03:43

Köpek

KÖPEK

Obañ ýeñsesinde, bir el tersine
Edilen iş – gara işe nusgalyk.
Ýatyr bezeg berip ýeriñ üstüne –
Bir owadan köpek, dañylgy maslyk.

Ýatyr köpek rahat, azapdan azat,
Günäsinden, janyn berip, üzülip.
Eh, ýöne henizem bahana arap,
Maslygyñ boýnundan dañylgy dur ýüp!

Nädip öldüreñde bolmaýar iti?!
Aryñ alyp öldür, öldür keýpine.
Ýöne soñky demde gowşadyñ ýüpi –
Bir gowşaklyk duýsun soñky deminde.

Ýatyr köpek özün siñdirip ýere,
Ýowuz nadanlygyñ bir pidasy dek.
Hem çañ basan ýüpüñ çala sudury
Türmede öleniñ familiýasy dek.

Bapba GÖKLEÑ.
Категория: Goşgular | Просмотров: 380 | Добавил: Mahymm | Теги: Bapba Gökleñ | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Soltan / Goşgular - 27.03.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]