19:45

Mowuz ata

MOWUZ ATA

Gadymy Lebap topragy Amul-Horezm uly kerwen ýolunyñ ugrunda ýerleşensoñ, özünde gadymyýetden galan ençeme arheologik ýadygärlikleri özünde saklaýar. Olaryñ biri hem welaýatyñ Galkynyş (ozalky Dänew) etrabynyñ Göýnük obasynda ýerleşen Mowuz ata, Şeýdan baba ýaly zyýarat edilýän öwlüýälerdir.
Her bir gadymy arheologik ýadygärlik ýa-da gadymdan galan kümmetler, zyýarat edilýän öwlüýäler biziñ hakyky taryhymyzdyr, biziñ gowgaly geçmişimizden habar berýän mirasymyzdyr. Şol nukdaýnazar bilenem olary ylmy taýdan öwrenmegiñ uly ähmiýeti bar. 
Mowuz ata öwlüýäsine ýerli ilat "Öwlüýä depe" hem diýýär.

■ Mowuz atanyñ taryhy

Taryhy çeşmeleriñ habar bermegine görä bu arheologik ýadygärlik X asyryñ başynda, XI asyryñ aýaklarynda oguzlaryñ gür ilatly ýaşaýyş mekany bolupdyr. Bu ýerde X-XI asyrda türkmenler oturymly ilat bolup ýaşap, kowçum-kowçum obalary emele getiripdirler. 
Mowuz ata öwlüýäsiniñ häzirki orny X-XI asyrlarda, hatda ondan soñky XIII asyrlarda hem Amyderýanyñ orta akymynda ýerleşen Amul-Horezm uly kerwen ýolunyñ ugrunda ol çapardan bu çapar merkezine çenli habar beriş duralgalarynyñ biri bolup hyzmat edipdir. Söwda kerwenleriniñ, täjirleriñ, ýolagçylaryñ, syýahatçylaryñ, hatda ýowuz basybalyjylaryñ-da ýoly Mowuz ata duralgasynyñ üstünden geçipdir. Soñabaka Mowuz ata çapar duralgasy has ulalyp, iri söwda merkezleriniñ birine öwrülipdir we orta asyrlarda gülläp ösüpdir, hatda Mowuz şäher derejesine-de ýetiberipdir. 
Bu taryhy mekanda gadymy oguzlar ýaşandygy üçin Mowuz ata öwlüýäsiniñ ady oguzlaryñ adyndan gelip çykypdyr we ýerli ilatyñ dialektinde (şiwe gepleşiginde) üýtgeşmä sezewar bolup, Mowuz (ýagny, Oguz, Owuz, Mowuz) diýlipdir.

■ Mowuz ata gonamçylygy haçan döräpdir?

Bu mukaddes ýeriñ häzirki wagtda uly gonamçylyk, öwlüýä bolup galmagynyñ esasy sebäbi bir wagtlar bu ýerde ýerli ilat bilen keseki basybalyjylaryñ arasynda aldym-berdimli ýowuz söweşler bolup geçipdir. Basybalyjylar Mowuz şäherini - ýagny, Oguz kendi zalymlyk bilen weýran edip, ýerli ýaşaýjylary uçdantutma gyrypdyrlar. Şäherde diri galanlar az bolup, olaram guma siñipdirler. Talanan şäheriñ meýdany soñra watan ugrunda şehit bolan oguzkentli ata-babalarymyzyñ ýatan uly gonamçylygyna öwrülipdir.

■ Mowuz atanyñ häzirki ýagdaýy

Häzirki wagtda Mowuz ata arheologik ýadygärligi üsti mazarlar, guburlar we saganalar bilen doldurylan gonamçylyga öwrülen ýagdaýdadyr. Onuñ belentligi 8-9 metre, uzynlygy 90 metre, ini 50 metre barabardyr. Çeti bolsa tekizlige öwrülen depelikdir. Ol günortadan günbatar-demirgazyga tarap inedördül görnüşinde uzalyp gidýär. Ilkibaşda çapar duralgasy üçin gurulan bu ýer wagtyñ geçmegi bilen harby-goranyş maksatly uly berkitmä öwrülipdir. Şol wagtlar ol çig kerpiçden, birneme soñrak bişen kerpiçden üýtgedilip gurlan mähnet galyñ diwarlardan, giñ bassyrmalardan ybarat üsti ýapyk kerwensaraý görnüşindäki gala bolupdyr. Ol duşmanlar tarapyndan ençeme gezek weýran edilip, ençeme gezek gaýtadan dikeldilipdir. Pajygaly wakalar mahalynda gala ýaşaýjylary uçdantutma gyrlyp, şehit bolupdyrlar. Şonuñ üçin bu ýerde uly bolmadyk saganalaryñ, mazarlaryñ gadymy guburlaryñ sany bar, sajagy ýok...
Ýerli ilat onuñ töweregine bişen kerpiçler bilen örülip dikeldilen sütünler arkaly berkidilen demir germewler aýlapdyr. Keramatly hasap edilensoñ, ýerli ýaşaýjylar, hatda diýarymyzyñ başga welaýatlaryndanam zyýarata gelip, bu ýerde sadaka berýärler.

■ Gonambaşysy - Oguz ata

Göýnükli ýaşulylaryñ aýtmagyna görä, bu ýerde ilkinji gonambaşy hökmünde wepat bolan  gahryman oguz serdary bolupdyr. 
Göýnük obasynda Mowuz ata ýadygärliginiñ döreýiş taryhy barada başga-da gyzykly rowaýatlar kän. Olaryñ birinde gadym eýýamlarda şu obada oguzlaryñ ýaşandygyny, olaryñ gaýduwsyz serkerdesiniñ adynyñ bolsa Oguz ata bolandygyny, Oguz atanyñ watan ugrunda söweşip şehit bolanyndan soñra ony oguzlaryñ bu ýerde jaýlandygyny we üstüne kümmet galdyrandyklaryny buýsanç bilen gürrüñ berýärler.
Meşhur alym Soltanşa Atanyýazowyñ 1980-nji ýylda neşir edilen "Türkmenistanyñ geografik atlarynyñ düşündirişli sözlügi" kitabynda Mowuz ata barada şeýle maglumat bar:

"Mowuz ata Dänew raýonynda (Göýnükde) oturymly ýer, öwlüýä. Oña öwlüýäniñ ady dakylypdyr".

◇  ◇  ◇

Watan ugrunda wepat bolup Mowuz ata şehitliginde jaýlanan merdana ata-babalarymyzyñ eziz ruhy bizden şat bolsun!

Категория: Taryhy ýerler | Просмотров: 423 | Добавил: Нawеran | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy ýerler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]