15:00 Ökünç | |
ÖKÜNÇ
Goşgular
![]() Ezilip çoýunup görmedim oda, Ýaz deý çagajyga habar gatmadym. Uzakda mes bolup göterdim bada, Goňşymyň öýünden habar tutmadym.. Bilmedim jahanda myradym nedir, Söýenim ýok, Bardy diňe halanym. Ýatsaň-tursaň kellä geljek zatmydyr, Öz kerwenmi öz-özümiň talanym. Maňlaýyňa tygyň ujy degen deý, Ýokdy almaz sözin ýüzüme çeken, Indi muňa mertebäm diýip begenme, Diýmek meniň eziz dostum ýok eken. Ýüpek şöhle bilen gözümi açan, Gündizim öýläne hyýal edipdir. Güýzlerde miwesi şemala gaçan, Daragtym bireýýäm garrap gidipdir. Gaýtgyn yz goýupdyr çyrpynan ýaba, Men bu säher il bilenmi,ýekemi... Ilki oýun edip,soňundan (toba), Ömrüň geçip gidiberjek ekeni. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||