12:41

Nureddin Farah

NUREDDIN FARAH

Nureddin Farah, somalili dünýä belli ýazyjy. 
1945-nji ýylda Somaliniñ Baidoa diýen ýerinde dogulýar. Efiopiýada we Mogadişuda okaýar, italýan we fransuz dillerini özleşdirýär. Somaliniñ 1960-njy ýylda Garaşsyzlygyny almagy bilen Bilim ministrliginde işläp başlaýar. Soñra Hindistana gidýär we Çandigarhdaky Penjap uniwersitetinde edebiýaty we filosofiýany çuññur öwrenýär. 
1970-nji ýylda "Egri gapyrga süñkünden" ("From a Crooked Rib") romanyny ýazýar. Roman "Tañry egri bir gapyrga süñkünden aýaly ýaratdy, kim ol süñki göneltmäge çalyşsa, ony döwer" diýen düşünjäniñ agalyk edýän jemgyýetinde bir öz aýalyñ ornuny we abraýyny goramak üçin alyp baran göreşinden söz açylýar. 
1976-njy ýylda ikinji romany "Ýalañaç iññe" ("Naked Needle") aýry-aýry milletden bolan ýaşlaryñ arasyndaky söýgi gatnaşyklaryny gozgaýar. Şol sanda roman ynsapsyzlygy, äsgermezçiligi, gahar-gazaby we idealizmi özünde jemleýän personažynyñ gözi bilen 1970-nji ýyllardaky Somaliniñ nebis agyryjylykly kartinasyny çekip görkezýär.
Nureddin Farahyñ beýleki romanlary "Sweet and Sour Milk", "Sardines", "Close Sesame" yzygiderliligi boýunça bir trilogiýany emele getirýär. Trilogiýa diktatorlyk bilen dolandyrylýan Afrika ýurtlary barada söz açýar, ideologik şygarlaryñ arkasynda hakykatdan ýokarda duran bir gatlagyñ bardygyna, gorky we hederden ýaña adamlaryñ arasyndaky arabaglanyşyklaryñ üzülendigine ünsi çekmegi başarýar. 
Nureddin Farah käbir taraplardan tankyt edilmegine garamazdan, baý hyýaly güýji we iñlis dilinde ussatlyk bilen eserleri döretmegi, ony ýewropa dillerinde ýazan iñ görnükli afrikaly ýazyjylaryñ biri hasaplanylmagyna getirdi. Döredijiliginiñ syýasy garaýyşlary zerarly, ýurduny terk etmäge mejbur bolan Ýewropada, Demirgazyk Amerikada, käbir Afrika ýurtlarynda ders bermegini dowam etdirýär.

■ Eserlerinden:

1). "Why Die So Soon?";
2). A Dagger in a Vacuum";
3). "Blood in the Sun";
4). "Maps";
5). "Gifts";
6). "Secrets";
7). "Territories";
8). "Yesterday, Tomorrow: Voices from the Somali Diaspora";
9). "Links";
10). "Knots";
11). "Croosbones" we başgalar...

Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 357 | Добавил: Нawеran | Теги: Nureddin Farah | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly bölümiň başga makalalary

Türkmenistanyň halk artisti Kerim Annanowy ýatlap... - 27.03.2023
Suhanberdi Körmolla - 30.03.2023
Aşyr Mämiliýew - 08.03.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]