22:04

Oka, bil, öwren!

OKA, BIL, ÖWREN!

Eziz oglum, mähriban gyzym!
Külli janly-jandarlaryň içinde Allanyň adamzada beren artykmaçlygy akyldyr. Adam akyly bilen adamdyr. Akyl oňa özge jandarlaryňkydan tapawutlanýan ýaşaýşyny amal etmäge mümkinçilik berýär. Akyl – adamzat ýaşaýşynyň uslybydyr.
Adamy adam edýän akyly kämilleşdirmegiň serişdesi bilimdir hem ylymdyr. Akyly kämilleşdirmek – adamzadyň akyl ýetiriş ukyplaryny ýaşaýşyň özeninde, esasynda goýmakdyr. Aslynda howaýylyk tebigaty bolan akyly anyk we janly durmuşa getirmek ony durmuşy özgertmegiň usulyna öwürmekdir. Bilim hem-de ylym hut şu maksada hyzmat edýär.
Allatagala adama akyl beripdir.
Bilimi hem-de ylmy adamzadyň özi tapypdyr.
Howaýylyk bolan akyl şeýdip, maddy dünýäniň beýleki närseleri ýaly, anyklyk tebigatyna eýe bolupdyr.
Bilimi maddy ähmiýetli güýje öwürmek üçin adamzat öz durmuşynda juda möhüm bir barlygy – mekdep diýilýän zady oýlap tapypdyr. Mekdep Allanyň beren tohumyny topraga atyp, ondan hasyl almagyň alajydyr.
Hat-ýazuwyň oýlap tapylmagy bilen medeniýet döreýär. Adamzat tebigy ýaşaýyşdan medeni ýaşaýşa geçýär. Adamzat daşdan almagyny bes edip, özünden – içinden döredip başlaýar. Onsoň akyl-paýhas esasy orna geçýär. Adamzat ýaşaýşynyň arabasyny akyl atly ýadamazak, armazak, hiç mahal güýçden gaçmazak, hiç mahal güýji gutarmazak at çekip ugraýar.
Iň uly baýlyk – akyldyr.
Iň uly gymmatlyk – ylymdyr.
Çünki adamzadyň daşyndaky ähli baýlyklar gutarýar, olar çäklidir, sebäbi maddy dünýäniň özi çäklidir. Emma adamyň özi gutarmaýar, adamyň özündäki akyl hem gutarmaýar. Eýsem, ähli howaýy zatlaryňky ýaly, akylyň hem çeşmesi maddy dünýäden aňyrda ýerleşýändir.
Şeýle baýlygyň çeşmesi bu dünýäden däl, şol sebäpli-de, kör galmaýan, gutarmaýan akyly amal etmegiň, dünýä ornaşdyrmagyň, şeýdibem, dünýäni özgertmegiň serişdesi bolan akyly howaýylykdan maddylyga geçilýän ylym-da iň uly gymmatlykdyr. Ylym gymmatyny gaçyrmaýan gymmatlykdyr.
Ylym adamzada hemişe gerek. Şonuň üçinem, adamlar ylmy we bilimi biri-birine, nesilden-nesle geçirmek, şeýdibem, akylyň taryhy dowamatyny üpjün etmek üçin mekdebi döredipdirler. Şol sebäpden hem mekdep – akyl öýüdir diýilýär. Akyly ylma, ylmy-da durmuşa öwürmek üçin döredilen mekdep edep barlygynyň bir möhüm giňişligidir. Ylym-bilim almak ýöne-möne zat däl, munuň üçin degişli şertler, dessurlar we kada-düzgünler gerekdir. Şol şertlere, dessurlara we düzgün-kadalara-da umumylaşdyryp, mekdep edebi diýmelidiris.
Ýedi ýaşymyz dolup, mekdebiň gapysyndan ädim äden günümiz biziň durmuşymyzda täze bir durmuş başlanýar. Bir wagtlar özüniň güýç-kuwwatynyň, özüniň esasy barlygynyň akyldadygyna düşünen adamzadyň tebigylykdan medenilige geçişi ýaly, biziň her birimiz mekdep arkaly bir barlykdan başga bir barlyga geçýäris. Bu geçişiň düýp pelsepe manysy nämeden ybarat?! Allatagala adamzady ýaradyp, ony Wagt diýilýän şalygyň içine oklapdyr. Munuň özi ruhy barlykdan maddy barlyga gidiş bolupdyr. Maddy barlygyň esasy sypaty, ömür sürmeginiň baş usuly Wagtdyr. Wagt tebigatyň baş kanuny bolup, külli janly-jandary ahyrky netijede ýokluga alyp barýar. Akyl wagt menzilini yza öwrüp, ýoklugy barlyga döndermek, ýoklugyň üstünde barlygy gurmak mümkinçiligidir. Çünki, ol müdimi barlyk bolan Allanyň özünden adama geçen närsedir. Ine, biziň her birimiz mekdepde özümizden öňki nesilleriň ýoklugy barlyga döndermek ugrunda çeken zähmetleriniň miweleri we netijeleri bilen tanyşýarys, soňra öz gezegimizde olary has-da kämilleşdirýäris. Şeýdip, adamzadyň v/agty ýeňip geçmek ukyby artýar. Şeýdip, adamzat Wagtyň gapdalynda bir ýerde müdimilik giňişligini bina edýär, pelegiň aýlanyp duran gerdişinden sypyp, Älemiň jümmüşinde bakylyk mesgenini gurýar. Şonuň üçinem, ylym-bilimiň adamzat üçin adatdan daşary ähmiýeti bardyr.
Eziz oglum, mähriban gyzym!
Sen mekdebe, mekdep edebine öz ömrüň düýp özeni, manysy bilen baglanyşykly gymmatlyk hökmünde garamalysyň! Mekdep edebiniň şertleri mekdep derwezesinden giren pursatyňdan başlanýandyr. Mekdep – ylym öýüdir, eýsem, bu öýde bolmagyň edep şertleri-de düýplüdir, çynlakaýdyr we ýerine ýetirilmegi hökmany zerurlykdyr.
Edep ýok ýerinde ylym bolmaz.
Ylym ýok ýerinde akyl bolmaz.
Akyl ýok ýerinde adam bolmaz.
Edep ýok ýerinde adamy-da gözläp oturmaň!
Ylym giňişligi bolan mekdebiň aýratyn ruhy güýç-kuwwaty we aýratyn ruhy howasy bardyr. Bu giňişlikde höküm sürýän baş edep kanuny okuwa höwes, bilime teşnelik şahsy erkiň mekdep düzgünine tabynlygydyr. Mekdep metjit ýaly mukaddes ýerdir. Şonuň üçinem, mekdebe gadam basanyňdan, özüňi şol mukaddesligiň ruhuna uýgunlaşdyrmalysyň. Okuwçy bol, talyp bol – seniň ýüzüň tuwagy edepdir. Mekdepde edepli ýöremeli, edepli oturmaly, edepli gürleşmeli, edepli sapak almaly, edeplilik bilen bilim netijelerini görkezmelisiň.
Okuw galam tutmakdan, hat ýazmakdan, ýazylany okamakdan başlanýar. Özüniň düýp manysy boýunça okamak gudratly işdir. Şonuň üçinem, «okamak» sözi biziň dilimizde, dünýäniň özge halklarynyň dilinde-de üýtgeşik keramatly täsirli manylara eýe bolupdyr. Okamak arkaly biz dünýämiziň içinde başga bir dünýäni açýarys. Okap, ata-babalarymyzyň ruhy we akyl genji-hazynasynyň gatlaryny açýarys. Şonuň üçinem, galam tutmagy, hat saýgarmagy öwrenmek jennetiň gapysyna el ýetirmäge barabardyr. Biz okap adamlaşýarys. Okap, adamzadyň akyl barlygyna dahylly bolýarys. Okap, adamzadyň bitewi ruhy giňişligine aralaşýarys. Şonuň üçinem, dünýäleri açmagyň iň ygtybarly hem iň oňat ýoly okuwdyr. Men bu hakykaty ýöne ýere nygtamok. Adamzadyň esasy tebigaty daşyňy gurşap alan, göze öwrenişen barlykdan gaçyp, has owsundyryjy, has imrindiriji özge bir barlyga geçmekdir. Adam hemişe özge äleme, başga owazlara maýyldyr. Çünki, onda akyl bardyr. Akyl – derýa kimin kenarlaryna azm urýan barlykdyr, akyl – ruhuň öz donuna sygman, joş urmasydyr, çarp urmasydyr. Eýsem, akyl akyp ýatan närsedir. Onuň akyş tizligi ýagtylygyň tizliginden-de müňlerçe essedir. Çünki, ýagtylyk – madda, akyl bolsa ruhdur.
Kerpiç bina bolmaga, damja umman bolmaga, toprak ýer bolmaga, öýjük beden bolmaga ymtylýar. Adamzat akyl arkaly Wagtdan gaçyp, bakylyga ymtylýar. Bu ymtylyş okuw arkaly mekdep giňişliginde kemal edilýär. Hut şu düýpli hakykat mynasybetli mekdep biziň ömrümiziň iň eziz we iň süýji pursatlarynyň üznüksizligi bolup, ýürek owsundyryjy çäk bolup hakydamyzda galýar. Okuw bize adam üçin mümkin bolan iň uly baýlygy – pikirlenmek bagtyny berýär. Bu diňe adamzada berlendir. Pikirlenmegiň, dünýä akyl ýetirmegiň lezzeti bilen deňeşdireniňde, dünýäniň özge lezzetleri hiç zatdyr. Hut şonuň üçinem, biziň geçmişdäki beýik akyldarlarymyz şahsy durmuşynda, gün-güzeranynda zahytlyk kadasy boýunça ýaşapdyrlar. Zahytlyk – pikirlenme lezzetiniň hatyrasyna maddy lezzetlerden ýüz döndermekdir. Elbetde, biziň häzirkizaman ýaşaýşymyz özge ýaşaýyş gymmatlyklaryny goldanýar, men sizi zahytlyga çagyramok. Bu ýerde esasy ýörelge atalarymyzyň taryhy sapak – bilime, okuwa ýüregiňi bermek ýörelgesidir.
Ähli lezzetlerden lezzetlisi okuwdyr, okamakdyr. Okamagyň lezzetiniň omuny hiç bir lezzet tutup bilmez.

* * *
Dünýä – Allatagalanyň mekdebi. Dünýä bir ömürde görüp, seýil edip, lezzet alardan uludyr. Dünýäniň beýik ýeri – bir ömürde akyl ýetirerden çylşyrymlydygydyr. Dünýäniň süýji ýeri – ol bir ömürde jahanda ýaşap, doýup bolmaýanlygydyr.
Kagyz-galam çykaly bäri akyldar adamlar durmuşyň, dünýäniň, ömrüň manysyny düşündirip, galyň-galyň kitap ýazypdyr. Emma olaryň ählisi düýn, ählisi geçmiş! Dünýä bolsa ertire barýar. Dünýä gelejege barýar...
Dünýä – tükeniksizlige barýar.
Ýaşaýyş – kämillige barýar.
Adam ogly – gelejege barýar.
Akyldar dana adamlar geçmişiň galdyran petde-petde kitaplaryny basgançak edip, ertire seredip görmek isleýärler.
Bir akyldar: «Beýik adam dogulmazdan ozal onuň durmuşdaky omuny, maksadyny Allatagala kesgitleýär, beýleki adamlar bolsa, durmuşda ýollaryny özleri agtaryp tapmaly» diýipdir.
Beýik adam bol, pes adam bol, parhy ýok, durmuşdaky ornuňy tapyp bilmeseň, ömrüň-ýaşaýşyň güzaba öwrülýär.

* * *
Mähriban oglum! Eziz gyzym!
Adam ogluna ýeke ýola ömür berilýär. Adam ogluna ýeke ýola hakyky söýgi berilýär.
Her bir dünýä gelen adam ýaşaýyş bilen, dünýä bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýaşaýyşda bolsa ýol kän. Ol ýollaryň galabasy bagta barýar.
Esasy zat, dünýä gelip, öňüňde goýan maksadyňa ýetmeli!
Maksady bolmadyk adam – pagtabent okdur.
Baýyň, garybyň, ministriň ýa çopanyň çagasy bol – parhy ýok, eger durmuşdaky ornuňy tapyp bilmeseň, ýaşaýşyňdan lezzet hem alyp bilmersiň, maksadyňa ýetip hem bilmersiň.
Hekaýat: Hudaý dünýäni, Aýy, Güni, Adamy ýaradyp, pikire batýar: ýaşaýşyň manysyny nirede goýmaly? Belent dagyň üstünde bukmalymy, ýa däli deňziň düýbünde bukmalymy, ýa ýedi gat ýere gömmelimi? Ahyry Hudaý ýaşaýşyň manysyny her bir adamyň kalbynda, içki dünýäsinde bukmaly diýen netijä gelýär. Sebäbi adamyň gözi daşyna seredip dur, ol ýaşaýşyň mazmunyny daşdan gözleýär, çünki, gözüňi özüňe öwürmek adam ogluna başartmaýar diýip, dünýäniň manysyny adamyň kalbynda bukupdyr.
Adam oglunyň gözi daşyna bakyp durandyr. Ol kimligine garamazdan, pygamberiňem kemçiligini görer, emma özüniňkini welin, aňsat-aňsat görmez!
Eger sen özüňi görüp, özüňe nazar aýlap, özüňi öwrenip başlasaň, beýik akyldar bolarsyň!
Men Türkmenistan döwletini – sekiz ýüz ýylda bir gezek öz ýurdumyzda arassa türkmen halky bolup guran döwletimizi wyždanyň üstünde gurmak isleýärin:
Türkmenistan döwletiniň binýady – Wyždan;
Tugrasy – Agzybirlik;
Syýasaty – Adalat;
Tugy – Ruhubelentliki
Ruhubelentlik maksadyňa ýetmegiň iň gysga ýoludyr.
Hekaýat: gadym zamanda bir beg ogly begzada ýagşyzada duşupdyr. Ýagşyzada oňa:
– Ýagşy ýigit, halan zadyňy sora, hasyl bolar – diýipdir.
– Ýagşyzada, meniň bar zadym bar, atam-enem maňa gerek hem gerekmejek baýlygy ýygnapdyr. Mümkin bolsa, sen maňa Ýaradanyň dünýäsini görkez, men ýaşaýşyň üstünem-astynam, geçmişinem-geljeginem göreýin – diýipdir. Ýagşyzada oňa:
– Dünýäni göreý diýseň, kitabyň üstüne çyk, şonda dünýäniň depesem, geljegem, geçmişem gömer – diýip, gözden gaýyp bolupdyr.
...Men ýaşlykdan kitaba höwrükdim. Agam Nyýazmyrat mekdepde göreldeli okuwçydy. Mekdep kitaphanasyndaky kitaplaryň galabasyny okandy. Ol bize şindi bäş ýaşymyzdakak okamagy öwretdi. Sebäbi biz uzynly gün boşduk. Ejemiz-ä, gara daň bilen işe gidýär, Güni ýaşyryp, halys bolup hem işden gelýär. Uruş ýyllaryny gözi bilen gören ýaşulular bilýändir, ol zamanda on dört sagat işlenilýärdi. Häzirkiçe iki esse! Şeýdip hem duşmandan üstün çykmaga, faşistleri ýeňmäge güýçlerini-gaýratlaryny jemläpdiler. Men birinji synpa baramda mugallymlar haýran galdylar. Men eýýäm ikinji synpyň hasabyny işläp bilýärdim. Mugallymymdan öwgüden başga eşiden sözüm ýok. Şonuň üçin men hem mekdebiň kitaphanasyny höwür edindim. Nyýazmyrat bilen gyzyklydan-gyzykly kitaplary tapyp okaýardyk. Kitap yzyna kitap okaýardyk.
Men indi yzyma ser salýaryn. Meni başyma düşen elhenç pajygalardan halas eden hem kitap bolmaly. Sebäbi kitaplar dünýäsi başga dünýä! Häzirki ýaşap ýören dünýäňden has kämil, has adalatly, has tämiz, hemişe yzy ýagşy adamlaryň ýeňmegi bilen gutarýar. Çagalykdan kitap okap başlan çagalar beýnisini, ruhy dünýäsini türgenleşdirýär.
Kitap okaýan kime meňzeş?! Gije-gündiz mülküni sürüp, dökünläp, ýene sürüp, ekin ekip, suwuny berip, ahyry uly hasyl alýan daýhana meňzeş. Kitap okamaýan adam bolsa mülküne seretmeýän, aslynda ol mülkden gaty köp hasyl hantama bolsa-da, hiç hili hasyl alyp bilmejek, mülkünde ýandak, şora, selme, gyzgan biten daýhana meňzeş.
Men Asman bilen Zemin arasynda ýalňyz galanymda – ýakynlarymy aldyryp, düýbünden ýat, sowuk, yzgytsyz dünýä düşenimde meni kitaplar halas etdi. Men gamlanan çagymda hem, gamsyz çagymda hem, elim sypyndygy kitaba gümra bolýardym. Kitap başga dünýädi. Ol dünýäde meni hiç kim «baý-gulak çagasy» diýibem, «ýetim» diýibem kemsitmeýärdi...
Kitaby köp okaýan adamyň gözlerem, gursagam, beýnisem doly bolýar. Men kitap okaýan adam bilen kitap okamaýan adamy görenimden tanaýan. Eýdip-beýdip diplom alyp, soňam wezipä geçse-de, kitap okamaýan adamyň başarýan goşy bolmaýar, hatda adamlar bilen gürleşmegi hem başarmaýar. Kitap okaýan adamlar bolsa, balarynyň öýi ýaly hüjre-hüjre, öýjük-öýjük bolýar, şol öýjüklerem mähir-muhabbet, çykgynsyz pursatda dadyňa ýetişjek zerur zat bilen doly.
Kitap okaýan adamyň mugallymlary, halypalary, dostlary kimler? Dünýä dana-dana kitaplary peşgeş beren beýik akyldarlar, alymlar, ýazyjylar! Olar haýsy zamanada, haçan ýaşap geçendigine, haýsy halkyň wekilidigine garamazdan, seniň mugallymyň, halypaň, dostuň bolýar.
Durmuşda gowy, gurply, baý ýaşamak üçin köp akyl gerek däl. Bütin düýrmegi bilen öz söýýän kärine berlen her bir adam gowy ýaşap biler. Topragy söýýän, yhlasyny, gujur-gaýratyny topragyna bagyşlan adama toprak hem bar baýlygyny eçilip bilýär. Ylymly adam geçmişiň akyldarlary bilen gepleşmegi başarsa, topragy söýýän adam toprak bilen, malyny söýýän maldar maly bilen gürleşmegi başarýar. Bir käri söýüp, şol käre berlen adam hiç haçan ýamanlyk ýüzüni görmeýär, emma, şol adamlar üstüne okumyş hem bolaýsa, onda bütinleý başgaça bolýar. Daýhan ýöne daýhan däl, alym daýhan, maldar bolsa, alym maldar bolýar. Olalyň ýaşaýyşlaryna many-röwşen, bereket goşulýar.
Meniň atam-da, enem-de, hossarlarym-da, dost-ýarlarym-da kitap boldy. Kitap okaýan adamyň ýüregi ynsanperwerleşýär, kalby tämizleşýär, paýhasy kämilleşýär, ruhy baýlygy, parasat baýlygy, dil baýlygy, duýgy baýlygy umman bolýar.
Men kitaplardan basgançak edip, asmana çykyp boljakdygyna-da, kitaplardan ganat edinip, beýleki älemlere baryp boljakdygyna-da ynanýaryn. Gadymy sopulara üns beriň: olar medreselerde, öýde öz döwrüniň ähli beýik kitaplaryny okapdyrlar, özleri kitap ýazypdyrlar, soňam ýalňyzlyga, hylwata çekilip, Beýik Alla bilen birleşmäge jan edipdirler. Şeýdip hem olar ilimiziň uly ulamalary bolupdyrlar.
Durmuşda birnäçe basgançak bar:
– birinji basgançakda öz gün-güzerany, gündelik aladalary bilen öz bala-çagalaryny ekläp, işine gydyrdanyp ýören adamlaryň adaty durmuşy durýar.
– ikinji basgançakda kitap baryny okap, geçmişiň, dünýäniň beýik-beýik dana adamlary bilen gürrüňdeş bolup, dünýä akyl ýetirmäge ymtylýan adamlar ýaşaýar.
– üçünji basgançakda ýetişen, kämil çykan adamlar bolýar.
Şol ýerdenem dünýä, älemlere akyl ýetiriş başlanýar.
Hekaýat: gadym zamanda bir dana derwüş bütin ömrüne oba-oba, şäher-şäher aýlanyp, ulus-ile ýagşy dilegler edip, halys gojalypdyr. Ol öler müddetiniň gelendigini magat bilipdir, üstesine agyr dertläpdir. Garasaý, derwüş ölümiň öň ýanynda özüni bir şähere atýar. Şähere gelip, öňi bilen, bazara aýlanypdyr, kitap dükanyna barypdyr. Kitap dükançynyň hal-ahwalyny sorapdyr. Dükançy zeýrenipdir.
– Söwdam bolanok.
– Näme, satlykdaky kitaplaryň ugursyzmy?
– Ýok, kitaplarym örän gowy kitaplar. Emma puldar adamlar-a kitap almaýar, sebäbi köpüsiniň sowady ýok. Kitap okaýjak adamlaryň bolsa, golunda puly ýok – diýipdir.
Derwüş mejalsyzdygyna garamazdan, ýola düşüpdir, ýagşy adamlar oňa töwella edip, ýoldan alyp galjak bolupdyrlar, Hekimler bolsa:
– Derwüş, sen indiki oba ýetmän ýolda ölersiň, ýagdaýyň agyr, hiç ýerik gitme, gal! – diýipdir.
Derwüş:
– Bazarynda alyjydan satyjy köp, harytlarynyň bahasy alardan gymmat, kitap dükany alyjysyz şäherde ölenden bediýan çölde ölüp, şagallara şam bolan ýagşydyr – diýip, ýola rowana bolýar.

* * *
Mähriban ýaşlar!
Siz her bir hekaýatdan, her bir rowaýatdan many çykarmagy başaryň. Kitaby özüňize dost-ýaran tutunyň. Dünýäniň manysy kitapdan başlanýar. Kitap ömrüňize nur-röwşen çaýýar.
Siz owadan diýaryňyzy, beýik Watanyňyzy ýürekden söýüň! Şu topragy, şu ýurdy ýürekden söýen şu Watanyň ogly bolup biler, şu Watan üçin söýgüsini, gujur-gaýratyny, yhlasyny bagyşlanlar ilhalar türkmen bolup bilerler.
Biz Watana ganat berdik, asmana uçmaly siz! Biz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany dünýä tanatdyk, indi kämil çykyp, atalaryňyza mynasyp erkin nesil bolup, dünýä tanalmaly siz!
Bagtyňyz işlese, bir ýylda, üç ýylda, bäş ýylda ýurduň uly baýy, uly mülkdary ýa maldary bolup bilersiňiz, emma parasatly adam bolmak üçin, ylymly alym, döwrebap adam bolmak üçin bolsa, bütin ömrüňe okamalydyr, öwrenmelidir, bilmelidir.
Könelerimiz bir uly pir barada gürrüň edeninde: «Ol pir okap-okap, ganat baglap, uçup bilipdir» diýýär. Men siziň hem okap-okap, ylmyň aňyrbaşyna baryp, uçmagyňyzy arzuw edýärin.

* * *
Adam – tebigatyň perzendi. Dünýäde, jümle-jahanda, älemde bolýan özgerişler biziň her birimize dahyllydyr. Dünýä, jümle-jahan, älem öz özgerişleri bilen, bakylygy bilen, tükeniksizligi bilen biziň ebedilik okuw mekdebimiz, mugallymymyz.
Tebigatda bolup geçýän ähli hadysalar möwsümleýin, möwrit-möwrit zynjyr halkalaryndan ybarat. Zemin öz okunyň daşyndan aýlanyp, bir güni, Aý öz okunyň daşyndan aýlanyp, bir aýy, Zemin Günüň daşyndan aýlanyp, bir ýyly amal edýär. Bir ýylda bolsa dört sany pasyl bolup, tükeniksiz ýaşaýşyň bir ýyllyk ülşi döreýär: pyntyklar açylyp, ýaprak çykýar, gül açylýar, miwe getirýär, soňra şol ýaprak synyp, daragt gyş ukusyna gaýyp bolýar.
Adam ömri hem şeýle. Biz bäbejik bolup, dünýä gelýäris, çagalyk möwsümini, ýaşlyk, jahyllyk, kämillik, garrylyk möwsümlerini başdan geçirýäris. Dünýä başlangyçdan, tamamlamadan, daşgyndan, gaýtgyndan, gijeden, gündizden ybarat.
Serediň, asmanda şol bir aýlanyp duran nurana Gün daň bilen dünýä şagalaň-şowhun, tämizlik, keýpiçaglyk, hyruç, egsilmez güýç paýlap dogýar. Gün öz asman ýoluny tamam edip, agşamlyk bizi aram-karar, ynjalma hem dynç alyş keýpine salyp, ýaşyp gidýär.
Elbetde, gijeden gündiz gowy. Serediň, nurana Gün jümle-jahany tylla nuruna gark edip, lemmer-lemmer ak bulutlara öwüşgin berip, çeşmeleriň şildir dili tolkunlarynda oýnap, ýaşaýşa aýratyn lezzet berýär.
Älem ummasyz uly tizlik bilen çar tarapa giňäp barýar. Edil şeýle-de, adamzadyň akyl-paýhasy hem çar tarapa uly tizlik bilen giňäp, gözýetim yzyna gözýetim açyp barýar. Düýnüň tizligi bilen şu günüň tizligini deňeşdirmek mümkin däl. Şu günüň tizligi bilen ertiriň tizligini deňeşdirip bolmaz!
Mundan ýüz elli ýyl ozal Amerikanyň Prezidenti Linkolnyň öldürilendigi baradaky habar Ýewropa iki hepdeden soň gelip ýetipdir, emma Armstrongyň Aýa aýak basandygy baradaky habary bütin dünýä bir ýarym sekundyň içinde eşidip ýetişdi.
Ösmek, özgermek – dünýäniň kanuriy, älemiň kanuny.
Allatagalanyň peşgeş beren ömrüniň ýekeje minutynyda bihuda geçinnejek boluň!
Ylmyň, bilimiň gazananlaryny öwrenmäge, durmuşyňyzda peýdalanmaga çalşyň!
Durmuşyň lezzeti – ömrüňi manyly geçirmekdedir. Şonuň üçin hem:
Okaň!
Biliň!
Öwreniň!

* * *
Eziz ýaşlar!
Adamyň çakdanaşa çylşyrymly, çakdanaşa kämil gurlan synasy bar. Biz her iş üçin beýnimize agram salyp duman, galaba işleri endigimiz boýunça ýerine ýetirýäris. Endik eden adam her gün daňdan sagat bäşde ýa altyda – oýanmaga endik eden sagadynda oýanýar. Hatda adamyň ukusy-da endige boýun egýär, tabyn bolýar. Agşam sagat on ikide ýatmaga, ir sagat bäşde oýanmaga endik eden adama sagat gurmak gerek däldir. Ýatmaly wagty ýatar, turmaly wagty turar.
Bir kethuda kişi: «Wagtyny belläp, suw hem içmäň, ol endige öwrüler» diýipdir. Adam nämäni endik etse, kem-kemden şol endiginiň guly bolýar. Adam ýaş mahallary aýnap, oýun edip, çilim kükeden bolýar. Dostlary bilen meýhanalara baryp, meý içýär. Emma erki gowşak adam şol ýaramaz endige gul bolýar, Aýnap çekilmäge başlanan çilim endige öwrülýär. Ol çilimi ýanynda götermäge başlaýar. Aýnap içilen şerap-meý soňlugy bilen adamy öz guluna öwürýär. Ol her gün arak içmäge mejbur bolýar, şeýdip hem ol araga-şeraba garaşly, keselbent adama öwrülýär.
Ýagşy işlerde endikler biziň gulumyza öwrülýär, ýaman işlerde, çilim, arak, neşe ýaly ýaramaz keýplerde bolsa, adam şol endikleriň guluna öwrülýär.
Talyplyk ýyllarymyzdan bir parçany gürrüň bereýin.
Bir gün professor-mugallymlarymyzyň biri bize şeýle bir düýpli sapak berdi. Göräýmäge ýönekeýje ýaly, ýöne örän düýpli mesele.
Mugallymymyz talyplaryň öňünde aýnadan edilen küýzäni goýdy. Küýzäniň içi gömüp durdy.
Mugallymymyz talyplara ýeke agyz söz aýtman, öz tejribesine başlady: ol sag tarapynda öňden taýýarlanyp goýlan ýumruk ýaly daşlary küýzäniň içine usullyk bilen salmaga durdy. Tä dolýança küýzäniň içine daş saldy.
Küýze daşdan dolansoň, mugallymymyz bize ýüzlendi:
– Hany, aýdyň, küýze häzir dolumy?
Talyplar baş atdy.
Professor mugallymymyz çep tarapynda öňden taýýar edilip goýlan bedredäki ownujak daşjagazlardan aldy-da, küýzä guýmaga başlady. Küýze doly däl eken, birnäçe goşawuç ownujak daşlar küýzä sygdy. Professor-mugallym bize ýüzlendi:
– Häzir küýze dolumy?
Biz küýzäniň doludygyny makulladyk.
Professor-mugallym şondan soň bir bedreden gury çäge alyp, küýzä guýmaga başlady, küýzäni birsyhly yrgyldadyp, gury çägäniň daşyň hem maýda daşjagazlaryň arasyna siňdirdi. Doly hasaplanan küýzä iki goşawuç gury çäge ýerleşdi.
Professor-mugallym bize ýüzlendi:
– Küýze dolumy?
Biz küýzäniň doludygyny aýtmaga ýaýdandyk.
Professor-mugallymymyz bizden gaýtadan sorajak bolup durmady. Ol bir gapdan suw aldy-da, küýzä ýuwaşjadan suw guýdy.
Küýze doly bolsa-da, suwa ýer tapyldy. Mugallymymyz küýzä ep-esli suw guýdy. Ahyry küýze suwdan doldy.
Mugallymymyz sowalyny gaýtalady:
– Küýze dolumy?
Hiç kimden ses çykmady.
Professor-mugallymymyz bir tokga maýda duzy küýzä az-azdan guýmaga girişdi. Küýze doly bolsa-da, duza ýer tapyldy. Duz eräp gidip dur. Mugallymymyz bolsa, doly küýzä birsyhly duz guýýar. Küýzä ep-esli duz guýansoň, professor-mugallymymyz bize ýüzlendi:
– Häzir küýze doly gerek?
Men bu wakany ýöne ýere ýatlamok. Şol küýze maňa adam mümkinçiliklerini ýatladýar. Küýze deýin adamyň mümkinçiligem çäksiz. Biz: «Küýze doly» diýýäris, ýöne şondan soň küýzä köp zatlar sygýar. Men her bir işde küýze mümkinçiliginden ugur alýaryn. Netije çykarmakda howlukmaly däl. Her bir zadyň anygyna ýetmäge çalyşmaly. Her bir zady düýpli öwrenmek, her bir zada düýpli göz ýetirmek endigini her bir adam özünde kämilleşdirmäge çalyşmalydyr.
Men her gün sagat bäşde oýanýaryn. Her güni Allatagalanyň beren beýik serpaýy hökmünde mynasyp garşylamaga, mynasyp işlere bagyş etmäge çalyşýaryn.
Adam ogluna ömür ýekeje gezek berilýär. Ýekeje berlen ömri, gaýdyp gaýtalanmajak ömri endiklere aldyrman, lezzetli, manyly ýaşamaga synanyň. Her gün irden ukudan turanyňyzdan soň, endigiňiz boýunça ýuwunmagyň hatyrasyna ýuwunman, lezzet alyp ýuwnuň. Her gün beden türgenleşigini endik boýunça däl-de, hakykatdanam, bedeniňizi kämilleşdirmek üçin türgenleşip görüň, her gün ertirlik edineniňizde endik boýunça däl-de, durmuşyňyzdan, iýýän naharyňyzdan lezzet alyp iýip görüň, höziri, lezzeti, tagamy başga bolar.
Dostluk, doganlyk, ýaşaýyş salamlaşmakdan başlanýar! Emma, gynansak-da, salam-helik, hal-ahwal soraşma endige öwrülipdir, diýmek, dostlugam, adamçylygam kem-kemden endige öwrülýär. Emma şu günden başlap, siz tanşyňyz, dostuňyz bilen salamlaşanyňyzda halys ýürekden salamlaşyp, dertdeşlik bile hal-ahwal soraşyň, siz bir hepdeden tanşyňyzyň dosta, dostuňyzyň dogana öwrülip barýandygyna göz ýetirersiňiz!
Hekaýat: bir ökde ussanyň gürrüňini berdiler. Ol ussa bişen kerpiçden jaý gurmaga örän ussat eken. Jaýyň ähli işlerini etmegi başarýan eken. Ol iki aýda eýesiniň göwni ýeter ýaly jaý salmagyň hötdesinden gelipdir. Ahyry ussa özüne hem jaý gurmaly bolýar. Ol bir aýda kesekiniň jaýynyň boýuny ýetirse, öz jaýynyň bäş aýlaw kerpijini zordan örüpdir. Garasaý, ussa öz jaýyny iki ýylda salyp tamamlapdyr. Obadaşlary:
– Ussa, sen bize iki aýda allanäme jaý salyp bilýärsiň. Öz jaýyňy näme iki ýyla çekdiň? – diýip sorapdyrlar. Ussa:
– Men öz jaýymy salanymda her kerpijini ellerim bilen sypap, göwnüme jaýlap, lezzet alyp saldym, şol sebäpli hem meniň jaýym iki ýylda ýetişdi. Siz bolsa maňa ussalygym üçin hak töleýärsiňiz. Men ökde ussanyň salşy ýaly, siziň jaýyňyzy iki aýda salyp bilýärin. Eger meniň yhlasyma, ýürek rnährime hak tölejek bolsaňyz, siz aç galarsyňyz, ýogsa-da men aç galaryn! – diýipdir.
Ýaşaýyş bahasy ýok bagtdyr, ony endige öwürmeli däl-de, her bir pursatyndan lezzet alyp, ýaşaýşyňy beýik sungata öwürmegi başarmaly.

* * *
Dilewarlyk, suhangöýlük sungaty örän ir zamanlarda dörän sungat. Dilewarlygyň, suhangöýlügiň aşagynda ummasyz uly zehin hem akyl-paýhas ýatyr. Mundan iki müň, iki ýarym müň ýyl ozal gadymy Ýunanda, Rimde suhangöýlük sungaty örän beýik derejelere ýetipdir. Suhangöýlügiň uly mekdepleri bolup, onda ýörite zehinli ýaşlar okadylypdyr. Gadymy Nusaýda hem bu sungat ýokary derejelere galypdyr, emma ol döwürden galan ýazmaça çeşmeler oda ýakylypdyr.
Suhangöýlük sungaty örän beýik sungat. Gadymy Ýunanda hem Rimde suhangöýlügini görkezip, uly alymlar belent wezipeleri eýeläpdirler. Sokrat, yslam dünýäsinde Eflatun adyny alan Platon, Aristotel, Seneka, Siseron ýaly ýüzlerçe ulamalar halkyň öňbaşçylaryna öwrülmegi başarypdyrlar.
Türkmen patyşalary, soltanlary, hanlary suhangöýlük sungatyna diýseň uly hormat goýupdyrlar. Ýiti pikirli, ýerlikli geplemegi başarýan adamlar bir jümle bilen uly uruşlaryň öňüni almagy, ölüme höküm edileni ölümden alyp galmagy başarypdyrlar.
Oguz handan başlap, oguz tagtyna çykan hanlaryň, begleriň nebereleri ýörite mekdepde ençeme ýyllap okadylypdyr. Dilewarlyk mekdebiň esasy sapaklarynyň birine öwrülipdir. Gaznaly, Seljuk, Köneürgenç soltanlary döwründe şazadalaryň, begzadalaryň mekdebi ýurduň esasy ylmy akademiýasyna öwrülipdir. Şol mekdepde geljekki soltan, wezirler, serkerdeler, ilçiler ylym-terbiýe alypdyrlar. Olarda ençeme daşary ýurt dilini bilmek hökman eken. Hanlar, şalar, soltanlar köşgünde ýüzlerçe alymlary, şahyrlary, müneçjimleri, gurrandazlary, hekimleri saklapdyrlar. Her hepdede alymlar söhbeti, şahyrlaryň şygyr ýaryşy geçirilipdir. Oba-oba, şäher-şäher söküp ýören derwüşler, galandarlaryň hanakalaryna baryp, olar bilen gürrüňdeş bolmak türkmen şalaryna ýoň bolupdyr. Ondan başga-da, köşkdäkileriň göwnüni açmak üçin wäşi kişiler, japaraklar bolupdyr.
Magtymguly atamyz türkmeniň taryhynda şa Apbasyň suhangöýlügine taý tapylmandygyny nygtaýar.

* * *
Eziz türkmen halkym!
Men size niýetläp ýazan bu kitabymda suhangöýlük hakda ýöne ýere gürrüň edemok. Men size suhangöýlügiň, wäşiligiň ýaran bolmagyny isleýärin.
Suhangöýlüge döwlet derejesinde ähmiýet bermek gerek. Biziň altyn ruhly altyn jemgyýetimizde suhangöýlük ruhy gymmatlyklarymyzyň bir ulgamy bolmalydyr.
Mekdeplerde, ýokary mekdeplerde, iş ýerlerinde, dynç alynýan medeniýet köşklerinde ýaşlaryň suhangöýlük, wäşilik agşamlarynyň, dabaralarynyň yzygiderli geçirilmegi ýola goýulsyn.
Suhangöýlük – ruhubelentligiň özenidir.
Ýaponlaryň dzen ruhyýetinde men türkmen ruhyýetine ýakynlyk görýärin. Men dzen rowaýatlaryna, tymsallaryna aýratyn sarpa goýýaryn. Size ýaponlaryň dzeninden bir tymsaly gürrüň bereýin.
Ýaponiýanyň çetki obalarynyň birinde iki dogan ýaşaýan eken. Olar dzen ybadathanasynda monahlyk edýän ekenler. Dzen ybadathanasynyň kadasyna görä, dünýä aýlanýan derwüşler ybadathanalara baryp, iýip-içip, dynç alyp bilipdirler. Ýöne derwüşleriň bu hukugy gazanmagy üçin ybadathananyň monahy bilen dzen boýunça jedele girmeli eken. Jedelde ýeňen derwüşe monahlar näçe islese, hyzmat etmeli eken.
Iki monah doganyň ulusy gaty sowatly, pähimli kişi eken, ikinji körpesi bolsa, kütek, jalaý eken, bir gözi hem kör eken.
Günleriň bir güni olaryň ybadathanasyna bir derwüş gelýär. Uly dogan inisine buýurýar:
– Gelen derwüşiň ýanyna bar. Onuň bilen dymyp jedel etmek isleýändigiňi aýt.
Ýaş monah gelen myhmanyň ýanyna barýar. Gelen derwüş bilen ýaş monah dymyp jedele başlaýarlar.
Uly dogan bir görse, derwüş goşhaltasyny arkasyna atyp, ybadathanadan gidip barýar. Uly monah derwüşi saklap, onuň bilen gürrüňdeş bolýar.
– Seniň ajaýyp doganyň bar. Ol meni jedelde ýeňdi – diýip, derwüş aýdypdyr.
– Araňyzda nähili jedel boldy, gürrüň bersene – diýip, uly monah derwüşden sorapdyr.
– Men Buddanyň birdigini, ony ykrar edýändigimi bir barmagymy görkezip aýtdym – diýip, derwüş gürrüň bermäge başlapdyr. Seniň iniň iki barmagyny görkezip, maňa garşy çykdy: ýokarda Budda hem onuň taglymaty bar diýdi. Men onuň bu pikirini ösdürdim. Buddany, onuň taglymatyny hem-de Budda uýýan, onuň taglymaty boýunça tebigat bilen sazlaşykda ýaşaýan halypalary göz öňünde tutup, üç barmagymy görkezdim. Ol ähli jedeli jemledi: ýumrugyny görkezdi. Men bu pikire haýran galdym. Ol ýumrugyny görkezmek bilen ähli dünýä, ähli zatlar bir bitewülik diýdi. Ähli zatlar bir aňdan döreýär diýdi. Men ýeňilendigimi bilip, turup gaýtdym.
Derwüş öz ýoly bilen gidipdir. Şondan soň uly monah inisiniň ýanyna barypdyr.
– Hany, ýaňky mahaw?! – diýip, kiçi dogan agasyndan sorapdyr.
– Sen ony ýeňipsiň ahyryn?!
– Ýok, men ondan ýeňildim. Şonuň üçinem, men onuň gözünde ot ýakjak.
– Hany, maňa düşündir, näme boldy?
– Ol meni görenden bir gözümiň kördügini aýtdy – diýip, kiçi dogan gürrüň bermäge başlapdyr. – Ol bir barmagyny görkezip, seniň bir gözüň bar diýýär maňa. Ol keseki bolansoň, men salyhatlylygy saklap, iki barmagymy görkezdim. Iki barmagymy görkezip, onuň iki gözüniň bardygyna, synasynyň kemsizdigine guwanýandygymy mälim etdim. Ol nejis özüne edilen sypaýyçylygy bilenok, walla, bilenok. Agaň iki gözi bilen seniň bir gözüň üç göz bolýar diýip, maňa üç barmagyny somaldyp görkezýär. Heý, munuň ýalam nejislik bolarmy? Onuň sylagy ýetdi. Men çydap bilmän, oňa ýumrugymy görkezdim. Ýumrugymy görkezsem, uruljagyny bilip, namartaýlyk edip, ýerinden turdy. Arz etmek üçin seniň ýanyňa gidendir öýtdüm. Arz etdimi?!
Uly monah ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmändir.

* * *
Mähriban oglum!
Eziz gyzym!
Hakykatyň garşysynda ýalan, söýginiň garşysynda ýigrenç, halallygyň garşysynda haramlyk, haýryň garşysynda şer ýatyr.
Durmuş ummanynyň iki kenary bar, onuň bir kenarynda dowzah, beýleki kenarynda jennet bar. Hudaýyň buýragyny berjaý edip, jennete düşjekmi ýa melgunyň raýyna gidip, dowzahdan çykjakmy? Bu her adamyň öz işi!
Gadym-gadym zamanlardan başlap, biziň ata-babalarymyz nesline-neberesine edep-terbiýe bermegiň örän dogry ýoluny saýlap alypdyrlar. Ata-babalarymyz Sözüň Hudaý tarapyndandygyna ýürekden ynanypdyrlar. Sözi – lebiz bilipdirler. Ýalan sözläninden ölenini ybaly bilipdirler. Ikinjiden hem ata-babalarymyz öz pederleriniň ruhunyň ähli zady görüp durýandygyna ynanypdyrlar.
Häzir hem ýaşuly adamlar: «A-haw, Hudaýym görüp dur ahyry, heý, kesekiniň zadyna el uzadyp bolarmy?», ýa bolmasa: «Hudaýym eşidip durandyr, heý, men sakgalymy sallap, ýalan sözlärinmi?» diýýändir. Biziň ata-babalarymyz Hudaýyň haklygyna, ata-babalarynyň ruhunyň hemradygyna halys ýürekden ynanypdyrlar, şonuň üçinem, olara ýalan sözlemek ölümden hem agyr bolupdyr.
Men otuzynjy ýyllaryň basa-baslygy baradaky resminamalary köp dörüşdirdim. Bigünä görgüliler töhmet belasyna düşenini bilip, Hudaýa sygnyp «hawa», «ýok» diýen sözden başga jogap bermändirler. NKWD-niň üçlüginiň berýän soraglary hem şol bir sorag: «Sen sowet hökümetini ýykjak bolduňmy?», «Sen kolhozyň ammaryny otlamaga gatnaşdyňmy?», «Sen kolhoz başlygyny zäherlejek bolduňmy?»... Ýalan sözläp bilmän, NKWD-niň soraglarynda urlup, öldürilenlerem köp.
Dogry sözliniň dosty – Hudaý!
Hudaý ähli tarapdan seredip durandyr!
Hudaý, hatda gursagyňdan hem seredip durandyr!
Biziň gursagymyzdaky wyždanymyz, imanymyz – Hudaýyň bir ülşüdir!
Hiç kim görenok diýip, ogurlyk edip bilýän bolsaň, diýmek, sen hiç kimsiň! Sebäbi ogurlyk edeniňi özüň görüp dursuň ahyryn.
Hiç kim bilmez-le diýip, ýalan sözleseň, sen hiç kimsiň! Sebäbi sen ýalan sözleýäniňi özüň bilýärsiň ahyry!

* * *
Eziz oglum, mähriban gyzym!
Atalarymyz: «Haýyr işi jäht tut!» diýendir. Jäht tutmak diňe bir tiz etmek däldir, gep diňe tizlikde däl, eýsem, çuňlukdadyr hem. Islendik haýyr işe ýapyşanyňda, çuňluga, düýbe ymtylgyn! Owadan gyzyň yşgyna düşen aşygyň dünýäň bar zadyny unudyşy ýaly, bilime ulaşyp, düýpden, çuňlukdan ýöregin! Goparanyňda, düýbi bilen goparyp algyn! Telperlik, ýalpaklyk, telli-pellilik her närsede-de, onda-da bilimde türkmene nämynasyp zatdyr.
Kitap – adam paýhasynyň maddylaşmagydyr. Biziň kitaba gözümiz öwrenişipdir, bu bolsa mahal-mahal onuň gymmatyna kembaha garamagymyza sebäp bolýar. Emma adamzadyň öz baýlygy bolan akyl howaýylygyny maddylyga öwürmegiň ýollaryny tapman, niçeme asyrlar kösençlik görendigini aýdaýyn. Ahyrsoňunda, adamzat kitap diýen keramaty oýlap tapypdyr. Kitap külli adamzadyň dünýä sygmaýan paýhasyny kiçijik dörtburçluga salyp, biziň elimize tutdurýar. Eýsem, düşünene şundan gymmat peşgeş bolup bilermi?! Kitap bilen deňeşdirilende, dür hem, göwher hem, altyn-kümüş hem hiç zatdyr. Çünki bularyň biri-de adamzadyň öz döreden närseleri däldir. Kitap welin, akylyň jemidir, adamzadyň öz-özüni ykrar etmesidir. Şol sebäpdenem, kitap gadyryny diňe adam bilýändir. Adamzadyň döreden ähli maddy gymmatlyklarydyr baýlyklary-da – ähli maddy gözellikler, tehnika-senet – bularyň bary akylyň önümidir. Hakyky ylym – durmuşy herekete getiriji güýje öwrülip bilýän ylymdyr.
Özgäň akyly bilen ýaşap bolmaýar. Durmuşda ýaşamagyň üçin özüňde hem üşügiň bolmagy gerek. Mugallym köp zat öwredip biler, adamlar bilen nähili gürleşmeli, özüňi köpçülikde nähili alyp barmaly? Bu zatlar hakda köp gürrüň edilýär. Ýöne durmuşda garaşylmadyk pursatlar bolýar, şonda nähili jogap bermelidigini mugallymdan soramaga gidip bilmersiň. Adamyň kimdigi adamlar bilen gatnaşygyňda ýüze çykýar. Adamyň aýdýan sözleri – onuň näjüre adamdygynyň ýüze çykmasy. Ine, şu babatda ýaponlaryň dzen tymsaly bar. Ine, şol tymsal.
Iki sany ybadathana bar eken. Ol iki ybadathananyň ruhanylary özara gatnaşmaýan ekenler, olar biri-birini özlerine duşman hasaplaýan ekenler. Ruhanylar öz adamlaryna beýleki ybadathananyň adamlary bilen gatnaşyk etmeli däldigini sargyt edýän ekenler.
Her ruhanyda ýaş hyzmatkär bar eken. Ybadathananyň ruhanylary öz ýaş hyzmatkärlerine birmeňzeş öwüt edipdirler.
– Ol ybadathananyň ýaş hyzmatkäri bilen hiç wagt gürleşäýmegin. Olar örän howply adamlardyr.
Ýöne, näme, çaga çaga bolýar. Bir zady etmeli däl diýseň, çaganyň şol gadagan edilen zady iki esse edesi gelýär. Bir gezek ýolda iki ybadathananyň ýaş hyzmatkärleri duşuşýarlar. Birinji ybadathananyň ýaş hyzmatkäri ikinji ybadathananyň ýaş hyzmatkärinden soraýar:
– Nirä barýarsyň?
Ikinji ybadathananyň hyzmatkäri ýolda ybadathanada öwredilen dzen okuwyny ýatlap gelýän eken. Şonuň üçin hem ikinji ybadathananyň ýaş hyzmatkäri dzen boýunça jogap berýär:
– Şemal meni nirä äkitse, şol ýere hem gitjek.
Bu söze birinji ybadathananyň ýaş hyzmatkäriniň gahary gelipdir. «Bu meni oýnajak bolýar» diýip pikirlenipdir. Wagt geçdigiçe, gahary artypdyr. Halypanyň diýen sözleri ýadyna düşüpdir. Oňa habar gatandygyna puşman edipdir.
Ýaş hyzmatkär öz halypasynyň ýanyna baryp, «Nirä barýaň?» diýen sowalyna ikinji ybadathananyň hyzmatkäriniň «Şemal meni nirä äkitse, şol ýere hem gitjek» diýip, jogap berendigini aýdypdyr:
– Halypam, meniň günämi öt. Sen dogry aýdan ekeniň. Olar howply adamlar eken. Men ol hyzmatkär oglanyň bazara gök önüm almaga barýandygyny bilýän-ä. Şonda-da, gep goşmak üçin soran bolaýdym. Ondan gepde utulandygyma gaty gynanýaryn, halypam. Meniň ony gepde utasym gelýär.
Halypa hyzmatkäriniň gürrüňinden ikinji ybadathananyň oglanynyň dzen boýunça jogap berendigini bilipdir we hyzmatkärine ikinji ybadathananyň hyzmatkärini gepde utmagyň ýoluny öwredipdir:
– Sen ertir şu mahal ýene ikinji ybadathananyň hyzmatkärine duşan ýeriňe bar. Haçan-da, ol oglan gelende sen oňa düýnki sowalyňy ber. Ol oglan saňa ýene düýnki jogabyny berer welin, sen hem oňa dzen boýunça gaýtargysyny ber.
Sen ondan: «Eger seniň aýagyň bolmasa näme?» diýip sora. Çünki ruh göwresiz-bedensizdir. Ruh şemal nirä äkitse gidýändir.
Oglan basdaşyny dzen boýunça sowal berip ýeňjegine hoş bolup, ertesi şol öňki ýere baryp, garaşmaga başlapdyr.
Ikinji ybadathananyň hyzmatkäri gelipdir.
– Nirä barýarsyň?
– Bazara gök önüm almaga barýaryn.
Ýeri, näme diýjek?! Oglan halypasyndan öwrenen pelsepesini peýdalanyp bilmedi ahyryn.
Durmuşda mydama seniň isleýän hem garaşýan zatlaryň bolup duranok. Sen dessine jogap bermeli. Durmuşyň owa-danlygy hem şunda.

* * *
Mähriban oglum!
Eziz gyzym!
Mekdepde iki sany edep bardyr. Biri – mugallymlyk edebi, ikinjisi – okuwçylyk edebi.
Mugallym edep şertlerini berjaý edende, çyn mugallym bolýandyr. «Alym bolmak aňsat, adam bolmak kyn» diýilýändir. Elbetde, alym bolmak hem aňsat däldir, çünki alym bolmagyň şerti owalbaşda adam bolmakdyr. Adam bolmazdan, alym bolup bolmaýar, diňe köpbilmiş bolup bolýar.
Alym bolmagyň şerti adam bolmak, ylmyň şerti-de edepdir. Mugallym alym bolmalydyr. Alym – okuwda, ylymda öz ýoluny agtaran we tapan kişidir.
Bu ýoluň iki menzili bar: alymlyga çenli menzil we alymlyk menzili.
Birinjide adam özgeleriň döreden ylmyny özüne siňdirýär.
Ikinjide bolsa, ol özünden geň-enaýy pikirleri öndürip ugraýar. Çünki ylym – munuň özi maglumatlaryň, ýat tutulan hakykatlaryň ýöne toplumy däl-de, eýsem, adamyň gözüni açýan täzelikleriň ulgamydyr. Ylym mukdar däl, ylym hildir. Ol adam şahsyýetini täze bir hile geçirýär.
Her bir okumyş alym bolmaz.
Her bir köpbilmiş ylym eýesi bolup bilmez.
Alym üçin akyl bilen birlikde ýürek hem gerekdir. Ýürek akyly howaýylykdan janlylyga öwürýär. Çyn alym – ylym üçin doglan kişidir. Ylym onuň watany, özge zatlar bolsa, ol watanyň araçäginden aňyrdaky närselerdir. Emma bularyň arasynda ýykylmaz diwar ýokdur, alym öz ylmyny dünýäni şuglalandyrjak nura öwürýändir.
Çyn mugallyma – alyma öz kalp öýünde bukup oturmak ýaraşmaz. Iň oňat mugallym – ylmyny özgä berip bilýän alymdyr. Öwredip bilmeýän alym akyl husytlygynyň, pikir gysgançlygynyň guludyr. Ylym şeýle bir baýlykdyr, ony ile berdigiňçe, ol köpeler, ylym şeýle bir baýlykdyr, ony hem ile berip bolýandyr, hem şol birwagtda özüňde alyp galyp bolýandyr, ylym ile berdigiňçe, aňyňda berk kök urýandyr. Bu hakykaty bilýän kişi çyn alymdyr, onsoň ol hiç mahal zadyny ilden gysganýan däldir.
Mekdepde okuwçylyk edebiniň şertleri berjaý edilmelidir. Okuwçynyň ýatanda, turanda gözlegi ylym, kitap bolmalydyr. Ylym zehini güýçlüleri, päli pesleri, göwni kiçileri, höwesi ululary gowy görýändir. Okuwçynyň maksady ýat tutmagy öwrenmek, köre-körlük bilen gaýtalap oturmak däl-de, pikirlenmäni öwrenmekdir. Ýat tutmak – mugallymyň bilýäni bilen oňmakdyr.
Ýat tutmak – mugallymyň beren sanly tyllasy bilen oňmakdyr. Pikirlenmegi öwrenmek – içi bimöçber, sansyz tyllaly hazynanyň açaryny edinmekdir.
Eýsem, bilim näme? Bilim ýat tutulan maglumatlar däl. Biz ömürboýy kitap baryny okaýarys, maglumat baryny özleşdirýäris. Emma, aňymyzda olaryň hemmesi saklanyp galýarmy?! Elbetde, ýok. Hakyky bilim – biziň aňymyzda ömürboýy saklanyp galýan zatlardyr. Başgasy ýele gidýär. Saklanyp galanlary bolsa, biziň öz baýlygymyz, ol biziň aňymyza, ýüregimize siňip, biziň bir bölegimize öwrülip, ýaşamaga serişde we usul berýär.
Şu babatda Nagyşbendi bilen baglanyşykly bir tymsal bar.
Bahaweddin Nagyşbendiniň ýanyna bir adam baryp:
– Men ýedi yklymy aýlanyp, ol ussatdan, ol ussadyň ýanyna baryp, olardan köp zatlary öwrenip, tarykatda uly ýol geçdim. Ussatlardan öwrenenlerim maňa çäksiz lezzet berýär. Men ýaly ikinji bir adam ýokdur, çünki men ähli kişiden köp ýerde boldum, köp halypany diňledim. Siziň halypalygyňyz, ussatlygyňyz hakda ýedi yklymyň ähli künjeginde hem eşitdim. Indi meniň sizden öwrenesim gelýär.
Nagyşbendi gürrüňdeşiniň ýedi yklymy aýlanyp, ol halypadan, ol halypa baryp, nämeleri öwrenendigini anyklamak üçin käbir sowallary berýär, soňam öz müritlerine saçagy giňden ýazmagy buýurýar.
Şägirt bolmaga gelen kişi Nagyşbendiniň bu hezzetine minnetdar bolýar.
Ilki palaw getirilýär. Halypa: «Iý, iýsene!» diýip, şägirde kemsiz iýdirýär. Şägirt bolmaga gelen kişi halypa mürähet edip durka doýandygyny aýdyp, yza çekilmegi gelşiksiz görüp, doýansoňam iýýär. Ondan soň gök önüm getirýärler. Ondan soň her hili süýji, ýene palow getirilýär. Getirilýän üznüksiz zatlardan doýman oturmagy gelşiksiz gören şägirt bolmakçy kişi getirilen zatlardan iýýär. Sebäbi özüniň iýýändigine Nagyşbendiniň begenýändigini ol görüp dur. Halypany begendirmek şägirdiň borjy.
Ýigit aşa köp iýýär. Bu hem aşgazana bildirýär. Ol özüni oňaýsyz duýup ugraýar. Ol başyny ýassyga goýýar.
Şonda Bahaweddin ýigide şeýle diýýär:
– Özüňizi oňaýsyz duýýarsyňyzmy?
Ýigit baş atýar.
– Sebäbiniň nämedendigini bilýärmiň?
– Aşgazanym siňdirip ýetişenok.
– Dogry. Ýaş ýigit, seniň ýagdaýyň tarykat meselesinde-de edil häzirki ýagdaýyň ýaly. Sen halypalardan juda köp zatlary öwrenipsiň. Ýöne ol öwrenen zatlaryňy aňyňda özleşdirmeli, aňyňa siňdirmeli. Haýp, ähli öwrenenleriňi özleşdirmänsiň. Men saňa aşa nahary özüňiň kimdigiňi takyk düşündirmek üçin iýdirdim.
Men seniň müritlige durmagyňa garşy däl. Ýöne ilki bilen öwrenenleriňi özleşdirmäge razy bolsaň. Seniň aňyň häzir her hili pikirlerden doly. Ol häzir goşmaça hiç zat kabul edip bilmeýär.
Ýigit halypa bilen ylalaşypdyr.

Ruhnama. II kitapdan.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 593 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Saparmyrat Türkmenbaşy | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Pedagogika we edep-terbiýe bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]