01:11

Kiçi bolma, kişi bol!

KIÇI BOLMA, KIŞI BOL!

Eziz oglum, mähriban gyzym!
Edebi ýaşlykdan öwrenmelidir. Edep ýaşlygy terbiýelemek üçin ata-babalarymyz tarapyndan döredilendir. Çünki, çaga edep-terbiýä mätäçdir, edep-terbiýesiz, öz-özüňden adam bolmak durmuşyň kanunynda ýokdur. Edebiň binýady bolsa akyldyr – ata-babalarymyzyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda toplan akyl genji-hazynasydyr. Edep almak şol akyl hazynasynyň içine girmek we ondan göterinip bilen baýlygyňy almakdyr.
Agyrlyk agyrlyk bilen göterilýändir. Ýeňillik agyrlygy göterip bilmez. Akyl hazynasyny götermek üçin özüňde-de akyl üşügi gerekdir. «Akyl ýaşda bolmaz, başda bolar» diýleniniň manysy edep üçin içki – şahsy amatlylygyň bolmalydygyna, edep yzgaryny özüne çekip, ömür gülüni bitýän göwün topragynyň gerekdigine syrygýar.
Boljak oglan ýaşlykdan bellidir.
Edep seniň kämillige hereketlendirijisidir, emma ol diňe seniň özüňde kämillige bolan höwesiň barlygynda netije berip biler. Şonuň üçinem, seniň özüňden, ilkinji nobatda, özüňden kämil çykmak, adam çykmak erki hem küýsegi gerekdir.
Adamzat öz tebigaty boýunça almaga höwesekdir. Her kim almaga höwesek. Adamyň şu tebigatyndanam onuň bagt meselesi çözülýär. Eger sen özüňden berip bilseň, onda saňada bererler. Durmuşdan almak mümkinçiligi bilen adam öz bagtyny kesgitleýär. Diýmek, seniň bagtyň adamlara berip bilýändigiňe baglydyr. Berseň, alarsyň. Alyp bilseň, özüňi bagtly hasaplarsyň. Diýmek, bagtyň şerti, ilki bilen, özgeleri bagtly etmekdedir.
Adamzadyň almaga höweseklik tebigaty ata-babalarymyzyň edep hazynasy babatda-da üýtgewsizligine galsyn! Edepden mümkinçiligiň ýetdiginden köpräk aljak bol! Şonda bagtly bolarsyň, çünki, edep – jemgyýetiň ýaşaýyş kadalarydyr, ol kadalary bilmezden we berjaý etmezden, bagtly bolup bolmaz.
Edebiň ýagşysy ulyny sylamakdyr.
Edebiň başlangyjy ýaşkiçilik edebidir.
Ýaşkiçilik edebi ulynyň uludygyny ykrar etmekden başlanýar. Muny ykrar etmek bolsa, ýaşulynyň öňünde borçludygyňa, oňa ahlak hem gaýry ýörelgelerde boýun bolmalydygyňa düşünmekdir.
Ata-babalarymyz ýaşaýyş üçin ähli zatda ölçegliligiň, rejeliligiň we sazlaşygyň gerekdigini bilipdirler. Ýaşy ulyny sylamak adamlar arasyndaky gatnaşyklary ýaş nukdaýnazaryndan sazlaşdyrmak ýörelgesidir.
Edep – adamyň tebigy-beden ösüşini onuň ruhy ösüşi bilen sepleşdirmekdir.
Edep – adamyň tebigy ösüşini ruhy-edep gymmatlyklary bilen şertlendirmekdir. Eger edep bolmasa, onda adam ruhy şahsyýet däl-de, bary-ýogy beden birligi hökmünde boý alardy, beýle zat adamzat jemgyýetiniň abadanlygyna zeper ýetirer. Çünki, adamzat ýaşaýşy üçin, bir tarapdan, tebigy ösüşe ýol bermek, beýleki tarapdan bolsa, onuň jemgyýet üçin ýaramsyz goşmaça netijelerini aradan aýyrmak gerekdir. Adam bolmak üçin adam terbiýesi – edep gerekdir.
Eziz oglum, mähriban gyzym!
Zynhar, ýaşy ulyny syla!
Ýaşkiçilik möwriti türkmen müçenamasynda, esasan, üç müçäni öz içine alýandyr. Olaryň birinjisi – çagalyk müçesi, ikinjisi ýetginjeklik, üçünjisi bolsa, ýigitlik müçesidir. Elbetde, ýaşkiçilik diýilýän zat öz-özlügiňde däl-de, özüňden ululyk babatda kesgitlenilýän umumy düşünje. Ýaşy özünden uly barka, her kimem ýaşkiçidir. Emma ömrüň nukdaýnazaryndan, ýaşkiçilik, köplenç, şol üç müçä baglanyşykly närsedir. Şonuň üçinem, ýaşkiçilik müçeleriniň hersiniň öz edep şertleri bardyr. Bu şertleriň berjaý edilmegi her birimiziň edepli-kadaly şahsyýet ösüşimiziň ruhy esaslaryny üpjün eder.
Ýaşkiçiligiň ilkinji möwriti bolan çagalygyň öz edep şertleri bardyr. Adamzat çagasy ýedi ýaşyna çenli beden şahsyýeti hökmünde gutarnykly kemala gelýär. Munuň manysy: ol şoňa çenli ene-atasyndan alan gan-gen närselerini doly ýüze çykarýar. Şondan soň galan zatlary – öz ösüşi üçin gerek zatlaryny durmuşdan alyp ugraýar. Durmuşdan diýýänim – daşyny gurşap alýan ýagdaýlardan, adamlaryň göreldesinden we sözlerinden alyp başlaýar. Ata-babalardan galan gymmatlyklar ulgamy bolan edep adama çagalykdan berlip başlanmalydyr. Ýedi we on üç ýaş aralygynda her bir türkmen çagalyk edebiniň kadalaryny özleşdirmelidir.

* * *

Çagalyk edebiniň esasy kadalary şulardyr:
– öz bedeniňi arassa saklamagy öwren! Irden turup, el-ýüzüňi ýuwmagy, nahardan öň we soň eliňi ýuwmagy, irden hem giçlik dişleriňi ýuwmagy, hepdede bir gezek suwa düşünmegi endik et. Şonda çagada hapysa gezmekden utanmak duýgusy kemala geler;
– egin-eşigiňi özbaşdak geýinmegi öwren. Egin-eşigiňi tämiz saklamagy, aýawly saklamagy endik et;
– hat ýazmagy we okamagy öwrenip başla;
– öý goşlaryny, enjamlaryny ulanmagy öwren;
– öý haýwanlaryny idetmegi öwren;
– ýaşyňa laýyk dürli oýunlary oýnamagy öwren;
– daş-töweregiňi gurşap alýan zatlar – öý, bakja, soňra mekdep, köçe bilen aragatnaşyk saklamagy öwren;
– ulular – ata-eneň, doganlaryň, terbiýeçileriň, mugallymlaryň, goňşularyň, tanyşlaryň bilen aragatnaşyk saklamagy öwren. «Eje», «kaka», «dost», «jora», «mugallym», «daýy», «ata», «ene» diýip ýüzlenmegi öwren;
– ulular we deň-duşlaryň bilen salamlaşmagy öwren. Ýat adamlar bilenem, tanyşlar bilenem her bir gatnaşygyň hökman salamdan başlanmalydygyny öwren;
– edilen sowgat, ýagşylyk üçin minnetdarlyk bildirmegi, «Sag bol», «Taňryýalkasyn» aýtmagy öwren;
– islegiňi, möhümiňi haýyş bilen bitirmelidigini öwren;
– ulularyň gürrüňini, söhbetini diňlemegi, olardan öwrenmegi endik edin;
– ulularyň özüňden edýän talabyna düşünmegi we ýerine ýetirmegi öwren!
On üç ýaşdan adamyň ýetginjeklik müçesi başlanýar. Oglandyr gyzyň gylyk-häsiýeti, bolşy, endikleri we özlerini alyp barşy ýuwaş-ýuwaşdan tapawutlanyp ugraýar. Şonuň üçin bu döwür beden ösüşi üçinem, aň we ruhy-ahlak ösüşi üçinem juda ähmiýetlidir. Adam ondan öň ulularyň dünýäsiniň daşyndady, indi ol kem-kemden ulularyň dünýäsine aralaşyp ugraýar. Bu ugraýyşyň sazlaşykly we şowly bolmagy üçin şu edep kadalary zerurdyr:
– ulyny syla!
– ulynyň hakyny berjaý et: salam ber, hal-ahwaly ilki ýaşulynyň soramalydygyny unutma, ýaşuludan soň özüň hal-ahwal soraşmagy endik edin, ulynyň sözüni bölme, gaýtawul berme, ýumşuny bitir, garrylara ýardamçy bol, ula boýun bol, «Etme» diýenini etme, «Et» diýeninden ýüz dönderme;
– dost, jora tutun, dostuň nämedigini bil, deň-duşlaryň bilen oňşukly bol, öýde, mekdepde, gaýry ýerlerde özüňi edepli-tertipli alyp bar, garagolluk etme, özüňden kiçilere degsinme, ýaramaz endiklerden daşda dur;
– ulularyň ýüz-syrat, beden kemçiliklerine gülme, ulyny aglatmak kiçä ýaraşmaz.
Ýaşkiçilik edebiniň düýp manysy ulularyň ýola goýan düzgün-kadalaryny berjaý etmekdir:
– ogurlukdan, uruşdan, ýalan sözlemekden, etmişli bolsaň, özüňi aklamakdan, etmişiňi özgäň boýnuna atmakdan, özüňden ejizlere azar bermekden daşda dur;
– öz-özüňe diýeniňi etdirmegi öwren. Göwnüňe hoş ýakýan zatlaryň hemmesiniň gowulyk däldigine düşün. Gowy, ýagşy işleri edesiň gelmeýänem bolsa, hökman etmelidigine düşün;
– özüňden ekabyrlaryň edeplisine eýer, biedebiniň yzyna düşme, oňa öýkünme;
– çeper kitaplary okamagy, sungat eserleri bilen höwrükmegi endik edin. Kiçiniň aladasy ulalmakdyr, öz kalbyňda öz isleýän ululygyň nusgasyny döret we şoňa ymtyl;
– toýa-ýasa gatnaşyp ugra, ilki öz şatlygyňa şatlanmagy, öz hasratyňa ynjamagy öwren, soňra özgeleriň şatlyk-gaýgysyna goşulmagy öwren;
– arak, çilim, humarly oýun ýaly erbet pişelerden daşda dur;
– zähmet çekmegi öwren, mal bakmagyň, ýer işlemegiň ýönekeýje endiklerini ele al, gyz bolsaň, tikin tikmegi, keşde çekmegi, nahar bişirmegi, kir ýuwmagy, öýi syryp-süpürmegi öwren;
– hünär saýlamagyň pikirini et. Öz gowy görýän, başaraýjak hünäriňi almak üçin birnäçe ýyllar öňünden taýýarlyk gör;
– ene-atanyň berýän zatlarynyň wagtlaýyndygyna, ömrüňi özüň gazanmalydygyňa düşün. Ata-ene barjamly bolsa, pul-baýlyk berer, emma özüňde başarnyk, akyl bolmasa, olar wagtlaýyndyr, ata-ene wezipe, iş hem tapyp biler, emma özüňde ukyp, jepakeşlik bolmasa, olaram wagtlaýyndyr;
– ata-eneden kömege garaş, emma kömegiň badalgadygyna, başlangyçdygyna düşün, özüňi seniň özüň döretmelisiň, özüňi özüň ykrar etmelisiň, diňe seniň özüň özüň bolup ýaşap bilersiň.
– höwürtgeden ir uçmany, ir uçurym bolmagy, ir ganatlanmagy başarjak bol;
– edenli, dogumly, başarjaň, ot ýaly bol! Özüň özüňi ykrar etdirmeseň, durmuşyň seni aňsat ykrar etmejegini bilip goý;
– bagtly bolmagyň şerti – hünärli bolmak we hünäriňe ussat bolmakdyr. Daýhan bol, işçi bol, mugallym bol, ýene biri bol – öz işiňe ussat bolsaň, her kime ýetdirmeýän mertebä eýe bolarsyň. Işiňi oňarmasaň, kim bolaňda-da, mertebäň we abraýyň bir aşykça bolar;
– ejiz, sussupes, öýkelek, naýynjar, biçäre, göwnüçökgün bolmakdan daşda dur. Durmuş ejizleri halaýan däldir, başyňa nähili agyr kynçylyk düşende-de, onuň wagtlaýyndygyny unutma! Galkyn, kynçylykdan seni alyp çykjak ýene seniň özüňsiň;
– başyň dikgä, janyň sagka, ýaş başyň barka, uzyn ömrüň bary öňüňdekä, nämäniň aladasyny edersiň?! «Hemme zat özüme bagly» diýen hakykata akyl ýetir. Hiç zat maňa bagly däl, meniň şowsuzlygym daşky şertler bilen kesgitlenen diýen günüň ömrüňe atanak çekdigiňdir;
– göriplik etme! Ähli betbagtçylyklaryň çeşmesi göriplikdedir, betbagtlyk – bagta nädogry düşünmeklikdir. Bagt – bir adama ýeterlik zady, bir ömre ýeterlik nygmaty, bir göwne ýeterlik gymmaty, bir akyla ýeterlik manyny edinip bilmekdedir. Bir adama bolsa juda azlygam ýeterlikdir;
– özüň bol, ömrüň bolsun! Ömri boş geçirme, zähmet çek, özgeler-ä zähmetsizem aljagyny alýar diýip ýalňyşma! Allatagala hiç bir zady mugt berýän däldir, mugt berlen ýalydyr, berläýende-de soňunyň görgüsi uludyr. Adam mugt berenok, heý, Alla-da onsoň mugt berermi?!

* * *
Türkmen asylzadalygy, sypaýylygy, edep-ekramy, salyhaty müňlerçe-müňlerçe ýyllaryň dowamynda kämilleşendir. Taryhy tejribesi ýetik halkymyz atlaryndan itine çenli «tohum mal», «arassa mal» diýen ýaly düşünjeleri ulanypdyr, adamlar barada bolsa ata-babasyna, tohum-tijine seredip, «adam çykýan ýer», «han çykýan ýer» diýen ýaly düşünjelere berk uýupdyr.
Gany asylzadadan ýaramaz perzent dünýä inmeýär. Asylzada öz neberesine asylzada, begzada terbiýesini berýär. Türkmeniň edep berşi ýörite mekdep!
Her bir adamyň gözi – onuň kalbynyň, içki dünýäsiniň gapysy. Käbir hanlar adamlaryň gözlerine seredip, içindäki matlabyny, käbir lukmanlar bolsa göze seredip, adamyň näme keselden ejir çekýändigini anyklamagy başarypdyr. Adam dili bilen ýalan sözlär, awy ýalap, ant içer, emma gözleri bilen aldap bilmez, gözler kimiň kimdigini äşgär edip durandyr. Elbetde, bu gowy adamlar babatda şeýle! Emma gözleri bilen aldap bilýän, gözleri bilen perişdäni hem aňňalak gapdyrýan ýeser kişiler bar.
Ynsan gözleri gudratdyr. Kalby owadan, ruhy dünýäsi baý adamyň gözlerinden nur saçylyp, mähir-muhabbet balkyldap durandyr. Şeýle bir mähriban gözler bolýar – mähriň ojagy, söýginiň, ezizlemäniň saçagy! Şeýle bir gözler bolýar – ylla perişdäniň, ylla ýagşyzadanyň gözleri ýaly. Ol gözlere bakanyňda mähriň ganyp, Hakyň didaryny gören ýaly bolýarsyň.
Dünýä şygryýetinde gyz-gelinleriň gözleri ýaly waspy ýetirilen syna ýokdur. Bir bakyşda ýyldyrym çakdyryp, ýakyp-ýandyryp, bir bakyşda galpyldadyp, doňduryp bilýän gözler. Bir bakyşda yşka uçradyp, akyl-huşuňdan aýryp bilýän gözler. Söýgüsi, yşky owsun urup duran näz-kereşmeli, jilweli gözler.
Gözüň edebini saklaň! Ýagşy zatlara seredip, dünýäniň, sungat eserleriniň gözelliginden gandyrylan gözler hakyky adam oglunda bolýar. Q1 gözler tötänden hem aýyp, wejera närseleri görmez, çünki, asylzada adamy perişdeler goraýandyr.
Allatagala adam ogluna dünýäniň iň ýagşy, iň süýji, iň tagamly nygmatlaryny bagyş edipdir.
Adam öz iýýän ajaýyp nygmatlaryna mynasyp bolmalydyr. Men her bir adamyň gözüne siňe seredenimde, onuň kalbyny görmäge çalyşýaryn. Käbir adamyň gözlerine seredeniňde, göwnüň dokunýar, çünki onuň mähri balkyldap duran gözleriniň aňyrsynda jennetden zyýada ruhy dünýäsi görünýär. Ynanyň, Adam oglunyň jenneti hem dowzahy hem öz kalbyndadyr. Kalbynda dowzah bolsa, jennet ýaly dünýäden peýda bolmaz. Ömrüňi gaharlanyp, zeýrenip, käýinip, gargap geçirersiň. Kalbyňda dowzah barka, ölüp hem jennete bararyn öýtme!
Kalby jennetli, baky baharly adamlar bu dünýäde hem jennetde ýaşaýandyr, ol dünýäde hem olaryň jennete düşjegi ikuçsuzdyr.

* * *

Eziz türkmenim!
Durmuşyň günleri birsydyrgyn bolany bilen maksada barýan ýol birsydyrgyn däldir. Bir-de daglara çykanyňdaky ýaly kötelliklere, kynçylyklara duşarsyň, bir-de dagdan inen ýaly şaglap gaýdarsyň. Bir gün uly ýeňiş gazanarsyň, ýene bir gün kiçijik ýeňiş gazanyp bilmersiň. Garasaý, durmuş ululy-kiçili ýeňişlerden, ýeňlişlerden ybarat. Käte işiň şowlaýar, kä mahal bolsa, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, bitäýmeli işiň hem bitmeýär.
Maksada okgunly adam ruhdan düşmeýär.
Aýdaly, dünýäniň ýeňil atletikaçylarynyň ählisiniň bir maksady bar: 100 metr aralygy sekiz sekuntda geçmeli. Ýüz müň adam şol maksat üçin ylgaýar, emma olaryň diňe biri dünýäniň çempiony bolýar. Ol şöhrada, baýlyga ýetýär, galanlary näme? Galanlary tut ýaly saglyk edinýär.
Hekaýat: bir baý adam dagyň harsaň daşlaryndan jaý saldyrýar eken. Ussasy hakyky ussa bolup, gyssanman, uly harsaň daşlaryň arasyna kiçi daşlary hem goýuşdyryp, bekedip, göwnüne jaýlap salýarmyş. Jaýy gurdurýan adam ussasyna:
– Ussa, uly harsaň daşlardan salsaň, jaýy çalt bitirip bilersiň. Bu ýumruk ýaly daşlara güýmenip ýörmäň näme? – diýipdir.
– Saňa jaýyň dessine bitmegi wajypmy ýa onuň owadan hem mizemez bolmagy wajyp? Men seniň jaýyňa ömrümiň belli möwsümini bagyş edýän, şol sebäplem munuň maňa asyrlap durmagy, pylanynyň guran jaýy diýlip, adymyň tutulmagy gerek – diýip, ussa jogap beripdir.
Her kim öz durmuşyny meýilnamalaşdyrýar. Her kim içinden «Men ertir şeýle-şeýle işleri ederin, öňümizdäki aýda bu işleri ederin, üstümizdäki ýylda şeýle işleri edip, şunça gazanç ederin, pylan hili sepgide ýeterin» diýip, etjek-goýjak işlerini ölçerip-dökýär. Emma, hany, aýdyň, her günde, aýda, ýylda etjek işiňizi öňünden maksat tutunyp, soňundan edip bilmedik işiňiz üçin öz öňüňizde hasabat berýäňizmi?
Adatça, her bir adam özi-özüniň aklawçysy. Ol şowsuzlyga uçrasa, öňünde goýan maksadyna ýetip bilmese: «Meniň işim şowlamady. Anha, pylanynyň işi mydama şowuna» diýen ýaly bahanalar bilen özüni aklaýar.
Emma oýlanyp görüň. Mydama erjel adamlaryň işi şowlaýar, erjel, tutanýerli adamlar gurplanýar, baýaýar, at-abraýa eýe bolýar. Ýaltalaryňky welin, köplenç, şowlamaýar, şowsuzlyk üçin welin, olarda bahananyň azlyk etjek gümany ýok.
Durmuş deňzinde okgunly ýüzmek üçin gäminiň ýelkenini wagtynda götermeli, ugurdaş ýelleri doly peýdalanmaly. Ökde, ussat gämiçiler hatda garşylyklaýyn ýellerden hem peýdalanmagy başarýarlar.
Derýa girip, elleriň bilen balyk tutjak bolup heläk bolman, derýanyň kenaryndakaň irginsizlik bilen tor örmäni öwrenmeli.
Bitiren işleriňe buýsanyp, lezzet almany başarmaly, ýöne indiki bitirjek işleriňden geljek lezzete ymtylmaly.
Käbir kişiler: «Miweli baglar ýylaşa getirýär» diýýärler.
Bagbany ugursyz baglar, hakykatdan-da, ýylaşa getirýär. Bagban tejribeli bolanda miweler bişip başlan wagtynda suwdan ozal dersini, gaýry dökünleri berer, soňra suwdan mazaly gandyrar. Şeýdip hem ol miweler bişip başlan çaglary täze ýylky hasylynyň aladasyny eder. Eger bagban alan hasylyna buýsanyp, hasyl sowlup, güýz gelensoň dökün berse, daragtlar täze ýylyň pyntyklaryny ýetişdirip bilmez.
Hakyky bagban bir ýyl öňünden geljek ýylyň hasylyny ýetişdirmegiň gamyny edýändir.

* * *
Wagtyň gadyryny bilmezlik – ömrüň gadyryny bilmezlikdir. Sagat jykgyldap, wagty hasaplap barýar. Gijesi ýok, gündizi ýok, jykgyldap, ömrümiziň bir çetinden gädip gidip otyr. Lukmanlaryň ýürek urgusyny barlaýşy ýaly, sagat ömrümizi hasaplap otyr, emma ömrümizden kemelýändir öýdemzok.
Gaýta, käte wagt geçenok diýip, nadyl bolýarys.
Adamyň wagtdan gaýry beýle biparh tutýan zady ýokdur.
Bu dünýäde tas ähli zat diýen ýaly satlyga mündi, diňe wagty satyn alyp bolmaýar, emma şonda-da Allanyň Wagtdan bina edip Ьегед. ömrüni bisarpa peýdalanýarys. Kim wagtyny geçirmek üçin balyk tutmaga gitse, kim küşdüň başyna çökýär. Kim ýoldaşlary bilen kart oýnasa, kim kino tomaşa edýär...
Aýratynam, wagtyň bihuda geçirilýän çagy – ýaşlyk!
Ýaş mahalyň dünýägaraýşyň hem başga bolýar, öňüňde tutuş ömür ýatyr: altmyş ýyl, segsen ýyl, ýüz ýyl! Ömür gözýetimi ýok bimöçber umman bolup görünýär. Ýaşlyk ýaşlyk bolýar! Ýaşlykda kim ömür hakda, kim wagtyň gymmaty hakda oýlanýar?! Emma kyrk ýaşy, elli ýaşy arka atyp, yzyňa bir seredýärsiň welin, göýä ýaşamadyk ýaly, kyrk-elli ýaşyň nädip geçenini hem duýman galypsyň. Kyrk-elli ýaşyňda näme bitireniňe seredýärsiň, emma bitiren ibaly işiň hem ýok. Kyrkdan soň bolsa, ömür şeýle bir çalt geçip başlaýar, haýran galaýmaly.
Gadymy ata-babalarymyz her gezek Gün ýaşanynda: «Ömrümiziň ýene bir güni geçdi» diýip, gam-gussa batar ekenler. Näme üçin biz ömrümiziň iň gymmat harydyny saman kimin sowrup ýörüs? Sebäbi bize ömür mugtuna berildi. Beýik Allatagala: «Bar, ýaşa, keýpden çyk!» diýip, tutuş bir ömri mura-mugtuna berip goýberipdir. Onda-da nähili lezzetli, eziz, owadan dünýäde!
Adama ýeke ýola ömür berilýär. Kimde-kim ýaşlykdan başlap, her minudyny, her sagadyny, her gününi manyly işe sarp etse, şol kişi kimligine garamazdan, iliň içinde hatyraly, döwletli adam bolup, beýik maksatlara ýetip bilýär.
Wagt bizi belentliklere alyp barýar. On dokuzynjy asyr rewolýusion pikiri dogurdy. Ol pikir adamzadyň başyna nähili elhenç külpetleri getirdi. Ýigriminji asyr kosmos asyry boldy. Adamzat Zemin çygryndan çykyp, kosmosa aralaşdy.
Iň esasy zat – dünýäniň ähli sebitlerinde millionlarça zawod-fabrikler gije-gündiz işleýär. Dünýä gije-gündiz işleýär. Netijede, dünýäde bolçulyk zamanasy başlady. Dünýä Wagtyň gadyryny bilip başlady. Indi sesden çalt gidýän tizlik adamy kanagatlandyrmaýar. Oňa indi ýagtylygyň tizligi gerek.
Manyly ömür sürýän adama mydama wagt ýetmeýär, bihuda ömür sürýän adam bolsa, wagtyny geçirip bilmeýär.
Adam wagtyň emrine boýun bolmaly däl-de, tersine, wagty öz hasabyna işletmeli.
Maňa wagt ýetenok. Ýigrimi dört sagat maňa az. Men gyssagly işlerim üçin naharymdan, ukymdan, dynç almadan kemýärin, emma barybir wagtym ýetenok. Meniňem jahankeşde bolup, dünýäniň owadan-owadan ýerlerine keşt edip, lezzetli dynç alasym gelýär, emma wagtyma gözlerim gyýmaýar. Dünýäniň iň meşhur teatrlarynda iň gowy oýunlara tomaşa edip, lezzetli dynç alasym gelýär, emma wagtyma gözlerim gyýmaýar!
Goja Arhimed: «Maňa daýanç nokadyny berseler, men ýeri agdarardym» diýýär. Eger Allatagala maňa wagt berse, men hiç bolmanda, Türkmenistany jennet mekanyna öwrerin!
Eziz ýaşlar!
Allatagalanyň peşgeş beren her gününiň, her sagadynyň gadyr-gymmatyny bilip, ony many-mazmundan, şöhrat-şandan bezemäge çalşyň! Wagt geçer, ýaşululyk ýaşyna ýetersiňiz. Ana, şonda geçen günleriňiz üçin utanmaly bolmaň. Manyly geçen ömrüňiz özüňize medet bolsun, il-ulsa görelde bolsun! Bu Garaşsyz diýarda türkmen diýen belent adyňa mynasyp bolup ýaşa!

* * *
Adamzat ýigriminji asyryň aýagynda Arş gämisine atlanyp, asmana çykyp, dünýä, Zemin togalagyna ýokardan, ýagny Allatagalanyň seredýän ýerinden seredip gördi.
Adam ogly Arş gämisine atlanyp, ýüz müň ýyllap sežde eden Aýyna aýagyny basdy. Adam oglunyň Arş gämisi – adamzat ösüşiniň, akyl-paýhasynyň, kämilliginiň miwesi.
Biziň pikirimiz Arş gämisi ýaly uçup adamdan adama barýar. Her bir adam bolsa, açylmadyk planeta, açylmadyk ýyldyz.
Biziň aýdan jümlämizden biziň kimligimiz, pynhan kalbymyz, kämilligimiz aýan bolýar. Biziň pikir-paýhasymyz – biziň baş miwämiz.
Biziň öz pikirimiz bar, dünýäniň, adamlaryň biz hakda öz pikiri bar.
Her bir adam özüniň kemçiliginem, üstünliginem, ýagşysynam, ýamanynam ýagşy bilýär. Kämil adam özüniň kemter ýerlerini bassyr-ýussur etmän, özüne takyk baha berip, özüni tanaýar. Kämil däl adam bolsa, ýamanlygyna göz ýumup, ýagşysyny ösdürip, özüne özünden artyk baha berýär.
Her bir adam edýän işinden, durmuşda özüni alyp barşyndan, maşgalasyndan, gylyk-häsiýetinden, aýdýan sözünden açylýar.
Her bir adamyň oý-pikiri, durmuş hereketleri, edim-ylymy, aýdýan sözleri – şol adamyň daşky syýasaty. Hilegär, mekir, ýaramaz, kämil däl adamlaryň «daşky syýasaty» bilen «içki syýasaty» gabat gelmeýär, beýle adamlar galp ýaşaýar. Galp adamlar adam diýen mertebeden pesde durýarlar. Adam mertebesinden pesde durýan adamlar öz «daşky syýasaty» bilen adamlary, Hudaýy aldap bolýandyr diýen ters pikire uýýarlar, emma aslynda olar diňe özüni aldaýarlar.
Kämil adamyň aýdan pikiri şol kämil adamyň özüdir.
Bir ýarym müň ýyl geçendigine garamazdan, Gorkut atany biziň her birimiz tanaýarys, sebäbi ol ölmejek sözlemlerine, jümlelerine girip, biziň bilen ýaşap ýör.
Adamzat öz ösen aňyýeti bilen haýwanat dünýäsinden tapawutlanýar, şonuň üçinem, Adama älemiň göwher jygasy diýýärler.
Adamzadyň aňy – onuň Zeminde million ýyllap ýaşap, toplan tejribesiniň, ösen pikir-paýhasynyň jemi.
Şeýle adamlar bolýar – olar kuwwatly aňynyň guly. Olar ösen aňyýetiniň erk-islegi boýunça hereket edýärler, ýaşaýarlar.
Şeýle adamlar bolýar – olar kuwwatly aňyna erk edýär, aňyýetini özüne tabyn edip, durmuşyny öz isleýşi ýaly gurýarlar.
Budda: «Aňyýet – ähli zat; siz nähili pikir edýän bolsaňyz, şol hili hem bolarsyňyz» diýýär. Günleriň bir güni size bu owadan, ajaýyp dünýä tutuksy, bimany bolup gömer, siz ruhdan düşersiňiz. Ýene bir günem, şol tutuk dünýä şeýle owadan, eziz, mähriban bolup görünýär, siz ganat açyp, asmana uçup başlarsyňyz. Aslynda weli, dünýä şol dünýä. Özgerişler siziň aňyňyzda bolup geçýär. Şonuň üçinem biz: «Aňyýetine erk edip bilen, jümle-jahana erk edip biler» diýýäris.
Eger siziň işiňiz şowlaman, edeniňiz tersine bolup, maňlaýyňyz daşa degýän bolsa – ony dünýäden, Hudaýdan görmeli däl. Şowsuzlyk biziň aňymyzda!
Biziň dünýä, durmuş, özgeler, özümiz hakdaky pikirlerimiz – kerpiçler. Biz şol kerpiçler bilen hem öz dünýämizi gurýarys. Eger biziň pikirlerimiz daş ýaly mizemez bolsa, guran binamyz hem mizemez bolar, eger biziň pikirlerimiz kalbymyzda, beýnimizde bişirilmedik bolsa, çig kerpiçden salan binamyz uzak durmaz.
Dünýäniň, älemiň merkezi – biziň aňyýetimizde ýerleşýär.
Ölmez-ýitmezlige barýan ýol-da, ölüme barýan ýol-da, Haka, hakykata barýan ýol-da, melguna barýan ýol-da biziň aňymyzda.
Aňyna erk edip bilen adam durmuşda islendik maksadyna ýetip biler.
Aňyna erk edip bilýän adam durmuş atly düýpsüz, gözýetimsiz ummanda, ýelkeniň, ýelleriň, ruluň kömegi bilen ýüzüp, islän ýerine, islän adasyna ýetip biler. Tersine, aňyna tabyn bolan adam bolsa, deňziň oklan adasyna barmaga mejbur bolar.
Sen – öz pikiriňsiň! Seniň aňyýetiň kuwwatly, kämil kalbyň owadan bolsa – sen ýaşaýşyň lezzetine mynasyp bolarsyň, pikiriňde galplyk bar bolsa, ömrüňem, durmuşyňam galplygyň pidasy bolar.
Adam ogly gijeler asmana bakyp, ýyldyzlary çelgi edinse, gündiz beýik danalaryň hem-de özüniň pikirini çelgi edinýär.
Baryp gadymy Müsürde alym Ptolomeý: «Älemiň merkezi – Zemin, biziň ýaşap ýören dünýämiz. Älemiň Aýy, Güni, ähli ýyldyzlary biziň dünýämiziň daşynda aýlanýar» diýen pikiri jahana ýaýypdyr. Dinler hem bu pikiri hakykat hökmünde kabul edýär. Müň ýarym ýyl ozal aýdylan ýalňyş pikiri ýok etmek üçin ençeme alymlar ömrüni bermeli boldy, Jordano Bruno otda ýanmaly, Galileý bolsa, zyndanda çüýremeli boldy.
Adamzat – dogry pikir bilen ýalňyş pikiriň, hakykat bilen hyýalyýetiň, geçmiş bilen gelejegiň, mälim bilen nämälimligiň ummanynda ýüzüp ýören gämi.
Biziň miwämiz – pikirimiz.
Biz pikirlerimiziň üstüne atlanyp, Gelejege barýarys.

* * *
Allatagala Adam ogluna Adam mertebesini bagyş edipdir. Hatda Allatagalanyň otdan bina bolan perişdeleri hem Adamyň gullugynda goýlandyr. Allanyň iň arzyly perişdesi Adamyň gullugynda durmagy kiçilik bileni üçin lagnata galyp, Arşdan kowlup, iblise öwrülendir.
At-abraýy, mertebäni gazanmak ummasyz kyn, emma gazanan mertebäňe mynasyp bolup ýaşamak has kyn. Han bol, beg bol, baý bol, ulama bol – parhy ýok, durmuşda öz derejäňe mynasyp ýaşamagy başarmasaň, il-ulsuň gözünden düşýärsiň. Il-ulsuň gözünden düşdüňmi – saňa begligiňdenem, baýlygyňdanam peýda ýok.
Hekaýat: bir zaman bir ýigide ýüz dürre jeza beripdirler. Jellat göle hamyndan iýşme gamçyny her salanda, ol ýigit:
– Eý, Allajan, güýç-gaýrat bereweri! – diýip, nalyş edýär eken.
Kazy:
– Sen güýç-gaýraty näme etjek, barybir ölýänçäň seni dürrelemeli.
–Ölmek bar, ölmek bar. Diş gysyp, merdi-merdana ölmek bar, bagyryp ölmek bar, kazy!
Biz gerdişi-gerdany kän çarhypelekde ýaşaýarys, ertir kimiň näme boljagyny bir Allatagala bilýär. Bu günki garyp ertir depseň deprenmez baý bolup biler. Bu gün iş tapman ýören kişi ertir örän uly wezipä eýe bolup biler. Emma mertebe baýlyk hem däl, dereje hem däl, ony hiç kimse bermeýär. Ony çagalykdan başlap, eden ýagşy işleriň, hoşgylaw gatnaşygyň, paýhasyň bilen gazanmaly! Ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, çemçeläp ýygnamaly.
Hekaýat: bir gezek soltan Sanjar juma namazyny okap, wezir-wekilleri bilen metjitden çykýar, şol pursatdan peýdalanyp, bir gedaý onuň aýagyny togap edip:
– Soltanym, maňa bir dinar sadaka beriň – diýipdir. Soltan Sanjaryň keýpi gowy eken, ol:
– Eý, Allanyň bendesi, sen soltanyň mertebesini peseldýärsiň – diýen.
Gedaý:
– Onda, soltanym, müň dinar beriň – diýipdir.
Soltan ýene ýylgyryp:
– Ynha, indi sen öz mertebäň götermejek zadyny dilediň – diýip, nedimine ümläpdir. Nedim gedaýy gyra çekip:
– Ynha, saňa bir aý bolelin iýer-içeriň ýaly bäş dinar – diýýär. Gedaý hem erjel eken:
– Bir aýdan soň men aç öläýmelimi?
– Bir aýda, belkem, Allatagala ryskyňy açar, juda bermese, metjide gelip, ýene soltana duşjak bol!
Durmuş öňe barýar. Bir säw bilen weýran bolan şäheri ozalkysyndan gowy edip salyp bolar, bir säw bilen talaňa düşüp, galyp galan il-ulsam doýrup bolar, emma ýitirilen mertebäňi, ýykylan abraýy dikeltmek üçin ummasyz köp wagt gerekdir
Obadaşlaryň, il-ulsuň söýgüsine mynasyp bolmak üçin, olary iki esse söýmelidir. Il-ulsuň belent mertebesine mynasyp bolmak üçin, özgeleri sylamagy, hormatlamagy başarmalydyr. Söýgini, at-abraýy, mertebäni pula satyn alyp bolmaýar, basyp alyp, talap alyp bolmaýar, mertebe – dilege berilmeýär. Söýginiň bahasy – söýgi, mertebäniň bahasy – mertebe.
Hekaýat: gadym zaman bir han bazardan birnäçe gul satyn alypdyr. Gul gul bolýar, satyn alnan guluň kimligini tanamak üçin wagt gerek, sebäbi ol zamanlarda uruşda talaňçylyga sezewar bolup, mertebeli adamlar hem gul gandalyny geýmeli bolupdyr. Akylly han gullary ýeke-ýeke çagyryp, köpek iti bilen bir ýalakda ýal beripdir. Itiň ýalagynda ýal iýen guly boşadýar eken. It bilen ýal iýmeden ýüz dönderip, ömrüni gulçulykda geçirmäge razy kişileriň kimsini özüne gulam – nöker, kimsini mal-garasyna çopan edipdir. Hana:
– Han aga, siz gullaryň iň binamyslaryna azatlyk berip, namysjaňlaryny bolsa, gul edinýärsiňiz, munuň hikmeti nämedir? – diýip, soranlarynda han:
– Men satyn alan gullarymyň adam dälini kowup goýberýärin, adam kybaplaryny alyp galýaryn, sebäbi men gullaryma örän belent mertebe goýýaryn – diýipdir.
Hekaýat: asly asylzada baýat türkmenlerinden bolan Mahmyt soltanyň kakasy Söbük pelegiň gerdişi bilen gul bazaryna düşýär. Horasanyň häkimi Alp hökümdar gullaryň arasynda Söbügi ýagşy görýän eken. Iki ýyl hem gulam bolup gulluk etmänkä Alp hökümdar ony ýüzbaşy belleýär. Günleriň bir güni Alp hökümdar iki sany onbaşyny bir oba salgyt ýygnamaga ýollaýar. Oba adamlary salgyt bermekden ýüz dönderýär. Bir onbaşy Söbüge salgydy güýç bilen almagy teklip edýär. Emma Söbük güýç ulanmaga kes-kelläm garşy çykýar. Olar boş gelýärler. Ikinji onbaşy Alp hökümdara Söbügi ýamanlaýar. Alp hökümdar Söbügi ýanyna çagyryp:
– Sen näme salgydy zor bilen almaga ýol bermänsiň, gaýtyp güýç ulanjak onbaşyma hem: «Özüm-ä bir güýç ulanman, güýç ulanjak bolsaň, saňa hem ýol bermerin» diýipsiň – diýip, gygyryp başlaýar. Söbük gullara mahsus bolmadyk parasat bilen:
– Sebäbi siziň Alyhezretleriňiz bizi salgyt ýygnamaga ýollady, eger salgydy bermeseler, güýç ulanyp, söweşip, döwüş gurap alyň diýip perman bermedi. Biz permansyz söweşe giren bolsak, gul däl-de, kelle bolardyk. Güýç bilen salgyt ýygnajak bolup hem ýeňilsek, onuň masgaralygy size degerdi, şonda siz: «Kim size söweşip, salgyt ýygnaň diýdi?» diýseňiz, biz ýere girmeli bolardyk – diýipdir.
Dokuzynjy, on ikinji asyr aralygynda soltan Mahmydyň, türkmen-seljuk soltanlarynyň, köneürgençli türkmen soltanlarynyň uly döwletleri döwran sürýär. Mahmyt soltanyň soltanlygy synanyndan soň seljuk-türkmen soltanlary, seljuk-türkmen soltanlary synanyndan soň köneürgençli türkmen soltanlary birek-biregiň abraýyny, mertebesini saklap, özünden ozalky soltanlaryň pulhaky bellän adamlaryna aýlyklaryny aýba-aý berip gelipdirler. Soltan Jelaleddiniň ýanynda bolup, onuň ömürbeýanyny ýazan ildeşimiz Muhammet Nesewi Köneürgenç-türkmen soltanlygynyň synmagyna sebäp bolan zatlaryň biriniň – ozalky soltanlaryň bellän pulhakylarydygyny adalatly ýazypdyr. Emma hiç kim gaznaly soltanlarynyň ýa seljuk soltanlarynyň pulhaky bellän adamlaryny puldan kesmek meselesini soltan Jelaleddine aýtmaga milt edip bilmändir.
Men at-abraý, mertebäniň nämedigini örän gowy bilýärin. Esasanam, elhenç ýertitremesinden soň sopbaş ýalňyz galanymda men kakamyň, atamyň mertebeleri bilen duşuşyp başladym.
Mertebe – ata-babalardan gelýän keremli mukaddeslik. Biziň her birimiz ata-babalarymyzdan galan mertebäni, at-abraýy has-da belende götermelidiris.
Biz bäş müň ýyllyk ýazmaça taryhy bolan, dünýäde ýetmişden gowrak uly döwletler guran, türkmen elipbiýini dünýä beren beýik halkdyrys. Bäş müň ýyllyk ýazmaça taryh – buýsanjymyz, jahanyň ilkinji pygamberi Oguz han, dünýäniň iň danasy Gorkut ata, serdarlar serdary Görogly dagy biziň ata-babalarymyz. Biziň her birimiziň mertebämiz gudratly türkmen halysynyň üstünde dur, biziň her birimiziň mertebämiz gamyşgulak bedew atyň üstünde çapyp barýar. Biziň her birimiz dünýäniň medeniýetine ummasyz uly goşandyny goşan halkyň wekilidiris. Biziň dabanymyzyň astynda keremli türkmen topragy bar, her birimiziň üstümizde keremli Allatagala bar! Biz beýik mertebeli halkyň wekilleridiris! Ynha, şonuň üçinem, biziň döwletimiz görlüp-eşidilmedik dereje bilen ösýär! Ine, şonuň üçinem, biziň ruhumyz al-asmanda perwaz urýar!
Durmuşda her bir adam öz derejesini, öz mertebesini bilse, durmuş kämilleşýär. Adam öz kemçiligini görmegi başarsa, ony düzetmegi-de başarar.

* * *
Ýetime dünýäden hiç zat gerek däl. Onuňam iliňki ýalyjak el ýaly gamy bar, iki döwüm çörek bolsa, oňa bolýar, bolmasa-da bolýar, sebäbi onuň öňüne dünýäniň nygmatyny, tagamyny üýşürip goýanyňda hem onuň damagyndan ötmeýär!
Onuň derdi çökder!
Ol derdi çekip görmedikler bilmez!
Magtymguly ýetim hem däl, ýalňyz hem! Emma ol ýetime derman sözi bilipdir. Ýetim görgülä güler ýüz berseň, dünýä bereniň! Güler ýüz bermek hem kyn däl. Ýeke pul çykdajyň ýok, ýöne ýetim oglanjygy göreňde ýylgyraýmaly. Emma ýalan ýylgyryş bilen çyn ýylgyryşy ýetim bilýär. Hiç kim bilmese-de, ýetim bilýär!
Özüň ýetim bolsaň, ýer urup ýerde galan ýeke bolsaň, güler ýüz beren örän-örän gyt bolýar-a! Hamana, ýetimi görüp ýürekden ýylgyrsa, ýüregi çat açaýjak ýaly, käbir adamlaň! Meniň ýetim döwürlerim-ä hiç kimden aýyp eder ýaly däldi. Ol mahallar ýüzüni güldürip biljek adam hem ýokdy. Raýatlyk urşunda ölenler, basa-baslyk ýyllary gümgidene gidenler, bäş ýyla çeken uruşda ölen sansyz ýigitler, yzdaky ölüm-ýitimlerden ýaňa iliň endamy bez bolandy! Üstesine ýertitremesi!
Ýüz ýetmiş alty müň jan! Ýüz ýetmiş alty müň ynsan! Bu-da bärkisi! Onuň anyk sanyny bilýän ýok! Ýekeje maly, ýekeje towugy ölse, bir depder-kagyz doldurýan hökümet bir respublikada bir gijede ölen ýüz ýetmiş alty müň adamyň hasabynam almady. Gaýta uly bedibagtlygy kiçeldip, dünýäden gizlediler!
Güler ýüz! Bugdaý söz!
Men ýaş başymdan güler ýüzüň nämedigine akyl ýetirdim.
Men ýaş başymdan bugdaý sözüň tagamyny duýmany öwrendim.
Adamda sähelçe göwün bar. Ýekeje hoş söz bilen adamyň başyny Arşa ýetirip bolýar. Ýekeje hoş söz bilen adam ogluny uçuryp, göçürip, ganatlandyryp bolýar.
Men dünýäde iň arzyly, iň gymmat zadyň hoş sözdügine akyl ýetirdim!
Men güler ýüzüň dünýäde iň uly baýlykdygyna akyl ýetirdim.
Adamzat dünýäden baýlyk agtaryp, daglary düňderip, göwherini, altynyny, laglyny, deňizleri agdaryp, dürüni, merjenini alýar. Adamzat ýaşap başlaly bäri baýlyk ýygnaýar, hazynasyna basýar, demir sandyklar döredip, baýlygyny goraýar. Ol esasy baýlygyny altyn-göwherdir öýdýär.
Emma adamzadyň baş baýlygy – ýagşy, hoş sözler! Adam ogly olary ýaş ýüreginiň töründe saklaýar!
Altyny, göwheri satyn alyp bolýar.
Ýagşy, ýakymly sözleri satyn alybam bolmaýar, satybam. Men «Hoş sözleri aýdyň birek-birege» diýen şygrymy ýöne ýerden döretmedim. Ondaky pikirler meniň baş küýseglerimiň biri. Men ýaşlyk ýyllarymdan bäri şol küýseg bilen ýaşaýaryn.
Men dünýäde ýagşy sözleri ýygnadym. Meniň bar baýlygym ýagşy sözler.
Ejemiň aýdan mähriban sözleri ýarym asyrdan soňam meniň kalbymy ýyladyp dur.
Ejemiň aýdan mähirli, nurana sözleri elli ýyl bäri meniň güýjüme güýç, kuwwatyma kuwwat goşýar.
Ýene bir gezek nygtaýaryn: hoş sözleriňizi birek-birekden gysganmaň! Mydama birek-birege hoşgylaw, güler ýüz boluň, hoş sözleri aýdyň, hoş sözlerde ganat bardyr. Hoş sözler adama ganat berýändir. Hoş sözler ömre, durmuşyňa älem-goşar çaýýandyr.

* * *
Mähriban oglum!
Eziz gyzym!
Adamlar barada alňasap netije çykarma, durmuş barada gyssagly netije çykarma, adamlaryň, durmuşyň erbetdigine däl, gowudygyna ynan, ynamyň hakykaty göz ýetirmäge mümkinçilik berer. Daşky görnüşiňe görä garşy alarlar, pähimiňe görä-de ugradarlar. Seniň bilen gürleşen adamlarda gowy duýgy, gowy pikir galsyn. Mydarna gowulykda ýatlanmagyň aladasynda bol, şonda işiň, ömrüň şow tapar.
Adam ýigitlik müçesinde sözüň hakyky manysynda uly adam bolýar. Ol indi durmuşyň daşynda däl-de, jümmüşinde. Ol ilkibaşky öwrenen edep kadalaryny ulularyň dilinden eşitdi, indi ol edebi durmuşyň öz dilinden eşider. Ol uly bolup, ula has oňat düşüner, ol uly bolup, ulynyň gadyryny indi biler.
Çagalyk – pyntyk, ýetginjeklik – gunça, ýigitlik bir gyzyl güldür.
Ir hünär edinen ir saýlanar, Watan gullugynda bolýan ýigit ömrüniň iň gözel döwrüni ýaşaýandyr. Onuň şu gününe buýsanjy, geljegine ynamy bar. Iň oňat keýp – adam bolup ýaşamagyň keýpidir. Ol indi ululyga, ärlige ýetişdi. Ýöne onuň öňünde has uly ýaşulular bar. Şonuň üçinem, ýigitligiň ýaşkiçilik edebi bolmalydyr. Munuň manysy ululara ululykda hemdem, ululykda aýakdaş bolmakdyr. Özüni uly üçin kiçi saýar, emma uly ony özi üçin uly saýar. Ýigitlik – hem ýaşkiçi, hem ýaşuly bolmak möwritidir.
Ýigit ulular bilen dertdeş, akyldaş, syrdaş hem-de ýürekdeş bolmalydyr. Ýaşy kiçi akyl-paýhasy, ýüregi ulular bilen ýaşytdaş bolmalydyr. Ol ýigit çykyp, garrylygyň hut özi üçinem geljekdigine göz ýetirýär. Şonuň üçinem, onuň özi ata bolup atasyna, ene bolup enesine, aga bolup agasyna, daýy bolup daýysyna oňat düşünýär. Beýle kämil kişi öz-özüni edebe alyp barar, durmuşyň entek açylmadyk edep kadalaryny öz ýaşaýşy bilen berjaý eder.
Ýene bir aýtjak zadym: eger seniň hereketleriň öňki edep kadalaryna ters gelmeýän bolsa, onda seniň her bir hereketiň edeplilikden nyşandyr.

Ruhnama II kitapdan.

Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 519 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Saparmyrat Türkmenbaşy | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Pedagogika we edep-terbiýe bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]