik desgalarynda akyl zähmeti bilen beden zähmetiniň aratapawudy gitdigiçe azalýar. Indi köp işlerde ýüküň agramy bedene däl-de, nerw ulgamyna düşýär. Ýüz ýyl mundan öňem Zeminde öndürilýän we sarp edilýän energiýanyň 9/10-yny ynsanlaryň we haýwanlaryň muskul güýji berýärdi, indi bu paý 1 göterime-de ýetenok. Öň agyr hasaplanýan hünärler bu gün düýpgöter ýeňilleşýär. Käbir işlerde öň talap edilýän adam güýjüniň 90 göterimi beden güýji, 10 göterimi aň-akyl güýji güýji bolan bolsa, indi ol işler adamdan 90 göterim aň-akyl işjeňligini we 10 göterim gol zähmetini talap edýärler. Agyr işi maşynlar öz üstüne alýar, emma oňa derek işgärden ylym-bilim, tehniki sowatlylyk talap edilýär, muny bolsa zenanlaram başarýar. Hatda Eýranda-da ýokary bilimli erkekden aýal köpelipdir. Hatda bilim-hünäri kän talap etmeýän işlerde-de üýtgeşik beden güýji talap edilenok. Şu wagt ulag täze bolsa taksist zenan taksist erkekden kem gazanman biler. Işi başarnykly alyp barsa, ulagy serwisde abatlatsa, ol işsiz erkeklerden kän gazanar. Öň çöregi erkekler getiripdirler, maşgaladaky belent derejesi şoňa esaslanypdyr. Indi dünýädäki işsizlik zerarly maşgalany ekleýän aýallaryň sany artýar. Netijede, olaryň jemgyýetdäki rollary we häkimiýeti hem artýar. Käbir döwletleriň hökümetinde esasan zenanlar baştutanlyk edýärler. Şeýlelikde, erkekleriň mümkinçilikleri we hukuklary özlerine bagly bolmazdan gitdigiçe azalýar. “Erkekler ownaýar” diýýärler, şu taryhy tendensiýa olary ownudýar we ornuny peseldýär. Halamanda olar nätmeli?

0
7 yaran_yagmur_9  
1578
Ikinji sebäp, ähli döwletlerde – geçen asyrda we günbatar blokda-da, kommunistik lagerde-de adyny nähili tutsagam (feminizm, aýallaryň emansipasiýasy) hereketi güýçli alnyp baryldy. Günbatarda ilki seksual öwrülişik, soň LGBT hereketi döräli bäri ol ýerlerde bizdäki adaty erkeklere berilýän artykmaçlyklar “seksizm”, “erkek milletçiligi”, “patriarhat”, “kolhoz” hökmünde ýekirilýän bolarly. Mahlasy, syýasat, ideologiýa, media, reklama, sosial torlar, kino, köpçülikleýin medeniýet, käbir bilim-terbiýe edaralary, hatda dindarlaryňam ençemesi zenanlaryň hukugyny arşa galdyrmakda bäsleşýän ýaly.
Üçünji sebäp, durmuş ýörelgesi, iýmitler, endikler... Häzirki öndürilýän we reklama edilýän iýmitleriň köpüsi çagalarda (uly adamlarda-da) gormonal üýtgeşmelere getirýär. Şeýlelikde, erkekler zenanpisint bolýarlar. Zenanlar bolsa sport bilen barha köp meşgullanyp, merdana sypata girýärler. Öň zenanlarda muskul bolup biljegi oýlanylmaýardy, häzir muskullak zenanlar köpelýär. Plýažlarda duranlara yz tarapyndan seredilende ynsanyň erkek-zenandygy bildirmeýär. Ösmedik ýurtlara hem senagat iýmitleriniň we döwrebap endikleriň barha ýaýramagy bilen bu şeýle bolup barýar. Emma örän yzagalak, diňe tebigy önümleri iýýän ýurtlarda entegem erkek erkek, zenan zenan şekilliräk.
Arada bir adam mekdebi gutaryp barýan oglandan “Näme metjide geleňok?” diýip sorady. Ol: “Ýaşuly, men indi metjide gatnajak däl. Indi görýärin: biziň oglanlarymyz metjide gatnap, takwa bolup ýörüpdirler. Şol arada synpdaş gyzlarymyz karatýe, u-şu, thekwendo, bolmanda basketbola gatnap, ýapy ýaly bolup ýetişdiler. Biz indi olardan çekinýäris, maşgala bolsak näme ederis?” diýdi. Ýaşuly jogap tapyp bilmedi. Dogrudanam, häzirki oglanlaryň gyzlardan fiziki artykmaçlygynyň bolmazlygy käbir ata-eneleri gaýga goýýar. Bir kiçiräk ýaşly türkmen oglanjyk takmynan 8-nji synpda okaýan gyzdan “Bä, şol gelýän synpdaş oglanyň daýaw ekeni, goçyňyz şolmy?” diýip sorady. Ol gyz daýaw diýlen hakykatda tultuk oglana äsgermezlik bilen seredip durşuna “Ýok, jigim, biziň goçumyz gyz. Islän oglanyňy... (pylan eder)” diýip jogap berdi.

Ine, şeýle. Bu umumadamzat problemasy. Indi bolsa halklar barada aýdaly.

0
8 yaran_yagmur_9  
1578
Siz “Öňki gaýratly halklar holop bolup barýarlar” diýdiňiz öýdýän. Howa, bu tendensiýa hem bir ýerde duranok: halklardan halklara, döwürlerden döwürlere üýtgeýär. Şertler nämäni talap etse, adamlaram şol tarapa üýtgeýär. Gadymy grekler merdanalygyň, erkanalygyň, buýsanjyň nusgasydy, orta asyrlarda olar holop boldular.
Gaýratlylk bolsa halklarda iki hili bolýar diýip bileris: arjaňlyk we sypahylyk. Arjaň halklar öz erkanalygyny, mertebesini, däp-dessuryny hemme zatdan ýokary goýýarlar, baş bermezek, barlyşyksyz bolýarlar. Esasan dagly halklar şeýle. Sypahy halklar hem buýsanjaň bolýarlar, emma beýlekileriň üstünden agalyk sürmek üçin özleri şahsy taýdan öz baştutanlaryna holop bolmaga razy. Sähralaryň we tokaýlaryň halklary şeýle. Olar goşun düzmäge, basybalyşlara, imperiýa gurmaga amatly. Elbetde, durmuş has çylşyrymly, ol meniň bu shemama sygmaz, meniňki ýöne umumy ugur.
Meselem, owganlar arjaň halk, olar öz ýurduny iň bir güýçli basybalyja-da bermeýärler. Emma olar sypahy (esger) halk däl, owganlardan esger çykmaýar, olardan goşun düzüp bolmaýar. Ruslar arjaň halk däl, olar mydama öz baýarlaryna holop bolan, emma geçen asyrlarda özlerini barypýatan sypahy halk hökmünde tanatdylar. Şol sypahylyk bilenem ägirt imperiýa gurdular. Emma, meselem, Demirgazyk Kawkazyň arjaň halklary hiç haçan başga ýeri basyp alyp imperiýa gurmadylar, olar (arjaňlygy bilen adygan kürtler hem) hatda özleri döwletli hem bolup bilmediler.
Käbir halklara hem arjaňlyk, hem sypahylyk mahsus. Meselem, ispanlar başbermezek, buýsanjaň halk. Emma öz döwründe iň gowusy ispan esgeridi.
Gürrüňiň döwli ýerine gelsek, türklerde hem öz wagtynda şu iki sypat hem bolan. Anadolunyň halky hem, Trakiýanyň türk ilaty hem asyrlarbaýy gelýän kakabaş arjaňlygyny berk saklapdyrlar, Ystambulyň türk ilaty hem dine gezek gelende yňdarma bolan. Osmanly döwleti güýçlenýän döwründe-de, pese düşüp goranýarka-da, öz güýjüni milletiniň gaýratlylygyndan alypdyr. Olar din, adat, toprak, halyf... üçin söweşlerde jan gaýgyrmandyrlar.
Bir mysal. Bir wagt Fransiýada, Parižde Wolteriň Muhammet SAW hakynda kemsidiji eserini sahnada goýmakçy bolýarlar. Her gezek osmanly soltanynyň ýekeje duýduryşy bilen ol ýatyrylýar, hiç haçan goýulman galýar. Eýsem, Fransiýanyň paýtagtynda soltanyň nämesinden gorkýardylar? Goşun çekip gelmejegi belli. Soltandan däl, halkyndan. Soltan sähelçe ýol berdigi, beýle zady eşiden halk köçä çogup çykýardy, hristian ilaty gaty elhenç gyrgyna salýardy. Bir ýerde hrisianlaryň ýa ýewreýleriň musulmanlary kemsidenini eşitseler, Ystambuldaky “dinsizleriň” dat gününedi. Kakabaş, arjaň, fanatik mähelle ölüme-de, başga jeza-da seretmeýärdi (olar jezalandyrylanda näme üýtgeýär?). Daşary ýurtlar osmanlylaryň şeýle halkyndan gorkýardy. Ol wagtlar hristianlaryň, ermenileriň, ýewreýleriň ybadathanalary köçeleriň içlerinde gizlin diýen ýaly busup oturan, özlerini açyk jar etmäge milt hem etmedik.

0
9 yaran_yagmur_9  
1578
Umuman, respublika döwründe-de türk halky şu häsiýetini saklan. Emma ikinji jahan urşundan soň Türkiýe günbatar bloga birikdi, soň liberallaşyp, bazar ulgamyna geçip, globallaşmadan hem, goluballaşmadan hem nesibini alyp başlady. Köp türkler ýewropada bolup, okap, ýaşap, işläp gaýtdy. Ýurt hem, halk hem üýtgedi. Türkler indi esasan kanuna tabyn halk. Bu gowy zat. Türkiýe döwleti öz täsirini esasan diplomatik, syýasy, ykdysady serişdeler arkaly üpjün etmäge çalyşýar. Bu-da gowy zat. Bir zady, indi Türkiýeden gorkanoklar. “Özi aýdar, özi goýar”. Ysraýyly ýazgarýar, emma sözden aňry geçenok. Bir gezek ysraýyllylar has batyrlanyp, türk esgerleriniň başyna çuwal hem geýdirdiler. Soň bir gezegem bir kino sebäplidi öýdýän, ysraýylda türk ilçisini çagyryp, pessejik ýerde oturdyp kemsitdiler. Häzirem ysraýyllylar türkleri hasaba alanoklar. Sebäbi Kuduse ýa-da bir yslam mukaddesligine kast edilse, Ystambulda köçä akyp, duş gelen jöhüdiň kellesini hyzlawyk kädi ýady kakyp gidýän wagşyýana türkler ýok indi.
Ykdysatda ýagdaý hasam çökder. Türk ykdysadyýeti öz maýasyna däl-de, her ýyl daşary ýurtdan üzülip, täzeden alynýan ýüz milliardlarça maýagoýuma daýanýar. Halk şol serişdeleriň hasabyna taýýar edilýän turizm sektorynyň, gurulýan ýyladyşhanalaryň hasabyna eklenýär we döwleti saklaýar. Onsoň her möwsümde Russiýadan millionlarça turist gelmese ýa-da “pomidoryňyz gurçukly” diýilse, olara başga ölüm gerek däl. Gadym döwürdäki ýaly birki sygyr, dowar, mellek, ýagny natural hojalyk bilen oňup, soltana-da bir döw ýaly ýanyçar ýetişdirip berýän, şeýdip döwleti-alyýeni saklap, özüni beg saýyp oturan osmanly köýlüsi däl-de, el-aýagy bilen daşky dünýä garaşly, turistleriň öňlerinde ýaýaplanýan holoplar bar, Injeneriňem aýdyşy ýaly. Onsoň öňki arjaňlyk nädip galsyn onda? Öň rusça öwrenmegi pikir hem etmeýärdiler, indi hümer nobat. Nätsinler – işsizlik. Orta Aziýadan baryp, rus turistlerine hyzmat edýänleriň çöregini indi özleri aljaklar.
Bu tendensiýany (ýurduň kanunçylyga, bazar ykdysadyýetine, globallaşma geçmegini) men erbet hasaplamok. Ýa-da ýer titremesiniň munuň jezasydygy baradaky tassyklama hä beresim gelenok. Türkiýe beýle jezany hak edýändir öýdemok, emma özi şeýle ýagdaýdaky ýurduň yslam dünýäsiniň liderligine dalaş etjek ýaly bolmasy hem gülkünç bolaýmasa?

0
10 Injener  
1
Syýasat bilen taryhdan gowy başyň çykýan eken agam

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]