23:11 Ojak | |
OJAK
Öý-ojak. Nähili mukaddes hem eziz sözler. Bu iki söz bir mana birleşip ynsanyň tutuş ömrüniň manysyny özünde jemleýär. Ynsan balasy şu ýerde dogulýar ösýär ulalýar. Soň özi öý-ojak edinip nesillerini şol ýerde kemala getirýär. Öý-ojagynyň abatlygy asudalygy güzerany üçin ylgaýar jan edýär. Ojagy ýyladýanam oňa oklanan odunlaryň alawy däl-de agzybirlikdir. Ojagyň diregi ata ýüregi ene hasaplanýar. Ata-babalarymyz hem ojagyny Watanyny ähli zatdan beýik hasaplap nesilleriniň ertiri üçin jepa çekipdir. Olar bize diňe bir Garaşsyz Watany asuda ojagy däl şol ojagy hyzmat etmegiň mukaddesligi ata-enä hormat ýaly milli terbiýäni hem miras galdyrypdyr. Diňe şonuň özi hem türkmen halkynyň dowamata dowam boljakdygynyň kepili diýip bileris. Sebäbi ojagyny janyndan eziz görýän halky bolan Watanyň ertirem mizemezdir. Säherleri asuda zemini abatdyr. Goý ähli türkmen ojagynda elmydama toý bolsun! Saparmyrat Hudaýberdiýew Türkmwn oba hojalyk institutynyň talyby | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |