23:49 "Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi" ömrümiziň göreldesi | |
"TÜRKMENIÑ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI" ÖMRÜMIZIÑ GÖRELDESI
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynda halkymyzyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri barada özüniň parasatly oý-pikirlerini beýan etmek bilen, halkymyzyň ýagşy dessurlaryna, olaryň Watanyň abadançylygyny üpjün etmekde, häzirki nesilleri terbiýelemekde eýeleýän ornuna möhüm ähmiýet berýär. Eserde halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek, ony aýawly saklamak, giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler esasy orun eýeleýär. Halkymyzyň däp-dessurlary, döreden milli gymmatlyklary, dünýä nusgalyk hünärleri ylmy taýdan öwrenilýär we olaryň ähmiýeti açylyp görkezilýär. Munuň özi ösüp barýan ýaş nesilleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmeginde we asyrlaryň dowamynda kemala gelen ýagşy dessurlaryň dowamata atarylmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Kitap on iki bölümden ybarat bolup, onda durmuşyň gönezligi, zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, ynsaply bolmak, agzybirlik ýaly düşünjeler barada giňişleýin gürrüň berilýär. “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň «Asmandan arkaly, Zeminden zynatly», «Zeminiň abatlygy – ýaşaýşyň ebediligi», «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar», «Saglyk – abatlyk», «Zähmetsöýerlik – gaýratlylygyň gözbaşy», «Myhmansöýerlik», «Dostluk asylly ýörelge», «Ynsaplylyk», «Agzybirlik», «Durmuşyň kadasy – paýhas pendi», «Ýoluňyza rowaçlyk nur saçsyn!», «Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym…» ýaly 12 bölüminiň atlarynyň mazmuny hem, Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täsin eserini döretmekligindäki asylly ýörelgesi, öz okyjysyna ýaýan pikir-ündewleriniň baş aýratynlyklaryny düýpli aýdyňlaşdyrýar. Gahryman Arkadagymyz “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň “Ylym-bili durmuşa ýagty saçýar”a tly bölüminde şeýle belleýär: “Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir. Toplanan ylym-bilim tejribeleriniň netijeleri seljerilip, şolar esasynda XXI asyrda durnukly ýaşaýşy üpjün etmegiň taglymatynyň döredilmegi möhümdir. Şonda adamyň ukyplary, zehini, mümkinçilikleri babatynda oýlanyşykly çemeleşmek gerek. Çünki ylymdaky kesgitleme hem gutarnykly netije däldir. Onuň subut edilmegi degişli ýagdaýa laýyklykda, mümkindir. Ylym netijelilikdir, bilim tejribedir. Bilim ylyma barýan ýagtylyk bolup, onda hem paýhas, hem-de hadysalaryň göz ýetirilen hakykaty bardyr”. Gahryman Arkadagymyz bu bölümde ylym-bilimiň ähmiýeti, ynsanyň ylymly-bilimli bolmagynyň zerurdygy baradaky paýhasly pikirlerini rowaýatlar bilen has giňişleýin açyp görkezýär.Şeýle hem kitapda paýhasly bolmagyň zerurlygy, başyna barlan işiň rowaç bolmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýär. Eserde halkymyzyň döreden rowaýatlarynyň şöhratly ata-babalarymyzyň wesýeti hökmünde köpasyrlyk durmuş paýhaslaryny özünde jemleýändigi barada aýdylýar. Eserde ylym-bilim barada şeýle rowaýat getirilýär: «Bir adam öz ogluny ýedi ýaşynda bilim almak üçin molla beripdir. Oglan ukyply bolandygy üçin okamagy, ýazmagy tiz wagtda öwrenipdir. Kakasynyň oglunyň sowadyndan göwni hoşal bolupdyr. – Mollaňa meniň salamymy aýt hem-de şu tyllalary oňa ber! – diýip, ogluna birnäçe tylla beripdir. Oglan kakasynyň aýdyşy ýaly, molla tyllalary uzadypdyr: – Kakam sizden minnetdar boldy we şuny ugratdy – diýipdir. Molla birbada geňirgenipdir-de puly almandyr. – Men saňa heniz onça tylla alar ýaly bilim berip ýetişemok! Oglan agşam öýlerine gelende, onuň jogabyny kakasyna aýdypdyr. Kakasy: - Bilimiň her zerresi altyn ahyry. Men seniň mollaň ýekeje günki sapagyna hem, eger elimde bolsa, dünýe malyny bererdim – diýipdir”. Hawa, käteler her bir pursatyň şeýle bir manysy bolýar, ony ölçemek hem mümkin däldir. Şol pursat durmuşyň dürli ahwallaryna we olaryň düýpli manylylygyna täsir edýär. Eger-de her bir adam özündäki ylym-bilim baýlygyna şeýle garaýşy kemala getirse, onda dünýäde diňe ýagşy görelde ýaýylyp, haýyrly amallar rowaçlanar. Halkymyzyň döreden paýhasly jümleleri, rowaýatlary, tymsallary we nakyllary jemgyýetde ol ýa beýleki asylly ýörelgäni ornaşdyrmagyň ähmiýetli gurallary bolup durýar. Şolaryň netijeli peýdalanylmagy bolsa, eseri has-da baýlaşdyrýar. Şeýle usullaryň netijeli ulanylmagy we kämilleşdirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň edebi eserleriniň gymmatyny hem-de ähmiýetini artdyrýar. Saparmyrat HUDAÝBERDIÝEW, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |