23:12

Meni bagyşla, Roza!

Просмотров: 320 | Добавил: Aksary | Теги: Maksat Esenow | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Aksary  
876
Has kaka şu proza diýilýän zada düşünmämsoñ haýsy topluma goşjagym bilmedim, haýyş etdiler goýdum...

0
2 Bagabat  
43
Käbir ýazgylar bolýar.
Okap otyrkaň, öz-özünden kelläňe gelýä: “Ýeri, kim munuň ýaly ýazýar-aý? Ne ugur ba, ne utga. Manysam ýok, sýužetem. Üstesine sowatsyzam ýazylypdyr. Barypýatan bolgusyz bidereklik-le!”.
Ýöne...
Öňem bir ýerde aýdyp geçişim ýaly, edebiýat absurdy – bu şeýle görnüşdäki ýazgylary ýazýan awtoryň emelsizligini ýa-da körzehinliginem, “guýa nemedip at gazanjak” bolýanlygynam aňlatmaýar. Çünki edebiýat absurdy – bu-da edil beýleki, durmuşy ýa-da awtory azara goýýan duýgulary, pikirleri çeper beýan etmegiň edebi usullarynyň biri ýaly, adaty bolmasa-da özboluşly edebi-çeper tilsim. Ýazyjy ýa-da şahyr şeýle görnüşde eser döredende hemme zady bilkastlaýyn, ýagny “düşünip aňyrsyna geçip” dikbaşaşaklygyna çöwürýär, sözlerdir olaryň aňladýan manylary bilen oýnap (žonglirläp), öz aýdasy gelýän zadyny hut şol görnüşde beýan edýär.
Düşünmedigem özünden görsün!
Ine şeýle döredijiligiň netijesinde-de absurd edebiýaty peýda bolýar.
Dünýe köpdürlüligi bilen täsin.
Birmeňzeşlik bolsa hatda gonamçylykda-da ýok.
Onsoňam: “kim gaýkyny söýer, kim küýkini” diýilmeýärmi?
Elbetde, edebiýaty öwreniş ylmy, absurd edebiýatynda adamzat ýaşaýşynyň bimanylygynyň bolşundan bäşbeter gülkünç hem biderek edilip şekillendirilýändigini nygtaýanam bolsa :-), şu usulda ýazýan köp awtorlaryň “o kadar” “beýik maksatlarynyňam, matlaplarynyňam” ýokdugyny olaň ýazýan zatlaryndan görmek bolýar. Adatça, şeýle usulda ýazmak bilen awtorlar “gulaklarynyň-a kirini, göwünleriniňem posuny” açmak isleginden ugur alyp, özlerini hiç bir edebiýat çarçuwasy bilen çäklendirmän, göwnündäkini jahana “ýaýmaga” ymtylýarlar.
Galan zadam, näme, “jahan giňdir, çendan-da bilen-de bardyr” diýýä, Magtymguly atamyz...
Absurd žanrynda eser döredýän awtorlaň ulanýan tilsimlerini belli bir derejede umumylaşdyrsaň, olaryň esasan şu aşakdaky edebi usullardan işjeň peýdalanýandyklaryny görmek bolýar:
1. Grotesk (fransuzça: grotesque – geň-enaýy, gülkünç) – durmuşy hadysalary, adamlary we ş.m. bolşundan bäşbeter gülkünç, geň-enaýy edip şekillendirmek usuly;
2. Medeni, ahlak, jemgyýetçilik däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny düşnüksiz, bimany, bulam-bujar görnüşde şekillendirmek;
3. Durmuş hakykatyny edil gyşyk-çaýşyk aýnalarda görünýän şekiller ýaly edip görkezmek;
4. Geň-enaýy, durmuşda düýbünden bolmadyk, göz öňüne-de getirmek kyn obrazlary, personažlary döretmek, şekillendirmek;
5. Özboluşly, köp ýagdaýda düýbünden bimany okalýan sözlerden, jümlelerden ybarat edebi-çeper dili ulanmak;
6. Çeper eserleň gahrymanlarynyň, personažlarynyň, sýužetleriň, köplenç okyjyda gümürtiklik, bimanylyk duýgusyny, manysyz gülkini ýa-da aňrybaşy halamazlygy emele getirýän bulam-bujarlygy, ugur-utgasyzlygy.
Ýöne, şol bir wagtda-da, şeýle usulda döredilýän eserler neneňsi bimany hem “çep el” bilen ýazylan ýaly bolup görünse-de, hakyky absurd eserini döretmegiň özüne ýetik inçe taraplaram bar. Olaryň iň esasysam:
Bimanylyga duwlanan goýazy manyny şekillendirmegiň hötdesinden gelmek.
Absurd eserlerde göräýmäge, aýdylýan zadyň belli bir derejede logikasam (mantygy) saklanýan ýaly, beýleki bir tarapdanam jümleler, sözlemler ugur-utgasyz samrama-da ýaly. Absurdyň tapawudam şonda:
Bimany manylylyk!
Ýa-da: Manyly bimanylyk!
Dünýä edebiýatynda absurd žanrynyň görnükli eserleriniň käbiri hökmünde, Lýuis Kerrolyň “Alisa täsinlikler ýurdunda”, “Aýnaaňyrsy”, N.Gogolyň “Burun”, “Şinel”,W.Nabokowyň “Jeza berlişine çakylyk”, Kurt Wonnegutyň “Pişik üçin sallançak”, Çak Palanigiň “Göze görünmezekler”, Wiktor Pelewiniň “Çapaýew we boşluk”, Dm.Kolodanyň “Bormoglotyň wagty” atly eserlerini agzamak bolar.
Umuman, bu zatlary ýazmak bilen uzyn “moh-mohuň” gysga “juk-jukyny” aýtsam, türkmen edebiýatynyňam kyssa (proza) ugrunda-da absurd žanrynda we oňa ýakyn andegraund, postmodernizm, awangardizm žanrlarynda ýazmaga synanyşyk edýän ýaşlarymyz bar.
Edil şu wagt ýadyma düşýänler-ä, Umyt Küle, Maksat Bäşimow hem-de “Anna Darakdiş” psewdonimi bilen kitapçy.com saýtynda hekaýalaryny goýýan ýazyjy.
Ine indi “Massimus” atly çeper gahrymanyň adyndan, “birinji keşpde” monolog-miniatýurajyklary ýazýan Maksat Esenowam absurd žanrynda özüni synaýar.
Meniň şahsy pikirimç-ä synag jüpüne düşýär.
Çünki, ýazylan islendik söz – ilkinji nobatda, okyjy üçin ýazylýar.
Şol sözüň iň ilkinji hem-de iň ahyrky kazysam – okyjy.
Eger-de ýazylan söz, okyjyny – ha güldürsin, ha gyzyklandyrsyn, ha gynandyrsyn, ha oýlandyrsyn... – islendik görnüşde gozgaýan bolsa, diýmek, onda şol söz ýazylmaga-da, okalmaga-da, ýaşamaga-da mynasyp.

Galamyň ýiti bolsun, awtor!

0
4 Massimus  
1287
Bagabat sag boluň

0
3 sabyrly  
908
Hem eşege hem maýmyna deňäpsiň, aňsat-ha bagyşlamaz.:)

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]