23:17

Nostalgiýa /hekaýa

Категория: Mistika we fantastika | Просмотров: 257 | Добавил: Injener | Теги: Rahman Zulfikarow | Рейтинг: 5.0/4
Awtoryň başga makalalary

Mistika we fantastika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 10
0
1 Injener  
1
Serdar aga "drablymy" öwensoň doly formada geçirdim we azajyk many goşdum...

0
2 Bagabat  
43
Iniňi tikenekledýär. Gorkudan däl-de, nostalgiýadan ýaňa. Pereňliler (fransuzlar, ferengiler): "nostalji" diýýär-ä.
Dowam edesiňi tutdurýar:

...Dilim äňime ýelmeşen.
"Bu nähili beýle bolýar-aý?!".
Aklyma syganok.
"Ýa oruslaň "belyý gorýaçka" diýýäni şumyka?".
Ýöne, näçe aňyma sygmasa-da, tamyň kölegesindäki bar/ýok suduryň ýitmegini birjigem islämok. Serhoşam bolsam, özümi haýrana goýup, dilimi bazzyk-buzzuk etdirmän pert dillenýän (belki, bu gezegem kakamdan çekinjim meni çagalygymdaky ýaly çuslanmaga mejbur edýändir):
-Salawmaleýkim...
-Waleýkim,-diýýär welin, gursagymda ömürlik ýelmeşip galan sese bokurdagym "hylk" dolýar.
-Şumada çen nirelerde entäp ýörsüň?-diýip kakam bolsa, al-petimden almagyny dowam edýär. Onuň gaharyna, oturan kölegesem barha goýalyp barýan ýaly. Diňe bir kölege däl, bütin dünýede kakamyň gazabyna şärik, meni holtumyna has berk gysmaga dalaş edýän dek, ýuwaşjadan daşyma üýşýär. Bir, maňa duýgudaşlyk bildirýän, birwagt ölen garry köpegimiz - hemişekisi dek, aýagyma gysmyljyrap, eşidiler-eşidilmez naýynjar çyňsaýar.
Hemişekim ýaly özümi aklaýan bahanajyklary hümürdejek bolýan.
Bolanok.
Gepläbem bilemok.
Kakamyň sudurynyň ýüzünden gözlerimi aýyrman doňňara-daş bolup durun.
Ýaňaklarymdanam nähilidir birhili gyzgyn, öljümek bir zatlar syrygýar...

Yzynam dowam etseň dowam edibermeli...

Gowy kliffhenger-hekaýa bolupdyr. Nowella tipli.
Berekella.

0
6 Injener  
1
Real durmuşda adam bilen gürleşemde, öz pikirlerimi çalt we gysga aýtjak bolýan, düýp manysyny aýdyp dynjak bolýan. Bir tüýsli adamyň wagtyny alýan ýalak bolup duryn. Bir zat ýazsam hem şolar ýaly çykýar, kän söz aýdyp, okaýany egläp bilemok. Ýazan zatlarym gysylan ýagdaýda çykýar. Ýenede bir problema, ýazýan zadymy bir günde ýazyp dynmasam, soň gaýdyp baryp bilemok, hökman taşlaýan. Ikilenç redaktirlabam bilemok.

0
3 Bagabat  
43
Biznes-ideýa-da gowy, kreatiw pikir ekeni. Kompýuter grafikasyndan, Autodesk 3dsMax ýaly programmalardan başy çykýan ýigitler, gyzlar üçin özboluşly ideýa. Gadymy şäherlerimiziň, obalarymyzyň kompýuter şekilini döretmek. Animasiýada edip bolsa-ha oňa ýetesi zat ýok. Jeýtun, Kelteminar, Änewde, Altyndepe, Marguş, Şähri-Haýbar, Şähryslam, Dehistan, Merw, Amul, Zemmi, Ürgenç, Nusaý, Bagabat, Abiwert, Yzmykşir, Daýahatyn... garaz, näçe sanasaň sanap oturmaly.

0
4 Bagabat  
43
Hekaýanyň sýužetini hasam ösdürseň/dowam etseň boljak. Mysal üçin: kakasynyň sudury bilen syrly, ýarym gümürtik söhbetden soň jahyllykda daşyndan aşyk bolup gezen, ýöne ýekeje gezek hatda gürleşibem görmedik, soňam başga birine durmuşa çykan gyzynyň salgymy hem-de ondan bolmadyk çagalarynyň kölegeleri bilen duşuşyk, olaryň ony hiç haçan bolmadyk, ýöne onuň ham-hyýalynda bina edilen/gurlan öýlerine, howlularyna alyp gitmekleri we ş.m..

0
8 Injener  
1
Men işiň daşyndan grafika meňzeş bir zatlar bilen meşgullanýan, şondan gelen girdeýji bilen, jaýyň pulyny ýapýan. Gynansama biziň ýurdymyzda ýazyjylyk käri adamy ekläp bilenok-da. Eger ýazyjylykdan girdeýji bolan bolsa, grafikany goýup, diňe şol edebiýat bilen meşgullansamam bolýar welin, nirede pul bolsa şoňa ylgamaly bolýada.

0
5 yaran_yagmur_9  
1578
Nostaliýa diýen psihologik hadysa örän ýiti we täsirli suratlandyrylypdyr. Meniň pikirime görä-hä edil gaýtarylmaly ýerinde gutarylypdyr. Gahrymanyň öz durmuşyna çuňlaşyp, gürrüňi uzaltsaň, okyjyny ýadatsaň ilki gürrüňi edilýän müşderiliriň ejirli keşpleri öçügsilenjek ýaly. Şu durşuna tüýs deňagramly dälmi?
Meniň soragym: nostalgiýa barada dünýä döräp köp ýazýarlar (kapasada öz sährasyny küýseýän bilbilden başlap). Ine, Odisseý. Ýat ýurtlarda öz Itakasynyň hijrini çekýär. Emma Sindbad? Sindbadyň başdan geçirýäni näme? Ol öz ýyžurdunda baý bolsa-da, kalby ýat ýurtlara ymtylypdyr, sapara ugraýan gämileri görende, nostalgiýa çalymdaş ejirli duýgyny başdan geçiripdir. Her hadysanyň antonimi bar, nostalgiýanyň antonimi ýok. Watany küýsemek - nostalgiýa, ýat ýurtlary küýsemek - ... munuň ady ýok, "ters nostalgiýa" diýäýmeseň. Çünki, raýatlyk duýgusyna ýardam edýäni üçin ideologik hyrydarlygy bar bolan "nostalgiýa" duýgusyny jemgyýet goldaýar. Aslynda, ol dogrudanam örän asylly duýgy. Emma meniň "ters nostalgiýa" diýýänim hem ýazgarylmaly däl, olam halklaryň ýakynlaşmagyna, adamzadyň ösmegine, kosmopolitizme goldaw berýän, ynsana mahsus gumanistik duýgy bolup durýar.

0
7 Injener  
1
Sýužeta görä, baş gahryman ýolda awariýa bolup olýän ýaly güman döretjek boldum. Öýüne barandada öňünden diňe ölen it bilen, ýogalan kakasy çykýar. Dirilerden hiç kim...ýöne geçmişe düşen taksyt bar kartinany bulaşdyrýar

0
9 Remezan  
1397
Gowy hekaýa bolupdyr. Şu bolşyna galsa gowy. Goý, her kim-de dürli täsir etsin!
Soñuny öz islegine görä nosyalgiýa döretsin!
Berekella!

0
10 Shapak_A9602  
1502
Gaty gowy hekaýa. Drabl halynda- da gaty täsirlidi.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]