09:15 “Mini Futurisme” kysymly kyssajyklar - Wagt pulty | |
WAGT PULTY
...pökgini depip goýberdi. Soňam, oglanjyk, kakasynyň nahar iýmäge gümralygyndan peýdalanyp, assyrynlyk bilen çilen pultuny, aýasynda saklap durşuna, oňa ägirt uly göwnigeçme bilen tiňkesini dikdi. “Äý kakamam...Näili adam-aý! Wäpşe-laý! Ýöne ýerden, keýpine, aldap göweräýipdir-laý! Öz-ä ýaňy barlaghanasynda, stoluň üstünde duran bujagaz pultuny somlan bolup: “Ine oglum, bü wagt akymyny yzyna gaýtarýan, kim ony elinde saklap bassa, şol adamy iküç minutlyk geçmişe dolaýan pult!” diýip öwnen bolýa. O bolsa hiç zadam etmeýän ekeni...”. Eýýäm on ýaşap geçen ullakan adam bolsa-da, kakasynyň özüni göýä bir manadüşmez gögelejik deý oýnanyna öýkelän oglanjyk, şu nägile pikirleri kellesine aýlap durşuna, ýene-de bir gezek düwmäni basdy-da... | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |